15:08 Öküz münen giýew | |
ÖKÜZ MÜNEN GIÝEW
Satiriki hekaýalar
Biz öýlenýän döwürlerimizde deň-duşlarym "Aýgytly ädimde" Artygyň Aýnasyny atyň öňüne alyp gidişine öýkünmegi ýoň etdiler. Menem dostlarym öylenende «Görüberýäs-dä, men gelni şeýdip eljiredip-ýelejiredip alyp gaytmasam gerek. Ilki günden başlap, beýdip aýnatsaň, soň dagy baş bermez how, bular! Şammaň aýalyny gör, eýýämden o neressä külüni atdyryp ýör. Äý, Petjigiňkini görende, olam ýagşy-laý, haçan barsań aýal-a çäşerip ýatyr, o-da sallançak üwräp otyr. Alyp gaýdyñ, ýene-de atyň öňüne mündürip! Olar şol wagt göni boýnuňyza münen bolsa gerek. Entek meniñem bir edişimi görün bakaly! Bu gyzlarmy?! Olara atasy öýüniñ bosagasyndan çykan güni öñküje edilen hülli-hüllüleriñ gutarandygyny ýatladaýmasan» diýip, ýeriň giňinde akyl satdym ýördüm. Ahyry bir gün meniñ hem bagtym açylyp, toý sähedi bellendi. Menem öz ýanymdan "Toý güni ata mündürip, gelni gujagyma beräýjeksiniz weli göreri-is" diýen bolup, hondanbärisiräp ýörün. Ine, toý güni gelnalyjydyr atbaşçy uly gykuw bilen gaýynlara tarap ýola düşdi. Bardyk. Ine, suwdan çykan sülgün ýaly, al-ýaşyl geýnen Maralym gapydan çykdy. Bay-bä-ä, owadan bolaýanyny-aý, kepderi ýaly goltugyňa gysypjyk, atyn üstünde ýolboyy zülplerini ysgap barsañam-a kem däl eken! Ýok, ýok, erkegiñ sözi bir bolar, etmen diýdimmi etmen, käşgä deň-duşlarymyñ ýanynda güplemedik bolsam, onda..." Şeýdip öz-özüm bilen sözleşip durkam, ýoldaşlarym meni ata mündürmek üçin "göter-göter" edip alyp ugradylar. Beýder öýtmedilermi ýa-da äm-sämräk boldularmy, garaz, ellerinden sypdym-da, ýüzümiň ugruna gaçyp ugradym. Ilki öňümden çykan gaýynlarymyň malýatagy boldy. Iýmden-otdan garnyny doýrup, güneşläp ýatan öküziň göni üstünden geldim, yzym kowguly, dar ýerde gyssagarada sowulara-da maý ýok, bökdüm ýaňkyň üstünden! Meniň güpürdimden, daş-töweregim goh-galmagalyndan ürkdümi-nämemi, tosun öküz tarsa ýerinden galdy! Eý-ho-o, ondan soňky tomaşany görsediniz! Ýeri galdyň, taň etdiñ janawar, duruber-dä. Ýok, gaýta juwaz okunyň daşyndan aýlanýan ýaly, bimaza edilen bag öküz yüpüniň ýeten ýerine jyzzynlap-jyrtlap, gazygynyň daşynda aýlanyp başlady, iň ýaman ýeri hem menem üstünde... Düşmäge dagy maý beräýse nädersiñ, asyl bedew at däldirin öýdenok. Heniz-henizlerem gaýyn obamda göründigim, "öküz münen giýew, saglyk-mow" diyip duzlap galýarlar. Ata ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |