20:00 Otluda / ýumoreska | |
OTLUDA
Satiriki hekaýalar
Bir gezek işim çykyp, otla münmeli boldum. Ýerleşen küpämde, menden başga-da üç zenan bardy. Otly ugrap-ugramanka, aýallar orta iýer-içer ýaly zat çykarşyp, termoslaryndan çaý guýundylar. Aýna golaý oturan tyňkyja zenan, gürlemek gürleýärdi weli, orta çykarylan zatlary görüp, sözüne dyngy berdi. Eýelerinden öňürti ortadaky zatlara el urdy. - Indikide, gutap bişireňde, ýokarsam mazaly gyzarsyn. A, gyz, süzmäni duzlasaň bolmaýarmy?! Gaýnan etinde-de, tagam-tagsyr yok. Näzikjemal, kelem duzlaňda, beýdip iri-iri atmazlar-da, maýdaja dograp duzlarlar. Sarymsagynam köpräk atgyn. Annajemal, mantyny özüň bişirmändigiň bildirip dur, ýagy-ýaljagy ýok. Indikide, gelniňe ynanmagyn. Etinem elde dograsaň, süýji bolar. Şol wagt gapymyzdan biri geçip gitdi. Oturanlaryň biri: -Ýaňky geçen aýdymçy-da, gyz. Sähet agalaryň toýunda hezil berdi. Köneden diýseňem, täzeden diýseňem, güzüledip dur. Tyňkyja agzyndaky çöregini yuwdaryna howlugyp: - Men bu bagşylara gaty beletdirin. Olaň entek aýdym aýdyp hezil beren ýeri ýokdur. Aýny bolmasa, hondan bäri bolup, «Ony getir, muny getir» diýip, şol ýuwdarhalygyny eder oturarlar. Olaň milleti aldamakdan başga işi bolmaz. - Beý diýme, gyz. Arasynda hezil berýänlerem ýok däl. - Belet-le olara. Magnitofon aýtdyryşyp, dodaklaryny gymyldadan bolup oturandyrlar. Toý gutaryp-gutarman, «Hasaplaşyň» diýip, elini serip durandyrlar. Oňa çenlem: ''Çaýyňyz-zadyňyz barmy?'' diýip, ýolbelet geldi. Ol giren badyna, tyňkyja ýene gürrüne başlady. - ''Çayyňyz barmy?'' diýen bolup, biziň aladamyzy edýändir öýdýäňizmi. Ol öz aladasyny edýär. Öljek weli, pul yonjak! - Bolsa-da, gowy adam ekeni, habar tutup dur. Tyňkyja hasam gazaplandy. - Beletdirin men bulara. Äri otluda adam soýsa, aýaly jygyllykdan çykanok. Ikisi iki ýerden hars urýarlar. Yeri, ekläp bilmeýäniniz kim diýsene?! Bary-ýogy ýekeje gyzlary bar. Şony gelin edinip bolsa, bagtyň çüwjek. Bulaň bar ýygnanjasy saña galjak. Görmeksizrāk diýäýmeseň, erbet maşgala däl. - Ýogsa-da, Gurbangözelem gyzyny çykarjakmyş, guda bolupdyr. Tyńkyja ony gürletmedi. Gazaplandy, otly köýnek geýdi: - Şoň çöpe jan bitdisi kime gerek bolduka? Aljak gelniň ýagyrnysy ýapy ýaly bolsun-la, kerpiç-zat guýdursaňam, ejizlemesin. Üçünji aýal gürrüňe goşuldy. - Gelin diýibem Kümüşiňkilere aýdaýsaň. Tüweleme, bäş gelin bir howludan örüp ýör. Bolmasa, şu zamanyň zenanlarynyň ikisini oňuşdyrmak hyllalla. Tyňkyja durup bilmedi. - Oňuşdyraýşyny şol Kümşüň. Günleri bir bolsa, dawalary alty-ýedi bar olaň. Haçan görseň, howlusynda ahyrzamana gopýar. - Çagalardyr ol goh edýänler. Biz-ä goňşy otyrybam, entek şolaň sene- mene edenini eşidemzok. - Goňşy bolmasagam, bilýäs. Goh etdirmejek bolup, ýedi çagaly gelnine çenli ýaşyndyrýar. Men bir zat diýemde, ''hä'' diýerler. Bilmesem aytman. Ylalaşyk yokmuş olarda. - Utanaňokmy, gyz?! Olaň gül ýaly güni bar ahyry! - Bolaýşyny! Ol il Bizem kör ýa ker däl, aňýas o zatlary. Tyňkyja çaýyndan bir owurtlady-da, ýanynda oturanyň ýüzüne alaryldy. - Külke çaýdan demlenip içmäge utanaňokmy? Gije-gündiz hars urup, özüňe dözmän, näme sen o zatlary o dünýä äkitjekmi? Jasmin içerler. Beýleki gelin çydamady. - Atymlyk çaýyňyz bar bolsa, getiriň, men täzeden demläp geleyin. Tyňkyja hasam gazaplandy. - Eneň ýaly adamdan zat diläp durmaga utanaňokmy? Ýadymdan çykaýypdyr. Indiki gezek getirerin, bu gezek, bar, birinden diläp al-da, demläý. Näzikjemal, çöregiň dagy daş bolup gidipdir-le. Yola çykaňda dagy bir yumşajygyny alarlar. - ''Baryny beren uýalmaz'' diýipdirler - diýip, Näzikjemal sypaýyçylyk etdi. - Uyalmaly. Töweregiňi sylamaly. Ana, ol oturan gelin näme diýer?! Biz-ä saňa belet welin, birinji gezek görýän adam sen hakda yaramaz pikir etse, gowy däl. Indikide, maňa hödür etjek bolsaň, ýylyjak çörek algyn. Näzikjemal gürrüňi başga ýana sowjak bolup, ýanyndaky gelne: «Köýnegiň gowy ekeni-le, gyz» diýdi. Tyňkyja oň sözüni soňlamaga goýmady. - Nämesi gowumyş ol artybyň? Bir oturyp-tursaň, ýygrym-ýygrym bolýar. Gowy mata gerek bolsa, maña aýdarlar. Özüm tapyp bererin gowy zady. Mende ýok zat bolmaz, bahasyny oňuşsaň. Agaň näme diýseň getirýär. Howlymyz gül pürkülen ýaly. Maşynymyzyň-a sanynam bilemok, bäş-alty dagy bar öýdýän şol hazanlar. Her oglumyn jaýynda üç kondisioner, iki holodilnik, üç telewizor dur. Özem reňklisi. Gelinlerdir gyzlaram gyzyla gömlüp oturandyr. Aý, näme, oglanlaram gyrmalap guýup durlar. Onson, on hözirini görmän näme. Yolbelet geldi. «Postelleriniz üçin pul töläň» diýende, tyňkyja ilk-ä eşitmedik boldy, soňam aňrysyny bakdy-da, oturyberdi. Yolbeledem alman giderli däl: - Daýza, senem töle diýensoň, tyňkyja ýanyndakylara yüzlendi: - Bir gezek tölenmände-de hiç zat bolasy ýok. - Wah, daýza jan, bir gezek däl, sen her gezek şeýdýäň. - Masgara etmäň-ä, biriniz töläp goýberiň meňkinem, baramsoň bererin. - Sen öňki gezekkilerini bir ber entek diýip, Näzikjemal hüňürdedi. - Äl, adam däl ekeninň, sähel zat üçin masgara etjek bolup dursuň. Senem, hanym, alaý şu artybyňy, maña derkar däl diýip, ol postelini düýrüşdirip başlady. Men çydaman oňam puluny töledim. Tyňkyja bolsa: - Senem, şular ýaly son diline çolajak bolsaň, berme. Ol ýene-de esli zatlar diýjekdi. Emma men düşmeli boldum. Ýöne iki ädim ädip-ätmänkäm: «Yaňkam çakym çak bolsa, gazanjyny sowup bilmeýärlerden bolmaly. Gysyklygyna seret, bolmasa üçimiziňkinem töläýme-lä. Bize göwni ýetmedi. Adam diýeniň, kiçigöwünli bolar, meň ýaly» diýen sesi geldi. Men ýylgyranymy duýman galdym. Hudaýberdi BÄŞIMOW, Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň edebiyat bölüminiň müdiri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |