05:51 Öliniñ ganyndan we etinden derman ýasanlar... | |
ÖLINIÑ GANYNDAN WE ETINDEN DERMAN ÝASANLAR...
Geň-taňsy wakalar
Sizem adamhorlugy diñe Afrikanyñ yzagalak taýpalaryna mahsus ýaramaz edähetleriñ biridir öýdýärdiñizmi? Onda ünsli diñläñ, size iki zady gürrüñ bereýin. Orta asyr Ýewropasynda hekimler näsaglary jeset ganyndan we etinden taýýarlanan "dermanlar" bilen bejermäge dyrjaşypdyrlar. Ölen (ýa-da öldürilen) adamlaryñ ganyndan we etinden içilýän derman gerdejikleri, tabletkalar ýasalypdyr. Ýalñyş düşünmäñ, bular ýaşyryn edilýän zadam bolmandyr. Meselem, "mumyýa külkesi" diýlen bir madda bolupdyr, bu madda Ýewropada XII asyr aptekarlarynyñ derman taýýarlanda esasy ulanýan, dükanlarynda hökmany suratda tapdyrýan önümleriñ biri bolupdyr. • JESET MEDISINASY Bu "medisina" metodynyñ özbaşyna ady-da bolupdyr: "Corpse Medicine" ("Jeset medisinasy"). Osmanly soltany Mehmet II-niñ Konstantinopoly eýeländen soñ Irki orta asyryñ tamamlanandyr we munuñ bilen birlikde wagşy metodlaryñ soñuna nokat goýlandyr öýdýän bolsañyz, ýalñyşýarsyñyz. Onda-da nähili. Bular ýaly ýürekbulagyç metodlar XVII, XVIII, hatda XIX asyra çenli dowam edip geldi. Baý we ýokary gatlakly ýewropalylar jeset iýip şypa tapjakdyklaryna, ýigdeljekdiklerine ynanýardylar. Din adamlaryndan korol maşgalasyna çenli dürli statusly "saýlama" ýewropalylar düzüminde adam organizminiñ bölekleri bolan dermanlary hökman ulanýardylar. Elbetde, jeset näçe täze bolsa, ondan alynýan etem şonça göwnemakuldy we lukmanlar tarapyndan iñ täzesi maslahat berilýärdi. Emma täze jeset parçasyny tapmak kyn bolansoñ, köplenç "mumyýa külkesi" bilen oññut edilýärdi. Iñlis koroly Şarl II “King’s Drops” diýilýän bir derman ulanýardy. "Kings Drops" mäjumyna owradylan adam kelleçanagyny spirte garylyp ýasalan "derman" ýa-da "doping" diýsek dogry bolar. Hatda korolyñ bu dermany taýýarlatmak üçin 6.000 iñlis sterlingini töländigini we öz laboratoriýasynda adam kelleçanagyndan distillizirowat edendigi aýdylýar. "Kings Drops" suwuklyk görnüşindäki derman bolupdyr we epilepsiýa, konvülsiyonlar, ruhy hassalyklar bilen bir hatarda ölüm ýassygynda ýatan syrkawlar üçinem ulanylypdyr. • AT-OWAZALY LUKMANLAR, KOROLLAR, GRAFLAR, GRAFINÝALAR Iki ýüz elli ýyla golaý wagt bäri "adamhorlugyñ" ýazgarylyp gelinýändigine aldanmañ. Ýokary bilimli, uly-uly wezipelere eýe, atly-owazaly ýewropaly asylzadalar ýüzlerçe ýyllap adam jesetleriniñ ýagyndan, ganyndan, kelleçanagyndan, süñkünden taýýarlanan önümleri iýdiler, içdiler, adamyñ hamyndan edilen eşikleri geýdiler, dakdylar. Bu "dermanlary" ulananlaryñ ýa-da barlap görenleriñ arasynda kimler ýok?.. Korolewa Ýelizaweta I we onuñ hirurgy Banister, Kilderiñ grafinýasy Ýelizaweta Greý, meşhur filosof we alhimik Robert Boýl, meşhur lukman we "Royal Soicety"-ny esaslandyryjy Tomas Willis, korol William III, korolewa Meri... Ýewropany onlarça ýyllap iýip-gemren Segsen ýyllyk uruşy (1566-1648) bilýänsiñiz ýa-da eşidensiñiz. Bu uruşlaryñ dowam edýän döwründe ispanlaryñ Ostende şäherini gaban 1601-nji ýylynda şol ýerde ýaşan şaýatlaryñ gürrüñ bermegine görä, lukmanlar söweş meýdanyna girip, ýaralanan we ölen ispan esgerleriniñ endamyndan ýag böleklerini kesip çykaryp, käselerini doldurypdyr. Çünki adam ýagy ýaralary bejermekde örän peýdaly hasaplanypdyr we arzysy uly bolupdyr. Ýa-da betbagt korol Şarl I-iñ ganyny elýaglygy bilen üýşürmäge dyrjaşan halaýyga näme diýmeli? Adamlar onuñ ganynyñ “King’s Evil” diýilýän kesele em boljagyna ynanypdyr. Birem “royal touch" ("korollygyñ tokunyşy") meselesi bar eken, ony soñ gürrüñ bererin. Bir tüýsli "servikal lenfadenit" bolan keseli (King’s Evil) tokunmak arkaly bejerýändigine ynanan (ynanylan) ýewropa monarhlary… • BEJERGISI ÜÇIN OSMANLYNYÑ SAZ DIÑLEDEN, ÝEWROPANYÑ GAN IÇIREN KESELI: EPİLEPSIÝA Türkiýäniñ Edirne şäherine gidip görenler ol ýerdäki osmanly soltany Baýezit II-niñ gurduran "Şypa" külliýesini (kompleksini) görendir. Henize deñiç görmediklere-de gidip görmegi maslahat berýäris. 1484-nji ýylda ilata hyzmat edip başlan şypahanada epilepsiýa kesellilerini bejermek üçin haýsy derejedäki sazlaryñ diñledilmelidigi barada ýazylan reseptler bar. Diñe sazam däl, suwuñ sesiniñ we hoşboý ysyñam bular ýaly keselleriñ bejergisinde ýygy-ýygydan ulanylandygyny görersiñiz. Hatda Edirnedäkiden tegelek iki ýüz ýyl öñ gurlan Kaýseriniñ "Nesibe Darüşşifa" şypahanasyny-da görseñiz gowy bor. Şindi Kaýseri şypahanasynyñ açylan wagtyndan 600, Edirne şypahanasynyñ açylan wagtyndanam 400 ýyl soña, Daniýa gideliñ. Çagalygymyzy ertekileri bilen güýmäp ulaldan meşhur ertekiçi ýazyjy Gans Kristian Andersen (1805–1875) ýaşlygynda syrkawlan çagalara iskelede gan içirlenini görendigimi ýazypdyr. Şeýle-de adamyñ märekäniñ öñüne çykarylyp ölüm jezasy berilýän şol ýyllaryñ Ýewropasynda asylzada kişiler kömekçilerini, hyzmatkärlerini ölüm jezasy berilýän tomaşaly çärelere ýollapdyrlar. Günäkäriñ kellesi kesilen badyna hyzmatkärler öñe atylyp, öldürilen görgüliniñ boýnundan pürkülip çykan gany pyýalalara doldurypdyrlar. Çünki Ýewropada gan epilepsiýadan emir çekýän näsaglar üçin iñ köp ulanylýan bejergi metodydy. Ýewropanyñ birnäçe ýerinde bolşy ýaly Germaniýada-da ýagdaý şolar ýalydy. Käte kellesi ýolnan günäkäriñ bedenini şobada gujaklap, ganyny içmäge dyrjaşanlar hem bolupdyr. Ýewropada taryhy çeşmelerde hasaba alynan iñ soñky "gan üýşürme" wakasy-da 1865-nji ýylyñ Germaniýasyna degişli. • KELLE SALGYDY Doktor Jonsonyñ döwründe-de London alhimik dükanlarynyñ tekjelerinde siziñ ýüzüñize mölerip duran adam kellelerini görmek bolýardy. Käbirleriniñ ýüzi kitabyñ sahaby ýaly mohlanandy. Meşhur alhimik Robert Boýl bu tarz bir kafatası-yosununu öz burny gananda ulanypdyr. Munuñ üçin şol döwürde birnäçe kişi birmeñzeş maksat bilen külke görnüşinde üwelen kelleçanak-mohlaryny burunlaryna dykmaga başlapdyr. Iñlis alhimikleri adam kellesiniñ köpüsini Irlandiýadaky söweş meýdanlaryndan getirdýärdiler. Aslyýetine seredende, bu ýagdaý ahlaga dogry gelýän zat däl, çünki wepat bolanlary tertiplenen görnüşde jaýlamak gerekdi. Emma şol döwürde ahlagy piñine alan bolupdyrmy näme. Hatda adam kellesi şolar ýaly derejede söwda harydyna öwrülipdir welin, korol Jorj II ýurda getirilýän her kellä 1şilin gümrük salgydyny almagy ýola goýupdyr. "Görýän bu derman gerdejigiñiz iri süñkli, ýañaklaryndan gan damyp duran, bedenine hiç hili zeper ýetmedik, örän sagdyn bolan, ýöne tarpa-taýyn (hiç bir kesele ýolukmazdan) ölen 25 ýaşan ýigidiñ meýdinden ýasaldy. Bir gije-gündiz aýyñ ýagtysynda goýuldy. Çeýnemek üçin azap etmezden bir gezekde ýuwdup bilmegiñiz üçin gyzyl çüýşäniñ içinde goýlup distillizirlendi…” Kowid-19 epidemiýasy geçenden soñ, Ýewropa syýahat etmek meýliñiz bar bolsa, biziñki aýtmak, kelläñizden seresap bolaweriñ :) • Ýazgyny taýýarlanda peýdalanan çeşmelerim: https://allthatsinteresting.com/medicinal-cannibalism https://www.dur.ac.uk/research/news/cannibals/ https://www.factinate.com/things/42-unsettling-facts-medieval-beliefs/ https://en.wikipedia.org/wiki/Execution_of_Charles_I https://brightside.me/wonder-curiosities/14-crazy-things-that-people-of-the-middle-ages-seriously-believed-433410/ https://www.dailymail.co.uk/news/article-1389142/British-royalty-dined-human-flesh-dont-worry-300-years-ago.html Refi TEAÝÝÜN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |