18:33 Olam türkmenleriniň taryhy: ikinji bölüm | |
OLAM TÜRKMENLERINIŇ TARYHY
Taryhy makalalar
Ikinji bölüm • "Olam" elam adynyň manysy barada L.Gumilýewiň takyknamalary Adamzat ösüşiniň başky syrly halkasy boýunça Adaam kowm birleşik ad düzüminden öň hem şeýle ýer-asman manylary boýunça birleşik kowm atlar ýüze çykdymykan? Elbetde ýüze çykan, ýöne ol ýüze çykan kowm atlar Adaam kowm at ýaly ýörgünli bolman, öte meşhur bolman ýöne geçmişde yz galdyryp öz atlaryna gadymyýetdäkiden sähel üýtgeşigräk aýdylyşdan hatda biziň günlerimize çenli saklanyp galynan nyşanlar bar. Oña şu aşakdaky deliller şaýatlyk edýär. B.e.ö. XII-VII- asyrlaryň aralygynda ýaşap geçen şygyrýetçi-kyssaçy legendar Gomer yunanlaryň gadymy gahrymançylygy boýunça ýazan "Elliada" eserine syn etsek egerde agzalan gahryman Elliad at bu şahslaşdyrlan kowm at hasap edýäris. Ell (Aal) bu irki gadymyýetde beýiklik manysyny beren "at" ýer manyda ortasy "i" ses baglaýjy, yzky "a" ses at ýasaýjy çudoýki. Elliada ýa-da Alliada diýmek beýik ýer ýa-da beýik adam manyda. Gadymyýetiň soňky etaplarynda bu kowm at ellin ýaly aýdylyp gidilen, şeýle aýdylsa-da, many üýtgänok. Ell (All) Beýik-iñ adam ýa-da halk. Beýik adam ýa-da beýik halk manylarda. Şonuň ýaly-da Ellin medeniyeti taryhda uly yz galdyran nyşan. Grekleriň ýa-da Romanlaryň esasy köpçüligi häzir hem ellin kowmy, milleti hasap edilýär. Ell(All) hem "At" kowmlaryň atlary bolsa ylahy (irki) kitaplarda hem tutulýar. Hut yokardaky ýaly-da beýiklik, ýer-Asman manylary berýän Ell ýa-da All kowmy bilen Aam ýa-da ähli kowmy atlar birleşip, Elaam (Elaamit) medeniýeti diýen siwilizasion yz galdyrypdyr. Bu ösüş iň gadymy Huzistan çäklerinde şekil tapan. Elaam kowm adyň başdaky "Ell" (All) sözi beýik manyda yzky "aam" (eem)- sözi Asman manyda, Beýik asman diýmek. Elaam (Alaam) kowmy günorta Hindistandan Arap deňiz ýakasy boýunça soňra pars aýlagynyň kenar ýakasy bilen göç-süýş edip, gadymyýetde häzirki Huzistan çäklerinde ýerlän. Sonra bu yerde uly medeni yz galdyran. Yöne pars kowmy, şol döwürlerde olara garşy uruşyp, olary başga ýerlere göçmäge mejbur edipdir. Şol döwürlerde olar günorta, soňra demirgazyk kawkaza göç edipdirler. Şol yerlerde uzak wagtlap ýaşapdyrlar. Şol ýerden hem uly toparlary ýewropa, birnäçe topary Merkezi Aziýa göçüpdirler we beýleki kowmlar bilen goşulyp, garylypdyrlar. Diñe Türkmen kowmynyň arasynda bu gadymy kowmyň bir kijijik toparjygy Olaam at bilen Hojambaz etrabynda ýaşap, sähel gadymyýetdäki adyny şu günlere üýtgeşikräk at bilen, şol çenli saklap gelipdirler. L.Gumilýewiň 2002-nji ýylda Moskwa şäherinde çykan "История етносфера людей и природа" diyen kitabynyň 101-102-nji sahypasyndan alyndy. Bu babatda Aleksandr Aleksandrowiç Maruşenko köp güýjüni we wagtyny in gadymy irki suwarymly ekerançylygyň dörän we gülläp ösen yeri bolan Köpetdagyň degresindäki düzlügi öwrenmäge sarp edipdi. Ol oňa ýakyn gündogaryň ajaýyp ösüşleriniň bir hatar alamatlaryndan pes bolmadyk, ýokary derejede ösen ýerli medeniyetleriniň bolandygy barada, irki bürünç asyrynda has gadymy(mun öň 2600-nji) ýyla degişli berkitmeli şäherleriň we hususy eýeçiliginiň peýda bolandygyny, ilkidurmuş gurluşynyň döwlete geçendigi barada netije çykarmaga mümkinçilik berýändigini aýdan alym. Alym Namazgadepäniň, Altyndepäniň, Akdepäniň (Bekrebe) we başgalaryň mysalynda Türkmenistanyň dag etegindaki düzlügi gadymy gündogar medeniýetiniň zolagyna giripdir we sosial-ykdysadyýet babatynda, olar bir tapda ösüpdir diýip tekrarlaýardy. Şunuň bilen birlikde, ol tebigy gurşawyň özboluşlylygyny, ýagny uly derýalaryň bolmandygyny, ösüşin şumer-wawilon däl-de, hett-elam ýolyny şertlendirýändigini tekrarlaýar. Garagum žurnaly 2010-ýyl,10-njy sanynyň 115-nji sahypasy. Hemra ÝUSUBOW, Türkmenistan ylymlar akademiýasynyň taryh institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory. Dowamy bar >> Gandym HUDDYÝEW | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |