13:55

Osmanly nämüçin hemişe yza galdy?

Taryhy makalalar
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 448 | Добавил: Gökböri | Рейтинг: 3.8/4
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 9
0
1 Remezan  
1397
Içerde galdym diýip başda aýdylan bolsa gowy boljak ekeni :)))

0
2 Atsyzatly  
1393
Düýnde ýaşamana çalyşmak bu eýýam döwürden yza galmak.

0
3 MURGAP  
1401
Diñe düýni, haçandyr bir zamanlar ötüp giden taryhyny mazamlamak, gijesi gundizi aýdym-saz (gurbaga deý) boş pañkyldawuk öwünjeñlik, sereden tarapyña para bermek (onsuz işiñ bitmez). Şu zatlaryñ içinde ýaşap.
Sowal? Nädip ösmeli (bolmanda ösişe garaşmaly).

0
4 Garayolly2985  
1421
Sag bol, Murgap, gaty hak aydyañ.

0
5 Haweran  
411
@Murgap, siziñ bu aýdanlaryñyz maña gadym zamanlarda bir ýurtda garran ene-atalaryny daga zyñyp gelýän perzentler hakdaky tymsaly ýa-da saldy.
Kemally perzent ýetişdirmek üçin, ony kämillik ýaşyna ýetýänçä ene-atasynyñ ganatynyñ aşagyndan gañryp alyp, özlerine-de "boldy, siz ony ýasadyñyz, dogurdyñyz, etmeli işiñizi edip bolduñyz, geçmişiñ adamy geçmişde galsyn, owarra boluñ indi!" diýip bolmaýar. Çaga 18-20 ýaşaýança ene-atasynyñ akylyndan akyl, paýhasyndan paýhas, terbiýesinden terbiýe alyp, onuñ geçmişde edinen tejribelerinden iýmitlenip ýaşaýar. Munuñ tersini-de edip bolýar. Ýöne iki hili şertde önüp-ösen iki çaganyñ arasynda dag bilen deñiz ýaly tapawut bardyr.

* * *

Taryh hem edil adamlar ýaly. Adam şu güni üçin düýnüni, ertesi üçin şu gününi ýakyp bilmez. Düýn, şu gün, erte - biri-birine seplenen zynjyr mysaly. Biri bolmasa biri ýok.
Muña ugurdaşlykda bir mysal berip, sözümi düşündirmäge synanşaýyn: Bir şahyr bar, kän bir okalyp barylmaýan, isleg bildirilmeýän ortatap goşgularynyñ şu günüñ okyjylary tarapyndan gadrynyñ bilinmeýändigi üçin soñ bir gün (megerem, dünýäden ötensoñ...) goşgularynyñ dür dänesine öwrüljegine umyt baglap ýaşaýar... Gynansak-da, onuñ bärde düşünmeýän bir zady bar: Onuñ gadrynyñ bilinjegine garaşyp geçiren ertesinde-de şu günki görüp ýören adamlarymyz ýaly adamlar ýaşamaly (müñ ýyl mundan owalam biziñ ýaly adamlar ýaşap geçdi), adamlar ölýär, ýerine täzeleri dogulýar, täze dogulanlaram ýene täzeden mekdebe gatnamaly, "a, b, w..." harplaryny, okamagy-ýazmagy öwrenmeli...
Düşündirip bilen bolsam gerek?
Eýse, taryhyñ çarhy hem şobir aýlanyp duran zat dälmi? Makalada ötüp giden zamany ýa wakalary mazamlamak meýli ýok-da, gaýtam awtoryñ häzirki görýän zatlaryna taryhy nogsanlyklary deñeşdirmek arkaly ýiti we inçe protest bar. Taryh şeýdip öwrenilýär, taryhy şeýdip öwrenmeli. Makalanyñ şu günki güne berýän signallaryna düşünmez ýaly çäkli pikirli birine meñzäñzok.

* * *

"Taryh diñe taryhdan ders almaýanlar üçin gaýtalanýar".
Jorj Santaýana.

* * *

"Hiç haçan geçmişde ýaşama, ýöne geçmişden sapak al".
Jelaleddin Rumy.

* * *

"Ertiri gowulandyrmagyñ ýeke-täk ýoly, şu gün nämäni ýalñyş edendigiñi bilmekdir".
Robin Şarma.

0
6 Aksary  
876
"Народ, забывший своё прошлое, утратил своё будущее".
Juda ýatda galypdy...

0
7 MURGAP  
1401
Haweran halypa men aýtjak zadyma ters düşinmäñ. Belki men düşündirip bilýän däldirin (bolup biler). Ynha, meselem öz wagtynda meşhur, iñ aktual ýazylan diýlip tarypy ýetirlen TÜRKMEN romanymyzda oglan öz kakasynyñ sakgalyndan tutyp ýere ýykýa (belki ozüñ-de okansyñ). Kimiñ sozi ýadymda galmandyr "Taryhyny depelän nesilinden görer". Bu dogry ýöne ýurt daşyny gorýäñ, içgin soraşýañ, (ökdeden öwrenýäñ) yene yzyña geleñde dogrusy başyñ ýaýkap goýaýmasañ söz-ä ejiz. "Şapak" romandaky Ataşir epe nire, dowrümiziñ heyjanlekçiler nire...

0
8 mango  
651
Bu terjime Rahmi dädäň makalasynyň doly terjimesi däl bölegi. Onda-da Rahmi dädäň diýesi gelen zady düşnükli. Osmanly imperiýasynyň yza galmagynyň sekiz sebäbi häzirki türkiýäniň akp hökümetinde-de gaýtalanýar. Özem "has ozduryp" gaýtalaýalar - diýýär Rähmi däde.
Bilmedim.... ýöne, Türkiýäň-ä öňküligi ýok ýaly...

0
9 Ependi  
284
Mowzukda, ýokarda birzat aýdylýar, aşagynda başga zat. Mümkin, awtor göwnüne ýarap goýan bolmagam ahmal. "Meýhanaçy" degişme diýilende, Nuryşka pahyryň şuňa meňzeş bir anekdoty ýada düşdi. Bolşuna göräräk aýdaýmasam:
Bir ogry, ýarygije sorag-jogap býurosyna jaň edýär:
- Allo, diňleýän?
- Sorag-jogap býurosymy şu?
- Hawa, aýdyberiň, diňleýän?
- Nemelaý, şü, arak-çörek satylýan dükanyňyz haçan açylýar?
- Ertir sagat 8-de açylar.
- Bolýa, sag boluň!
Bir sagatdan ýene jaň gelýär:
- Arak-çörek satylýan magaziniňiz haçan açylýarka?
- Ertir sagat 8-de.
- Bolýa hanym, sag boluň.
Daňdanraklar doňup, keýpinem kökläp, ýene jaň edýär:
- Eý, aňyrdaky hüýpüpik, açylanokmaý bi sadagasy gitdigim?
- Näme, ýürege düşäýdiňizle? Çöregiňiz gutardymy?
- Ýok, çöreg-ä polka-polka.
- Onda aragyňyz gutardymy?
- Ýok, aragam ýeşşik-ýeşşik. Suwuna düşseňem bar.
- Onda näme, ýarygijeden bäri ýürege düşäýdiňizle halys?
- Ow dogan, açylsa çykmak isleýän, sowuk aldy halys...)

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]