11:52 Ownuk mesele diýmäñ! | |
OWNUK MESELE DIÝMÄÑ! Goşun esgerleriñ uly maşgalasy. Bu maşgalada dürli häsiýetli, biri-birine asla meñzemeýän terbiýeli, üýtgeşik oý-pikirli ýigitlere duş gelinýär. Biri goşun gullugyndan öñ saz sungatyny öwrenip, gullukda-da şoña guwanyp, bu sungaty dowam etdirýän bolsa, başga biri sürüjilik käri bilen, üçünjisi sport äleminde tejribeli türgen hökmünde giñden tanalýar. Esgerleriñ häsiýetleriniñ deñ bolmaýşy ýaly, olaryñ öz egin-eşiginiñ arassaçylygyna, edebine berýän ünsi hem gyradeñ däldir. Bir harby bölümde öz egin-eşigini, üst-başyny arassa saklaýan esgerem, kirden ýaňa gatap giden harby lybasyny utanman geýip ýören, ädigine ädik ýagyny çalmaga ýaltanýan esgerlerem gulluk edýär. Egin-eşigini arassa saklaýan, saç-sakgaly elmydama timarlanan, aýakgabyby yzygiderli ýaglap durýan esger harby bölümiñ içinde-de, şäheriñ köçelerinde-de özge adamlara görelde görkezýändigine, türkmen esgeriniñ abraýyny galdyrýandygyna hemişe buýsanyp biler! Emma onuñ egindeşini türkmen esgeriniñ mertebesi, edebi näme üçindir gyzyklandyrmaýan ýaly. Ol egin-eşiginiñ arassaçylygyna, ädiginiñ ýalpyldap durmagya biperwaý garaýar. Hatda ol bir gezek öz gullukdaşynyñ türgenleşik meýdanyna gitmäge taýýarlanyp, ädigini arassalap duranyny, harby lybasynyñ ýakasyna arassa ak matany tikip oturanyny görüp: "Pylany, näme haýyr-heläk bolup otyrsyñ, şähere gezelenje gideñog-a, barjak ýerimiz türgenleşik meýdany, o taýda arassa egin-eşigiñ, ädigiñ hiç kime gerek däl, biderek alada galýañ" diýip, oña akyl öwretjek bolýar. Emma göreldeli esger: "Gullukdaş, şähere gezelenje gitmesemem, häzir biz türgenleşik meýdanyna çenli pyýada, şäheriñ gözel köçelerinden ýöräp gitmeli, adamlar biziñ harby lybasymyza, ädigimize seredip, şoña görä goşunyñ ähli esgerlerine baha bererler" diýip, oña akylly-başly jogap berýär. Wepa JÜTDIÝEW. # esger_gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |