23:10 On iki dogan / erteki | |
ON IKI DOGAN
Ertekiler
Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlarda bir patyşa bilen aýaly bar eken. Olaryň on iki çagasy bolup, hemmesem oglan eken. Günleriň birinde patyşa aýalyna şeýle sözler bilen ýüzlenipdir: ― Eger on üçünji çaga gyz bolaýsa, ogullarymyň hemmesini öldürmegi buýraryn, şeýlelikde, bar baýlygymyz, şalygymyz gyzymyzyňky bolar. Patyşa on iki sany tabyt ýasamagy buýrupdyr. Olara ýonuşga düşelip, hersinde, hatda uly bolmadyk başuç hem bolupdyr. Patyşanyň buýrugy bilen tabytlar gulply otagda saklanypdyr. Otagyň açaryny bolsa şa aýalyna berip, hiç kime aýtmazlygy tabşyrypdyr. Ine, şeýdip şa aýaly ertirden agşama çenli gam çekip gezipdir. Elmydama ejesiniň ýanynda bolan körpe ogly (ol oňa Injile laýyklykda, Weniamin diýip at beripdi) ejesiniň hasrat çekip ýörşüne çydaman: ― Mähriban eje jan, nä sebäpden beýle hasrat çekýäň? ― diýip sorapdyr. ― Jan balam, men saňa onuň sebäbini aýdyp biljek däl ― diýip, ejesi jogap beripdir. Şeýle-de bolsa, ogly gününe goýmansoň, ol ahyrsoňy otagy açyp, Weniamine içi ýonuşgaly on iki sany tabydy görkezip, şeý diýipdir: ― Eziz oglum Weniamin, bu tabytlary ataň seniň we on bir doganyň üçin ýasatdy, sebäbi eger meniň gyzym bolaýsa, ol sizi öldürmegi we şu tabytlarda jaýlamagy buýrar. Şa aýaly dynman aglaýardy, Weniamin bolsa ony köşeşdirip, şeýle diýdi: ― Aglama, eje jan, biz öz aladamyzy özümiz ederis we atamdan gaçyp gutularys. Şa aýaly: ― Doganlaryň bilen tokaýa git. Ol ýerde iň uzyn agajy tapyň we her gün biriňiz köşgüň diňine serediň. Eger-de oglum bolsa ak baýdak asaryn we siz sag-aman öýe dolanarsyňyz, emma gyzym bolaýsa, gyzyl baýdak asaryn, şonda siz aýagaldygyna gaçyň. Hudaý sizi öz penasynda aman saklasyn. Her gije oýanyp, gyşda ýylanar ýaly oduňyzyň bolmagyny, tomusda bolsa yssynyň surnukdyrmazlygyny Hudaýdan dileg ederin ― diýdi. Şondan soň şa aýaly çagalaryna ak pata berip, olary tokaýa ugradýar. Oglanlar gezekli-gezegine tokaýdaky iň uzyn agaja münüp, köşge syn edýärdiler. Şeýdip on bir gün geçensoň, agaja münmek gezegi Weniamine ýetdi. Ol agaja münende, köşkde baýdagyň asylgydygyny gördi, emma baýdak ak däl-de, ölümiň alamaty bolan gyrmyzy reňkdedi. Doganlar bu habary eşiden badyna gahar-gazaba münüp: ― Eýsem, haýsydyr bir gyz üçin biz ölüme höküm edilmelimi? Geliň, ar aljakdygymyza ant içeliň: ýolugra öňümizden çykan her bir gyz biziň elimizden ölmelidir ― diýişdiler. Soňra olar tokaýa siňip gitdiler. Şol ýerde-de boş duran uly bolmadyk jadyly öýjagaza gabat geldiler. Doganlar: ― Ine, biz şu ýerde ýaşarys. Weniamin, sen iň kiçimiz hem iň ejizimiz bolanlygyň üçin öýde galyp, hojalyk işleri bilen meşgullanarsyň. Biz bolsa iýmitiň gözleginde bolarys ― diýdiler. Şeýdip, olar towşanlary, ýabany geçileri, guşlary awlap, Weniamine getirip berýärdiler. Weniamin bolsa olardan nahar taýýarlaýardy. Şeýlelikde, doganlar bu öýjagazda on ýyl ýaşap, wagtyň nädip geçendigini-de duýmadylar. Şa aýaldan bolan gyzjagaz mähirli, owadan gyz bolup ýetişdi. Maňlaýynda bolsa altyn ýyldyz şöhle saçýardy. Günlerde bir gün, köşkde geýim-gejim ýuwlup durka, gyzjagaz on iki sany oglan köýnegini görüp, ejesine sowal berdi: ― Bu on iki köýnek kimiňki? Olar atama-ha kiçi bolar. ― Mähriban gyzym, olar seniň on iki sany doganyňky. ― Eýsem, olar nirede? Men olar hakda hiç haçan eşitmändim ahyry. ― Olaryň nirededigini diňe Hudaý bilýär. Jahana seýil edip ýörendirler-dä. Soňra şa aýaly gyzynyň elinden tutup,syrly otagy açdy-da, içi ýonuşgaly on iki tabydy görkezdi: ― Bu tabytlar seniň doganlaryňa niýetlenen, ýöne olar sen dogulmazyňdan öň gizlinlikde gaçyp gitdiler ― diýip, ejesi gyzyna ähli bolan wakany gürrüň berdi. ― Mähriban ejem jan, sen aglama, men hökman öz doganlarymy taparyn ― diýip, gyzjagaz söz berdi. Şeýlelikde, şa gyzy on iki sany köýnegi alyp, köşkden çykyp, tokaýyň jümmüşine gidipdir. Az ýöräp, köp ýöräp, ahyry jadyly öýjagaza baryp ýetipdir. Ol öýe girende bir ýigide duşupdyr. Ýigit ondan: ― Sen nireden gelip, nirä barýaň? ― diýip soranda, şa gyzy: ― Men şanyň gyzy, on iki sany doganymy gözleýän. Olary tapmak üçin dünýäniň o çetine gitmäge-de taýyn ― diýip jogap beripdir we ýany bilen getiren köýneklerini görkezipdir. Weniamin köýnekleri tanap, gyzyň öz jigisidigine göz ýetiripdir-de: ― Men Weniamin, seniň doganlaryň körpesi — diýipdir. Gyzjagaz begenjinden aglapdyr. Weniamin hem gözýaşyny saklap bilmändir. Olar gujaklaşyp, bir-birini tapanyna ýürekden begenipdirler. Soňra Weniamin: ― Mähriban uýajygym, bu ýerde bir päsgelçilik bar… Biz gyz üçin şalygymyzy terk etmeli bolamyzsoň, öňümizden çykan gyzy öldürmegi wada etdik ― diýipdir. ― Ölümim bilen doganlarymy sürgünden halas edip bilýän bolsam, men oňa-da kaýyl. ― Ýok, sen ölmeli däl ― diýip, Weniamin garşy çykypdyr. ― Şu çelegiň aşagynda gizlen-de, doganlaryň gelýänçä gymyldaman otur. Men olara özüm düşündirerin. Gyz diýlenini etdi. Garaňky gatlyşanda, doganlar awdan gelipdirler. Olar agşamlyk naharynyň başyna geçip: ― Näme täzelik bar? ― diýip sorapdyrlar. Weniamin bolsa: ― Siziň hiç zatdan habaryňyz ýokmy? ― diýipdir. ― Ýok — diýip, doganlar jem bolup jogap beripdirler. ― O nähili beýle bolýar? Siz tokaýyň içine aýlanýarsyňyz, men bolsa oturan ýerimden sizden köp bilýän. ― Bize-de aýt-da. ― Bize duşan ilkinji gyzy öldürmezlige söz berýäňizmi? ― diýip, Weniamin sorapdyr. ― Bolýar, söz berýäs ― diýip, doganlar ylalaşypdyrlar. ― Bol indi, gürrüň ber-dä. Weniamin: ― Biziň gyz jigimiz şu ýerde ― diýipdir. Şondan soň Weniamin çelegi galdyrypdyr welin, ol ýerden bezemen egin-eşikli, maňlaýy şöhle saçýan altyn ýyldyzly, syrdam, owadan şa gyzy çykypdyr. Doganlar ony görüp, begenjini saklap bilmän, jigilerini çyn ýürekden gujaklapdyrlar. Şeýdip, gyz doganlary bilen öýde galyp, Weniamine öý işlerine kömekleşip ugraýar. Beýleki on bir dogan öňküsi ýaly tokaýda guşlardyr ýabany geçileri awlap, öýe getiripdirler. Weniamin bilen gyz jigisi bolsa getirilen awdan iýer ýaly zat taýýarlapdyrlar. Gyzjagaz ot ýakmak üçin ot-çöp ýygnardy, doganlary öýe dolanyp gelende, agşamlyk nahary hemişe taýýar bolardy. Ol öýüň arassaçylygyna-da serederdi, doganlar hemişe tämiz düşekde ýatyp-turardylar. Şeýlelikde, doganlar gyz jigilerinden razy bolup, onuň bilen ylalaşykly ýaşapdyrlar. Günlerde bir gün şeýle hadysa bolup geçýär: Weniamin bilen uýasy, adatça bolşy ýaly, nahar taýýarlapdyrlar we doganlar üýşensoň, şadyhorramlykda iýip-içipdirler. Doganlaryň ýaşaýan jadyly öýüniň arka ýüzünde bag bolup, onda on iki sany çigildem ösüp oturan eken. Gyzjagaz doganlaryny begendirmek üçin on iki çigildemi hem ýolup, doganlarynyň hersine birini bermegi ýüregine düwüpdir. Emma ol gülleri ýolan badyna, on iki dogan garga öwrülip uçup gidipdir. Öýem, bagam, hiç haçan bolmadyk ýaly, ýitirim bolupdyr. Şeýdip, ýabany tokaýda gyzjagazyň ýeke özi galypdyr. Ol töweregine göz aýlanda, bir garry kempir peýda bolup, gyza ýüzlenip, şeýle diýipdir: ― Balajygym, eden işiň bar bol-a! Sen näme üçin bu on iki sany ak çigildemi ýolduň? Indi seniň doganlaryň ömürlik garga öwrüldiler. ― Olary halas etmegiň hiç bir ýoly ýokmuka? ― diýip, şa gyzy gözlerinden boýur-boýur ýaş döküpdir. ― Diňe bir ýol bar, ýöne ol gaty agyr. Sen ýedi ýyllap lal bolmaly, gürlemelem däl, gülmelem. Eger-de ýedi ýyla birje sagat ýetmedigem bolsa, ýekeje söz aýdaýsaň, bar azabyň puç bolup, doganlaryň öler ― diýip, kempir jogap beripdir. ― Men doganlarymy hökman halas ederin ― diýip, aýgytly gürlän gyzjagaz tokaýda bir beýik agaç tapypdyr-da, oňa çykyp, ýüp egirmäge oturypdyr. Ol ne-hä gürläpdir, ne-de gülüpdir. Günleriň birinde bir patyşa aw etmek üçin şol tokaýa gelipdir. Onuň awçy iti hem bar eken. Şol it gyzyň oturan agajynyň daşyndan aýlanyp üýrüp ugrapdyr. Patyşa agajyň ýanyna gelip, onuň üstünde maňlaýynda gyzyl ýyldyz şöhle saçyp duran owadan gyzy görüpdir. Ol şa gyzynyň özüne durmuşa çykmagyny sorapdyr. Şa gyzy hiç zat gürlemän, diňe kellesini ýaýkapdyr. Onda patyşanyň özi agaja çykyp, gyzy düşüripdir-de, atyna mündürip, öýüne getiripdir. Ol üýtgeşik, şagalaňly toý edipdir, emma gyzdan sesem çykmandyr, ýeke gezek gülmändirem. Şeýdip, olar ylalaşykly iki ýyl ýaşaşypdyrlar. Ýöne patyşanyň rehimsiz öweý enesi gyzy ýamanlap, oňa töhmet atyp başlapdyr: ― Sen tokaýdan bir gedaýy alyp gaýtdyň, onuň bidinlikde näme işler bilen meşgullanýanyny kim bilýär? Eger ol, hakykatdanam, lal bolup gürläp bilmeýän bolsa, iň bolmanda, gülüp bilerd-ä? Gülmeýän adamyň bolsa wyždany päk däldir. Patyşa köp wagtlap bu geplere ynanmandyr. Ýöne kempir öz diýenini tutup, gelnini köpsanly ýaman işlerde aýyplansoň, ahyry yrlyp, aýalyny ölüm jezasyna höküm edipdir. Köşgüň howlusynda uly ot ýakyp, şonda-da gyzy ýakmaly ekenler. Patyşa köşgüň ýokarky äpişgesinden jeza görülýän taýýarlyk işlerine gözlerini ýaşdan dolduryp seredipdir. Sebäbi ol aýalyny tüýs ýürekden söýýän eken. Haçan-da, gyzy odunlaň üstündäki sütüne daňlyp, oduň ýalny gyzyň köýneginiň etegini ýalap ugranda, şol ýedi ýylyň iň soňkuja pursady hem geçipdir. Şol wagtam ganatlaryň şuwwuldysy eşidilipdir. Oduň üstünde on iki sany garga peýda bolup, ýuwaşlyk bilen pessaýlap ugrapdyrlar. Olar ýere düşenden, adama öwrülip, çaltlyk bilen ody söndürmäge başlapdyrlar. Ody söndürip, gyzy sütünden çözüp aýrypdyrlar-da, ony gujaklapdyrlar. Ine, onsoň gyzyň dili açylypdyr. Ol patyşa näme üçin gürlemändiginiň, gülmändiginiň sebäbini aýdypdyr. Patyşa gyzyň günäsizdigini bilip begenipdir. Olar ömrüniň ahyryna çenli bagtly durmuşda ýaşapdyrlar. Patyşanyň öweý enesini bolsa kaza tabşyrypdyrlar. Kazy aýaly içi zäherli ýylandan doly gaýnap duran ýagly çelege salmagy höküm edipdir. Şeýdip, ol aýal ejir çekip ölüpdir. Terjime eden: Gülaýym AKMURZAÝEWA | |
|
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |