18:33 Olimpiýa de Gužyñ keç ykbaly | |
8-nji mart kyssasy
Taryhy makalalar
▶ OLIMPIÝA DE GUŽYÑ KEÇ YKBALY "Adam hukuklary" ýene-de üns merkezinde. Näçe nebsimiz agyrsa-da, ol iñ gözgyny ýagdaýda üns merkezinde! Kimler ony aýak astyna alyp depgileýär, kimler ony gorajak bolup başagaý, kimler bolsa şol ikiarada söz azatlygyndan, hatda ýaşamaga bolan hukugyndan jyda düşýär... Şahyr aýtmyşlaýyn, "Kim-ä öldi, kimem nutuk sözledi..." 2016-njy ýylda ýurdumuz boýunça 367 aýal-gyzyñ janyna kast edilipdir. Olam edil düýn-öññin, Halkara zenanlar güni golaýlaşanda mälim edildi... * * * Hawa, gozgajak bolýan meselämiz: "Adam hukuklary!" Adam hukuklary ilkinji gezek 1789-njy ýylyñ 26-njy awgustynda Fransiýanyñ Döwlet mejlisi tarapundan "Tebigy hukuklar" diýip yglan edilipdi. Hemme dawanyñ başy-da şol ýyldan soñ başlady. Şondan soñ iki ýyl geçip-geçmänkä bir zenan kellesini etegine salyp orta çykdy. "Siziñ "adam" (homme-man) diýýäniñiz diñe erkekleri öz içine alýar" diýip gygyrdy? Hany, onda aýal-gyzlar näme? Olar adam dälmi? Hany, olaryñ hak-hukuklary? Yzyndanam 26-njy awgust manifestine goşmaça "Aýal-gyzlaryñ hak-hukuklarynyñ manifestini" taýýarlady. *** Ol aýalyñ ady Olimpiýa de Guždy. Buržuaz maşgaladan gelip çykan Olimpiýa heniz 17 ýaşyndaka özünden otuz ýaş uly erkege durmuşa çykarylypdy. Ýogsam bolmasa ol diýseñ gowy bilim alypdy, kalbynda-da sungata bolan söýgi dolup-daşýardy. Özü-de duran bir zehiniñ öýjüdi. "Aýal-gyzlaryñ hak-hukuklary" diýen pikirem ilkinji gezek şowsuz nika sebäpli küýüne düşdi. Hernä "gödek we nadan" adamsynyñ bimahal gelen ölümi onuñ ýoluny açdy. Mariýa Guž Parižde azat durmuşa gowuşdy. * * * Oña Parižiñ döredijilik intelligensiýasy bilen öwrenişip gitmegi kyn düşmändir. Munuñam üstesine ol deñiz ýollary arkaly söwda edýän we özüne düşünýän baý erkegem tapynýar. Ýöne ol "gezýäni" J.de Rozeýresiñ nikalaşma teklibini kabul etmändir. Sebäbi Mariýa dini nika "söýgä we ynama mazar bolar" diýen pikirde bolupdyr, galyberse-de ärli aýallar adamsynyñ rugsady bolmasa özbaşdak hiç zat çap etdirip bilenokdylar. Şonuñ üçinem ol kanuny nikadan gaça durupdyr. Azat durmuşy saýlap alan Mariýa Guž öndümli işleýär: birnäçe esseleri, pýesalary ýazýar, teatr işgärlerinden ybarat topar döredýär. Ol öz eserlerini "Olimpiýa de Guž" ady bilen ýazypdyr. Onuñ 1785-nji ýylda "Comédie-Française" repertuaryna «Zamore we Mürze» ady bilen giren pýesasy iñ şowly ýazylan eser boldy. Eser garaýagyzlaryñ gulçulygyndan söhbet açýardy. Şeýlelikde Olimpiýa de Guž adam hukuklary baradaky jedelli dawasyna garaýagyzlaryñ gul edilmegine garşy çykmak arkaly ilkini ädimini ädipdi. 1791-nji ýylda bolsa "Aýal-gyzlaryñ hak-hukuklarynyñ manifestini" ýazmaga başlady. * * * Olimpiýa de Guž manifestinde erkeklere berilip, aýal-gyzlara berilmekden saklanan hak-hukuklary (saýlamaga we saýlanmaga bolan hukugy, mal-mülk gysyşy we ş.m.) agzap, her meselede erkekler bilen aýal-gyzlaryñ deñligini öñe sürýärdi. Manifestiñ süññüni düzen 10-njy maddasynda aýdylyşy ýaly, "Aýal-gyzlar dar agajyna gitme "hukugyna" eýe bolýan bolsa, onda münbere çykma hukugyna-da eýe bolaýmalydy!" Bu ugurda ol käbir öñe gidişlikleri-de gazanypdy. Aýal-gyzlar "Döwlet derejesindäki çärelere" gatnaşmaga diñe Olimpiýa de Gužyñ öñbaşçylyk eden rewolýusion kanuny arkaly hukuk gazanyp bildiler. Ol aýallaryñ aýrylyşma hukugyny edinmegi üçinem elinden gelenini etdi. Mejbury dini nikanyñ ýatyrylmagy, binika doglan çagalaryñ resmi taýdan ykrar edilmegi, çaga dogrulýan öýleriñ döredilmegi ýaly meselelere-de ýüzlendi. Gynansak-da, şol döwür dünýä ýañ salan haý-haýly fransuz rewolýusiýasynyñ adam kerçeýän çarhynyñ durman aýlanýan ýyllarydy. De Guž hökmany suratda döwrüñ mähirsiz şarpygyndan dadaýmalydy. * * * Olimpiýa de Guž rewolýusiýa turanda Girondinlere goşuldy, "rewolýusion terrorizme" garşy çykdy. Ol giñ gözýetimli, ylymly respublikaçydy. Şonuñ üçinem ll korolyñ öldürilmegine-de garşy çykdy. De Guž aýratynam Maratdyr Montagnard ýalylary günäkärleýärdi, "rewolýusion sudlary" adalatlylyga çagyrýardy. Tutha-tutlugyñ tolkuny ahyryn ony-da özüne dolap aldy. 1793-nji ýylda öz tankyt eden sudunda günäkäriñ oturgyjynda oturdyldy. Keseliniñ bardygy, batyrgaýlygy, özüni merdem alyp barmagy... bularyñ hiç biri onuñ "günäsini" ýeñilleşdirip bilmedi. Girondin dostlaryndan soñ 2-nji noýabr güni olam giotiniñ çapgy ýassygynyñ üstünde kellesini goýmaly boldy. Betbagat Olimpiýa «münbere çykma hukugyny» edinmezden «dar agajyna asylmak hukugyndan» peýdalanmak mejburyýetinde galdyrylypdy. Ol şonda ýañy kyrk bäş ýaşapdy. Taner TIMUR. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||