20:55 Oturaýyň, ýaşuly! / ýumoreska | |
OTURAÝYŇ, ÝAŞULY!
Satiriki hekaýalar
Düýnem, şu günem awtobusyň äpişgesinden şol meňzeş zatlary – belent ymaratlary, seýil baglaryny, köçeleri synlap geldim. Wah, men olara mejbury syn etmeli bolýan. Özünem gözümi aýyrman! Obadan gelen daýhan ýaly aňkarylýan. Ine, azyk dükany. Yz ýanyndanam kitap satylýan dükan. Çolaja seýil bagyna indi ýetmeli... Eýýäm boýnumam agyryp ugrady. Dagy näme, bir sagat bäri gaňrylyp barýan ahyry! Kinoteatryň, dükanyň, uniwersitetiň... deňinden geçip gitdik. Garşymda oturan gyzjagazam hiç neneň däl ýaly. Men onuň ýüz keşbini sag gözümi çala aýlap goýberenimde saýgardym. Näzenin diýseň näzenin. Gözi-gaşy ýerinde. Lak ataýsaňam bolman durjak däl. Agşamarada duşuşaly diýsem. Aý, ýok, oňaýyn. Pedinstitutyň, teleatelýäniň, telegrafyň duşundan geçdik. Soňky wagtlar awtobuslaryň aýnasynam süpürenoklaraý! Äňedýän welin, ýöne duman bolup dur. Indi gözümem ümezläp ugrady. Boýnum-a oňrulara geldi. Beýläme dönesim gelýä... Emma beýtmek bolanok-da. Barysynyň sebäpkärem meniň utanjaňlygym, namysjaňlygym. Asyl tebigy gurluşym şeýle. Ynha, kellämi saga öwürdigim indi atam eýýamyndan bäri garantga ýaly sömelip duran ýaşuly birden gözüm sataşar, onsoň durup bilmän: “Meň ýerimde oturaýyň, atam!” diýmeli borun. Gör, muny! Çaklaýşym ýalam boldy. Kellämi öwren badyma çaýkanyp duran ýaşulyny gördüm. - Bärik geçäýiň! – diýip, men çalasyn ýerimden turup, goja ýer berdim. Ýaşuly oturdy. Menem awtobusdan düşdüm. Çünki duralgama ýetipdim. Ýakow BRANISKIÝ, Ukraina. “Edebiýat we sungat” gazeti, 01.05.1985 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |