20:37

Okuwlymy ýa-da bilimli?!

Jemgyýetçilik tankydy
Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 787 | Добавил: Kiparis | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Jemgyýetçilik tankydy bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 14
-1
1 Kiparis  
135
Ilki-ilkiler sapagymy okaman gelseler öz gürrüň beriş, sapak geçiş usulym göwnejaý däldir diýip, Şeýdemde okarlar belki diýen pikir bilen özümçe dürli usullaram peýdalanym görüpdim, häzirem peýdalanýan. Ýöne okuwçylary okatmak üçin diňe "5-lik goýjak" diýen söz herekete getirip bilýändigine göz ýetirdim

2
2 Gumlygelin  
8
Iñ kiçi oglum ikinji synp.Körpeligindenmi,bilmedim.Hiç okuwa höwesli bolmady...
Bir gün mollumyna jañ edip,özüne eşitdirip,şuña gowy okamasa diñe 2-lik goýgun diýip çekindirjek boldum .Mollumam şoña garaşyp duran ýaly iş edinip öwredip goýan goşgymy biraz sakynsa-da 2-lik goýdy oturdy.Oglum soña-baka 2-lik bilen gowja öwrenuşdi.
Soñra ýene mollumyna ýüz tutdym.Biraz götergiläp,şekiljikler bilen aldamagyny soradym.Şol gün oglum boýny goşa bäşlikli keýpi kök mekdepden geldi.

2
3 Gumlygelin  
8
Şondan soñ öñkisinden göz-görtele höweslendi.

0
4 Kiparis  
135
Ikinji synp çagalar üçin agyr başlanýar, zehinlije çagalar bolsa kösenmän alyp çykýar welin, hany hemmede onuň ýaly zehin barmy. Zehinem oýarmaly bolýar-da. Başlangyç synpda bahalar höweslendirse-de, çagany baha däl-de okamaklygyň esasydygyny düşündirip okatmalymyka diýýän. Özümde-de bar, pes baha alsalar çagalar derrew aýaga galýan, näme üçin şeýle. Ýöne özümem öýde hersini ýeke-ýeke sapaklaryna taýýarlap ugradýan. Dynç alyş üçin oýnanlarynda-da 3nji synpdakym ikinji hemem birinji synpdakylaryma mugallym bolup, okamagy, ýazmagy, söz bogunlaryny, ýatdan goşmak, aýyrmagy öwrenýärler.

-1
5 Kiparis  
135
Çagalary okatmak bilen ululary okatmak deň däl. Çagalar aslynda okuwa höwesli bolýar. Olary bäşlik ýa dörtlük ýa her hili şekiljikler, iň bolmanda gündeligindäki berekella ýazgy hem okamaga iterip bilýär. Ýa mugallymyň öwgülije sözi. Ýöne şol höwesini ýatyrman okamaklaryny dowam etdirmekde iş bar

0
6 Kiparis  
135
Men entäk doly düşünemoga, öwrenerin, düzederin. Pikirleriňizem ýazyň ýöne, belki maňa sapak alara bir zatlar bolar.

0
7 Bagabat  
43
@Naryň tagamy, şeýle "wawwaly" meselä ünsi çekeniň gaty uly ähmiýeti bar. Hakykatdan hem mekdep okuwçylarynyň aglaba köpüsi, şol sanda ata-eneler hem okuwdan ellibizar ýaly. Mesele juda çynlakaý soraglaryň toplumyndan ybarat. Ilkinji nobatda, jemgyýetde mugallymlaryň abraýyny galdyrmaly. Mugallyma bolan hormat biziň okaýan döwürlerimiz juda ýokarydy. Dogrusy, ol mugallymlaryň köpüsi, Beýik Watançylyk Urşuna gatnaşan ýa-da tylda agyr zähmet çeken, ýetimçiligi, açlygy-horlugy, käbir tylda galan alakalaryň diýdimzorlugyny göre-göre taplanyp, Gurbannazar neressäniň aýdyşy dek "çeňk ýaly" bolan adamlardy. Olaryň öz durmuşy tejribelerine garyp, sapak berişlerem üýtgeşikdi. Öz aýdýan zatlaryna özleriniňem ynanýandyklary, ynanyşlary ýalam ýaşamaga çalyşýandyklary göz-görteledi. Obanyň adamlaram bu mahalky ýaly birek-bierege "puluň barmy - diýmek senem biz ýaly adam, puluň ýokmy - diýmek sen hiç kim" diýen görnüşde garap ýaşamaýardylar. Sen bir bezzatlyk edäýdigiň islendik adamdan temmiňi almaga taýýar bolýardyň, şoňa-da boýunalyksyň, sebäbi öýüňe baryp haýsydyr bir nätanyş adamam bolsa kakaňa-ejeňe seniň eden bezzatlygyňy habar berip, özüniňem onuň üçin temmi berendigini aýdaýdygy, bu mahalky ýaly: "sen meniň çagajygyma degerçe kim bolupsyň?" diýip o bendäniň üstüne hüžžerilip başlamaýardylar-da, gaýta öňki iýen taýagyň üstüne ýene-de ýetnesini ýetirýärdiler. Adamy diňe ata-ene ýa-da mekdep ýa-da dogan-garyndaş bolup terbiýelenmeýär. Adamy tutuş jemgyýet bolup terbiýelenýär. "Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym" diýip ähli zady ata-enäniň, mekdebiň ýa-da döwletiň boýnuna atylyp ýörülse bolsa ýaňky bilimden-ynsançylykdan ellibizar bolan nämedir bir zatlar ösüp ýetişýärmikä diýýärin...

0
8 Bagabat  
43
Ýene-de bir ýagdaý: Tehnologiýanyň ösmegi bilen ýaşlaryň gyzyklanmalary hem üýtgeýär. Aslyýetinde adam gyzyklanmagy örän gowy görýän jandar. Gyzyklanmasa öldür meşgullanasy gelmez, gyzyklanan ýagdaýynda welin, öz edýän işini zähmet däl-de güýmenje diýip hasap eder. Mysal üçin, ýazyjylyk, häzir haýsy ýazyjynyň ýakasyndan tut-da "bir günde 14-lik şriftde azyndan 10-15 sahypalyk tehniki terminlerden doly teksti kompýuterde ýyg" diýseň atasy öler, azyndan ýarym aýlap iş ediner. Emma özi hekaýa ýa-da powest ýazanda welin, gijäniň bir wagtyna çenli iýmäni-içmäni ýadyndan çykaryp, hatda, bagyşlaweriň welin, hajathana gitmäge-de ýerinden galmaga gyssanyp 20 sahypany hem ýazar. Edil şonuň ýaly ýaşlaryň hem häzir ürç edip meşgullanýan zady eltelefony, oýunlar. Okuw programmalaryny eltelefony üçin gyzykly oýunlar görnüşinde berilse nähili bolarka?! Mysal üçin, haýsydyr bir kwestiň (başdan geçirmeli oýun) dowamynda dürli meseleleri çözmek arkaly portallar (derwezeler) açmak, hazynaly sandyk tapyp, onuň içindäki çaklaňja kitaby okap çykmak, mysaly çözmek, garşydaşyňy, haýsydyr bir orky ýa-da elfi ýeňmek üçin nähilidir bir magiýa (jadyly) sena derek goşgyny ýat tutup, şony sesli okamak we ş.m.. Onsoňam, meniň pikirimç-ä adamzadyň maglumat gory köpeldigiçe bilim bermeklige-de bu wagtky ýaly aýry-aýrylykda predmetleýin çemeleşme aradan aýrylyp, sinergetiki (ýagny dürli ylymlaryň zerur bölekleriniň sepleşdirilmegi) çemeleşme emele gelermikä diýýärin.

0
9 Kiparis  
135
Bagabat, aýdanlaryňa goşulýan. Oýunlaryň üsti bilen öwretmek boýunça kän pikirlendim. Ýöne doly derejede oýny özüm-ä düzüp biljek däl. Düzübiläýjek adamlaram meň töweregimde ýok. Ýöne başardygymdan okaýan çagalar bilen wideolar ýasamaga çalyşýas öz-ä. Onam kim görjek. Ýöne oýuna ýerleşdiribilsek has oňat öwrenip bolarmyka diýýän.
Ýene-de biziň jemgyýetimizde "özüňi oňarsana ilki" diýen terminem barda, onsoň olam köpçülik bolup göreşmegiň öňüni bökdeýän ýaly hasaplaýan.

0
10 Bagabat  
43
Meniň pikirimç-ä "Ilki özüňi oňarsana" diýen jümle-düşünje, dogry äheň bilen, dogry kontekstde aýdylanda beýlebir erbet zadam däl...Magtymguly, ilki özüňni düzetgil, özüňni düzedip ile göz etgil... Ýöne, haçan-da ol sözler göwnüýetmezçilik bilen kemsidiji niýet bilen aýdylsa, onda başga gep.

0
11 Kiparis  
135
Şony sisiň ýazanyňyzyň ikinji manysynda aýdylýarda. Onsoň düşünen adamlaram köplenç özlerini oňarmaga başlaýarlar, şol gepi ýokuş görüp. Her kim öz aladasy bilen boluwerýär.

0
12 Bagabat  
43
"It üýrer kerwen geçer"... Her bir bolgusyz çylkasyzyny atandygy üçin höwes edýän işiňden eliňi sowatmak durmuşyň hem aglaba köpçüligiň kadasy bolan bolsady, onda, meniň pikirimç-ä adamzat henizem jeňňelde gurçuk çöplemek bilen güzeranyny aýlar ýörerdimikä diýýärin. Gaýta, tersine, şeýle sözleri diýip eliňi gaýtarmakçy bolýanlary maksadyna ýetirmän, gözüne gül salyp işiňi has yhlasly dowam etdirmek, çylkasyzçylar üçin iň gowy jogap dälmikä?!

0
13 Bagabat  
43
"Halypa mugallymyň we alymyň täze kitaby ýa-da bilim bermegiň innowasion usuly" atly şu saýtda şu günki açylan tema şu temanyň kadaly dowamy ýaly bolaýdymy?!

0
14 Kiparis  
135
Ozalky goýlan kitaplardan okajak bolup, heniz tanyşamok. Häzir okap görmeli onda

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]