04:44 Osman Gazynyñ kümmedini ýumruklan grek ofiseri | |
OSMAN GAZYNYÑ KÜMMEDINI ÝUMRUKLAN GREK OFISERI
Taryhy makalalar
Osman Gazy Türkmeniñ kümmedini ýumruklan kişiniñ ady Sofoklis Wenizelosdyr. Osmanly imperiýasy birinji jahan urşundan ýeñlip çykansoñ, duşmanlar çar tarapdan onuñ eýelik eden ýurtlaryny paýlaşmakda biri-birleri bilen ýaryşýarlar. Ylla, "Aýgytly ädim" çeper kinofilmindäki Artygyñ harmanyna çozuşlary ýaly! Munuñ bilenem çäklenmedik daşary ýurtly basybalyjylar gujaklaryna oturdan oýnatgylary bolan araplary, grekleri, ermenileri hem osmanlylara garşy küşgürýärler. Ynha, şol ýowuz ýyllarda grek talañçylary Bursa girýärler. Grek sülsadyna Elefterios Wenizelosyñ ätiýaçdaky ofiser ogly Sofoklis Wenizelos serkerdelik edipdir. Bursa - Osmanly türkmen döwletiniñ Stambuldan öñki paýtagty. Göýä taryh alty ýüz ýyl yza dolanan ýaly bolupdyr. Göýä Wizantiýa asyrlaryñ serpigini serpip, türkmenlerde galan birwagtky aryny almaga gelen ýaly bolupdyr. Duşman eline geçen şäheriñ azanlarynyñ zary-girýan aglap gygyrýan oraza günleriniñ biri eken. Sokoflisiñ birnäçe gün garaşan afinyly suratçysy ahyryn şähere gelýär. Sofoklis suratçyny we birtopar esgeri yzyna tirkäp, Osman Gazynyñ kümmedine tarap gaýdýar. Olar kümmediñ öñüne gelenlerinde gapynyñ gulplydygyny görýärler. Sofoklisiñ nökerleri hamana galanyñ diwarlaryna urýan ýaly kümmediñ gapysyna urup başlaýarlar. Jaýryk atan agaç gapy ikä bölünip gaýdýar. Sofoklis suratçyny yzyna tirkäp kümmediñ içine girýär. Girselerem girýärler welin, grek esgerleri birden biri çykyp, mañlaýlaryna ýelmejek ýaly ellerindäki tüpeñleri başly-barat çar tarapa öwürýärler. Osman Gazynyñ mübärek guburynyñ üstüne örtülen sanduka*, başujundaky saryk şeýle bir agras, şeýle bir haýbatly eken welin, olar özleri islemezden birsalym doñup galypdyrlar. Sofoklis geñ galyp durşuna sandukanyñ ýanyna golaýlaşyp mahmal örtügi galdyrýar we sandukany üç gezek yz-yza ýumruklaýar. Ol gylyjyny syryp hyýalyndaky duşmanyna hemle urýan ýaly gygyryp başlapdyr: - Tur, Osman! Guran döwletiñi ýykdyk. Seni öldürmäge geldim. Osman Gazyntñ kümmedini ýumruklan Sofoklis biraz wagt kümmediñ içinde gylyjyny sallap gezenden soñ hamala ýeñiş gazanan serkerde ýaly howalanýar. Ol bir aýagyny we gylyjyny sandukanyñ üstüne diräp, suratça seslenýär: - Bursadan ýadygärlik, surata al! Sofoklis Don Kihotyñ heñinde düşen bu suratynyñ arkasyna şeýle setirleri ýazyp, Afina ugradýar: “Goşunlarymyz Bursany eýelediler. Şu wagt Osmanly döwletini guran Osman aýaklarymyñ astynda. Wizantiýanyn aryny alandyryn”. Taryhyñ bu gynançly sahnasy "Doñuzdan post** bolmaz, gäwürden dost..." diýen nakyly biygtyýar ýadyña salýar. _______________________________ *Sanduka (гробница) - köplenç belli şahslaryñ guburynyñ üstüne örtülýän agaç ýa-da mermer tabyt. **Post - deri, ham, soýka. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||