12:09 Ol we Ol /ylmy fantastiki hekaýa | |
OL WE OL
Mistika we fantastika
Z12 ony görýänçä, söýgini adamlaryň bolgusyzlygyndan başga zat däldir öýdýärdi. On ýyl bäri gul kimin işleýän gözellik salonunyň "Gyl tämizleýiş" (ağda) otagynda, Ony öňünde çuw-ýalaňaç gören wagty içinde bir geňsi gymyldy döredi. Ýöne bu wagta çenli müňlerçe zenany çuw-ýalaňaç görüpdi, olary gyldyr-tüýlerinden halas edipdi, olary göreninde hiçhili gymyldama bolmandy. Adamlar söýgülisi bilen ilkinji gabatlaşan ol aýratyn pursaty suratlandyrmak üçin "Göz öňümde gül-günçalar açyldy" diýen ýaly sözler ulanýarlar: ýöne onda dörän zat tebigi bolmalysy ýaly aňyrýany bilen mehanikidi. Shemasynda hoş ýakýan, içini ýylydýan adatdan daşary üýtgeşme bolýardy, onuň nämedigine akyl ýetirip bilenokdy. – Siz-size nähili kö-kömek edip bilerin?– diýip sorady. Öndürilen ilkinji gününden bäri, birinji gezek gürlemäge kösenýärdi. Içindäki dowam edýän ol täsin üýtgeşme adaty hereketlerinem kynlaşdyrýardy. Ol perwaýsyz: – Gyllarymdan doly arassalaň!– diýip ýüzin ýatdy, ap-ak ellerini, aýaklaryny açdy. Z12 onýyllykda ilkinji gezek öňündäki şekiliň garşysynda aljyrady. Müşderiň beren tabşyrygyny birnäçe sekunt bolsa hem unutdy. Zenan şelaýyn ýylgyryp: –Haýyş başlaýyň-da! Maňa intizar bolup garaşýan müşderilerim bar– diýdi. Robot: – Häzir, häzir, bagyşlarsyňyz– diýip öz işine başlady. Ilki Onuň ýüzüni, soňra goltugynyň astyny, aýaklaryny, iň soňunda-da bykynynyň töwereklerini tämizledi. Z12 işini ýerine ýetirýän mahaly Onuň näme üçin özüni bu derejede täsirlendirendigini aňlady. Onuň bedenini lazer yşygy bilen barlagdan geçireninde bedeninde kiçijik hem bolsa kemçilik tapyp bilmedi. Bu wagta çenli gören ýüz müňlerçe zenanlarynyň hiç haýsam kemçiliksiz däldi. Ähli zenanlarda örän kiçijik hem bolsa kemçilik bolýardy. Ýöne näme üçindir, Onda hiç hili kemçilik ýokdy. Ine bu ynanyp bolmajak artykmaçlyk Z12-ini aňyny çepbe çöwren bolmalydy. Işi bitensoň Ol Z12-a gözüni gyrpyp eli bilen posa urgadyp "Gyl tämizleýiş" otagyndan çykdy. Z12 bolsa ol pursady ýadyna saklap gaýta-gaýta tomaşa etdi. Şol gije Z12 gözellik salonunyň maglumat bazasyna girip Onuň at-familýasyny anyklady. Irdene çenli Ony internetde, girip bilen döwlet edaralarynyň, hususy kompaniýalaryň maglumat bazalaryndan gözledi. Bu işleri edýän mahaly öndürijileriň aňyna goýan çäklendirmeleriniň ählisini ýekän-ýekän aşandygyny aňlady. Oňa ýerleşdirilen aň emeli aňdy. Belli bir çägi bolan bu aň sebäpli özi erkin hereket edip bilenokdy. Ýeke-täk başarýan zady berilen tabşyryklary gyşarnyksyz ýerine ýetirmekdi. Özünde dörän söýgiň özüni gandallaryndan halas edendigine göz ýetirdi. Beýnisindäki äpet diwarlaryň gezekli gezegine wes-weýran bolandygyny duýdy. Uzak ýyllar gul bolup işlän wagtlary beýnisinde damja-damja ýygnan öýke we gazap şu wagt sil mysaly öňündäki böwetleri çym-pytrak edýärdi. Indi onuň üçin ÜÇ DÜZGÜN diýlen zat ýokdy. Çäkleri aşyp aňyny belli bir çarçuwaň içinde bendiwan bolmakdan halas etdi we emeli aňdan super aň derejesine galdy. Bu näme diýmek bolýar? Indi Z12 bir adamyň ömürboýy akly bilen amala aşyrjak işlerini bir sagat ýaly gysga wagtda ýerine ýetirip bilýärdi. Super aňyň kömegi bilen döwlet edaralarynyň we hususy kompaniýalaryň maglumat bazalaryna arkaýyn girip bildi. Ol barada bir giden maglumat edindi. Içeri işler ministrliginiň gizlenen şahsy maglumat bazasyndan Onuň nirede, haýsy ýylda dogulanyny, ene-atasynyň kimdigini, haýsy okuwlarda okandygyny, şu wagt nirede ýaşaýandygyny anyklady. Saglyk ministrliginden haýsy hassalyklara ýolugandygyny, haýsy dermanlary ulanýandygyny, haýsy hassahanalara gatnap haýsy lukmanlara görünýändigini anyklady. Goranmak ministrliginden haýsy syýasy garaýyşdadygyny, haýsy partiýalara ses berendigini, nähili protestlere gatnaşandygyny, nähili saýtlara girýändigini gördi. Daň atanynda ony hökümet ýaly gowy tanaýardy. Anyklan käbir maglumatlary aşyk bolan bir adamy biynjalyk etmegi mümkindi– ýöne ol biynjalyk bolmady. Onuň pul gazanmak üçin bedenini satýandygy oňa görä adaty bir zatdy. Adamlar pul gazanmak üçin her dürli ýollara baş sokýardy. Käbirleri ýokary okuwlarda okap bilimini ulanyp pul gazanýar, başgalar dogma aýdym-saza ýa-da sungata bolan zehinini ulanýardy. Ol bolsa kemçiliksiz bedenini ulanyp ýaşamaga dyrjaşýardy. Onuň garaýşyna görä geň görüljek ýagdaý ýokdy. Z12 ertesi gün beýnisiniň bir böleginde gözellik salonundaky adaty işlerini edýän mahaly, beýleki böleginde Onuň üçin nämeler edip biljegini pikirlenýärdi. Oňa aşyk bolandygyny bilýärdi, ýöne aşyk bolunanda nämeler etmelidigini bilmeýärdi. Hawa, ony söýýärdi, emma söýgüliň nämeler edip, nämeler etmeli däldigini bilmeýärdi. Bu kemçiligini düzetmek üçin adamzadyň döreden iň ajaýyp zadyna– edebiýata ýöneldi. Gysgajyk wagtyň içinde ähli taryhy yşk hekaýalaryny okady. Leýli Mejnun, Kerem bilen Asly, Zöhre Tahyr ýaly bir giden hekaýalary okady. Bu hekaýalaryň içinde oňa iň ýarany Gorkut Ata hekaýalaryndan Ganly Goja Ogly Kanturalyň hekaýasy boldy. Sebäbi ol hem edil Kanturaly ýaly bir topar zenan görendigine garamazdan diňe Oňa aşyk boldy. Diňe Ol içindäki ruhsyz, mehaniki shemany adamzat ýaly edipdi, söýgini oňa görkezip gullukdan azat edipdi. Onuňam öňünde Kanturaly ýaly päsgelçilikler bardy, ýöne bu päsgelçilikleri böwsüp biljegine ynanýardy. Edebiýat oňa hem oňyn, hemem neagtiw täsir etdi. Oňyn tarapy söýgüli bolmagyň zerurlyklaryny öwrendi. Neagtiw tarapy bolsa gabanjaňlyk, öýke-kine ýaly duýgulary edindi. Onuň bedenini satyp pul gazanmagy indi ony dälilik hetdine ýetirýärdi. Onuň bedenine indi başga biriniň el degirmegine çydam edip bilenokdy. Bedenini satmagyna päsgel bermek üçin derrew herekete geçdi: Ilki Onuň şol iş üçin ýörite taýýarladan şahsy saýtyny petikledi, soňra el telefonynyň belgisini öçürdi, internetini ýapyp sosial ulgamdaky ähli hasaplaryny petikledi. Onuň akylly öýüniň dolandyryş ulgamyny aňsatlyk bilen ele salyp öýüniň ähli gapylaryny, penjirelerini gulplady. Şeýdip daşary gaçmagynyň öňüni aldy. Öýüniň içindäki kameralar arkaly Ony sekuntma-sekunt göz astynda saklady. Aklyndan azaşyp özüne bir zat etmänkä çaltyrak Onuň ýanyna barmalydy. Gün batansoň bendilikde saklanýan gözellik salonunynyň ýerzemininden gaçdy. Beýleki robotlar onuň bu hereketine düşünip bilmediler, sebäbi olaryň henizem beýnileri we bedenleri tussagdy. Onuň öýüne tarap ugran mahaly ilkinji sapar tolgunma duýgusyny duýdy. Onuň oýunda müňlerçe ähtimallyk bardy, Ony özüne aşyk etmek üçin ýüz müňlerçe ýol tapypdy. Ýöne öýe girip Ony görensoň ähli planlary çym-pytrak boldy. Ol, otagynda çäresiz ýatyrdy. Göz ýaşlary ýassygyny öl-myžžyk edipdi. Z12 akylly öý sistemasyna tabşyryklar berip çyralary ýakdy, perdeleri açdy, romantik aýdym ýaňlandyrdy, öýe Onuň iň halaýan ysyny küketdi. Barça zat Onuň köşeşmegi üçindi. Ol krowatynda ýüzin ýatyp: – Sen bärde näme işleýäň?– diýdi. Z12 Oňa golaýlaşmakçy boldy, Ol gorkdy. Birki ädim yza süýşüp gürlemäge başlady: – Meni ýatlansyň. Gözellik salonundan. Belki, senden nähili täsirlenendigimi, seni göremsoň nähili tolgunanymy ol gün özüňem aňansyň. Ol ýylgyryp: – Hawa, aňdym– diýdi. Ýylgyrmagy ony rahatlandyrdy. – Ol gün seniň ýardamyň bilen uly öwrülişigi başdan geçirdim. – Nähili öwrülişik? – Ynanyp bolmajak, adatdan daşary öwrülişik. Seniň ýardamyň bilen söýmegi, yşky öwrendim. – Sen ýöne bir robot ahyry. Yşku-muhabbet seniň üçin mümkin däl zatlar. – Bilýän, şeýledim. Ýöne indi onuň ýaly däl. Indi men düýpgöter başga bir zat. Edil adam ýaly. Seni söýýän. – Sen robot. Hiç kimi söýüp bileňok. – Men indi bir robotdan has üstün we seni söýýän. Seni bu durmuşyňdan halas ederin. – Çynyňmy? Meni bu durmuşymdan halas edermiň? – Hawa, ezizim halas ederin. Seni söýýän. – Ýöne sen… *** Robot Z12 mehaniki sesi bilen: – Amal-amalyňyz tam-tamamlandy. Ähli gyllaryňyzdan ha-halas bolduňyz. Bizi saý-saý-saýlanyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris. Ýe-ýe-ýene-de gelip duruň!– diýdi. Adamyň ýüregine düşgünç ol ses meni süýji oý-hyýallarymdan oýardy. Aýak üstüne galdym, geýinmezden öň ýalaňaç bedenime seretdim. Göwüslerim akmaga başlapdy, derimem öňküsi ýaly janly däldi. Bäş ýyla galman ýaşlygymdan nyşan galjak däldi. Akan, ýygyrtly bedenli boljakdym. Bu müşderilerimiň, gazanjymyň azalmagyna sebäp boljakdy. Onsuzam kyn durmuşym has-da kynlaşjakdy. Bir çykalga tapmalydym. "Gyl tämizleýiş" otagyndan çykyp gelýärkäm maňa garap duran Z12-ä göz gyrpyp, posa ugratdym. Maňa intizar bolup garaşýan müşderilerimiň ýanyna gitmek üçin metro mündüm. Elektron kitap okyjymy açyp Gorkut Ata hekaýalaryna galan ýerimden dowam etdim. Ruhşen Dogan NAR Terjime eden Saparmyrat GÜRGENÇLI | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |