07:28 Olam türkmenleriniň taryhy: Giriş | |
OLAM TÜRKMENLERINIŇ TARYHY
Taryhy makalalar
Giriş Alan (olam) türkmenleriniň gelip çykyşy, olaryň taryhy geçmişi, häzirki döwürde olaryň ýaşaýan ýer-ýurtlary hakynda Türkmen halkynyň taryhy geçmişini, onuň mirasyny öwrenmeklige aýratyn üns berilýär, bulam biz taryhçylara uly goltgy bolýar. Men şu kitaby türkmen halkynyň esasy kökleriniň biri bolan Alanlaryň (olamlaryň) geçmiş taryhyny, onuň ýaýran ýerýurtlaryny, guran döwletlerini aýan etmäge bagyşladym. Ata-babalarymyz aýdypdyr, ― ''geçmişi bolmadygyň-geljegi bolmaz'' diýip. Bu babatda awar halkynyň beýik ogly Resul Gamzatowyň atasy Gamzat baba şeýle diýipdir: "Eger sen geçmişiňi bilmeseň, geljegiň saňa top bolup atylar. Türkmenistanyň garaşsyz, özbaşdak, bitarap döwlet bolmagy türkmen halkynyň taryhyny has giň we çuň öwrenmekligi talap edýär. Biziň döwletimiziň gojaman topragy adamzat medeniýetiniň-siwilizasiýasynyň ilkinji ojaklaryndan hasaplanýar. Bu ýerde ýaşaýyş takmyndan 800-500 müň ýyl mundan öň başlanypdyr. Emma munuň özi gutarnykly pikir däldir. Geljekki gazuw-agtaryş işleriniň ony has hem gadymylaşdyrmagy gaty ähtimaldyr. Sebäbi biziň ýurdumyzyň hemme ýerinde gadymy ýaşalan mekanlar doly öwrenilen däldir. Adamzat jemgyýetine degişli bolan medeni gatlaklaryň heniz açylmadygy bardyr. Täze arheologiki açyşlar türkmen taryhynyň häzire çenli belli bolmadyk taraplarynyň üstüni ýetirmäge kömek eder. Türkmenistanyň ýerlerinde ýaşan iň gadymy adamlar jemgyýetiň ösüş kanunyna laýyklykda ilkidurmuş obşina gurluşygyndan başlap, gulçylyk we feodalizm zamanalaryny başdan geçiripdirler. Oňa olaryň ilkinji mekanlarynyň dag gowaklarydygy, zähmet gurallarynyň diňe daşdan ýasalan gödek häsiýetli bolmagy şaýatlyk edýär. Gul zähmeti bilen bina edilen iri suwaryş desgalary belent we berk köşk-ymaratlar we ýenede şolar ýaly zatlar gulçulyk jemgyýetiniň ýüzüni görkezýän mysallardyr. Ilkidurmuş obşina gurluşy ýaşaýşyň ilkinji etapy bolany üçin, ol jemgyýetiň soňky ösüşini taýýarlapdyr hem-de oňa ýol açypdyr. Adamlaryň mümkinçiligi juda çäkli we köplenç halatlarda tebigata elgarama bolupdyrlar. Olar şol ýatde-gütdelik, çylşyrymly howa şertlerinde taplanypdyrlar. Her bir duş gelýän durmuş kynçylyklaryndan baş çykarypdyrlar. Şeýle etmek bilen ýaşaýşyň ömür tanapy kesilmändir. Ol bir nesilden başga bir nesle miras galmak bilen ýaşamagyny dowam etdiripdir. Bu jemgyýetiň ösüş kanunydyr. Her bir täze nesil özüniň ýaşaýan döwri üçin özünden öňki garry nesle hormat goýmalydyr. Taryhyň halkasynyň üzülmeýän ýeketäk zynjyrdygyny aýdyp, onuň her halkasyny taryhyň bir döwri bilen baglanyşdyrmak bolar. Adamzat jemgyýetiniň her bir soňky döwri köne bilen belli bir derejede baglydyr. Her bir ogul-gyzyň ata-eneden edep-ekram, zähmet endigini alşy ýaly, täze jemgyýet hem könäniň tejribesine esaslanýar. Şoňa görä-de her bir ýaş ýigitde öz ülkesine,watanyna çäksiz söýgi-buýsanç döremelidir. Şu ýerde bir zady bellemek gerek, ýagny, hiç bir halk goňşy (hemsaýa) halkyň, ýurdyň täsiri bolmazdan ýaşap bilmez. "Kyýamat güni goňşydan'' diýen nakylda, goňşynyň, şol sanda goňşy ýurduň hem gadyr-gymmaty kesgitlenipdir. Türkmenistanyň taryhy öwrenilende şol ýagdaý mese-mälim göze ilýär. Medeniýetiň döremeginde we ösmeginde gadymy Gündogar ýurtlarynyň, şol sanda goňşy ýa-da has aktiw özara gatnaşykda bolnan ýurtlaryň Eýranyň, Owganystanyň, Hindistanyň biri-birine täsiri uly bolupdyr. Ondan başga-da, bir geografik zona girýän döwletler bolan merkezi Aziýanyň we Gazagystanyň gadymy taryhynda hem belli bir derejede umumylyk duýulýar. Şol umumylyk we medeni çalymdaşlygyň kökleri baryp, irki daş asyrlardan gaýdýar we azyndan 500-300 müň ýyl mundan öňki döwürlerden başlanýar. Gadymy döwürlerden başlap Merkezi Aziýanyň we goňşy ýurtlaryň halklary taryhyň dürli döwürlerinde diňe bir goňşyçylykda däl, eýsem, ol ýa-da beýleki bir döwletiň düzümine hem giripdirler. Biziň eramyzdan öň bir müň ýyllykda Ahemenitler döwleti, soňra Parfiýa döwleti, Sahanitler, Samanitler, Gaznawitler, Seljuklar we beýleki patyşalyklar zamanynda hem şeýle bolupdyr. Şoňa görä-de köp halklaryň dürli ýurtlarda ýaşandyklaryna garamazdan taryhlarynda umumylyk, medeniýetinde meňzeşlik duýulmagy kanuny zat. Köp asyryň dowamynda olar bir döwlete gulluk edipdirler. Ýerleri bilelikde özleşdiripdirler, suwaryş desgalaryny arkalaşykly gurupdyrlar. Keseki duşmana garşy birlikde göreşipdirler. Bir ýurtda dürli dine ynanýan adamlar özleriniň ruhy isleglerini dawa-jenjelsiz kanagatlandyrypdyrlar. Mysal üçin, gadymy Merwde hristianlaryň-da, zorastrizme uýýanlaryň-da, budda ynanýanlaryň-da ybadathanalary bolupdyr. Taryhda öçmejek yz galdyran Gündogaryň jaý gurujy ussalary birlikde beýik we kaşaň ymaratlary bina edipdirler. Elbetde bu ýerde ýurtlaryň we halklaryň arasynda taryhda agzalalyklar, ganly çaknyşyklar, talaňçylyklar bolmandyr diýildigi däldir. Taryh olar ýaly nogsanlykdan doludyr. Dünýäde türkmen halky kimin ençeme medeniýetiň we siwilizasiýalaryň mirasdüşeri bolan halklar köpmikä beri? Möhüm harby we söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşen türkmen topragy gadymy hem orta asyrlaryň ähli etniki göçüp-gonmalaryň şaýady bolupdyr, bu toprak Aziýadan Ýewropa,Ýewropadan Aziýa guralan harby ekspedisiýalaryň - Kir II, Dariý I, Aleksandr Makedonskiniň, Selewkidleriň, Omeýýadlaryň, Çingiz hanyň, Teýmirleňiň we ХIХ asyrda rus goşunlarynyň harby ýörişleriniň kesip geçen merkezi bolupdyr. Emma taryhyň esasy maksady taryhda bar bolan peýdaly zatlary geljek üçin nusga edinmek, nogsanlyklardan bolsa gaça durmakdan ybarat. Başgaça aýdylanda, ýagşyny ýaýmak, ýamany ýazgarmak taryhyň esasy wezipesidir. • Türkmenleriň gelip çykyşy Häzirki zaman türkmen halky Turanyň gadymy halklaryna saklara, skiflere massagetlere, parfiýalylara, dahlara, alanlara, sarmatlara, aslylara we şuňa meňzeşlere gönüden-göni dahylly bolup durýar. Bu barada L.N.Gumilýew, A.Ý.Ýokudowskiý, S.G.Agajanow we beýlekiler ýazýarlar. Hususanda, L.N.Gumilýew şeýle diýip belleýär: "Köpetdagyň demirgazyk gaýalary, sarmatlaryň we alanlaryň mirasdüşerleri-turanlylar-parfiýalylar we sarmatlar-Guzlar(oguzlar-türkmenler -Ö.G.) özleriniň ýokary göterilişine başlaýarlar. Türkmen halky edil şunuň ýaly garyndaşlykgatnaşygyna merkezi Aziýanyň belli orta asyr türki dilli etnoslaryna – gypjaklara, garlyklara, ganlylara we beýlekilere hem eýedir. Reşideddin (XIV-asyr) şeýle ýazýar: "Wagtyň geçmegi bilen bu halklar köp sanly toparlara bölünipdirler(şeýle hem), islendik eýýamda her bir topardan täze toparlar ýüze çykypdyr, belli bir sebäp we esas boýunça olaryň her biri oguzlara meňzeş öz adyna we lakamyna eýe bolupdyr, şeýle halky indi tutuşlygyna türkmenler (turkman) diýip atlandyrýarlar. Kazaklar polýaklara, litwalylara, normanlara, osmanlylara, fransuzlara, germanlara we beýlekilere garşy göreşip, Ukrainanyň we Russiýanyň özbaşdaklygy ugrundaky söweşlerde aýgytly rol oýnapdyrlar. Don kazaklary uly güýç bolupdyrlar. Olar alan we gypjak taýpalaryndan gelip çykypdyrlar. Mongollaryň gelmegi bilen podonýada ýaşaýanlar gullukçylar çinine göterilipdir. Olar uly artykmaçlyklardan peýdalanypdyrlar. Altyn Ordanyň hanlary olary agyr we talaňçylykly paçlardan boşadypdyrlar. Don kazaklary köp wagtyň dowamynda özbaşdaklyklaryny saklap gelipdirler. Olar birnäçe gezek rus patyşalaryna kasam etmekden ýüz dönderipdirler. Olar bu hereketlerini kazaklar biz, don ýaşaýjylaryny hiç kes hristiança kasam etmäge mejbur edip bilmeýär. Sebäbi diýseň, don ýaşaýjylarynyň arasynda hristian dinine uýmaýan adamlar we musulman zenanlardan doglan çagalar köp diýip, delillendiripdirler. Türkiler hytaýda kuwwatly dolandyryjy we harby güýç bolupdyrlar. Olaryň içinde sowatly adamlar köp eken. Ýuan dinastiýasyny esaslandyryjy Hubilaý han döwründe hanyň türkilerden düzülen şahsy imperator goşuny bolupdyr. Bu goşuna Tutuha serkerdelik edipdir. Şeýle hem türki harby serkerde Siduryň Hubilaý han döwründe 1287-nji ýylda Wýetnama (hytaý çeşmelerinde szýaoçti döwleti) ýöriş edilende goşunbaşylaryň biri bolandygy taryhda bellidir. Sidur wýetnamlylaryň Lsziçepgalasyny eýeläpdir, köp söweşlere gatnaşypdyr. Zäherli ok bilen ýaralanandygyna garamazdan, Sidur Wýetnamyň paýtagtyny basyp alypdyr. Mongollaryň saýlama pekin goşunynda alanlar hem bolupdyr. Munuň şeýledigine birnäçe ýyl Pekinde ýaşan frogensiýaly ýepiskop Loann Marinýoliniň şu aşakdaky sözleri hem şaýatlyk edýär: "Imperiýanyň tutuş gündogar bölegini dolandyrýan, 30 müňden gowrak esgeri bolan alanlar diýilip atlandyrylýan onuň döwletindäki knýazlaryň hemmesinden hem ýokarda (durýarlar). Olar... sylagly alanlar neberesi, häzirki wagtda olaryň dünýäde sarpaly we sylagly kişileri syratly we batyr, tatarlar olaryň güýji bilen imperiýanyň gündogaryny eýelediler, olarsyz tatarlar şanly ýeňişi hiç haçanam gazanmazdylar, çünki Taňrynyň erki bilen dünýäni jezalandyrmak üçin olaryň 72 knýazyny, tatarlaryň ilki şasy Çingiz han bir ýere jemledi. XIV – asyrda alanlar- aslar mongollar bilen şeýle bir ysnyşdylar welin, olar "Asut‘‘ ady bilen goşunyň sag ganatyna eýe bolan söweşijiler hasaplanylýardylar. Akademik R.S.Pallas demirgazyk kawkazly türkmenleriň XVIII – asyryň ahyrlaryndaky ýagdaýy barada şeýle maglumat berýär: "Bu halk gowy ýaraglanan, gyzma, emma tapbiler, hyzmata gaýym göwnaçyk. Olary, köplenç, sagdakly we peýkamly, nepis bezegli, ýaragly at üstünde görse bolýar. Olar ýaraga ezber erk edýärler, barlylarynyň guşagy hem gylyjy gözüňi aýrasyň gelmeýän garamtyl gyzyl reňkli egin-eşikleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Hytaý taryhy edebiýaty türkmeniň taryhy ösüşiniň bir bütewi teswirini dikeltmäge, olaryň jemgyýetçilik ösüşiniň dürli döwürlerindäki ýaşaýyşlaryny beýan etmäge kömek edýän örän uly subutnamalary maglumaty özünde jemleýär. Käbir ýagdaýlarda bu çeşmeleriň ýerini hiç bir zat tutmaýar. Ýene-de çylşyrymly iýeroglifler bilen ýazylan taryhyhronikalary öwrenmek gerek. "Tun-daýn (VIII-a) hytaý ensiklopediýasynyň maglumaty nämä degenok, onda taryhda ilkinji gezek "To-ku-mong‘‘ (Turkmang), ýagny gadymy turan-massagetleriň ýurdunda ýerleşen "Türkmenistan'' diýen ýurduň ady bellige alnypdyr. Gadymy dünýäniň halklarynyň syýasy, sosial-ykdysady we medeni durmuşynda halklary we sebitleri öz aralarynda birleşdiren durmuş ýoly, müňlerçe adamlaryň parasaty bilen emele gelen adamlaryň maksat – myratlarynyň ýoly bolan Beýik ýüpek ýoly öçmejek yz galdyrypdyr. Munuň hemmesi B.e.ö 126-njy ýylda uzak wagtlyk syýahatdan soň, köşk goragynyň serkerdesi Çžan Sýanyň Hytaýa gaýdyp gelmegi bilen baglanyşyklydyr. U-di hytaýlylara belli bolmadyk merkezi Aziýanyň (Parfiýa, Sogdiýana, Baktriýa, Kanguý-Horezm we beýlekiler) ýurtlary barada, olaryň ýaşaýyşlarynyň syýasy we hojalyk gurluşy hakynda gürrüň berýär. Han dinastiýasynyň ýokary çykmagyna çenli hytaýlylara Tibetiň daglyk ýerlerinden Sary deňze çenli we oňa ýanaşyk düzlükler we Gobi çöli, Ýanszy derýasyndan günortadaky gür jeňňellikler we Koreýa ýaly örän çäkli ýerleriň belli bolandygyny bellemek gerek. Gandym HUDDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |