00:33 Osmanlyda beçebazlyk: Elinde tesbi, öýünde oglan, dilinde doga... | |
OSMANLYDA BEÇEBAZLYK: ELINDE TESBI, ÖÝÜNDE OGLAN, DILINDE DOGA
Taryhy makalalar
(Gysgaldylyp alyndy) Osmanlyda beçebazlygyñ aýyp saýylmagy ýewropalaşan reformalaryñ çaltlandyrylan, aýratynam aýal-erkek gatnaşyklarynyñ adatylaşdyrylan Tanzimat döwründen (1839-njy ýyldan) bäri boldy. • Günä ýassygy edilen Oliwera Despina Orhan Gazynyñ döwründe (1326-1359) osmanlylara ýesir düşen Wizantiýanyñ Selanikdäki arhiýepiskopy Gregori Palamas osmanlyda azgynçylygyñ giñden ýaýrandygyny, aýratynam hristian ýesirlere gönükdirilen zorlukly hereketleriñ köp bolandygyny ýatlamalarynda ýazypdyr. "Oglanbazlygyñ" Soltan Baýezit I-iñ döwründe başlandygyny öñe sürýän çeşmeler bolsa günäni Baýezidiñ serb aýaly Oliwera Despinanyñ üstüne ýükleýärler. Hamana bu gäwür aýalyñ ärine tapyp berýän hristian oglanlary beçebazlygyñ osmanlyda giñden ýaýramagyny we köşkdäki "iç oglanlary" toparlanmasynyñ hamyrmaýasyny ýola goýanmyş... Palamasyñam ýesirligi döwründe jynsy zorluga uçrap-uçramandygyny bilemzok, ýöne duşmanlaryna rowa gören ölüm formasy sebäpli taryha ady "Gazykly Woýewoda" diýip giren rumyn boýary Wlad Sepeş Drakulanyñ 1442-1448-nji ýyllarda Soltan Myrat II-niñ Edirnedäki köşgünde başdan geçiren jynsy zorluklary sebäpli şeýle rehim-şepagatsyz biri bolandygyny aýdýan çeşmeler bar. (Drakula bilen birlikde zamuna alynan dogany Radu bolsa öz islegi bilen 1462-nji ýyla çenli Stambulda galupdyr. Muña nähili düşünmeli ýa-da düşündirmeli, teý bilebilmedim). • Tomus gelende owratlara, gyş gelende oglanlara Eýse Soltan Myrat II-niñ görkezmesi bilen Merjimek Ahmediñ pars dilinden terjime eden, XI asyrda ýaşan Kuhystanyñ häkimi Keý-Kowusyñ ogluna nesihat berip ýazan "Kowusnamasyndaky" şu setirleri okanda geñ galdymyka: "...Tomus gelende owratlara (aýallara), gyşyna oglanlara meýil et, bedeniñ sagdyn bolar. Oglan teni gyzgyndyr, tomsuna iki gyzgyn utgaşanda teni halpardar. Owrat teni sowukdyr, gyşyna iki sowuk utgaşanda teni guradar. Wessalam". "Osmanlynyñ beçebazlygy taryhy we jynsy adatylyga öwrendigine garamazdan, Türkiýe Respublikasynyñ etikasynyñ beçebazlygy jemgyýetçilik düzgünleriniñ daşyna çykarandygyny aýdyp bileris" diýýän Halmi Ýawuz Fatih Soltan Mämmediñ "Awny" tahallusy bilen ýazan gazallarynyñ birinse Weýis atly owadan oglany öwendigini, gazalyñ soñunda-da "Eý Awny! Aşygyñ alçy gopdy we ol söýgüli myhmanyñ boldy. Mümkinçiligi sypdyrma, Weýis müñ jana degýändir" diýendigini, Fatihiñ ýene bir gazalynda bolsa Galatadaky buthanadaky popy öwüp arşa çykarandygyny ýazanda gophun turupdy. Bu mesele hem özüniñ düýpli barlanylmagyna garaşylýar... • Däli byradar we kitaby "Osmanly soltanlarynyñ gülüp-oýnap okaýan kitaby" hökmünde meşhurlyk gazanan "Gamlary dep edýän kitap" ("Kitaby Dâfiül-gumûm we Râfiül-humûm") kitabynyñ birinji bölümi nikanyñ artykmaçlyklaryna we jynsy gatnaşykda bolmagyñ peýdalaryna, ikinji bölümi "gulampara" (aktiw beçebaz) doganlaryñ we heleýbaz byradarlaryñ arasynda bolup geçen çekişmelere, üçünji bölümi serwi boýly, ýalañaç ýüzli we läle ýañakly oglanlar bilen söhbetiñ keýplerine, dördünji bölümi kümüş tenli aýallar we jasmin göwüsli gyzlar bilen oýnaşmagyñ sapasyna, bäşinji bölümi düýşlerde bolup geçýän käbir ahwallara we haýwanlar bilen gatnaşyklara, altynjy bölümi passiw beçebazlaryñ (oglanlaryñ) we nämedigi belli däl ýigrenji ahwallaryna, ýedinji bölümi gidileriñ (sutonýorlaryñ?) we buýnuzlaryñ hekaýatlaryna degişli bolupdyr. Kitabyñ awtory bolsa Gazaly tahallusy bilen ýazan, hakyky ady Mämmet bolan, emma "Däli Byradar" ady bilen tanalan medresäniñ uçurymy eken. Däli Byradar 1466-njy ýylda Bursada dünýä inipdir, medresäni tamamlandan soñ döwrüñ tanymal ulamalaryndan Muhiddin Ajamynyñ sapak alypdyr. Bursada "Baýezit paşa" medresesinde müderrislik edip ýörkä Manisa sanjagynda (prowinsiýasynda) şazada Gorkudyñ (Baýezit II-niñ ogly) edebiýat kružogyna giripdir. Ady agzalan kitaby Pyýala aga atly biriniñ haýyş bilen ýazanam bolsa, şazada Gorkudyñ eseri halamandygy üçin gözden düşendigi aýdylýan Däli Byradar 1512-nji ýylda Gorkudyñ tagty eýelän dogany Ýawuz Selim tarapyndan öldürilmeginden soñ Bursanyñ ýakynlaryndaky "Keýiklibaba" türbesinde şeýhlik edipdir. Yzyndan Siwrihisar, Akşehir, Amasýa medreselerinde mugallymlyk edipdir. Soñ bir gün Stambula gelip, Beşiktaş raýonynda hammam açypdyr. Hammamda ýaş oglanlar bilen edýän işleri stambullylaryñ diline düşýärem welin, paty-putysyny arkasyna alaga-da alyslara gaçypdyr. Gaçyp baran ýerine seretseñizläñ: Zaññar mukaddes Mekgäni özüne gaçybatalga edipdir. Däli Byradar 1535-nji ýylda ömrüni şol ýerde tamamlapdyr. "Molla" bolandygy üçin onuñ jynaza namazy Käbede okalypdyr we Käbäniñ töweregindäki gonamçylyklaryñ birinde jaýlanypdyr... • Suhte topalañlary Şu ýere çenli gürrüñ berenlerimiz ýokary döwlet işgärleriniñ keýpi-sapaly durmuşlary barada. Emma Mustapa Akdagyñ halk köpçüliginiñ dykgatyna ýetiren, XVI asyryñ osmanly taryhynda yz goýan "suhte topalañlary" "gyz-gelinsiz erkekli" ýaşaýşyñ örän ýykgynçylykly netijeleriniñ bolup biljekdigini görkezýär. Şol döwürde Osmanlyda işan-molla bolmak üçin medreselerde okaýan uly ýaşly talyplara "suhte" (softa) diýlipdir. Medrese bilimini tapawutlanan bahalar bilen tamamlanlar döwletde kazy, naýyp, müderris, ymam ýaly wezipelere bellenipdir. Medreselerde talyplar ýatymlaýyn okapdyr, ymarathana diýilýän talyplar umumyýaşaýyş jaýlaryndaky 3-5 adamlyk otaglarda ýaşapdyrlar. Akdagyñ aýdyşyndan, "Ömürleriniñ iñ ýaş we ganygyzgyn çagyny bu daşaryk ýapyk, dar, farañky, gümmez görnüşindäki üçeginden tümlügiñ hyýallary sallanyp duran bu hüjrelerde geçirmäge mejbur bolan talyplaryñ aram-aram çykýan şäher köçeleri, bazarlar olaryñ ýaşlyk meýillerini kanagatlandyrmaga ýapykdy. Gizlin işleýän, tutulan ýagdaýynda ondan oña, mundan muña entedilýän jelepleri tapmagam kyn eken (...) Talyplaryñ ýaşajyk oglanjyklar bilen ýatyp-turmagy jemgyýetiñ ahlagyny gemrip, werziş bolan halda dowam edýärdi. Diñe bularam däl, "lewent" diýilýän, oba ýerlerinden gelen, işsiz-güýçsiz entäp ýörem we "sallahlaryñ otagynda" her dürli ahlaksyzlygy etmekden gaýtmaýan uly ýaşlylaram bu azgynçylykly jynsy gatnaşyk formasyny pişe edinipdiler. Aýal-erkek gatnaşyklaryny çakdanaşa çäklendirýär, hatda puluna jelepçilik edýänlere-de göz ýumman bu biçäreleri eýläk-beýläk entedýän şol döwrüñ diýdimzor režiminiñ asudalygyny üpjün edýän gullukçylary jerime töletjek bolup, bir erkek bilen aýaly iñ bolmanda ýöne gürleşip durka ele saljak bolup çytraşypdyrlar. A suhtedir lewentleriñ tebigata çapraz ýaramaz nysagy beçebazlygy bolsa bolaýmaly zat ýaly kabul edilipdir. Hatda şular öwrenip ýörkäk, meýhana deregne ulanylan buzahanalaryñ eýeleri gelýän uly ýaşly müşderileri üçin "täze oglanlary" tapyp beripdirler, olar bu boýunça gadagançylyklary äwmelidirem öýtmändir". Mustafa Akdagyñ beçebazlygy tebigata çapraz gören, hatda şeýtanlaşdyran dilini we jynsy azgynçylyklary ýeke-täk sebäp ýaly edip görkezmegi bilen doly ylalaşyp bolmaýar. Çünki suhteleriñ diñe jynsy problemalary bolmandyr. Okuwy gutarandan soñ iş tapyp bilmezlik ýaly başga meseleleri-de bolupdyr. Bu iki problema birleşende, hakykatdanam iniñi düýrükdiriji ýagdaý emele gelipdi. Hawa, ilkibada umytsyz we gaharly suhteler 100-150 adamlyk toparlar bolup daş-töwereklerindäki ilatly nokatlaryñ halkynyñ rahatlygyny gaçyrmaga, "jer", "gurban", "nezir" ady bilen paç-hyraç toplamaga başlapdyr. Soñra garakçylyga ýüz urlupdur. Anadoluda Tarsusdan başlap Toros daglarynyñ etegi bilen Siwasdan, Erzinjandan Giresunyñ gündogaryna çekilen zolagyñ günbatarynda galan sebitlerde birgiden suhte topalañlary ýüze çykdy. (Akdagyñ pikiriçe gozgalañlar kürtleriñ ýaşaýan ýerlerinde çykman, türkleriñ ýaşaýan ýerleri bilen çäklenipdi, ýagny hamana "milli" häsiýete eýe bolan ýalydy). Suhteler Selanik, Üsküp (Skopýe), Gümüljine ýaly Balkan şäherlerine çenli uzaýan geografiki giñişliklerde ilki baýlaryñ öýüni, soñra ýönekeý ilatyñ öýlerine dökülipdir, olaryñ owadan oglanlary (bulara "ýüzi tüýsüz oglan" manysyny berýän "sâderû" diýlipdir) zorlukly alnyp gaçylypdyr. Käbir ýerlerde olara mugallymlary-da kömek edipdir. Çozuşlykdan paýyny alýan döwlet işgärleri-de bolupdur. Wakalar Kanuny Soltan Süleýman döwrüniñ (1520-1566) soñky ýyllarynda möwjäp, onuñ ogly Selim II-niñ döwründe (1566-1574) ýetjek derejesine ýetipdir. Dumly-duşy talaýan suhteler howpsuzlyk güýçleri özlerini yzarlap başlandan daglara siñipdir, ýaz gelende gaýtadan oba-şäherlere çozupdyrlar. Suhte topalañlaryny basyp ýatyrmak üçin "il äri" diýilýän ýörite güýçler (spesnaz) döredilipdir. Emma suhteler bularyñam üstüne, hatda wagtal-wagtal ýanyçarlaryñ merkezlerine çenli çozuş gurapdyrlar. Suhte problemasy diñe asyryñ ahyrynda gowşapdyr, emma ýerini işsiz esgerleriñem goşulmagy bilen birlikde 1610-njy ýyla çenli dowam etjek Jelaly gozgalañlary alypdyr... • "Tüýsüz oglanlar" gollanmasy Selim II, Myrat III, Mämmet III döwürleriniñ taryhçysy, diwan kätibi, häkimi Geliboluly Mustapa Aly "Diwanynda": "Zenne ragwat edermi akyl olan, Taby-Ali jiwane maildir" Ýagny: "Akly ýerinde bolan aýala meýil edermi? Alynyñ ýaradylyşynda ýaş oglana ýöneliş bar" - diýip ýazypdyr. Ol zamanasynyñ gomoseksualizme bolan garaýşyny iñ gowy açyp görkezýän eserlerinden "Mewâidün Nefais fi Kawaidil-Mejalis’i" eserini ýazypdyr. Bu kitapda oglanbazlyk bir ýandan jemgyýetiñ bolaýmaly kadasy ýaly hasaplanypdyr, bir ýandanam mesele bilen baglanyşykly maglumatlar berlende ýazgarylypdyr. Geliboluly Mustapa Aly eseriniñ dürli bölümlerinde osmanly welaýatlarynda ýaşaýan dürli halklardan we etniki toparlardan bolan ýigitleri hakda gysgaça maglumatlary berýär: “Tüýsüzler soýundan (neberesinden) namart lukmasy bolanlaryñ köpüsi Arabystan piçleri (çöpdüýbileri) we Anadoly türkleriniñ welezzynalarydyr, olaryñ sürdügi gözellik we jazibe (очарование, özüne çekijilik) süresini (wagtyny) hiç bir diýaryñ tüýsüzleri sürmez”. Ýene bir ýerde: “Edirnäniñ, Bursanyñ, Stambulyñ inçe billileri her babatda kem-kössüz we olardan gowy" diýýär. Agzalan kitapdan ýene bir mysal: "Kürt tüýsüzlerinde eneden dogma ewbaşlaryñ (azgyn, terbiýesiz) tejribesine görä sagdyn, ýumşak, uýgun we näme isleseñ edip duranlary köp bolýar. Özem billerinden aşagyny hyna bilen boýaýarlar, dyzlaryna ýetýänçä boýap özlerini bezeýärler." Kitapda ýene-de şeýle diýilýär: "Uzyn boýly, sallanyp-sülmüräp ýöreýänleri ulanmak isleýänler Rumeli köçekleridir öýtmesin. Gul jynsynyñam ýusup çehreli çerkezlerinden we añyrsy horwatlaryñ demlerinden anbar ysy gelýänlerinden bizar bolmasynlar. Emma gürji, rus, görel jynsy saýry garamaýagyñ pohy ýaly. Olara seredip wenger soýundan bolanlar başga taýpaladyñ tebigata uýgun we makul bolanlarydyr. Olaryñ köpüsi hojaýynlaryna hyýanat edýär, oturyp-turmalaryndan, özlerini alyp baryşlaryndan her kişi olaryñ hapa taraplaryny görýär. Geñ galmaly zat, Müsüriñ öýbaşlary hebeşileri gowy görýär. "Ara sowuklyk girýär, hersi samyr ýaly" diýýärler. Aslynda düşek hyzmatynyñ ussadymyş, ýagny goş-golamlary tertipleşdirmegi, düşek ýazmagy we ýassyk oklamagy jan-tenleri bilen isleýärlermiş. Erkeginde, urkaçysynda adamlyk bellimiş: haýsy kentde gabat gelse-de, çalt uýgunlaşyp we gowy hereket edip ýumşaklyk etmeleri añsatmyş..." • Emirgan ady nirden gelýär? Şondan çärýek asyr soñ Myrat IV (1623-1640) Eýrana ýöriş edende galanyñ serkerdesi Emirgünogly Tahmaspguly han atly bir beçebazy Stambula getirip, adyny-da Ýusuba öwrüp, ýanyna işe alypdyr. Patuşanyñ Ýusup paşa beren sowgatlarynyñ birem häzirki "Emirgan" diýilýän raýondaky "Feridun bagydyr". Dmitriý Kantemir we Öwlüýä Çelebä gulak salsañ-a, patyşa bu bagdaky daçasynda Musa Çelebi, Silahdar Mustapa paşa döwrüñ meşhur beçebazlary bilen daña çenli keýp çekipdir. Bir ýandanam halkyñ öñünde ahlagyñ, tertip-düzgüniñ goragçysy bolup çykyş edipdir. Käbir çeşmeler Myrat IV-niñ döwründe 14 müñ, başga bir çeşmede 20 müñ adamyñ kofehanalara (kafelere) gidendigi, çilim, beñ-tirýek çekendigi, arak-şerap içendigi üçin öldürilipdir... Üstesine bu gandöküşliklere patyşanyñ hut özi gatnaşypdyr... Döwrüniñ açyk sözli ýazyjysy Öwlüýä Çelebiden öwrenişimiz ýaly, şol wagtlar beçebazlyk bilen meşgullanýanlara "hizany-dilberan" (keýpbaz ahlaksyz ýaşlar) diýlipdir. Bular "depderi-hizana" ýazylypdyr, hasaba alnypdyr, hasaba alnan kişi döwlete paç tölemeli bolupdyr. Çelebiniñ aýtmagyna görä, "Hizany-Dilberan" topary 500 adam eken. Bular ýer-ýurtsyz, keýpbaz, ahlaksyz, utanç-haýasyz adamlar bolup, öz gadyr-gymmatlaryny bilmän, Babullykda, Kalatýonozda, Findede, Gumgapyda, San-Pawlada, Meýdanjykda, Kiliseardyda, Tatawlada we dürli hili içgi içilýän ýerlerde süri-süri bolup gezip, gerk-gäbe doýan wagtlarynda awlanyp, subaşynyñ duzagyna düşerdiler we ahyrynda depdere ýazylardylar". Çelebi şol wagtlar "Deýýuslar toparynyñ" 212 adam, "Akmak pezewenkler (sutonýorlar) toparynyñ" 300 adam bolandygyny aýdýar. Bular beýleki kärdäkiler bilen birlikde patyşany Eýran ýörişine ugradýan zähmetkeşleriñ hataryna goşulmaga-da utanmandyrlar... • Ýaş Osmanyñ başyna inenler Öwlüýä Çelebiniñ gürrüñimiz bilen baglanyşykly ýene bir açan syry-da Ahmet I-iñ betbagt ogly Ýaş Osmanyñ özüni tagtdan inderen ýanyçarlar tarapyndan öldürilmezden öñ (1622-nji ýyl) namysyna degilmegidi. Emma "Syýahatnamanyñ" bu sahypalary 1896-njy ýylda orginal golýazmany birinji gezek çap eden toparyñ içindäki Nejib Asym beý tarapyndan ýyrtylyp ýok edilendigi üçin, muny ýakyn wagta çenli eşitmändik. Asym beý eden bu işini şu sözleri bilen aklapdyr: "Taryhymyz üçin bu sahypa gara tegmildir. Muny geljekki nesillere görkezmegiñ dogry bolmandygy üçin ýyrtdym!". Bizem öz gezegimizde bu "gara" sahypany ýapalyñ we resmi taryhçylaryñ "Läle döwri" diýip at beren Ahmet III döwrüniñ (1718-1730) meşhur şahyry Nedimiñ liseýleriñ okuw kitaplarynda gabat gelmejek setirleriñize ýüzleneliñ: "İzn alub juma namâzyna deýû mâderden Bir gün ugrylaýalım çerh-i sitem-perwerden Dolaşub iskeleýe dogry nihân ýollardan Gidelim serwi rewânym ýürü Sad'âbâde." Ýagny: "Idin alyp juma namazyna eneñden, Bir günün ogurlaly çarhypelekden. Bir buljum ýere gideli, gizlin ýollardan Gideli, serwi rowanym, ýöre Sadabada". Nedimi (we şuña meñzeş temalary işlän Kanuny döwrüniñ şahyrlary Bakyny we Fuzulyny) gorajak bolup "Diwan şygyry simwolizminden" dem urjaklara: "Aýallar jumga namazyna gitmeýändiklerine görä, Nedimiñ yrmaga synanyşýan serwi boýlusy erkek oglanlaryñ biri bolmaly" diýip, gürrüñimizi dowam edeliñ. • Enderunly Fazylyñ oglanlary Şeýle-de, XVIII-XIX asyryñ diwan şahyrlaryndan Enderunly Fazyl beý (1810-njy ýylda aradan çykan) oglan söýgülilerini öwüp şygyr ýazan açyk sözli adam bolupdyr. "Şairiz, şeýn werir şanymyza, Giremez fahişe diwanymyza". Ýagny: "Jelepler biziñ kitabymyza girip bilmez, Biz şahyr, bu biziñ şanymyza şek ýetirer" - ýaly meşhur beýtiñ awtory bolan şahyr "Defteri-Aşk" eserinde dört erkek söýgülisini (birinjisiniñ adyny aýdanok, ikinjisiniñ ady Süleýman beý, üçünjisi Şehlewendim Abdylla aga, dördünjisi Ysmaýyl atly bir köçek), şeýle-de ýene bir söýgülisini begendirmek üçin ýazan "Hubannama" eserinde dürli ýurtlaryñ erkeklerini, söýgülisiniñ "aýallar bilen ýatyp-turaryn" diýip gorkuzandygy üçin ýazan "Zenannama" eserinde şol ýurtlaryñ aýallaryny, "Çeññinama" eserinde döwrüniñ oglan tansçylaryny (köcekleri) gürrüñ beripdi. "Diwan" eserinde bolsa döwrüniñ tanymal adamlaryna düzen odalary we oglanlara bagyşlap ýazan gazallary ýerleşdirilipdir. Heniz hammamlaryñ beçebazlyk medeniýetindäki ornuna, köçeklik däbine, galandarçylykdaky we bekdaşylykdaky "müjerretlik" medeniýetine, Ýanyçarlar merkezindäki "jiwelek" batalýonlaryna, tüýdük saz guralyndaky beçebazlyk signallaryna we elbetde lezbiýankalyga (teletinbazlyga) girmänkä, makalamyza berlen ýer hem gutardy. • Ahmet Jewdet paşanyñ kesgitlemesi Uzyn gepiñ gysgasy, Osmanlyda beçebazlygyñ aýyp saýylmagy ýewropalaşan reformalaryñ çaltlandyrylan, aýratynam aýal-erkek gatnaşyklarynyñ adatylaşdyrylan Tanzimat döwründen (1839-njy ýyldan) soñ başlapdyr. Şol döwrüñ alymy we resmi taryhçysy Ahmey Jewdet paşa "Maruzat" eserinde soñky ýagdaýy şeýle beýan edipdir: "Aýala höwes edýänler köpeldi, oglan meýiljeñleri azaldy. Oglanbazlyk ýere batana döndi. Stambulda öñden bäri dowam edip gelýän ýaş oglanlara bolan söýgi we gyzyklanma gyzlara ýöneldi. Soltan Ahmet III-iñ döwründen bäri dowam edip gelýän "Kagyzhana seýri" has köp ragwat tapdy. Hem şol ýerde, hem "Baýezit" meýdanynda arabalara yşarat berme usuly başlady. Döwletiñ ýokary wezipeli adamlarynyñ arasynda gulamparalygy bilen meşhur Kamil we Ali paşa dagy bilen bularyñ yzyna eýerýänler galmady..." Aýşe HÜR. "RADIKAL" gazeti, 10.11.2013 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||