13:25 Oguz hatynyñ ýaýrawy | |
Oguz hatynyñ ýaýrawy
Taryhy makalalar
Gadymy oguz elipbiýiniñ döreýiş taryhy, onuñ ýaýrawy hakyndaky rowaýatlar, Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamyndaky täze tapylýan ylmy esasly gymmatly maglumatlara esaslanyp, oguzlaryñ ýigrimi bäş harpdan ybarat bolan elipbiýiniñ bolandygyndan köpleriñ habary bardyr. Ol elipbiýiñ 7-siniñ çekimli, 18-siniñ çekimsizdigi hem türkmen halkynyñ taryhy bilen içgin gyzyklanýanlaryñ köpüsine mälimdir. Bu baý mirasy öwrenip, ylmy taýdan seljermek we şol esasynda türkmen halkynyñ taryhyny ylmy esasda dikeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyñ beýik Galynyşlar eýýamynda giñ mümkinçiliklere eýe boldy. Bary-ýogy soñky bir ýylyñ dowamynda geçirilen medeni miras baradaky halkara derejesindäki maslahatlar türkmen halkynyñ taryhy bilen bagly gymmatly çeşmeleri ýüze çykarmaga uly itergi berdi. Ýeri gelende aýtsak, türkmen halkynyñ görnükli nusgawy şahyry Andalyp oguz elipbiýiniñ iñ gadymy elipbiýdigini ''Egerçe Nuh ýaşyn berdi owwaly'' diýmek bilen, oguz hatynyñ taryhy barada gymmatly maglumat berýär. Nusgawy şahyrlarymyzyñ şygyrlarynda, taryhy çeşmelerde maglumat berilýän we iñ gadymy elipbiýiñ biri diýlip ykrar edilen ýazuw ýadygärligi ''Orhon-Ýeniseý ýazuw ýadygärligi'' ady bilen sowet döwründe mälim edildi. Kültegindir Bilge kaganyñ hatyrasyna bina edilen bu türki dildäki ýazuw ýadygärligini ilkinji bolup okan Wilgelm Tomsondyr. Biz W. Tomsonyñ Orhon-Ýeniseý ýazgysyny okamaga hem şeýle ýazgynyñ Ýewropada gabat gelendigini okyjylara duýdurmak isleýäris. Gadymy oguz haty Ýewropada ''gäwür ýazgysy'' ady bilen XVI asyrda mälim bolýar. Şol döwürde bu haty ýazy hem okap bilýänler kän bolmasa-da, bar ekeni. Muny şol döwürden galan taryhy ýazuw çeşmeleri mälim edýär. Ol hat Stambuldan tapylýar. Türk soltanlary ähli daşary ýurt ilçilerini Stambulda bir ýere jemläp saklapdyrlar. Olaryñ bolýan ýeriniñ daşyna garawul hem goýupdyrlar. Dürli ýurtlardan gelýän ilçileriñ arasynda dil, edebiýat, taryh bilen gyzyklanýanlar hem bolupdyr. Türk soltanlary daşary ýurtly ilçileriñ öz ýurtlaryndan dile, edebiýada, taryha degişli gymmatly maglumatlary toplamaklaryny gurnapdyrlar, bu möhüm işe köp pul harçlapdyrlar. Bu gowy netije beripdir. Wýursburgly (mýunhenli) gündogarşynas Frans Babinçeriñ gadymy oguz hatyny Ýewropadan tapmagy jemgyýetçiligi birbada haýran galdyrýar. Bu hat näwagt, kimler tarapyndan ýazylypdyr?! Bu sowal gündogarşynaslary diýseñ gyzyklandyrdy. Bu gadymy ýazgy augsburgly knýaz hem graf Fuggerleriñ maşgala arhiwindäki golýazmalaryñ arasyndan tapylýar. Bu golýazma söwda agenti Fuggeriñ 1553-1555-nji ýyllardaky syýahaty barada maglumat berýär. Soñra bu golýazmany kimiñ ýazandygy kesgitlenýär. Bu golýazmanyñ awtory Wenada we Leýpsigde okan, soñra Fuggeriñ magdan kärhanasyny dolandyran Grans Dernşwan diýen hünärmen bolup çykýar. Dernşwan şol döwürde beýleki ilçileriñ hatarynda soltan Süleýman I-niñ howlusynda bolupdyr. Bu döwürde Ojýe Jislende Busbekiñ ýolbaşçylygynda Ýewropa üçin örän gymmatly, belli edebi ýadygärlikleriñ üsti açylýar. Wena uniwersitetiniñ talyby, Dernşwan bäsleşmek hem gabanmak bilen öz baştutanynyñ yzyna eýerýär. Ol şonuñ netijesinde birnäçe gymmatly ýazgylaryñ nusgasyny alýar. Birnäçe rim ýazgylarynyñ içinden oguz hatynyñ göçürilen nusgasy Babinçeriñ aýratyn ünsüni çekýär. Dernşwan Babingere bu ýazgylary nireden göçürip alandygyny gürrüñ berýär. Şol göçürip alnan binada şol döwürde ýokarda ady tutulan Busbekiñ hem bolandygy aýdylýar. Ol bina XIX asyrda bolan ýangynda ýazgy bilen bilelikde harap bolýar. Babinger bu hatyñ nädip Stambula düşenine haýran galýar. Çünki ol döwürde yslam dinini kabul edip, musulman dünýäsini haçly ýörişlerden goran türki halklaryñ köpüsi eýýäm arap elipbiýini ulanýarlar. Şonuñ üçinem Tomseniñ atlandyryşy bilen atlandyrsak gun-skif ýazgysynyñ Stambula düşmegini geñ görýärdi. Ýazgy gun-skif, ýagny gadymy oguz elipbiýinde bolsa-da, ol ýazgy wenger dilinde ýazylypdyr. Muny anyklan Tompson käbir sözleri okamagy başarýar. Tomsonyñ gyzyklanan dilleri hakynda gysgajyk aýtsak, ol köp ýerlere syýahat edýär we şol baran ýerleriniñ dilini öwrenmek üçin köp tagalla edýär. Praga baranda ol çeh dilini öwrenýär. Mikloşiniñ ýolbaşçylygynda slawýan dilleri meselesinde köp işleri edip, bu ugurdan ylma uly goşant goşýar. Şol bir wagtyñ özünde daşyndan serb, polýak we wenger dillerini öwrenmek bilen hem meşgullanýar. Budapeşte gelip, ol öz dil biliş derejesini kämilleşdirýär. Onuñ dilleri bilmek höwesi güýçlenip, bilýän dilleriniñ örüsi giñeýär, san taýdan köpelýär. Ol soñra arap, pars, sygan dillerini öwrenýär. Şol bir wagtyñ özünde, ol türki dilleri öwrenmekligi goýmaýar. Tersine, türki diller onuñ ünsüni has güýçli özüne çekýär. Tomsonyñ gadymy ýazuwy okamaklygyñ käbir syrlaryny açandan soñra Babingeriñ özüne hem wenger dil öwreniji derñewç I. Şebestien bilen hyzmatdaşlyklykda bu ýazgyny derñäp okamaklygy başarýar. Bu ýazgy 1490-njy ýyldan 1516-njy ýyla çenli aralykda Wengriýanyñ hem üstünden hökümdarlyk eden Ladislaw II döwründäki ilçileriñ ykbaly bilen baglanyşykly bolup, gadymy wenger senenamasyna we şoç döwürde bolan taryhy wakalara aýdyñlyk goşýar. Korol Ladislaw II ilçilerini soltan Selim I-niñ hökümdarlyk eden döwründe (1512ㅡ1520 ý.) Stambula ýollaýar. Beladen Barnaboýyñ ýolbaşçylygynda 5 adamdan ybarat bolan ilçiler bu ýerde iki ýyllap bolýarlar. Şonda ol ilçileriñ biri at ýatagynyñ diwaryndaky daşlaryñ biriniñ ýüzüne ýazgy galdyrypdyr. Soltanyñ adamlary olaryñ diwarda galdyran ýazgylaryna düşünmän, oña ''gäwür ýazyjysynyñ haty'' diýip at beripdir. Görşüñiz ýaly gadymy oguz ýazgysyny asly oguzlardan bolan Wengriýada ýaşaýan sekeliler ulanýan ekeni. Alymlar: ''Oguz haty Atillanyñ şalyk eden döwründe Ýewropa ýaýrandyr'' diýen pikiri hem öñe sürýärler. ''Nyşanlar we gudratlar'' atly kitabyñ awtory Ernest Doblhofen Bumyn kagan bilen Istemi kaganyñ ''Dünýäniñ dört tarapyndaky ähli halklary, asmanyñ astyndaky, Ýeriñ üstündäki ähli halklary aldyk, boýun egdirdik'' diýen many-mazmundaky sözlerini mysal getirip, Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän syrly sapagyñ bir zamanlarda-da, häzirem esasy roly oýnaýandygyny belleýär. Dernşwanyñ göçürip alan ýazgysy (Stambul ýazgysy) ýaly ýazgy Ýewropanyñ başga bir ýerinden hem tapylýar. Şeýle gadymy ýazuw ýadygärliginiñ irki döwre degişlisi 1501-nji ýylda Çiksentmikloşdan tapylýar. Wenger taryhçysy Telegdi bu tapylan ýazgy barada 1598-nji ýylda gun dili hakynda ýazan işinde ýazgynyñ gadymy gunlara degişlidigini mälim edýär. Bu belli ýazgynyñ tapylan we gelip çykan ýeriniñ ýurduñ Semigrad etrabydygy anyklanýar. Wengriýanyñ bu etrabynda bolsa sekeliler ýaşaýar. Olar öñem, häzirem özlerini gadymy gunlaryñ hakyky mirasdüşerleri hasap edýärler. Sekelileriñ runiki ýazgysynyñ hiç bir gümansyz gadymy türk ýazgysydygy aýan bolýar. Bu ýazgy Tsansilwaniýada ýaşaýan buýsançly gun-wengerleriñ milli duýgusyna güýçli täsir edýär. Taryhy çeşmeleriñ maglumat bermegine görä, oguzlara ''guzlar'', ''gunlar'' hem diýlipdir. Agyz boşlugynda diliñ birmeñzeşiräk hereket etmegi bilen emele gelýän ''n'', ''z'' sesleriniñ biri-birini çalşyryp bilmegi bolup biljek kanuny zat. Şeýle hem häzirem wenger topragynda ýaşaýan sekelileriñ adynyñ hem şunuñ ýaly degişli özgerişlere sezewar bolandygyny çaklap bolar. Sekeliler XVㅡXVI asyrda ''gäwür ýazgylary'' adyny alan gadymy oguz-türkmen hatyny Ýewropa mälim edýärler. Ol ýazgy tä üsti açylýança, bogem korollygynyñ ''Westniginiñ'' üsti bilen käwagt berlip, alymlar köpçüligi tanyşdyrylyp durlupdyr. Sekelileriñ dili we olar barada maglumat bersek, alymlaryñ köpüsi olaryñ hazar türkmenleriniñ neslindendigini, olaryñ hem añyrsynyñ oguzlara baryp direýändigini tassyklaýarlar. Wenger alymy B. Munkaçi bolsa gadymy türki halklar bilen gadymy wengerleriñ arasynda komanlaryñ araçy bolandyklaryny we dellalçylyk edendiklerini belleýär. Komanlar bilen sekeliler XII-XIII asyrlarda goñşuçylykda ýaşapdyrlar. Komanlaryñ hem gadymy oguzlaryñ neslidigi, şolardan gelip çykandygy barada gadymy çeşmelerde maglumat berilýändigi mälim edilýär. Şol berilýän maglumatlara görä, olar türk kaganlaryna wepaly bolupdyrlar. Elbetde, beýleki kowumdaşlary ýaly, kähalatlarda olar bilen duşmançylykly ýagdaýda hem bolupdyrlar. Şeýdaýynyñ ''oguz nesli altmyş lakam agzybir'' diýşi ýaly, komanlar bilen sekelileriñ bir ýerde ýanaşyk goñşuçylykda ýaşamagy olaryñ dil, medeniýet we däp-dessurlarynyñ kökleriniñ birligi bilen baglanyşykly bolmaly. Bu ýazgylar gadymy oguzlaryñ Ýuwaş ummanyndan tä Atlantik ummanyna çenli aralykda ençeme halklary öz penasyna alyp, örän kuwwatly döwletleri gurandygyny Ýewropa alymlaryna hem ykrar etdirdi. ''Oguzlar diýip, ýewropaly, amerikaly alymlar aýratyn nygtaýarlar. Oguz hatynyñ ýaýrawy barada bu ýokardaky maglumatlary getirip, gutarnykly nokat goýup bolmaz. Çünki täze Galkynyşlar we beýik Özgertmeler eýýamymyzda birnäçe täze-täze çeşmeleriñ üsti açylýar, täze-täze maglumatlar peýda bolýar. Ine geçen asyryñ ahyrlarynda oguz asylly bolan inkleriñ hatynyñ-ýazuwynyñ tapylandygy baradaky habar adatdan daşary dowul bolup dünýä ýaýrady. ''Tawantin suñ'' ady bilen Amerika kontitentinde äpet kuwwatly imperiýany döreden inkleriñ döwlet gurluşynyñ, medeniýetiniñ, däp-dessurlarynyñ, gurluşyk we şekillendiriş sungatynyñ özboluşlylygy häzirem dünýäniñ alymlarynyñ öñünde doly çözülmedik syrlygyna galýar. Alymlar bu halkyñ taryhynda syrly sahypalaryñ juda kändigini belleýär. Alymlaryñ köpüsi ol ýa beýleki ýurduñ taryhyny we ol ýurt bilen baglanyşykly köp sowallary, şol ýurduñ adynyñ syryny açmak bilen, olaryñ geçmişine degişli köp sowallara jogap tapýarlar. Bu ýurt, bu halk baradaky sowallara hem şol ygtybarly usul boýunça jogap agtarmaly bolýar. Şeýle bolsa, onda inkleriñ öz ýurduna goýan ''Gawantin suý'' diýen ady nämäni añladýar?! Alymlar inkleriñ öz döreden äpet imperiýasyna goýan ''Gawantin suý'' adynyñ ''Dört ülke, dört ýurt, dört welaýat'' ýaly özboluşly syrly adynyñ we inklerde başga-da syrly zatlaryñ kändigini mälim edýärler. ''Dört ülke, dört ýurt, dört welaýat'' diýen sözler, göräýmäge düşnükli ýaly. Indi ''dört'' sanynyñ añladýan manysy barada aýtsak, ol san mukdar görkezýän ýönekeý san bolman, filosofiki mana eýe. Gadymy oguzlarda dört san mukaddes hasap edilipdir. Ol san ynamy, bakylygy añladypdyr we onuñ şertli alamaty hem bolupdyr. Şol bakylygy, ynamy añladýan alamat amaly-haşam, gurluşyk, zergärçilik sungatymyzda hem müdimilik ornaşypdyr. Ol alamat yslamdan öñki döwürlerde aradan çykan pederlerimiziñ mazar daşlarynyñ ýüzüne hem goýlupdyr. Indi başky üç san hakynda aýtsak I-lik ölümi, 2-lik diriligi, 3-lük ösüşi añladypdyr. Birlik sanyñ ölümi añlatmagy bir zadyñ öz-özünden köpelip bilmeýändigi, bir zadyñ uzagyndan ýok bolup gidýänligi bilen düşündirilýär. Bu fizikanyñ, himiýanyñ, filosofiýanyñ kanunlary bilen hem düşündirilýär. Eger her maşgalada diñe birje çaga bolsa, ol halk uzagyndan ýok bolup gider. Iki sany bolsa diriligiñ alamaty. Ýene öñki mysala ýüzlensek, her maşgalada iki çaga bolsa, ol halk ösmese-de, ýaşaýşy dowam etdirer. Üçlük bolsa ösüşiñ alamaty. Ýene öñki mysal bilen düşündirsek, bir maşgalada üç çaga bolsa, ol halkda belli bir derejede ösüş bolýar. Dört bolsa, ol ýurtda ynamly ösüş bolýar. Şu ýerde Oguz hanyñ agtyklarynyñ dört-dörtdenligini ýatlatsak kän zatlar aýdyñlaşýar. Göroglynyñ öz ýurduna ''Çardagly Çandybil'' diýip at goýmagy hem şol gadymdan gelýän erenleriñ ylmy esasly ynanjy bilen berk baglanyşykly. Şuña esaslansak, onda dört suýu (ýurt) çardag diýen atlardaky ''suýu'', ''dag'' sözleri göni manyda gelmän, olar göçme manylarda gelýärler. ''Suýu'' sözüniñ dört ýurt manysyndan başga-da, onuñ ''dört serdar'' manysy-da bar diýip aýtsa bolar. ''Çardag'' sözündäki ''dag'' sözüne göni manysynda däl-de ''ogul, arkadag'' manysynda düşünsek, talabalaýyk bolar. Çünki bizde ogla ''arkadagym'' diýip hem ýüzlenilýär. Gadymy türki dilinde suýu (suw, su) serdar manysynda gelýär. Her serdaryñ hem öz goramaly ýurdy bar. Ejdatlarymyz küşti ilki döredenlerinde, küşt tagtasynyñ üstünde dört şa bilen söweş edipdirler. Şonda iki ak, iki gara şa öz degişli pyýadalary we beýleki mallary bilen küşt tagtasynyñ üstüni dört ýurda bölüp özara söweş edipdirler. Küşt tagtasynyñ üstündäki 64 öýjügi 4-e bölseñ, her kime 16-dan ýetýär. Ýeri gelende aýtsak, inkler 16 sany hem mukaddes san hasaplaýarlar. Şu ýerde dünýä bello bolan küştçi As-Sulynyñ adynyñ hem ''Beýik Serdar'', ''Beýik Şa'' ýaly manylarynyñ bardygyny ýatlamak gerek. Ylmy çeşmeler, taryhy maglumatlar Tawantin suýu atly kuwwatly imperiýany döreden inkleriñ müñlerçe kilometre ýaýraýan ýurduna berk tertip-düzgüni saklandyklary, öz elipbiýleri bolmasa,hemme ýerde bir kanunyñ saklanan döwletini gurup bolmajakdygyny nygtaýarlar. Indi inkleriñ öz ýazgysynyñ bolandygy hakynda aýtsak, 1972-nji ýylda inkleriñ öz ýazgysynyñ bolandygy baradaky habar dünýä ýaýraýar. Ynha, birden Rimdäki San-Markos uniwersitetiniñ arheologiýa we etnografiýa muzeýiniñ işgäri W.de la Hara inkleriñ hiç kimiñkä meñzemeýän hatlarynyñ-ýazuwlarynyñ tapylandygy, ol ýazuwyñ okalmaga synanyşyk edilip başlanandygyny, ol ýazgylaryñ birnäçesiniñ manylarynyñ ýüze çykarylandygyny metbugatda mälim edýär. W.de la Hara heniz talyplyk ýyllaryndan başlap inkleriñ ýazuwlarynyñ taryhy bilen gyzyklanyp gelýän ekeni. Inkleriñ ýazuw ýadygärligini tapjagyna berk ynanypdyr. Onuñ soñky ýyllarda zähmet rugsadyna-da çykman, inkleriñ ýazuwyny agtaryp çeken azaby ahyry ýerine düşýär. Ispanlar hem inkleriñ taryhy, sungaty, däp-dessurlary barada köp işler edipdirler. Ol şol ispan golýazmalarynyñ jadysyndan çykyp bilmän dörüp oturyşyna, täsin kanunalaýyklyklaryñ üstüni açýar. Reñk we ýazuw belgileri inkleriñ ýazuw düzgüninde bir-birini goldap gelýär. Meselem, inkler işlik habaryny dürli reñkleriñ içinden belli reñkleri saýlap, şolar bilen añladypdyrlar. Heýkeljiklerde, şekillerde, nagyşlarda geometriki usulda many bermeklik däp bolupdyr. Dokmaçylykda hem geometriki şekil ýörgünli bolupdyr. Agaçdan gap ýasamak, olary ulanmak hem bu hünäri sungat derejesine ýetirmeklik däbe öwrülipdir. Oguzlaryñ, türki halklaryñ dünýäniñ köp ýerlerine ýaýrandygyny subut edýän alamatlar kän. Inkleriñ diñe bir sözleriniñ arasyndaky ýakynlyk däl, olaryñ amaly-haşam sungatynda hem, ýaşaýyş däp-dessurlarynda hem, daşky ýüz keşp gurluşlarynda hem juda ýakynlyklar köp. Biziñ metbugatymyzda inkleriñ amaly-haşam sungatlarynyñ, tamdyrlarynyñ, jaýlarynyñ gurluşynyñ biziñki bilen birmeñzeşdigi barada ýazdylar. Oguzlaryñ birnäçe müñýyllyklardan öñ dünýä ýaýrandygy baradaky çeşmeler kän. N. Petrowskiý bilen B. Matweýewiñ Müsür hakdaky kitabynda araplaryñ bu ýere gelmezinden müñlerçe ýyl öñ ol ýerde türki dilli halklaryñ mesgen tutandygy barada maglumat berilýär. Kitapda araplaryñ başda 25 elipbiýi bolup, ol arap elipbiýiniñ başda oguz elipbiýinden nusga döredilendigini, soñra bolsa ol elipbiýiñ döwre görä, arap diliniñ özboluşly aýratynlygy esasynda kämilleşendigi barada aýdylýar. Bu barada türkmen alymlary Ahmet Bekmyradow düýpli makalalar ýazdylar, olar türkmen metbugatynda çap edildi, ol makalalaryñ käbiri özbaşdak kitap hökmünde giñ okyjylar köpçüligine ýetirildi. Biz bu maglumatlary getirmek bilen, Magtymgulynyñ, Şeýdaýynyñ, Andalybyñ türkmeniñ öz elipbiýi, onda-da ''owwaly harplar başy'' bolup, köp halklara nusga bolan haty, elipbiýi baradaky şahyrana setirlerini-de ygtybarly halklara nusga bolan haty, elipbiýi baradaky şahyrana setirlerini-de ygtybarly çeşme hasap etse bolar. Taryhy çeşmeler, alymlaryñ gelýän netijeleri, kepilnamalary oguz hatynyñ ýaýrawynyñ juda giñdigini subut edýär. Tirkiş ATAÝEW | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||