OGUZ DÖWLETINIÑ ILLERI
"Gorkut ata" eposynyñ çowdur nusgasynyñ "Ýegenek" diýen bölümine beren düşündirişimizde, Oguz han entek eneden bolmanka, oguzlaryñ-türkmenleriñ ata-babalary bolan Alanlar döwleti zamanynda ýurtda 16 iliñ bolandygyny we şol illeriñ ýerleşen ýerleri hem olaryñ paýtagtlary hakynda taryhy maglumatlary beripdik. Şol zamanda bolsa, bütin ýurduñ hanlar hany Alan han eken. Alan hanyñ iñ uly birinji ogly Gara han bolupdyr. Alan han aradan çykandan soñ, Gara han hanlar hany bolupdyr we tagta çykypdyr. Gara han bolsa, Oguz hanyñ kakasydyr. Gara han wepat bolandan soñ, tutuş ýurda Oguz han hanlar hany bolupdyr we tagta çykypdyr. Oguz hanlar hany bolan döwründe Arkaky Daşoguz, Içkioguz, Altky Daşoguz diýen üç täze il peýda bolupdyr. Şeýle bolsa-da Oguz han hanlar hanyka, bütin ýurtda illeriñ sany 14-e düşüpdir. Onuñ sebäpleri-de aşakdakylardan ybarat:
1. Gyrkanlar ili
Oguz han zamanyndan öñem bar eken. Onuñ ilkinji paýtagty Gorgan şäheri, soñ şu ile Madawlar diýipdirler. Şol zamanda ol iliñ paýtagty gadymy Madaw şäheri, ahyrda hem Dehistan şäheri bolupdyr. Şu il gitdigiçe ulalypdyr. Şoña laýyklykda ol ile degişli ýerler-de barha giñelipdir we ol il uly güýje öwrülipdir. Şeýlelikde, Madaw ili Kaspi deñziniñ bütin gündogar kenar ýakasyndaky, günorta: Sumbar, Çendir, Etrek, Gürgen derýalarynyñ boýundaky, Eýranyñ günbatar-demirgazyk taraplaryndaky il-uluslary öz içine alypdyr. Aýdylýan döwürde ol ile daşary ýurtlular Madaw döwleti hem diýipdirler. Bu ol ilki başda dörände oña Gyrkan han hanlyk edipdir.
2. Altky Daşoguzlar ili
Oguz han zamanyndan öñ Parap ili bolupdyr. Şol zamanda agzalan iliñ paýtagty ilki başda Parap (Parfiýa) şäheri eken. Ol şäheriñ ady soñ özgerip, Nusaý diýip atlandyrylylypdyr. Agzalan döwürde daşary ýurtlular bu ile Parap (Parfiýa) döwleti hem diýipdirler. Ady tutulan il şol döwürde Balkan daglarynyñ günçykar tarapyndan başlap, tä häzirki Mäne-Çäçe sebitlerini we Eýranyñ gündogar-gaýra tarapynda ýerleşýän Horasan töwereklerini öz içine alypdyr. Atlary tutulan ýerlerde ýaşan il-uluslary-da öz iline birleşdiripdir. Şonlukda geçmişiñ jümmüşinde Parap ili döräpdir. Şol geçmiş mahalda bu ile Parap han hanlyk edipdir. Ady tutulan il bilen bir hatarda şol zamanda Maruk ili hem bolupdyr. Şu il barha ulalypdyr. Ol iliñ tutýan meýdany-da şoña laýykly giñelipdir. Aýdylýan il Murgap derýasynyñ bütin boýundaky, häzirki Täjigistanyñ demirgazyk tarapyndaky, Owganystanyñ gündogar tarapyndaky il-uluslary özüne birleşdiripdir. Şeýle bolansoñ, daşary ýurtlular Maruk iline Maruklar döwleti hem diýipdirler. Şol zamanda bolsa, Maruk han agzalan iliñ hany eken. Oguz han zamanynda atlary tutulan iki il başda paýtagty Parap (Nusaý) şäheri bolupdyr. Şol zamanyñ ahyrynda Altky Daşoguz ilini döredipdir. Şu iliñ ilki başda paýtagty Parap (Nusaý) şäheri bolupdyr. Şol zamanyñ ahyrynda Altky Daşoguz iliniñ paýtagty gadymy Tak (Ýazyr) şäheridir. Ady tutulan şäheriñ harabaçylygy häzirki Bäherden etrabyndaky Şährislam harabaçylygydyr. Altky Daşoguz ili başda dörände, oña Oguz hanyñ ikinji ogly Aý handan önen birinji agtygy Ýazyr han baştutanlyk edipdir.
3. Aklar ýa-da Arylar ili
Oguz han zamanyndan öñ bu iliñ paýtagty ilkibaşda gadymy Ak şäheri (häzirki Göksüýri) eken. Soñ agzalan iliñ paýtagty häzirki Owganystandaky Hyrat şäheri bolupdyr. Ahyrda hem gadymy Lawhar (Lowhor) şäheri diýip kesgitlenýär. Aklar, Arylar ili Akderýasynyñ aşaky akymy (Tejen derýasy) bütin boýundaky, Owganystanyñ günorta-ileri-sebitlerindäki, Hindistandaky il-uluslary özüne birleşdiripdir. Şu ile şol döwürde daşary ýurtlular Aklar ýa-da Arylar ili bolmagynda galypdyr.
4. Amullar ili
Oguz hanyñ döwründen ozal bu iliñ paýtagty gadymy Amul şäheri (häzirki Türkmenabat) şäheridir. Şu il Amyderýanyñ ýokary, orta akymyndaky il-uluslary özüne birleşdiripdir. Amul şäheri halkara söwda ýollarynyñ çatrygynda ýerleşendir. Şonuñ üçin Amul şäheri halkara söwdasynda uly şöhrata eýe bolupdyr. Bu il Oguz zamanynda hem öñki bolşunda saklanypdyr.
5. Içki Oguz (Içoguz)
Oguz han zamanyndan öñ bu sebitdäki il-ulsa Sogdy ili diýipdirler. Agzalan iliñ paýtagty gadymy Akt (Buhara) şäheri, käte-de Kant (Samarkant) şäheri bolupdyr. Şu iliñ ilaty ady tutulan şäherlerde, olaryñ töwereklerinde, Kaşga, Zerewşan derýalaryñ boýlarynda ýaşapdyrlar. Şolary hem bu il özüne birleşdiripdir. Aktlar, kaktlar, eftalitler (abdallar) taýpalary şol zamanda gaty güýçli taýpalar eken. Oguz han zamanynda ýokarda agzalan il Içkioguz (Içoguz) atlandyrylypdyr. Şol döwürde bu ile Oguz hanyñ bäşinji ogly Dag handan önen birinji agtygy Salyr han ýolbaşçylyk edipdir. Bu iliñ paýtagty agzalan zamanda şäherler eken.
6. Musulmanlar ili
Oguz han zamanyndan öñ hem bar eken. Bu iliñ paýtagty şol döwürde Hojagalasy diýen gadymy şäher eken. Şu iliñ il-ulsy Hojagalasy şäherinde, onuñ töwereginde, Hojamübärek, Hojaaýdat, Endijan (Andyjan), Alat şäherlerinde, olaryñ töwereklerinde ýaşan: hojalar, guraýyşlar, yslamlar, hatymlar taýpalarynyñ ilatlaryny özüne birleşdiripdir. Bu il Oguz han döwründe hem şol durşunda saklanypdyr.
7. Bakanlar ili
Oguz han zamanyndan ozal hem bu il bar eken. Şol zamanda Bakan iliniñ paýtagty gadymy Bakan (häzirki Fergana) şäheridir. Şu iliñ ilaty Bakan şäherinde, onuñ töwereginde, häzirki Täjigistanyñ günorta-gaýrasynda, Gyrgyzystanyñ aşak-günbatar, günortasynda, Özbegistanyñ häzirki Fergana oblastynda ýaşan il-uluslary öz içine alypdyr. Oguz han döwründe hem bu il şol durşunda bolmagynda galypdyr.
8. Kaşgarlar ili
Oguz han hanlar hany bolmazyndan öñ hem şu il bar eken. Bu iliñ paýtagty şol döwürde gadymy Kaşgar şäheri eken. Şu iliñ il-ulsy Kaşgar şäherinde, onuñ töwereginde, Kaşgar, Tarym derýalarynyñ boýunda ýaşan il-uluslary özüne birleşdiripdir. Oguz han hanlar hany bolan döwründe hem Kaşgarlar ili şol durşuna saklanypdyr.
9. Tümenler ili
Oguz han zamanyndan ozal hem bar eken. Bu iliñ paýtagty ilki başda gadymy Taw (Dag) şäheri, soñ Tümen şäheri bolupdyr. Aýdylýan iliñ ilaty atlary tutulan şäherlerde, olaryñ töwereklerinde Işim, Toba, Pyşme, Tura, Tawda, Yrtyş, Tyra, Torgaý derýalarynyñ boýunda ýaşapdyr. Agzalan ýerlerde ýaşan il-uluslary Tümen ili birleşdiripdir. Oguz han bütin ýurda han bolanda hem Tümenler ili şol durşuna saklanypdyr.
10. Arkaky Daşoguz ili
Oguz han hanlar hany bolmazyndan öñ Çuw ili we Itil ili bar eken. Şol zamanda Çuw iliniñ paýtagty ilki başda gadymy Heýýam şäheri, soñ Taraz (häzir Jambyl) şäheri eken. Şol zamanda Çuw iliniñ ilaty Heýýam, Taraz şäherlerinde, olaryñ töwereklerinde, Çuw, Talas derýalarynyñ boýunda ýaşapdyrlar. Ara alnyp maslahatlaşylýan döwürde ýokarda atlary tutulan sebitlerde ýaşan il-uluslary Çuw ili özüne birleşdiripdir. Şunlukda geçmişiñ jümmüşinde Çuw ili döräpdir. Agzalan geçmişde bolsa, bu iliñ hany Çuw han eken. Ýokarda ady tutulan il bilen bir hatarda agzalan döwürde Itil ili-de bar eken. Şu iliñ paýtagty ilkibaşda Itil şäheri, soñ Ýaý şäheri bolupdyr. Ara alyp maslahatlaşylýan döwürde Itil iliniñ ilaty Itil, Ýaý şäherlerinde, olaryñ töwereklerinde, Itil (Wolga), Ýaýyk (Ural), Emme (Emba) derýalarynyñ boýunda, Çelkar kölüniñ kenar ýakasynda ýaşapdyrlar. Ýokarda agzalan ýerlerde ýaşan il-uluslary Itil ili özüne birleşdiripdir. Şeýlelikde, geçmişiñ jümmüşinde atlary agzalan ýerlerde Itil ili döräpdir. Şol geçmiş zamanda bu ile Itil han agalyk edipdir. Oguz han zamanynda atlary tutulan iki il birleşdirilip, Arkaky Daşoguz ilini döredipdirler. Şu iliñ paýtagty şol döwürde Ýaý şäheri bolupdyr. Bu iliñ başynda Oguz hanyñ birinji ogly Gün handan önen birinji ogul agtygy Goý han durupdyr.
11. Hazarlar ili
Oguz han tagta eýe bolmazyndan ozal hem Hazar ili bar eken. Şol zamanda bu iliñ paýtagty gadymy Belenjer şäheri eken. Ady tutulan iliñ ilaty şol döwürde Belenjer şäherinde, onuñ töwereginde, Tyn (Hazar) derýasynyñ boýunda, Kaspi deñziniñ günbatar ýakasynda, onuñ günbatar-demirgazyk sebitlerinde ýaşapdyr. Şol ýerlerde mekan tutan il-uluslary Hazar ili özüne birleşdiripdir. Oguz han tagta çykandan soñ, Hazar ili şol durşuna saklanypdyr.
12. Horezminler ili
Oguz han bütin ýurda han bolmazyndan öñ, Horezminler ili bar eken. Şol döwürde şu iliñ paýtagty ilki Ketde (Ket, Kät) şäheri, soñ Ürgenç (Köneürgenç) şäheridir. Şu iliñ il-ulsy şol zamanda atlary tutulan şäherlerde, olaryñ töwereklerinde, häzirki Türkmenistanyñ Daşoguz welaýatynda, Garagalpagystanda, Özbegistanyñ Horezm oblastynda, Amyderýanyñ aşaky akymynyñ sag-çep kenarynda ýaşapdyrlar. Şol ýerlerde ýaşan il-uluslary Horezmin ili özüne birleşdiripdir. Oguz han ýurduñ hanlar hany bolandan soñ hem bu ul şol öñki durşuna saklanypdyr.
13. Gereýler ili
Oguz han hanlar hany bolmazyndan öñ hem Gereýler ili bolupdyr. Şol zamanda bu iliñ paýtagty gadymy Gereý (Bakjasaraý) şäheridir. Agzalan zamanda bu iliñ ilaty gadymy Gereý şäherinde onuñ töwereginde, Azow deñziniñ tutuş kenar ýakasynda, Gara deñziniñ gündogar-günortasynda, Kawkazda we gaýra tarapda ýaşapdyr. Şol ýerlerde mekan tutan il-uluslary Gereýler ili özüne birleşdiripdir. Oguz han bütin ýurda han bolandan soñ hem bu il öz bolşunda galypdyr.
14. Balkanlar ili
Bu iliñ paýtagty gadymy Balkan şäheridir. Şu iliñ ilaty ady tutulan şäherde, onuñ töwereginde, Gara deñziñ günorta-ileri tarapynda häzirki: Gresiýa, Albaniýa, Ýugoslawiýa, Bolgariýa, Wengriý, Rumyniýa, Çehiýa, Slowakiýa, Polşa, Franko (Fransiýa), Alman (Germaniýa), Şweýsariýa, Awstriýa sebitlerinde ýaşan il-uluslary özüne birleşdiripdir.
Şu ýokarda ady tutulan iller hem öz aralarynda ylalaşyp, bir döwlete birleşipdirler. Şol zamanda ol döwlete Oguzlar döwleti diýipdirler. Onuñ başynda bolsa Oguz han durupdyr. Şol döwürde hem bütin ýurduñ paýtagty Türk (Türküstan) şäheri eken.
Makalamyzyñ başyndan ahyryna çenli türkmen halkynyñ atasy bolan Oguz han hem gadymy ýer-ýurt adalgasy Daşoguz, Içoguz hakynda söz açmagymyz ýöne ýere däl. Ýurdumyzyñ Mary welaýatynyñ ozalky Nyýazow adyndaky uly etrabyna Oguz hanyñ ady dakylyp, ol müdimlik ebedileşdirildi we Daşhowuz welaýatyna hem özüniñ hakyky taryhy adyna eýe edilip, Daşoguz welaýaty diýip atlandyryldy.
Ata RAHMANOW.
23.07.1999 ý, "Edebiýat we sungat" gazeti.
Taryhy makalalar