08:33 Ogurlanan million / hekaýa | |
OGURLANAN MILLION
Detektiw proza
— Eý, Hudaý, soňky döwürde gymmatly kagyzlaryň ogurlygy hakda juda köp ýazýarlar — diýip, men bir gün irden okap oturan gazetimi gapdala süýşürdim. — Puaro, gel, ikimiz birsalym derňew ylmyndan daşlaşyp, gös-göni jenaýatçylyk bilen iş salşaly. — Dostum, sen agyryly ýerimden tutduň. Ine, şu soňky habarlara göz aýla. London hem Şotland bankynyň Nýu-Ýorka ugradan million dollarlyk Liberti gymmatbaha kagyzlary örän geň ýagdaýda «Olimpiýa» gämisinde ýitirim bolupdyr. Wah, deňiz keselim bolaýýar-da — diýip, Puaro arzuwçyl seslendi. — Ýogsa men şol äpet gämileriň birinde höwes bilen syýahat ederdim. — Elbetde — diýip, men janykdym. — Olaryň käbiri howzy, myhman jaýy, restorany, palmaly gülhanasy bolan hakyky köşk-dä. Hatda deňizde barýandygyňa-da ynanyp bolanok. — Özüm barada aýtsam, deňizde barýanymy men hemişe bilýärin — diýip, Puaro gaýgyly aýtdy. — Seniň bu aýdýan ownuk-uşak zatlaryň bolsa meni birjik-de gyzyklandyranok. Ýöne göz öňüne getir, bu ýüzýän köşklerde näçe zehinler ýaşyrynlyk bilen syýahat edýärler, jenaýat dünýäsiniň näçe ägirtlerine duşup bolýar! Men ýylgyrdym: — Sen, gör, nämeleri pikir edýäň! Sen Liberti gymmatbaha kagyzlaryny ogurlanlar bilen güýç synanyşmak isleýäň. Biziň gürrüňimizi öý bikesi bozdy: — Jenap Puaro, sizi bir zenan görmek isleýär. Ol ýüzi «Hanym Esme Farkuar» diýen ýazgyly tanatgyjy uzatdy. Puaro stoluň aşagyna eglip, ýerde ýatan bölek kagyzy ýörite sebede taşlady. Soňra öý bikesiniň gelen zenany kabul etmegini sorady. Az salymdan myhman jaýda ýigrimi bäş ýaşlaryndaky, nepis geýnen, hereketleri salykatly gyz peýda boldy. Meni onuň uly goýun gözleri we birkemsiz syraty haýran galdyrdy. — Şu ýerde oturaýyň, hanym — diýip, Puaro teklip etdi. — Bu meniň dostum kapitan Gastiňs, ol maňa kiçeňräk meseleleri çözmäge kömek edýär. — Jenap Puaro, meni bu ýere getiren mesele örän ulumyka diýýän — diýip, gyz maňa mylaýym baş atyp, oturgyçda ornaşdy. — Megerem, siz eýýäm ony gazetlerde okansyňyz. Men «Olimpiýany» we Liberti gymmatbaha kagyzlaryny göz öňünde tutýaryn. Megerem, ol Puaronyň ýüzünde çala peýda bolan geň galmany saýgardy gerek, derrew sözüniň üstüni ýetirdi: — Siz, elbetde, London hem Şotland banky ýaly, atly edara bilen meni nämäniň baglanyşdyrýandygyny sorarsyňyz. Bir tarapdan — hiç zat, beýleki tarapdan — hemme zat. Men jenap Filip Rijweý bilen adagly. — Hä-ä! Jenap Rijweý… — Hawa, ol ogurlanan gymmatbaha kagyzlara jogapkärdi. Elbetde, olaryň ýitmegine sebäpkär däl, ýöne bu onuň ýalňyşy. Ol juda aljyraňňy ýagdaýda. Onuň daýysy gymmatbaha kagyzlary alyp barýandygyny Filip kimdir biriniň ýanynda dilinden sypdyrandyr öýdýär. Ol işini taşlamaly bolarmyka diýýän. — Onuň daýysy kim? — Onuň ady Wawasur, ol bankyň baş direktorlarynyň biri. — Hanym Farkuar, maňa anygrak gürrüň beriň. — Ýagşy. Bank özüniň Amerikadaky pul goýumlaryny artdyrmak isläp, million dollarlykdan gowrak Liberti gymmatbaha kagyzlaryny çykarmagy karar etdi. Jenap Wawasur bu işi ýegenine tabşyrdy. Filip bankda köp wagt bäri işleýärdi we Nýu-Ýork bankynyň işi bilen ýakyndan tanyşdy. «Olimpiýa» Liwerpuldan ýigrimi üçüne ugrady, gymmatbaha kagyzlary bolsa, bankyň baş direktorlary jenap Wawasur bilen jenap Şou şol gün irden gowşurdylar. Gymmatbaha kagyzlary Filipiň gatnaşmagynda sanadylar, bukja salyp, möhürlediler we şobada çemedana salybam gulpladylar. — Gulp adaty gulpmudy? — Ýok, jenap Şou Habbslaryň ýörite gulpuny goýmagy talap etdi. Öňem aýdyşym ýaly, Filip bukjany çemedanyň düýbüne saldy. Gämi Nýu-Ýorka gelmeziniň birnäçe sagat öň ýany bukja ogurlanýar. Şol bada gämide pugta barlag geçirilýär, ýöne netijesiz. Gymmatbaha kagyzlar howada gaýyp bolana dönýär. Puaro ýüz-gözüni oýnatdy: — Ýöne olar, her niçik, gaýyp bolmandyr, sebäbi «Olimpiýa» geleninden laýyk ýarym sagat soň, bölekleýin satylypdyr. Indi bolsa, men jenap Rijweý bilen gürleşmeli. — Men size «Çeşir peýnirinde» ertirlik edinmegi teklip etjek bolup durdym. Ol ýerde Filipem bolar. Dogrusy, ol meniň size ýüz tutanymdan bihabar. Biz bada-bat ylalaşdyk we taksa münüp, şol ýere ugradyk. Jenap Filip Rijweý eýýäm gelen eken. Ol öz gelinliginiň ýanynda iki nätanyş erkek kişini görüp, gaty geňirgendi. Bu uzyn boýly hem salykatly ýaş ýigidiň çekgeleri çalaranam bolsa, oňa otuzdan köp ýaş berip boljak däldi. Hanym Farkuar onuň ýanyna baryp, elini egnine goýdy: — Filip, seň bilen maslahat etmän, bu iki jenaby çagyranymy bagyşla. Tanyş bol, jenap Erkýul Puaro, megerem, sen ol barada köp eşidensiň, hem-de onuň dosty kapitan Gastiňs. Rijweý haýran galdy: — Jenap Puaro, siz barada, elbetde, eşitdim! — diýip, ol aňtaýjynyň elini gysyp durşuna gürledi. — Ýöne Esme meniň… biziň betbagtçylygymyzy siziň bilen maslahatlaşar diýip kelläme-de gelmändi. — Filip, sen maňa rugsat etmersiň öýdüp gorkdum — diýip, hanym Farkuar mylakatly düşündirdi. — Diýmek, öňünden gaçypsyň-da — diýip, Filip ýylgyrdy. — Jenap Puaro, siz bu çylşyrymly mataly çözersiňiz diýip tama edýärin. Tolgunmadan we howsaladan ýaňa halys başym çaşdy. Hakykatdanam, ol ýadaw görünýärdi hem birneme horugypdyr. Puaro: — Ýagşy — diýdi. — Geliň, ertirlik edineliň, bu işi bile maslahatlaşalyň. Men jenap Rijweýiň özüni diňlemek isleýän. Ajaýyp bişirilen bifşteksiň we pudingiň tagamyny dadýançak, Filip gymmatbaha kagyzlaryň ýitişini gürrüň berdi. Onuň aýdanlary hanym Farkuardan eşidenlerimize deň gelýärdi. Haçan-da, ol sözüni tamamlanda, Puaro oňa sorag berdi: — Jenap Rijweý, gymmatbaha kagyzlaryň ogurlananyny nähili bildiňiz? Rijweý ajy ýylgyrdy: — Jenap Puaro, bu bada-bat göze ilýärdi. Tekjäniň aşagyndan meniň çemedanymyň ýarysy çykyp durdy. Gulpuny döwjek bolan ýerleri sypjyrylypdyr, kesim-kesim bolupdyr. —Ýöne, meniň düşünişimçe, ol açar bilen açylypdyr-a? — Dogry. Ogry gulpy döwüp bilmändir, ýöne ahyrsoňy ony nähilidir bir usul bilen açmagy başarypdyr. Puaro: — Örän täsin! — diýdi. Onuň gözlerinde maňa gowy tanyş bolan ýaşylymtyk şöhle peýda boldy. — Örän täsin! Ilki gulpy döwmek üçin giden wagtyny sarp edýär, soňra, al kakmyş, açarynyň bardygy ýadyna düşýär. Habbs gulplarynyň bolsa biri beýlekisine meňzeş däl. — Hut şol sebäplem ogruda açar bolmaly däl-dä! — Muňa ynamyňyz barmy? — Ant içýän! Onsoňam, eger açary bar bolsa, oňa döwüp bolmajak gulpy döwjek bolup, munça wagtyny sarp etmek nämä gerek? — Hawa. Biz diňe şu hakykatyň kömegi bilen mataly çözüp bileris. Meniň soragymy göwnüňize almazlygyňyzy haýyş edýän: siz çemedany açyk goýmandygyňyza doly güwä geçýäňizmi? Filip Rijweýiň üşerilenini görenden, Puaro ýöwselledi: — Hawa, hawa, beýle zatlar käwagt duşýan-da bolsa, men size ynanýaryn. Diýmek, gymmatbaha kagyzlar siziň geleňsizligiňizden ogurlanypdyr. Ýöne ogry soňra näme etdi? Ol kenara nähili çykyp bildikä? — Gepem şonda-da! — diýip, Rijweý sesine bat berdi. — Ogurlyk hakda gümrükçilere habar berildi, gämiden düşen her bir adam gowy barlandy. — Gymmatbaha kagyzlar uly bukjadamydy? — Elbetde. Olaryň gämide gizlenip goýulmandygy-da belli zat, sebäbi «Olimpiýa» geleninden ýarym sagat geçensoň, olary bölekleýin satyp başlapdyrlar. Men gymmatbaha kagyzlaryň belgilerini sorap, Londona telegramma ibermäge ýetişmänkäm, eýýäm olary satyp gutarypdyrlar. Hatda bir dellal heniz «Olimpiýa» gelmänkä, gymmatbaha kagyzlaryň birnäçesini satyn alandygyny aýtdy. — Gäminiň deňinden tiz ýöreýän nawça geçen-ä däldir? — Diňe gulluk nawçasy, olam howsala düşülip, eýýäm seresaply bolnandan soň. Men bu zatlara özüm gözegçilik etdim. Eý, Hudaý, jenap Puaro, men akylymdan azaşaryn. Olary men ogurlandyryn öýdüp, adamlar gürrüň edip başladylar. — Ýöne gämiden düşeniňizde sizem barlandyrlar ahyryn? — Hawa, elbetde — diýip, ýaş ýigit aljyraňňy seretdi. — Siz meniň pikirlerimi aňmadyňyz öýdýän — diýip, Puaro syrly ýylgyrdy. — Indi men bankda käbir zatlary anyklamak isleýän. Rijweý tanatgyjyny alyp, onuň ýüzüne birnäçe söz ýazdy: — Şuny görkezseňiz, daýym sizi eglemän kabul eder. Puaro oňa minnetdarlyk bildirdi, hanym Farkuar bilen hoşlaşdy we biz London hem Şotland bankynyň ýerleşýän ýeri bolan Trednidl-strite ugradyk. Rijweýiň tanatgyjyny görkezdik weli, bankyň hat gatnadyjysy bizi birinji gatdaky kiçeňräk otaga eltdi. Bu ýerde bizi baş direktorlaryň ikisem kabul etdi. Bular bankda köp oturan tekepbir jenaplardy. Jenap Wawasuryň çalaran çokga sakgaly bardy, jenap Şou bolsa eňegini tekiz syrypdyr. Jenap Wawasur: — Meniň bilşime görä, siz diňe şahsy aňtaw bilen meşgullanýarsyňyz — diýdi. — Biz Skotland-Ýarda bil baglaýardyk. Bu işi gözegçi Mak Neýl alyp barýar, ol, meniň bilşimçe, ukyply sülçi. — Hiç hili şübhäm ýok — diýip, Puaro sypaýyçylykly jogap berdi. — Siziň ýegeniňiziň işi boýunça birnäçe sorag bermäge rugsat ediň. Birinjiden, gulp barada. Ony Habbslara kim sargyt etdi? Jenap Şou: — Hut özüm sargyt etdim — diýdi. — Bu işi men hiç bir gullukça ynanyp bilmen. Açar barada aýtsam, ol jenap Rijweýde, mende we jenap Wawasurda saklanýardy. — Başga hiç kime elýeterli dälmidi? Jenap Şou jenap Wawasura gözüni aýlady. Jenap Wawasur: — Açarlar hemişe aýyň ýigrimi üçüne goýan seýfimizde durdy diýsem ýalňyş bolmaz — diýdi. — Gynansak-da, meniň kärdeşim iki hepde mundan ozal — Filipiň şol ugran güni — näsaglady, diňe ýaňy-ýaňy aýak üstüne galdy. — Dem alyş ýollarynyň çişmegi meniň ýaşymdaky adama pes kesel däl — diýip, jenap Şou gynançly aýtdy. — Men jenap Wawasury kyn işde ýeke işledip ýadadandyryn öýdüp gorkýan, gymmatbaha kagyzlar meselesem onuň üstüne… Puaro ýene birnäçe sorag berdi. Men onuň daýy-ýegeniň arasyndaky ýakynlygy aýdyňlaşdyrmaga çalyşýandygyna düşündim. Jenap Wawasuryň jogaplary gysga we takyk boldy. Onuň bankyň ynanylan gullukçysy bolan ýegeniniň bergileri we maliýe kynçylyklary ýok eken. Ol şuňa meňzeş tabşyryklary öňem ýerine ýetiripdir. Biz ahyry mähirli hoşlaşdyk. —Men lapykeç boldum — diýip, biz köçä çykanymyzdan Puaro aýtdy. — Siz köpräk bilerin öýdüp umyt etdiňizmi? Olar şeýlebir ynjyk garrylar. — Olaryň ynjyklygy lapymy keç etmedi, dostum, sebäbi bankyň iş dolandyryjysy seniň okaýan söýgüli romanlaryňda ýazylyşy ýaly, «laçyn gözli ötgür maliýeçi» bolup çykar diýip öňem garaşmandym. Ýok, men bu işiň juda ýönekeýliginden lapykeç boldum. — Ýönekeý? — Hawa, eýse sen başga pikirdemi? — Diýmek, sen gymmatbaha kagyzlary kimiň ogurlanyny bilýäň-dä? — Bilýän. — Beýle bolsa… onda biz… —Gyssanma, Gastiňs. Men häzir hiç bir zat etmekçi däl. — Näme üçin? Nämä garaşýaň? — Men «Olimpiýa» garaşýan. Ol sişenbede Nýu-Ýorkdan gaýdyp gelýär. — Birden ogry oňa çenli gizlenäýse? Aýdaly, günorta deňizleriň birindäki, soň adalatly kazyýetiň eline gowşuryp bolmajak haýsydyr bir adada. — Ýok, dostum, ol adada ýaşap biljek adam däl. Men bolsam, Erkýul Puaro üçin işiň doly aýdyňdygy, emma Hudaý tarapyndan beýle bir zehin berilmedik adamlara, meselem, gözegçi Mak Neýle käbir zatlary tassyklap bermek üçin az-kem derňew geçirmegiň zerurlygy sebäpli garaşýan. Zehini özüňkiçe ýoklara geçirimlilik etmeli. — Al kakmyş, Puaro! Seniň gülkünç ýagdaýda galanyňy bolmanda bir gezek görmek üçin bar zadymy gaýgyrmazdym! Sen öte tekepbir! — Ýüregiňi eliňe alma, Gastiňs. Dogrusyny aýtsam, käwagtlar meni ýigrenip başlaýandygyňy duýýaryn. Beýikligiň almyty-da şol. Göwresi kiçijik adam döşüni gaýşardyp, gülkünç ýagdaýda uludan dem aldy welin, men ýylgyraýypdyryn. Sişenbe güni biz ähli amatlyklary bolan otluda Liwerpula tarap süýnüp barýardyk. Puaro öz çaklamalaryny maňa aýan etmekden boýun gaçyrdy. Gaýta, ol muňa özümiň göz ýetirip bilmeýänime geňirgenýändigini bildirdi. Onuň bilen dawa etmek meni kemsidýärdi. Onsoň maňa bilesigelijiligimi gizläp, biperwaýsyran bolmak galypdy. Haçan-da, biz äpet gämileriň duralgasyna gelenimizde, Puaro tijenip, ykjamlandy. Biz Puaronyň soňky ýüzüşlik bilen Nýu-Ýorka giden dosty hakynda gäminiň dört işgärinden gezekli-gezegine soraşdyrdyk. — Ýaşy gidişen, gözi äýnekli jenap — diýdiler. — Bütinleý maýyp, gämidäki otagyndan zordan çykýardy. Olaryň ony sypatlandyryşy Filip Rijweý bilen goňşuçylykdaky ýigrimi dördünji gämi otagynda ýerleşen jenap Wentnoryň keşbine doly gabat gelýärdi. Dogrusy, jenap Wentnoryň kimdigini we onuň daş keşbiniň nähilidigini Puaronyň nireden bilip ýörendigine düşünmedim. Men gaharlandym: — Aýtsaňyz-la — diýip, gämi işgärine ýüz tutdum. — Ol jenap Nýu-Ýorkda gämiden hemmelerden öň düşdümi? Gäminiň işgäri başyny ýaýkady: — Ýok, tersine, ol iň soňkularyň biri bolup düşdi. Men lapykeç boldum. Puaronyň weli, üstümden gülýändigini gördüm. Ol gämi işgärine minnetdarlyk bildirip, puljagaz berdi we biz yzymyza gaýtdyk. — Hemmesi gowy — diýip, men gyzyp aýtdym. — Emma soňky jogap seniň taglymatyňy kül-uşak edýär! Näçe gülseň, gülüber indi! — Sen ýene hiç zada düşünmediň, Gastiňs. Tersine, soňky jogap meniň taglymatymy doly tassyklaýar. Otly bat alyp ugranda, Puaro birnäçe minutlap bir zatlary ýazyşdyryp, soň bukja salyp ýelimledi. — Bu biziň şöhratly gözegçimiz Mak Neýl üçin. Biz Londona gelip, bukjany Skotland-Ýarda ugratdyk, soňra hanym Esmäni telefon edip çagyran «Randewu» restoranymyza ugradyk. — Rijweý näme? — diýip, men Puarodan soradym. — Eýsem, indi diňe oňa şübhelenilmeýärmi näme? — Gastiňs, sen yzygider pikirlenmezlige endik edip barýarsyň. Elbetde, ogurlyk eden Rijweý bolup çyksa, bu täsirli bolardy, ýöne hanym Farkuar üçin däl. Gel, indi aýdyňlaşdyraly. Seni bilesigelijiligiň iýip barýar. Şeýle, möhürlenen bukja ýitýär we howada gaýyp bolýar. Biz ol howada erändir diýen çaklamany aradan aýyrýarys, sebäbi häzirki zaman ylmynyň maglumatlary muňa ters gelýär. Bukjany kenara çykarmak mümkinçiliginiň bolmandygy hem gürrüňsiz… — Hawa, emma biz bil… — Sen, Gastiňs, belki, bilýänsiň, men weli bilemok. Men ýönekeý pikire gulluk edýän: ähli bolmajak zat — bolanok-da. Iki ýol galýar: bukjany gämide gizlemeli, ýöne muny edäýmek kyn ýa-da gämiden daşary zyňmaly. — Hä-hä, çümmez ýaly daňyda! — Hiç hili daňysyz. Men Puaro geň galyp garadym: — Ýöne gymmatbaha kagyzlar gämiden daşyna zyňlan we suwa batan bolsa, Nýu-Ýorkda olary nähili satyp bolar? — Seniň pikir ýöredişiňe geň galýaryn, Gastiňs. Gymmatbaha kagyzlar Nýu-Ýorkda satylypdyrmy, diýmek, olar gämiden daşyna zyňylmandyr. Munuň bizi nirä getirýänine düşünýäňmi? — Başlan ýerimize. — Beýle däl. Eger bukja gämiň daşyna zyňlan, gymmatbaha kagyzlaram Nýu-Ýorkda satylan bolsa, diýmek, olar bukjada ýok. Olaryň bukjadadygyna subutnama barmy? Jenap Rijweýiň Londonda eline alaly bäri, bukjany bir gezek hem açmandygyny ýatladaýyn. — Hawa, bu şeýle, onda… Puaro sabyrsyzlyk bilen elini salgady: — Dowam etmäge rugsat ber. Soňky gezek gymmatbaha kagyzlar London hem Şotland bankynda ýigrimi üçüne irden görülýär. Soňra olar «Olimpiýa» kenara geleninden ýarym sagat soň, Nýu-Ýorkda peýda bolýar, hatda bir dellalyň tassyklamagyna görä, biraz öňräk hem. Indi olar «Olimpiýada» asla bolmandyr diýip çaklansa näme? Olary Nýu-Ýorka getirmegiň başga ýoly barmy? Hawa bar. «Jaýgentik» gämisi Sautgemptondan «Olimpiýa» bilen bir günde ugraýar, ýöne ol tiz ýöreýär. Eger gymmatbaha kagyzlary «Jaýgentikde» ugratsaň, ol Nýu-Ýorka «Olimpiýadan» bir gün öň geler. Ine, bar çözgüt. Möhürlenen bukja galp we bu galplyk bankda edilýär. Ikinji bukjany taýýarlamagy we birinji bilen ornuny çalyşmagy diňe üç adam edip biler — jenap Rijweý ýa-da iki direktoryň biri. Gymmatbaha kagyzlar «Olimpiýa» geläýen badyna satylmaly diýen görkezme bilen Nýu-Ýorkdaky hyzmatdaşa ugradylýar. Şu pursatda hem kimdir biri «Olimpiýada» ogurlyk bolan ýaly edip görkezmeli bolýar. — Näme üçin? — Eger Rijweý bukjany açyp, gymmatly kagyzlary tapmasa, onda, gürrüňsiz, Londona müňkür bolunjak. Rijweý bilen goňşulykda barýan adam ilki özüni, hamana, gulpy döwmekçi bolýan edip görkezýär, soňra öz açary bilen ony açýar we bukjany gäminiň daşyna zyňýar. Onsoň iň soňa galmak niýeti bilen, hemmeler gämiden düşýänçä garaşýar, sebäbi Rijweýiň gözüne ilmejek bolýar. Soňam kenara çykýar we ilkinji gämi bilen yzyna dolanýar. — Eýse, bu kim? — Bu adam özüniň açary bolan, gulpy sargyt eden, şäheriň daşyndaky öýünde keselläp ýatan, «ynjyk» garry jenap Şou. Dostum Gastiňs, jenaýatkär kähalatlar uly işewürleriň arasynda hem duşýar. Ine, biz geldik. Salam, hanym Farkuar! Rugsat ediň! — diýip, gözleri uçganaklap duran Puaro aňk bolup duran gyzyň iki ýaňagyndan hem ogşady. Agata KRISTI. Terjime eden: Baýramgeldi BALYKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||