20:11 Olam türkmenleriniň taryhy: birinji bölüm | |
OLAM TÜRKMENLERINIŇ TARYHY
Taryhy makalalar
Birinji bölüm "Olam" (Alan) türkmenleriniň gelip çykyşy hakynda L.Gumilýewiň çykaran netijeleri Gadymy çeşmeler boýunça arian dilli (eýran) kowmlaryň içinde bu kowm has gadymy, irki hasap edilýär. Ahemeniler nesliniň hökümdarlygynyň biziň eramyzdan öňki VIII asyr persi-eýran etnos kowum toparlarynyň kartasynyň şekillendirişi boýunça pereňli ýa-da ýewropa dillerinde Alan, ýapas dili ýa-da türki dili boýunça aýdylýan Alam-olam kowmy elam at bilen Tigr derýasynyň gündogar aşak akym Pers aýlagyna guýýan ugurlarynda döräpdir we ýaşapdyr. Bu ýere bolsa bu kowm günorta Hindistan bölgeden süýşen, soňraky döwürde Huzstan ýerlerinde, ýokary ösen siwilizasiýany başdan geçiren (Huzstan günorta Eýrana degişli) baş siwilizasiýanyň biri. Pers aýlagynyň has günorta- gündogarynda Hind ummanyna çykylýan ýerlerde bolsa pers kowmy dörän we ýaşan. Elam kowmynyň ýaşaýan ýeri, midiýanlylaryň ýurdunyň gündogar-demirgazygynda yerleşipdir. Hazar deňziniň günorta kenar ýakalarynda bolsa Midiýan kowmy we döwleti bolupdyr. Midiýanlylaryň ýapas dilinde (türk) gepleşik dillerinde gepleşendiklerine ylmy çeşmeler şaýatlyk. Diýmek, Elam ýa-da alam, olam, Alan kowmy-da soňa bakan ýapas (türk) dil gepleşigine geçen bolsa gerek. Şol döwürler Ahemeniler hökümdarlarynyň başda durmagynda pers kowmy has güýçlenip elam(olam) kowmynyň ýer-ýurtlaryny basyp alypdyrlar. Olaryň otyrymly ýerlerine süýşüp özleri ornap, elam(olam) kowmyny demirgazyga tarap kowup çykarypdyrlar. Şondan soň elam(olam) kowmynyň bir uly topary kawkaza tarap, bir uly topary bolsa Hazar ýakasy bilen merkezi Aziýa tarap süýşüp, massaget taýpalary bilen goşulyp garylypdyrlar. Bu waka mundan iki müň ýyl öň bolup geçipdir diýip L.Gumilýew belläp geçýär. Şol gyrgynçylykly uruşlardan soň olar kawkazda midiýan kowum döwletiniň günbatarynda ýerleşipdirler. Aldym-berdimli uruşlar zerarly Elam(Alan) kowmy soňa baka demirgazyk kawkaza tarap süýşüpdirler we şol ýerde uzak asyrlap ýaşapdyrlar. Gadym dünýä we orta asyr taryhlarynda elam kowmy, Alan at bilen diñe demirgazyk kawkazda hem-de merkezi Aziýada ýaşayanlara aýdylypdyr. Ondan öňki ýagdaýlary agzalmaýar. Hut şu yerlerden hem bu kowm has köpelip, örňäp toparlara bölünip günbatar pers ýurtlaryna we gündogar türki hem pars ýurtlaryna dargap başlapdyrlar. Alanlar miladynyň IV asyrynda Adil ýa-da Atilo (gun-hun) patyşasynyň ýolbaşçylygynda gun-pereň Rim uruşlaryna hem gatnaşypdyrlar. Bu toparlar soňa baka has aňry Ispan Rimlyan, Got, Luzit kowmlary bilen bir hatarda günbatar hem günorta ýewropa tarap süýşüp, ýerli halklar bilen gatyşyp, mitisleşipdirler. Alanlar yokardaky agzalan kowmlar bilen birlikde Portugal kowmynyň döremegine sebäp bolupdyrlar. Şonuň ýaly hem Alman ýa-da German kowmlaryna garylyp gatyşypdyrlar. Alanlaryň bir bölegi (topary) gelip, turkman kowmynada goşulypdyr. Şeýdip hem in gadymy elam kowmy, özbaşdak kowmlygyny saklap bilmän, başga kowmlara siňip gidipdir. Yöne weli urugdyr-tire hökmünde, şu günlere çenli gadymy atlaryny saklap gelipdirler. L.N.Gumilýew "etnosfera istoriýa lýudeý i istoriýa prirody" kitap 2002-nji ýylda Moskwa şäherinde çapdan çykarlan. Bu yokardaky maglumatlar şol kitabyň 100-101-nji sahypasyndan 2010-njy ýylda ýazylyp alyndy. Gandym HUDDYÝEW | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |