13:08 Öleñler | |
ÖLEÑLER
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Öleñler türkmen halkynyñ arasynda uzak asyrlaryñ dowamynda döremek bilen, gelin edinilende, toý tutulanda ýerine ýetirilýän däp-dessurlaryñ biridir. Bu žanr halkyñ arasynda giñden ýaýrapdyr. Toý aýdymlarynyñ bir görnüşi bolan öleñlere Dänew, Çärjew, Farap sebitlerinde "Öleñ-üleñ" diýip at berilýär. Öleñlerde ýaş çatynjalaryñ gylyk-häsiýetleridir akyl-paýhasyna degişli sözler bar. Öleñlerde durmuşa çykýan gyzyñ enesini, öleñçileri gepletmek häsiýetleri bar. Öleñçiler tarapyndan başga biriniñ dili bilen aýdylýan öleñlerde adam durmuşyna bap gelýän oñat isleg-arzuwlar beýan edilýär. Öleñler gyza, onuñ enesine ýa-da başga adamyñ durmuşy bilen baglanyşykly bir zada degişli bolany üçin täsirli bolýar. Aýdylýan öleñ bentleri kime degişli bolsa, ol däbe görä ses edip aglamaly bolýar. Biz ýokarda aýdylan zatlary anyklamak üçin Dänew, Çärjew, Farap etraplarynda öleñleriñ ýerine ýetirilişi, ondaky adam durmuşy bilen baglanyşykly bolýan dürli ýagdaýlaryñ üstünde durup geçmeli bolýarys. Bu etraplarda ýaşaýan türkmenleriñ şahyrana döredijiliginiñ öleñ žanry toý aýdymlaryna degişlidir. Öleñler hem toý aýdymlary ýaly gadymdan bäri nesilden-nesle geçip gelýän halk döredijiligidir. Öleñlere "toý aýdymlary" diýilmeginiñ esasy sebäbi olaryñ diñe toýda aýdylýandygy üçindir. Ýerli däp-dessurlara görä, gudalaryñ iki tarapy-da biri-birini synlaýar. Synlamak düzgüni diñe ogul-gyza degişli bolman, iki tarapyñ maşgala çlenleriniñ hemmesine hem degişlidir. Öleñ-öleñ, haý öleñ, Aý aýlanar, ýar-ýar. Dost-ýarlary ýygnanyp, Toý toýlanar ýar-ýar. Öleñçiler öleñi örän täsirli ýerine ýetirmeli. Öleñ aýdylanda köplenç durmuşa çykan gyz aglaýar. Eneli-gyzyñ aýrylyşyk pursaty öleñlerde şeýle edilýär: Bukjasynyñ ujuna Bagladylar ýar-ýar. Enesiniñ ýüregin, Dagladylar, ýar-ýar. Gyz durmuşa çykarylanda giýew boljak ýigidiñ daşky sypatyna seretmän, onuñ akyl-paýhasyna seredilip kesgitlenmelidigi barada öleñlerde şeýle pikirler ýöredilýär: Meniñ kyzym aýpara, Giýew gara, ýar-ýar. Gara diýmäñ giýewe, Giýew sere, ýar-ýar. Ar baglamañ arpanyñ, Samanyna, ýar-ýar. Kyz bermäñler ýigidiñ Ýamanyna, ýar-ýar. Ýokardaky bentlerden görnüşi ýaly, ýerli öleñlerde edebi dili we onuñ beýleki şiweleri bilen deñeşdireniñde diñe bir fonetik özgermelere däl, düýpli leksik aýratynlyklara hem duş gelinýär. Munuñ özi ýerli şiwäniñ özboluşly aýratynlyklaryny, ajaýyplyklaryny alamatlandyrýan ýagdaýdyr. "Giýew - sere" (edebi dilde "Giýew - gowy" we ş.m). Aslynda "sere" we beýleki gadymy sözleriñ ulanylmagy bu ýerde gadymy türkmen diliniñ elementleriniñ henizem saklanýandygyny añladýar. Köne zamanda garyplar mätäçlik zerarly perzentlerini garry-gartañ, kel-kör, pully adamlara satypdyrlar. Bäş daşyñ çaşyrdylar, Gamly bolma, ýar-ýar. Ýat ýurda aşyrdylar, Gamly bolma, ýar-ýar. Kumda kulan kişñidi, "At boldum" diýp, ýar-ýar. Çykarylan kyz ýyglydy, "Ýat boldum!" diýp, ýar-ýar. Kelle bilen aýaga Bakdyñ enem, ýar-ýar. Iki kotur owlaga Satdyñ enem, ýar-ýar. Öleñ-öleñ, haý, öleñ, Öler kyzyñ, ýar-ýar. Söýmedige kyz berseñ, Köýer kyzyñ, ýar-ýar. Toýda yzzat-hormat edilýän wagtda goýberilýän kemçilikler hem berk tankyt edilýär. Bu şorbany kim goýdy? Kaşygy ýok, ýar-ýar. Üstündäki paý nirde, Aşygy ýok, ýar-ýar. Ýerli gelin-gyzlaryñ beýleki poetiki halk döredijiliginde görkezilişi ýaly, öleñlerde hem nebsewür ata-eneleriñ mala-pula göz gyzdyryp, gyzlaryny gadyr-gymmat diýen zady bilmeýän näkeslere satyp goýberişleri hakynda gyzyñ dilinden şu sözleri eşitmek bolýar: Tagty-rowan üstünden, Taýyp düşdüm, ýar-ýar. Gadrym bilmes näkese, Gaýyp düşdüm, ýar-ýar. Haly-giläm üstünde, Bir gül ediñ, ýar-ýar. Atañ-eneñ öýünde, Bilbil ediñ, ýar-ýar. Ýumurtganyñ agy dek, Agym enem, ýar-ýar! Ak süýdüñe razy bol, Janym enem, ýar-ýar! Durmuşa çykarylýan gyz gaýynlaryna göçürilmeziniñ öñ ýanynda enesiniñ gyzyna ak göwün bilen rugsat berip goýbermek däbi bar. Şol ritual doly berjaý edilýänçä, gelnaljylar garaşmaly bolýarlar. Kyza gelen ýeññeler, Biraz dursun, ýar-ýar. Ak süýt beren enesi, Razy bolsun, ýar-ýar. Asmandaky ýyldyzy Ýedi diýiñ, ýar-ýar. Ýedi kyzyñ serdary Şudy diýiñ, ýar-ýar. Beýleki türkmen tire-taýpalarynda bolşy ýaly, Amyderýanyñ orta akymynda gadymdan bäri mekan tutan türkmen taýpalarynyñ wekilleriniñ hem däp-dessuryna görä, gyz gaýynlaryna ugradylmazynyñ öñ ýanynda aglaýar. Onuñ bilen bilelikde mähriban enesi, doganlary-da aglaşýarlar. Aslyna seretseñ, beýle däp öz wagtynda Ýewropa halklaryna hem belli bir derejede mahsus bolupdyr. Käbir eneler çykarylan gyzlaryndan aýra düşmek, näçe agyr degse-de, çydamlylyk edip, aglamaýarlar. Bu däp-düzgüne görä geñ görülýär. Öleñ aýdyjylae beýle pursaylary hem nazaryndan sypdyrmaýarlar. Toýhananyñ tüñçesi, Şaglamaýar, ýar-ýar. Öweýmidi enesi, Ýyglamaýar, ýar-ýar. Aý öleñ-ä, aý öleñ, Öleñ barmy, ýar-ýar. Ýat illere kyz satyp, Gülen barmy, ýar-ýar. Mötmyrat baý diýdiler, Baýy kany, ýar-ýar. Gatlamasy gas-gary, Ýagy kany, ýar-ýar. Köp ýerlerden tapawutlylykda, bu ýerde öleñleriñ häli-häzirlerem ýerine ýetirilýändigini aýtmak gerek. "Wolga" maşyn içinde, Üçgine kyz, haý öleñ. Üçgine kyz içinde, Kiçgine kyz, haý öleñ. Dänew, Çärjew, Farap etraplarynda ýaşaýan türkmen taýpalarynyñ köpüsinde toý esasan gyz çykarylýan öýde tutulýar. Gyz göçürilenden soñ hem onuñ öýünde toý edýärler. Aýdym aýdýarlar. Darwazany giç açyñ! Aý geledi, ýar-ýar. Bukjasynda hiç zat ýok, Toý geledi, ýar-ýar. Uzyn-uzyn ýüp gerek, Sallançaga ýar-ýar. Atlas köýnek ýaraşar, Gelinçege, ýar-ýar. Dört kulakly kazanda, Paýyñ duran, ýar-ýar. Gülli kigiz üstünde, Jaýyñ duran, ýar-ýar. Öleñ aýdyjylar tarapyndan öleñleriñ soñy şeýle hoşamaý sözler bilen tamamlanýar: Öleñ-öleñ, haý öleñ, Öleñ köpdür, ýar-ýar. Öleñ aýdan dilinden Birje öpdür, ýar-ýar. Ogul öýlendirilende, gyz çykarylanda bu ýerdäki ilatyñ başga-da birnäçe däp-dessurlary bar. Gelin gaýynlarynyñ öýüne ugradylmazyndan owal, gyzyñ hossarlary: "Onuñ ýaly ýagdaý adamynyñ durmuşynda diñe bir gezek bolýandyr. Sen eneñ, atañ, dogan-garyndaşlaryñ ýüzüne gara getirmediñ, eneñ bilen atañy razy et, bar, atañ aýagyna baş goý. "Ata razy - Hudaý razy, ene razy - pygamber razy" diýipdirler. Olar hiç wagt-da seniñ bagtsyz durmuşyñy islemezler" diýen ýalu nesihatlar edýärler. Gyz baryp atasynyñ aýagyna ýykylýar. Atasy gyzynyñ arkasyna kakyp: "Bar, gyzym, ýoluñ ak bolsun, ýoldaşyñ Hak bolsun, bagtyñ açylsyn, ogully-gyzly, agtykly, çowlukly bol" diýip, gyzyny ýagşy niýet, mylaýym sözler bilen ýola salýar. Gyz çykarylanda, ýany bilen ýeñnesi, joralary uzadyjy bolup gidýärler. Gyz barmanka, ýigidiñ öýüniñ ýanynda ot ýakylýar. Gelinli maşyn oduñ daşyndan üç gezek aýlanýar. Soñra maşyn ýuwaşja ýöräp, gapynyñ agzyna gelýär. Gapynyñ öñünde bili mäkäm guşalan öýlenýän ýigit gyzy maşyndan göterip alyp, aýagyny ýere degirmän öýe girizýär. Gelin bilen ýigit ýaşamaly otagyna barýarka, gartaşan garry mamalar: "Gelnimiziñ ýoly açyk bolsun!" diýip, gelniñ hem-de gelenleriñ ýüzüne urba sepýärler. Ýigit bilen gyz getirilenden soñ oturmaly däl. Dik durmaly. Adamlar olara degişip: "A-how, adamlar, gelin-ä geldi. Indi pylan aga gelniniñ dyzaýagyna näme aýdarka?" diýşip, özara gülüşýärler. Onýança ýigidiñ kakasy: "Adamlar, men gelnimiñ dyzaýagyna bir göleli sygyr aýdýaryn" diýip jogap berýär. Ýerli-ýerden "Ýeterli, boldy" diýişýärler. Gelin bilen ýigit oturýar. Bularyñ öñüne börek getirip goýýarlar. Börek ýaga çykarylýar. Ýigit bilen gyz bir-biriniñ agzyna börek tutuşýar. Käbir ýerlerde gyz çykarylmazyndan öñürti gyzyñ atasy öýünde gyz bilen ýigidi ýörite bejerilen çadyra salýarlar-da, öñlerine börek getirip goýýarlar. Bu däp soñky döwürde ornaşyp başlady. Gyz bilen ýigide getirilen börekden olaryñ ýanyndaky deñ-duşlary we beýlekiler alyp gaçýarlar. Munuñ düýp sebäbi, toý tutýanlar üçin bişirilen börekden iýeniń dişi agyrmaýarmyş. Şol wagt biri gyz bilen ýigidiñ öñünde uly ýüz görülýän aýna getirip goýýar. Olar aýna seredýärler. Başga biri ikisiniñ-de eline ýaşajyk çaga tutdurýar. Onýança-da bir ýaşuly adam gelip, olara bagtly durmuş arzuw edýär. (Gorkut atanyñ türkmen toýunda soñundan gelip toýuñ sebäpkärlerine gowy arzuw-dileg etme dessuryny ýada salyñ -t.b.) Şonuñ üçin hem şol ýaşula gymmat bahaly halat-serpaý edýärler. Öleñlerde gyzlary öz razyçylyklaryna seretmän çykarmazlyk, bu meselede onuñ özi maslahatlaşmaklyk ata-enelere öwüt-nesihat edilýär. Mal-dünýä göz gyzdyrmaklyk, gyzy söýenine bermezlik ýaly erbet häsiýetler tankyt edilýär. Bu ýerde iñ esasy bellemeli zat, şeýle dessuryñ Amyderýanyñ orta akymlarynda ýaşaýan türkmen taýpalarynyñ arasynda henize çenli saklanyp galanlygy, soñky döwürde bolsa onuñ has hem ösdürilýänligidir. Durdy MUHAMOW, Dänew etraby, folklorçy. "Яш коммунист" gazeti, 03.12.1991 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||