11:28 Osmanly döwleti üçin çagasyny satan ene | |
OSMANLY DÖWLETI ÜÇIN ÇAGASYNY SATAN ENE
Geň-taňsy wakalar
Osmanly döwleti üçin çagasyny satan päkistanly ene... Geñ gerek?! Bir ene nädip mährine doýmadyk gundagda ýatan bäbegini alaga-da satar goýberer?! Aşakdakylary okamazdan öñ "eger men bolsam haýsy sebäp bolaýanda-da çagamy satardymmy?" diýip pikir edip görüñ. Bilýän, hiç bir ýagdaýda ylalaşmarsyñyz. Şeýle-de bolsa, çagasyny satan päkistanly enäniñ gussaly hekaýatyny okap görüñ. • Osmanly üçin janyny orta goýan Päkis tan Osmanly döwletiniñ ahyrky ýyllary... Häzirki Türkiýäniñ taryhynda aýratyn sahypa eýeleýän Çanakkale söweşiniñ ykbal kesgitleýji sahnalarynyñ bolup geçýän döwründe Päkistanyñ Lahor şäheriniñ iñ üýşmeleñli ýerinde köpçülikleýin miting geçirilipdir. Miting Çanakkale bogazynda ýewropaly basybalyjylara garşy watanyny goraýan osmanlylara garşy maddy ýardam we meýletinçi toplamak maksady bilen geçirilipdir. Garamaýak halk öñem zordan gününi görýändigine garamazdan elindäki-ujundaky barjasyny - gulaklaryndaky gulakhalkalary sypyryp, barmaklaryndaky ýüzükleri çykaryp, öýlerindäki derege ýarar ýaly goş-golamlary satyşdyryp toplan pullaryny orta üýşüripdirler. Ine-de, münbere meşhur şahyr Muhammet Ykbal çykypdyr. Söz sözlände özüne erk edip bilmän aglan şahyryñ agysyna duranlaryñ ählisi aglapdyr. Birwagtlar şöhratly türkmen soltany Mahmyt Gaznalynyñ yslam bilen nurlandyran topragynda doga üçin açylan eller Osmanly üçin, Çanakkaledäki gardaşlary üçin asmana galypdyr. Märekäden öñe saýlanyp çykanlaryñ käbiri elindäki iñ soñky kör-köpügini-de berýändigini az görýän ýaly, meýletinçileriñ hatarynda fronta ýazylypdyr. • Çagasyny satan päkistanly ene Bularyñ ählisi bir ýana. Sessiz-üýnsüzje bolup geçen başga bir waka märekäniñ ýürek-bagryny paralapdyr. Dost-doganlyk diýilýän zat hem ynha, şu bolsa gerek: Magşar meýdanyna dönen mitinge gujagy bäbekli gelen bir dul aýal adamsy täze ýogalansoñ bermäge zady bolmandyr. Eli ýukalygyna kemsinmeden ýaña utanjyna ýere girjek naçar aýal birdenkä adamlaryñ arasyndan çykyp, nirädir bir ýere tutdurýar. Barybam bir baý adamyñ gapysyny kakýar. Ol baýyñ hyzmatkärlerine hojaýyny çagyrmaklaryny haýyş edýär. Hyzmatkärler ony dilegçidir öýdüp diñlemegem islemändirler. Emma aýal aýak diräp duransoñ, bialaç hojaýyny çagyrmaly bolýarlar. Baý ondan näme üçin gelenligini sorapdyr. Dul aýal: "Bäbejigimi saña sataýsam diýýärin" diýip jogap beripdir. Şol wagtlar hyzmatkär bolmaga ýaraýjak kiçijik çagalar satylýan eken. Ýöne edil bäbejikkä çagasyny satýana ilkinji gezek gabat gelen baý ondan näme sebäpli janyndan eý görýän jigerbendini satmakçy bolýanyny sorapdyr. Sorasa-da sorapdyr welin, baý ondan dogry jogap alyp bilmändir. Baý çagany satyn alsa-da alýar, ýöne aýala puluny berensoñ hyzmatkätlerine ony assyrynlyk bilen yzarlamagy tabşyrýar. Puluny eline alan aýal ýañky mitingiñ bolýan ýerine eñýär. Gelşine-de elindäki puly iñ soñky teññesine çenli sanap ortadaky üýşmek pula oklaýar. Hyzmatkärler gelip bolan ýagdaýy hojaýynlaryna habar berýär. Näme diýjegini bilmän galan baý aýaly tapyp getirmeklerini buýurýar. Ýañky görgülini tapyp getirýärler. Baý: - Sen aýtmasañam, men seniñ yzyña adam saldym, menden alan pullaryñy türklere ugratmak üçin ýygnalýan pula goşandygyñy anykladym. Gaýrat et-de, sen indi maña näme üçin çagañy satanyñy aýt - diýýär. Ähli musulman ymmatyna watansöýüjiligiñ nusgasy bolmaga mynasyp bu merdana aýal şonda şeýle jogap beripdir: - Häzir sen "Osmanlylara ugradyljak bir ýarag üçin heniz ysyndan doýmadyk çagañy näme üçin satdyñ" diýýänsiñ, şeýlemi? Osmanly güýçden gaçany bäri alkymymyza dykylyp gelen iñlisleriñ eden-etdiliklerini, zulumlaryny görüp dursuñ. Ýañy Muhammet Ykbal: "Eger Osmanlynyñ iñ soñky galasy Çanakkale elden gitse, halyflygam elden gider we şuña gowy düşüniñ: gezek bize geler" diýdi. Eger iñlisler bärik gelse biziñ namysymyza el uzadarlar, baýdagymyz aýak astyna alynar. Mukaddes watan topragy duşmanyñ pis aýaklarynyñ astynda depgilenensoñ, çagam boldy nä, bolmady nä?!. Ynha, men şonuñ üçin satdym balajygymy. Goý, ol iñlisleriñ guly bolanyndan siziñ hyzmarkäriñiz bolsun! @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |