11:26 Osmanly (türkmen) hanedanlygyndan iñ soñky on melike | |
OSMANLY (TÜRKMEN) HANEDANLYGYNDAN IÑ SOÑKY ON MELIKE
Zenan şahsyýetler
■ NURJAHAN SOLTAN Soltan Reşadyñ agtygy Nurjahan soltan 1925-nji ýylda dünýä inipdir. Doly ady Emel Nurjahan Hodo. Stambuluñ Ortaköý raýonynda ýaşan Nurjahan soltan heniz gundagda ýatan bäbekkä ejesi aradan çykýar, şonuñ üçin ol bir gün geler diýip hemişe ejesine garaşypdyr... Nurjahan Daşary işler ministrliginde kätip bolup işleýän birine durmuşa çykmakçy bolanda, "saña ýönekeý işgäre durmuşa çykmak bolanok!" diýip rugsat berilmändir. Nurjahan soltan şonda özüniñ osmanly nesilşalygyndandygyny bilip galypdyr. ■ HANZADA ÖZBAŞ 1953-nji ýylda dünýä inen Hanzada Özbaş Soltan Wahdetdiniñ gyzy Ulwiýe soltanyñ agtygydyr. Teatr sungaty bilen içgin gyzyklanýan Hanzada talypka Hürrem soltanyñ keşbini janlandyrypdyr. Emma ol teatr karýerasyny yzygiderli dowam etdirmändir. Häzir ol Kuşadasy diýen ýerde ene-atasyndan miras galan oteli ýöredýär. ■ KENIZE MYRAT Kenize Myrat 1950-njy ýylda Parižde dünýä inýär. Kenize Myrat Soltan Myrat V-iñ gyzy Hatyja soltanyñ agtygydyr. Soñ ol türk raýatlygyna kabul edilýär we Rajkumari Kenize de Kotwara adyny Kenize Myrat diýip üýtgedýär. Ýazyjylyk bilen meşgullanýan Kenize Myrat häzir Parižde ýaşaýar. Terk edilme, taşlanma gorkusy zerarly paranoýalaşandygyny aýdýan Kenize Myrat ömründe bir gezegem durmuşa çykmady. Mustapa Kemal Atatürküñ geçiren reformalary sebäpli aýallaryñ bagtynyñ işländigini nygtaýan Kenize Myrat "Eger tersine bolan bolsa, hemmämiz haremhanadan daşyna çykyp bilmezdik" diýýär. ■ FAZILE YBRAÝYM SOLTAN Fazile Ybraýym soltan Soltan Wahdetdiniñ agtygydyr. Ol hem Kenize Myrat ýaly Parižde dünýä inýär. Çagalygyny Müsürde geçiren Fazile soltan gaýtadan Pariže dolanýar. Yragyñ iñ soñky patyşasy bilen adaglanan Fazile soltana toý tutmak nesip etmändir, çünki adaglysy hökümet agdarlyşygy wagtynda öldürilýär. Soñ ol köne býurokratlaryñ birine durmuşa çykýar we häzirem şonuñ bilen ýaşaşýar. ■ NESLIŞAH SOLTAN 1921-nji ýylda Stambuluñ Nyşantaşy raýonynda dünýä inen Neslişah soltan Osmanly hanedan depderine bellik edilen iñ soñky kişidir. Kakasy iñ soñky halyf Abdylmejit II-niñ ogly şazada Ömer Faruk ependi, ejesi bolsa iñ soñky osmanly patyşasy Soltan Wahdetdiniñ gyzy Sabiha soltandyr. Neslişah soltan 1940-njy ýylda Müsüriñ iñ soñky hidiwi Apbas Hilmi paşanyñ ogly Prins Muhammet Abdylmömine durmuşa çykdy we ondan iki ogly boldy. Neslişah soltan 2012-nji ýylyñ 2-nji aprelinde aradan çykdy. ■ MIHRIMAH SOLTAN Mihrimah soltan 1923-nji ýylda kakasy şazada Zyýaeddin ependiniñ Çamlyjadaky köşgünde dünýä inýär. Mihrimah soltan heniz bir ýaşyndaka maşgalasy bilen bile sürgüne ugradylýar. Ol 2000-nji ýylda Ammanda aradan çykýar. ■ LARA ADRA 1986-njy ýylda dünýä inen Lara Adra Soltan Abdylhamyt II-niñ ýuwlugynyñ gyzydyr. Liwanda doglan Lara Adra häzir Parižde ýaşaýar we banklaryñ birinde işleýär. ■ BALA SOLTAN 1955-nji ýylda doglan Bala soltanyñ doly ady Bala Hodo. Ol Soltan Reşadyñ agtygy Rukiýe soltanyñ agtygydyr. Häzir Stambulda ýaşaýan Bala soltan ömründe bir gezegem durmuşa çykmady. ■ AÝŞE GÜLNEW SOLTAN 1971-nji ýylda Angliýada dünýä inen Gülnew soltan Soltan Myrat V-iñ ýuwlugydyr. Uniwersitetde taryh we syýasat ugrundan okan Gülnew soltan bäş çaganyñ enesidir we çagalaryna Osmanly taryhyny hem-de nesil şejeresini gürrüñ bermegi iñ uly borjy hasaplaýar. ■ DÜRRÜŞEHWAR SOLTAN 1914-nji ýylyñ 26-njy ýanwarynda Çamlyjada kakasynyñ köşgünde dünýä inen Dürrüşehwar soltan iñ soñky osmanly halyfy Abdylmejit II-niñ gyzydyr. 1931-nji ýylda dünýäniñ in baý hökümdarlaryndan bolan Haýdarabat Nyzamynyñ ogly Azam Şaha durmuşa çykýar we "Berar melikesi" adyny alýar. Hindistanyñ Haýdarabat şäherinde ýaşan Dürrüşehwar soltanyñ Azam Şahdan bir çagasy dünýä inýär. Mahal-mahal Türkiýä gelip giden Dürrüşehwar soltan 2006-njy ýylyñ 7-nji fewralynda Londonda aradan çykýar. Internet materiallary esasynda taýýarlandy. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |