02:30 Oguz pähimleri | |
Oguz pähimleri
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Gola sygmadygyny ýerden gözleme Gijäñ uzynlygyny sakçy biler. Girewçi kimi aldamaz. Giýewden ogul bolmaz. Giýew gaýynata topragyndandyr. Goç gurbanlyk. Goja musulman kapyr bolmaz. Gojalary ýoksul bilme,baý bil. Goltugy altynlyñ gözi doýmaz. Myhmanyñ eblahy oldur kiý öý eýesine agram salar. Myhmanyñ eýesi öý eýesini hormatlar. Myhman baryny iýmez, bişenini iýer. Myhman myhmany söýmez. Öý eýesi ikisinem söýmez. Gonak iýenini bilmese, öý eýesi harjyny biler. Goñşyñ gazanyny almak, çanakdan suw içen ýalydyr. Goñşy gyzy şadyýan bolar. Goñşy gyzy ter bolar. Goñşy haky Tañry haky. Goñşyny goñşydan sorarlar. Goñşyñ eşegi iki bolsa, seniñki üç bolsun. Goñşyñ öz eşeginiñ dokuz bolaryny islese, señki on bolar. Goñşyñ kim bolsa, gardaşyñ şoldur. Gora gelen sürä gider. Gorkagyñ garny doýmaz. Gorkak bezirgen haýyr etmez. Gorky hyýanatdyr. Gämik iýen et iýer, Et iýen garnyny doýurar. Gäminiñ haýry ybadata çenli, zyýany bogaza çenli. Gorkagynyñ ajala haýry ýokdur. Goşunbaşydan iren ýurtdan çykar. Gowy adam düşekde öler. Gowy söýeniñe köp barma. Gowy söz Gurhana ýaraşar. Goýna ''Gaç'' diýip, gurda ''kow'' diýme. Goýnuñ döşi, geçiniñ oñurgasy süýji. Goýunda ýogurt (geçi gatygy) bol bolar. Goýunlydan guzy tama etme! Goýun semredigiçe ýuwaş bolar. Göçene güýç bilen gök çäkli bolmaz Göçen ýurduñ gadry, gonan ýurduñda bildirer. Göçen ýurduñ gadryny gonan ýurduñda Tañry ýatlatmasyn. Göge direg ýok. Gökden dört kitap iýnen, bäşinjisi kötek. Gökden näme ýagmady, ýer ony ýuwutmady? Gök gürlemän ýagyş ýagmaz. Göreniñ doýanyñ ýaly däl. Gördüñ kiý ejeñ gezegen, sen baryp oña bataýma. Gördüñ kiý gassap geçiberýär, senem geçiber. Gördüñ kiý goñşyñ garny agyrýar, senem etegini ýelpe. Gördüñ kiý jansyz dek ýanyña gelýär, senem jansyz dek ýanyna bar. Gördüñ kiý wagt saña uýmady, sen wagta uý. Görer göze kül atma. Görmedik ýalan sözi dogry saýar. Görmek görüşmekdir, emmek soruşmakdyr. Görnüp duran oba salgy berýän gerek däl. Gyz almak hazan (gaýgy, alada) alan ýalydyr. Gyz enesi misgin bolar, atasyna ýalbar. Gyz enesine durmuşy öwreder. Gyz bileniñ gelniñ parhy bir gijedir. Gyz oglany guçmadyk, aýgyr aty münmedik, ýigitlik sapasyny (eşretini) bilmez. Gyz tiz boý alar. Gyzym kimi söýse, giýewim şol bolar. Gyzy okatmak kyn bolar. Hadymyñ (emeldaryñ) ogly-gyzy bolmaz. Hajyñ başyny geýjek täji goltugyndan çykar. Habary oglandan al. Hak batyl (kör) bolmaz. Hak batyldan (nähak sözden) galmaz. Hak sözi ajy geler. Haktagala bahana Tañrysydyr. Her kişä laýykdan laýygyny berer. Haktagala bendesine daýym (mydama) gaharly garamaz. Hakyñ ýalñyşam, ýalanam bolmaz. Halalzada bazar eder, haramzada bozar. Hal bilene gül ýaz. Halkyñ agzy keramatdyr, hoş söze zardyr. Hallajy ýalñyz saýma. Her köñül Mansurydyr. Ýönekeý syçanyñam emjegi, çagasy bardyr. Tañrysyz diwar bolmaz. Halypa (ussat) sakgaly düz gerek. Peşeñ ogly Afrasyýap | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||