11:40

Orta Aziýa we türkçülik: Çingiz hanyñ watany - Orta Aziýa

Taryhy makalalar
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 494 | Добавил: Gökböri | Теги: Iklil Kurban | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 BEG  
597
Çingiziň orta aziýa yetiren zyýanyny Gitler bilen Stalinem yetirip bilen däldir. Çingiz gelende orta aziyada arap parslar höküm sürenakdy. Çingiz iň köp türki şäherleri yykdy we orta aziyalylary öldürdi. Onuň yykan şäherleriniň köpüsi entegem gurulmady. Mongollardan öň Orta Aziýa ylmyň merkezi, kitaphanalaryň iň köp yeridi. Olar Orta Aziýany yza galdyrdylar. Makalada aýdylşy Çingiz Orta Aziyadan çykmady ýagny diňe şu yerleri ýykmak bilen meşgul boldy.

0
2 BEG  
597
Onsoňam mongollar biz bilen dogan däldir. Mahmyt Kaşgarly olary türki halklaryň içinde sanamandyr. Ondan türk ýasamagyň geregi ýok. Arada bir Orta Aziýaly akademik Lenini türki gelip çykyşly etjek bolup arrygyny gynaýar. Şular yaly biri-dä. Akademik aydansoň alajyň yok. Gutly bolsun taze ''önderimiz'' Ulydemir Ilçi han (Wladimir Iliç). Söhbet (sobet-sowet) türk döwleti. Mankurduň kellesiniň işleýşi şeyle-dä: Kim bizi basyp alsa şol biziň hanymyz.e

0
3 Persey  
397
Çingiz handan türk ýasamaklyk kimiň kellesine geldikä? Meniň pikirlenýän zadym: türk gardaşlarymyz indi biziň siwilizasiýamyzyň başyna ýeten, bigünä halkymyzy gyryp, medeni ösüşini togtadan, musulman metjitlerini ýykdyryp ýa-da şeraphana öwürden, aýal-gyzlary çydamsyz derejede namysyň astynda galdyran we iň esasysy pygamberimize dil ýetiren hem-de Yslamyýeti doly ýykjak bolan ganhordan türkileriň gahrymanyny ýasamak bilen nämäni göz öňünde tutdularka? Bu ýagdaý biziňem üstümizden gülmek bolýar. Bigünä gyrylan adamlaryň ruhuny äsgermezçilik etmek bolýar.

0
4 Persey  
397
Dost, Çingiz hany yslamyň duşmany hasaplamaýan bolsaň, onda saňa taryhy täzeden okamagy maslahat berýän. Ata-babalarymyzyň bigünä dökülen gany, çagalaryň, biçäre aýallaryň ahy-nalasy, weýran edilen mukaddes şäherler..... Sen Çingiz hany yslamyň duşmany hasaplamaýan bolsaň, onda Muhammet an-Nesewini oka. Eger oňa-da ynanmasaň, Isaý Kalaşnikowy, Wasiliý Ýany oka. Şolarda görkezilendir, Çingiz hanyň musulman däplerini özüçe teswirlän bolup, Pygamberimize dil ýetirmegi, diri galan musulman alymlaryna Juçy han howandarlyk etjek bolanda, Çingiz hanyň ýörite çapar iberip, alymlary öldürmegi buýurmagy jikme-jik görkezilendir. Onsoňam Çingiz hanyň iru-giç Horezmşalara garşy uruş etmek niýeti bolupdyr. Elbetde, esasy ýalňyşlyga Muhammet şa sebäpkär. Şol asyl başda akmaklyk etmän, ilçilere degmezlige buýruk berip mongollar bilen dogry ylalaşyk baglaşan bolsady, onda munça weýrançylyklar bolmazdy. Ýöne şol birinji ýalňyşyndan soňra dogry strategiýa saýlan bolsady, onda mongollary ýurda girizmän derbi-dagyn etse bolardy. Mahmyt Ýalawaç musulman bolsa-da, şoňa degilmändir diýjek bolsaň, bir zada düşün. Ol diňe öz peýdasy, puly ugrunda çapyp ýören adam bolan. Çingiz han ony Horezm ýurdy hakynda köp zat bilýänligi, hemme maglumaty gylyny gyşartman Çingiz hana ýetirýänligi we iň esasysy-da zamananyň ýagdaýyna dogry düşünip, peýdasyny saýgarýan adam bolanlygy üçin oňa degmändir. Mongollaryň Altyn Orda, Hulagular we Çagataý döwletleriniň yslamy kabul etmekleri Çingiz handan soňra mongol däpleriniň gowşamagy, ol döwletleriň mongollaryň beýik hanyndan üzňeleşmegi we bu sebitlerde ornaşan mongollaryň ýerli halklaryň däp-dessurlaryna ýuwaş-ýuwaş geçmekligi bilen baglydyr. Sen "mongollar bilen ylalaşyp, olary Russiýa we Ýewropa geçirip goýberen bolsa weýrançylyk bolmazdy" diýdiň. Sen geografiýadan we taryhdan habarly bolsaň, bir zada akyl ýetirmeli. Hiç bir döwlet ozallar öz territoriýasyndan başga bir döwletiň goşunlaryny parahatja geçirip goýbermäge razylyk bermezdi. Elbetde beýle ýagdaýlar hiç hili bolmady diýjek däl. Bolan şeýle ýagdaýlar. Ýöne mongollar parahatja geçip gidäýjek millet bolmadykda.
Çingiz han Yslamyň Altyn eýýamynyň ösüşini togtadan, gülläp ösen şäherlerini weýran eden, halklaryny rehimsiz gyran tirandyr.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]