ÖWLÜÝÄLERDEN NESIHATLAR
Ybraýym ibn Edhem hezretleri bir adamdan sorady:
- Allah dostlaryndan bolmak islärmisiň? Ol adam:
- Hawa islärin-diýende:
- Dünýä hem ahyret bilen baglanşykly hiç bir zada köňül berme. Özüňi diňe Allaha (j.j) ber. Bütin durkuň bilen oňa ýönel!" diýdi.
Ýbraýym biri bilen dost bolupdy. Ol kişi aýyrylyşjak wagtlary soraýar:
- Meniň haýsy bir aýbymy gören bolsaň, düzeltmegiň ýoluny salgy ber:
Ybraýym:
- Men sende hiç hili aýyp görmedim. Çünki saňa söýgi gözi bilen bakdym. Şu sebäpden seniň her bir hereketiň maňa ýarady, diýýär.
Ybraýym ibn Edhem hezretlerinden soradylar:
- Doga edýäris: Ýöne dogamyz kabul bolmaýar. Eýse munuň sebäbi nämekä?
Jogap berdi:
- Uly Allahy (j.j) tanaýarsyňyz, emma boýun egmeýärsiňiz, Resuly bilýärsiňiz, emma onuň sünnetine tabyn bolmaýarsyňyz. Kur'an okaýarsyňyz, emma onuň bilen amal etmeýärsiňiz. Nygmaty iýýärsiňiz, ýöne şükür etmeýärsiniz. Jennetiň boýun egenler üçin ýaradylandygyny bilýärsiňiz, emma oňa ýetmegi ýürekden arzuw etmeýärsiňiz. Jähennemiň asylar (günäkärler) üçin bezelendigini bilýärsiňiz. Ýene-de ondan gaçyp goranmaýarsyňyz. Şeýtanyň size duşmandygyny bilýärsiňiz, emma onuň bilen dostlugy terk etmeýärsiňiz. Ölümi bilýärsiňiz, emma haýyr etmeýärsiňiz. Ölüleriň topraga gömülenini görýärsiňiz, ýöne ybrat (görelde) almaýarsyňyz. Öz aýyplaryňyzy unudyp, özgeleriň aýyplary bilen meşgullanýarsyňyz. Bu ýagdaýda dogaňyz nähili kabul edilsin?
Ybraýym ibn Edhem hezretleri bir adama şeýle nesihat edipdi:
"Şu alty zady ýerine ýetirmeseň, kämillige ýetmersiň:
1. Bol-elinlik gapysyny ýapyp, ýeter-ýetmezçilik gapysyny açmaýançaň:
2. Hormat gapysyny ýapyp, horluk gapysyny açmaýançaň:
3. Äwmezligi terk edip, gaýratlylyga köňül bermeýänçäň:
4. Ukyny terk edip, ukysyzlygy özüňe adat edinmeýänçäň:
5. Baýlyk gapysyny ýapyp, ölüme taýýarlanmaýançaň:
6. Uzak ýaşamak arzuwuny goýup, ölüme taýýarlanmaýançaň:
"Ýene-de şu alty öwüdi kabul etseň, hiç hili zelel görmersiň",
1. Günä etmek islän wagtyň, Allahyň ryzkyny iýme!
2. Günä etmek islän wagtyň, onuň mülkünden çyk!
3. Günä etmek islän wagtyň şeýle bir ýerde bol ki, Ol seni görmesin!
4. Ölüm perişdesi gelen wagty oňa, "toba etmegim üçin maňa möhlet ber" diý!
5. Soragçy perişdeleri gelende, olary kow!
6. Kyýamatda "günäkärleri: "Jähenneme eltiň" diýen perman gelende sen gitme!
Sözler