11:26 Olga Tokarçuk | |
OLGA TOKARÇUK
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Olga Nawoýa Tokarçuk (polýakça: Olga Nawoja Tokarczuk), 1962-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Polşaň Sulehuw şäherinde doglan, polýak ýazyjy we şahyra hanymydyr. Ol 2018-nji ýylda Halkara Buker baýragynyň hem-de 2018-nji ýylda Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesidir. Olga hanymyň mamasy ukrainaly. O.Tokarçuk Warşawa uniwersitetiniň psihologiýa fakultetini tamamlandan soň Walžbiha şäherinde psihoterapewt bolup işleýär. Häzirki wagtda ol Wroslawa şäherinde ýaşaýar. Ol Polşanyň Ýaşyllat partiýasynyň agzasy we “Syýasy tankyt” atly çepçi liberal žurnalynyň redkollegiýasynyň agzasy. O.Tokarçugyň “Nataşa Borodin” tahallusy bilen ýazan ilkinji goşgular ýygyndysy 1979-njy ýylda çap edilýär. 1993-nji ýylda onuň ilkinji romany “Kitabyň adamlarynyň ýoly” neşir edilýär. 2007-nji ýylda onuň “Gaçgaklar” atly romany çap edilýär. Ol bu romanyny üç ýyllap ýazypdyr. Olga hanymyň öz ýatlamalaryna görä ol bu romanyň köp bölegini syýahat edýän wagtynda ýazypdyr. “Gaçgaklar” romany Polşadaky edebiýat ugrundan iň abraýly baýrak bolan “Nika” baýragyna 2008-nji ýylda mynasyp bolupdyr. Olga hanym tankytçylaň biragyzdan diýen ýaly ykrar etmegine görä gysgajyk kyssaň ussady bolup durýar. Olga hanymy “1990-njy ýyllaň ýaş kyssa akymynyň” hataryna goşýarlar. Onuň eserleri ençem dillere terjime edilip, dünýäde meşhurlykdan peýdalanýar. 2018-nji ýylyň maýynda Olga Tokarçuga “Gaçgaklar” (polýakça: “Bieguni”, iňlisçe: “Flights”) romany üçin Beýik Britaniýanyň Halkara Buker baýragy berlipdir. O.Tokarçuk bu baýragy alan ilkinji polýak ýazyjysydyr. Baýragyň pul sylagy bolan 50 000 funt sterlingi ýazyjy hanym, öz romanynyň iňlis diline terjimeçisi Jenifer Kroft bilen paýlaşmaly ekeni. 2019-njy ýylda O.Tokarçuk Halkara Buker baýragynyň gysga-sanawyna (şort-list) “Ölüleň süňklerinden azally geç” atly romany bilen giripdir. 2017-nji ýylda bolsa şol roman boýunça režissýor Agneşka Hollanda tarapyndan “Ýyrtyjyň yzy” atly çeper film surata düşürilipdir. 2019-njy ýylda Olga hanym 2018-nji ýyl üçin Edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolupdyr. Oňa baýrak “serhetleň bozulmagyny ýaşamagyň usuly hökmünde ensiklopediki hyjuwly görkezýän hyýaly üçin” diýen esaslandyrma bilen gowşurylypdyr (2018-nji ýylda Şwed Ylymlar akademiýasynda ýüze çykan jenjel sebäpli Nobel baýragyny gowşurmak yza süýşürilipdir). Şeýlelikde, O.Tokarçuk Nobel baýragyny alan Polşaly bäşinji ýazyjy bolup durýar (Genrik Senkewiç – 1905-nji ýylda; Waldyslaw Reýmont – 1924-nji ýylda; Isaak Başewis Zinger – 1978-nji ýylda; Wislawa Szymborska – 1996-njy ýylda). O.Tokarçuk ýazyjylyk we jemgyýetçilik işiniň daşyndan Krakowdaky Ýagellon uniwersitetinde kyssa boýunça ussatlyk derslerini berýär. Ol 23 ýaşynda Roman Fingasa durmuşa çykypdyr. Olaryň Zbignew atly ogullary 1986-njy ýylda doglan. Soňra Olga hanym R.Fingas bilen aýrylyşyp, filolog Gžegož Zygadlo durmuşa çykypdyr. Çeşmesi: https://ru.wikipedia.org/wiki/Токарчук,_Ольга. 10.10.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||