16:45 Öler janym kitap | |
ÖLER JANYM KITAP
Edebi makalalar
«Adam-garasyz bir adada ýalňyz ýaşamaga mejbur bolsaňyz, şu romanlardan haýsy birini ýanyňyz bilen äkiderdiňiz?» diýen sorag birmahallar Fransiýada sowalnamaçylaryň örän halaýan mowzuklarynyň biri bolupdy. Sowalnamaçysyna görä, ol romanlar fransuz ýa-da dünýäniň beýleki halklarynyň edebiýatyndan saýlanyp alnardy. Sowallaryny edebiýatyň beýleki edebi görnüşlerine çenli uzaldýanlar hem bardy. Şeýle sowalnamalaryň birine Andre Židiň beren jogaby köpleriň ýadyndadyr. Ýazyjy jogabyny «On fransuz romany» makalasy arkaly «Incidences» («Hadysalar») atly kitabynda okyjylara ýetiripdi. Şeýle sowal ähmiýetini häli-häzirem ýitirendir öýdemok. Çünki bu sowallar käbir ýazyjylaryň halaýan eserlerini ýüze çykarýardy hem-de ýatdan çykyp barýan käbir eserleriň gadyr-gymmaty gaýtadan dikelen ýaly bolýardy. Ýöne bu sowallar arkaly orta atylýan esasy zat, edebiýatyň adam durmuşynda barlygydyr. Göwnüme bolmasa, çola adada ýaşamaly bolan bir adama: «Ýanyňyz bilen nämeleri äkidýäňiz?» diýseler, elbetde, ol erkek kişi bolsa, gije ýatyş geýimlerini, aýal maşgala bolsa, dodak boýagydyr üst-başa timar beriş goşlaryny almak barada pikir etmese gerek. Megerem, olar ýaşamak üçin zerur birki zatdan gaýrysyny kitaplara dahylly ederdi. Adamlaryň kitaplara beýle teşneligini näme bilen düşündirmeli? Kitaplar, onda-da romandyr şahyrana kitaplar ynsan durmuşynda nädip beýle uly orun alýar? Meniň pikirimçe, muňa jogap bermek üçin, ilki bilen, «Adamlar näme üçin okaýar?» diýen sowalyň jogabyny tapmaly bolsa gerek. Adamlar köpçülik bolup ýaşaýanam bolsa, ýaradylan mahluklaryň arasynda iň bir ýalňyzydyr. Daşyndan görseň, biri-birine ýakyndyrlar, emma içki dünýäleri babatda aralarynda nähili alyslyk ýatyrka? Hasratyny bölüşere adam tapmansoň, alaşasynyň boýnuny gujaklap içini döken Çehowyň arabakeşi hakynda indi-indiler oýlanýaryn. Okap-ýazyp bilenliginde ol beýle ýeke-ýalňyz galarmydy? Dünýäde hiç bir dost adama kitapdan ýakyn däldir. Gaýgy-aladalarymyzy unutmak, birsydyrgyn durmuşymyza röwüş, ýagtylyk çaýmak, darajyk dünýämizden tapmadyk zatlarymyza duşmak üçin, biziň ýeke-täk çykalgamyz kitaplara ýapyşmakdyr. Adam-garasyz ada gitmek beýlede dursun, haýsydyr bir syýahat üçin ýola çykylanda-da, okap-ýazyp bilýän adamlaryň haýsy biri ýanyna birki sany roman, birki sany kitap almagy ýadyndan çykarar? Syýahat mahaly daş-töweregimize bakyp, haýran galyp oturyşymyza ýanymyza alan kitaplarymyzy okamaga wagt tapmasagam, elýeterde kitabyň bolany kem däl. Sebäbi olaryň jana-jan ýoldaşymyzdygyny bilýäris. Şu dünýäde kitaplar bolmadyk bolsa, ýaşamak neneňsi kyn, çökder bolardy diýip oýlanýaryn. Ýazyjy ýa şahyr üçin ýazmak nähili zerurlyk bolsa, okyjy üçinem ýazylanlary okamak şonuň ýaly zerurdyr. Iň göwnüçökgün pursatlarymyzda-da, dadymyza kitap ýetişýär. Ataç ölüm ýassygynda ýatyrka özüni soramaga gelen Sabahattin Teomana: «Dertlikäň agyryňy dep edýän iň gowy derman goşgy eken. Wagtymy goşgy okap geçirýän» diýmänmidir näme? Kitap göwnümizi göterişi ýaly, ruhumyzy hem beýgeldýär. Gysgajyk ömründe adamyň gazanýan tejribesi neneňsi az! Emma şygyrlardyr romanlar ony döreden adamyň içki dünýäsiniň her dürli tejribesinden emele gelýär. Biz şolary okap peýdalanýarys, özümizde ýetmeýän tejribeleriň öwezini şolar bilen doldurýarys. Bir zatlar öwrenmek üçin roman ýa goşgy okalýandyr öýdemok. Ýazyjy bir zatlar öwredeýin, käbir hakykatlary açyp görkezeýin diýip ýazan däldir ahyry. Pikir eserini sungat eserinden tapawutlandyrýan nokat, ynha, şunda! Döredijiligi aluw-satuw işine çalymdaş görýän ýazyjylar bilen meniň işim ýok. «Içi güjükli» eserleri öz kitap tekjämden daş saklaýaryn. Ylaýta-da, şu dünýäni ynsan üçin zähere dönderýän romanlara elmydama şübhe bilen garap geldim. Durmuşyň öz gaýgy-hasraty az ýaly, garaňky, demiňi darykdyrýan romanlary okamak, heý, çekip-çydarlykly zatmydyr? «Ýöne bu zatlar durmuşda bar ahyry!». «Şeýledir, durmuşda bolany bilen hökman esere salmalymy?». «Onda edebiýat matlapsyz galmalymy?». Şeýle kişä näme diýmeli? Onuň üçin başga-başga wezipeleri gözlär ýaly, ýaşaýşy gözelleşdirýän, adamy durmuşa baglaýan, ony owal-başky sap duýgular bilen baýlaşdyrýan edebiýatyň, eýse, mundan has ýokary wezipesi bolarmy? Görüň, kitapdan söz açyp, nirelere geldim. Ýöne şonda-da kitapdan daşlaşmadym. Dünýäni adamsyz göz öňüne getirip bilmeýşimiz ýaly, adamy-da kitapsyz göz öňüne getirip bilmeris diýesim gelýär. Beýnisinde pikir uçgunlary ýalpyldap ugran pursadyndan bäri adam pikir edýän we duýýan zatlaryny dürli usullar arkaly eline ilen zadyň ýüzüne geçirmekden özüni saklap bilmändir. Ine, şondan bärem ynsan ýazýar, ýazanyny-da okadýar. Ýyllar geçýär, asyrlar aýlanýar, şunça wagtyň dowamynda ençeme kitaplar ýatdan çykarylýar, birgiden kitaplar hakydada galýar. Dünýä gelenlere garanyňda, ondan geçenler köp. Emma ýagty ýalançyda haýsy duýgy-düşünjedäki, haýsy oý-pikirdäki okyjy bolsa bolsun, şoňa hemra bolup biler derejede ýazylanlar tükeniksiz köp... Göwnüme bolmasa, ýazyjynyň özi dil ýarmasa-da, Robinzon Kruzonyň iň uly hasraty onuň adada kitapsyz galmagy ýaly bolup dur. Okaýan adam üçin kitap tekjeleriniň ýakynyndan rahat ýer bardyr öýdemok. Özüm-ä kitaplaň içinde duýýan rahatlygymy başga hiç ýerde-de duýamok. Kitaplaryň täzelerini-de, könelerini-de halaýan. Emma täzelere hemişe ynanyp bolanok. Täzeleriň aldadýan mahallaram bolýar. Beýle ýagdaý köne kitaplarymyzda bolmaýar. Olar köne dostlar ýaly, gadyr-gymmaty belli, synagdan geçen. Olara ýaýdanman ýüzlenip bolýar. Kitaplar diňe aýdýan zatlary bilen däl, oýandyrýan duýgulary bilen hem bizi gurşap alýar. Fransiýada doglan gününiň 100 ýyllygy bellenip geçilen Les Fleurs du Malyň bir setiri ýadyma düşýär. Bodler (Baudelaire) ol setirde şeýle diýýär: Bäbek bedeni deý ter-täze yslar. ( Bäbek bedeni deý ter-täze yslar — «Il est des parfums frais comme des chairs d’enfant».) Hakykatdan-da, hiç bir ys şu ýaşaýşyň başlangyjyndaky ysdan ter, ondan jana ýakymly bolup bilmez. Ýöne ondan soň haýsy ys gelýär diýseler, hiç hili ikirjiňlenmän, «ýaňy çapdan çykan kitaplaryň ysy!» diýerdim. Bu ys haýsy ýazyjynyň kalbyna alabahar howasy ýaly bolup dolmady, haýsy okyjynyň arzuw-hyýallaryna täze gözýetimler açmady! Ýöne diňe ysmy? Sahypalary waraklaýan barmaklaryň kagyza galtaşmagyndan duýulýan alňasak lezzeti diýsene! Ýyllaryň meniň elimden alyp bilmedik duýgusy stolumyň üstünde üýşen täze kitaplary açan pursadym başdan geçirýän süýji şatlygymdyr. Eýse, özüňize şeýle ýakyn saýýan köne kitaplaryňyzyň ysyna näme diýersiňiz? Olary nireden tapjak? Dogry, wagt geçip, olaryň reňki bilen birlikde ysy-da öçügsileşipdir, ozalky terliginden diňe damakda kekremsi ajymtyk ys galypdyr. Ýöne munuň tersine, köne kitaplarymyz biraz «bizleşipdir», özümize öwrülipdir, ýatlamalarymyz bilen dolupdyr. Ýaşlaryň täze, ýaşulularyň bolsa, galapyn, köne kitaplara höwesekligi, belki-de, ilkinjileriň umydy aňladýandygy, ikinjileriň bolsa ýatlama bolup durýandygy sebäplidir. Iň bir halamaýan kitaplarym, waraklary başga biri tarapyndan açylan täze hem-de arzysy gaçan köne kitaplardyr. Bularyň birinjisinde sahypalaryny açmak, ikinjisinde ýatlamalary gürletmek lezzeti bolmaýar. Gepiň keltesi, kitaby gowy görýärin. Düşündirýän zatlaryny boýlamakdan, waraklaryny elläp görmekden, täze syýanyň ysyny almakdan, agdarylan sahypalaryň şagyrdysyndan hezil edinýärin. Öýden bir ýana çykan wagtym, ýanyma çaklaňja biçüwdäki kitap almagy ýadymdan çykaramok. Näme boljagyny kim bilýär? Köpçüligiň arasynda adamyň kalbyny birdenkä ýalňyzlyk gaplasa bildiňmi? Eýse, bir sowalnamaçy şeýle endigimiň bardygyny bilip gelägede, adam-garasyz ada äkitjek on kitabym barada soraýsa, näme jogap bererkäm? On kitap! Olary saýlaýmak dilde aňsat. Galanlaryny näme etmeli? Dogrusy, meniň ada gitmek niýetim ýok. Onsoňam sowalnamaçy geläýse, oňa: «Näme üçin özüň bu on kitaby saýlap alyp, şol ada özüň gideňok?» diýjek. Meniň üçin-ä, öz otagjygymda, köne-u-täze ähli kitaplarymyň arasynda galmak has ýakymly. Terjime eden Meretmämmet HANMÄMMEDOW | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |