22:59 Öý ruhunyň gündeligi | |
ÖÝ RUHUNYŇ GÜNDELIGI
Mistika we fantastika
Birinji bölüm 10-njy iýul. Şu günden başlap gündelik ýöredip başlajak. Sebäbi mundan ýüz elli ýyl dagy öň bolan zatlar ýadyma düşýär, ýöne ondan aňrysyny unudyp başladym. Şonuň üçin esasy wakalary gündelige ýazmakçy. Belki peýdasy deger. Depderi öý bikesiniň zatlarynyň arasyndan aldym. Bilmez diýip umyt edýän. 11-nji iýul. Nahardan soňra gap-gaçlary ýuwmadyňmy?! Kümüş zynjyryň bilen hoşlaşyber...Gaty arkaýynlaşdyňyz birhilli.. 12-nji iýul. Gije gaty ýürek gysgynç boldy. Birazajyk göwün açmak üçin pişik bilen kowalaşdyk. Galmagalymyza öý bikesi oýandy. Pişigi urup, goş saklanýan jaýa saldy. Şonuň üçinem diş pastasynyň galyndysyny zibil atylýanda görer. Pişik maňa gaty gaharlandy. Sebäbi kowalaşanda bile kowalaşanmyşyk jezalanan bolsa onuň bir özimişin. 14-nji iýul. Gije işsizlikden ähli gap-gaçlary şakyrdadyp çykdym. Öý bikesi ýorganyň aşagyna bukuldy we şeýdip menden gutularyn öýtdi. Hawa, käwagt şeýdip gülkinç hereketlerem edäýýär ol... 15-nji iýul. Eli tütetgiçli (kadilo) semiz pop geldi. Tutuş öýi tüssä bogdy. Öý bikesine-de indi hemme zatlaryň gowy boljakdygyny aýtdy. Bilmedimdä... Bujagaz tütetgijiň bilen meni ýeňäýermikäň?! 17-nji iýul. Şkafa girjek wagtym tötänlik bilen gapdaldaky wazany döwdüm. Ýene-de pişik jezalandyryldy. Indi ol meniň bilen gürleşenok. Gaharly gözleri bilen seredip otyr. Birhilirägä boldy özä... 18-nji iýul. Öý bikesi, öýi tozan sorujy bilen arassalady. Bir ýarym sagatlap pişik bilen krowadyň aşagyndan çykyp bilmän otyrdyk. Dowzah maşyny! Bir gowy zat, pişik bilen ýaraşdyk. 21-nji iýul. Üç günläp ýazyp bilmedim. Sebäbi ol günki arassaçylykdan soňra gündeligimi tapmadym. Üýtgeşik bolan zadam ýok. Elinde gül bilen bir erkek myhmançylyga geldi. Agşam bizde galýan boldy. Pişikden onuň köwşüne meýdan etmegi haýyş etdim. Başda razy bolmady. Diwanyň aşagyndan oýunjagyny alyp bermegi wada berdim welin derrew razylaşdy...Hawa, ýene jezalandyryldy. 22-nji iýul. Gije köne endigim boýunça öý bikesini oýardym. Indi bu erkek bizde her gije galjakmyşyn, ony gorajakmyşyn...Özüne Rembodyryn öýdýämikä? 23-nji iýul. Gije ol erkegem oýardym. Hiç halamadym şony. Tizräk gitse gowy boljak. 24-nji iýul. Öýde arassaçylyk işlerini geçirdim. Indi öý bikesi altyn zynjyryny tapman ýör. Pişigiň meýdan edýän okarajygyna taşlaýsammykam diýýän. 27-nji iýul. Ekstransensleriň bäsleşigine (Битвы экстрасенсов) gatnaşýanlar geldi. Bir-birden öýe girip çykdylar. Hemmesinem kowdym. Ýekejesem yzyna gelmedi. Ýöne aýdyşlaryna görä men- öý bikesiniň ölen atasynyň ruhy ekenim. Aldaýalar! Ol ruhuň gidenine iki ýyl boldy. 29-njy iýul. Öý bikesi indi meniň üçin peçiň aşagynda süýt goýýar. Men şol ýerde ýatýandyr öýdip pikir edýändir. Tapdyň akmagy! Men indi onuň ýanynda krowatda ýatýan. Öňiräkki erkek dürli bahanalar tapyp bize gelmesini goýdy. 30-njy iýul. Öý bikesi öýüň hemme ýerine diýen ýaly ikonka asyp çykdy. Seredip çykdym... Öňler gowy çekýärdiler... 2-nji awgust. Desantçylar üçin! 3-nji awgust. Güni bilen öý bikesi öýden pişigi gözläp tapmady. Gaçyp gidendir öýdip pikir etdi. Biz bolsa pişik bilen şkafda otyryp onuň bolup ýörşüne gülişdik. 5-nji awgust. Göze görünmeýän režimi işletmegi ýatdan çykarypdyryn... Öý bikesi saçyna boýag almaga gitdi. 9-njy awgust. Pişik bilen bilelikde aýdym aýtdyk. Öý bikesi weterinara jaň etdi. Pişik indi biçilmekden gorkýar. 12-nji awgust. Ahyrsoňy öý bikesi öýi satdy. Düýn göçüp gitdiler. Pişik bilen kepderiler arkaly hat ýazyşyp durmaga gürleşdik. Gidensoňlar gördüm, samsyk pişik peçiň aşagyny görer ýaly etmändir. 14-nji awgust. Täze maşgala göçüp geldi. Aý indi... Ikinji bölüm 20-nji awgust. Pişigi göresim gelýär. Ol bolsa meni göresiniň gelmeýäni ýazýar. Sebäbi biçilmek meselesi entegem galmanmyşyn. Aldajak bolýar kezzap. 21-nji awgust. Olaryň göçüp baran öýüniň ruhy bilen gürleşdim. Ol ýerlerimizi çalyşmaga garşy däl. Ýogsam näme, bärde üç otagly, olarda bolsa iki otagly. Göçüp gitmek barada kepderiler bilen gürleşdim. Meni göçürip äkidenleri üçin ýarym gap çörek owuntyk soraýalar. Bahany gaty galdyrýalar. Inflýasiýany bahana edýäler... 22-nji awgust. Goşlarymy ýygnadym. Kepderilere garaşýan. 24-nji awgust. Ahyrsoňy täze öýe ýetip geldim! Pişik ilkibada özüni meniň gelenime begenmeýän ýaly edip görkezjek boldy. Soňra bolsa penjiräň öňüne geçip otyrmagy teklip etdi. Şol ýerde-de meni göresi gelenini aýtdy. Gujaklaşdyk. 25-nji awgust. Pişige aýnada babaý ýaşaýar diýdim. Başarsa aýnaň töweregine barmajak bolup ýör. 26-njy awgust. Pişigiň tabagyndan süýt içdim. Soňam siňekler içip gitdi diýdim. Ol möý bilen gürleşmäge gitdi. Kerebe düşen siňekleri sorag etjekmişin. 27-nji awgust. Hammamda taýyp ýykyldym. Arassaçylygyna seredäýmeli welin...Öý bikesiniň owadan, gowy görýän saç gysgyjyny ýitirim etdim. 28-nji awgust. Öý bikesiniň täze ýigidi bar eken. Pişik onuň köwşüne meýdan etmek islänok. Hiç hili oýunjagam täsir edenok. Gije ýatmaga galsa, onam oýarmaly bolaryn. 29-njy awgust. Ýigidem hammamda taýyp bijaý ýykyldy. Pişik bilen el ýuwulýanyň aşagynda otyryp, gülkiden ýaňa tas ýarylypdyk. Öý bikesiniň saç gysgyjyny yzyna berdim. 30-njy awgust. Pişik bilen bukuldym oýnadyk. Özümi hamala ony gözleýän ýaly alyp barýan. Bir azajyk ýeke galasym geldi. Ýogsam bilýänä onuň şkafyň içinde oturanyny. 31-nji awgust. Pişik menden öýkeläp ýör. Sebäbi men ony gözlemegi ýatdan çykarypdyryn. Ol bolsa uzakly gün eşik guradylýanda oturypdyr. Bäh...Men onda beýle fantaziýa bardygyny bilmändim. 1-nji sentýabr. Bilimler güni. Pişik harplygy iýdi. 3-nji sentýabr. "Üçünji sentýabr" ( «Третье сентября» («Я календарь переверну…») aýdymyny ýerine ýetirdim. Diňleýjilerim pişik hemem bikesi. 4-nji sentýabr. Şu ýigide-de haýran galýan. Gelýär-gidýär. Gidýär-gelýär. Meniň bägüllere allergiýam bardygyny nädip düşündirip bolarka şuňa?! 5-nji sentýabr. Pişige öýde syçan bardygyny aýtdym. Ol derrew söweş ýagdaýyna geçdi. Gije ýatanok. Syçanyň peýda bolaryna garaşýar. 7-nji sentýabr. Men ýatyrkam, pişik syçany tutypdyr. Muny maňa pişigiň özi aýtdy. Göwnüne degmäýin. Goý, men ynanandyr öýtsün. 8-nji sentýabr. Ýigidiň maşynynyň açaryny gizläp goýdym. Ol bolsa agşam ýatmaga galdy. Pişik munyň soňy gowylyk bolmaz diýdi. Dogry aýdýan ýaly... Açary ýerinde goýdym. Pişigede öýde hiç hili syçanyň bolmandygyny aýtdym. Gaty gördi. Gürleşenok. 9-njy sentýabr. Pişik indi öý bikesine ýaranjaňlyk edip başlady. Meýdan edýän okarajygyny agdaryp goýberdim... Dostuňy aýal-gyza çalyşmak, gaty erbet ýalňyşlyk. 10-njy sentýabr. Gündelik depderim hem doldy. Gidip öý bikesiniň zatlarynyň arasyndan täze depder alaýyn. Üçünji bölüm 12-nji sentýabr. Täze depder tutundym. Sowadyjyda otyryp ýazýan. Gije sagat üç. Hiç kim görmeýändir öýdüp öý bikesi kolbasa iýip otyr... 13-nji sentýabr. Pişik myýawlaýar. Men asgyrýan. Öý bikesi bolsa çokunýar. 15-nji sentýabr. Pişik bilen Kamasutrany okadyk. Nähili okadyk? Içindäki suratlaryna seredip gülüşdik...Soňra uzak wagtlap pikirlendik. 16-njy sentýabr. Pişik krowadyň aşagyna meýdan edipdir. Näme üçin beýdenini bolsa özem bilenok. Gorkýar. Birki günläp nirde gizlenjegini soraýar. 17-nji sentýabr. Öý bikesiniň ýigidi, öýüň içinde şypbykly aýlanyp ýörkä pişigiň s*ýdigine taýyp ýykyldy. Pişik gaçyp şkafa girdi we özüni tozan süpürip ýören ýaly edip görkezjek boldy. Ýigit turup pişigiň yzy bilen girjek boldy. Ýene-de taýyp elini döwdürdi. Lýustranyň üstünden bulara seredip, gülüp-gülüp lýustra bilen bilelikde öý bikesiniň gapdalyna gaçdym. 19-njy sentýabr. Ýigit indi bize gelenok. Pişik ýene jezalandyryldy. Meniň bilen gürleşenok... Meniň näme günäm bar bärde?! 20-njy sentýabr. Ýaraşmak barada hat ýazyp pişigiň öňüne taşladym. Ol uzak wagtlap, edil okap bilýän ýaly bolup hata seredip otyrdy. Soňam haty iýdi-de, razydygyny aýtdy. Meniň pikirimçe, men oňa kembaha garapdyryn. Gündeligi gizläp goýaýyn gowysy. 22-nji sentýabr. Pişik bilen "Daş-gaýçy-pyçak" oýnadyk. Dogrusy, gyzykly bolmady. Sebäbi pişik diňe kagyzy saýlaýar hemem utulýar. Indi bolsa krowatda ýatyr, kelle agyrydan nalaýar. 23-nji sentýabr. Santehnik geldi. On altylyk açar sorady. Menem tapyp berdim... Soran zadyň berildi, özüňden gidip, çaşyp ýatmak nämä gerek?! 25-nji sentýabr. Ýene pop, ýene-de tütetgiç... Popdan köp tüsse goýbermezligini soradym. Olam, şonuň üçin pul alandygyny, indi çydamaly boljakdygyny aýtdy. Puly yzyna gaýtarmak barada aýdanymda bolsa, eşitmediksirän boldy. 26-njy sentýabr. Pişige, geranda köp witamin bar diýdim. Göreli hany... 27-nji sentýabr. Öý bikesi indi ikinji gündir gijeligine çyrany öçürmän ýatýar. Menem iş edinip öçürýän. Ýatmaga päsgel berýärahow... Ukydan öň uzyn-uzyn dogalary diňläp ýatýan. 28-nji sentýabr. Pişigiň doglan günini belledik. Waleriýanka içdik, aýdym aýtdyk. Agşam penjiräniň öňünde gürleşip otyrdyk. Pişik birden üçege çykyp ýöräp başlady. Ýykylaýsada hiçmişin, sebäbi onuň dokuz jany barmyşyn. Içgili wagty şoň ýalyrak bolýada... 29-njy sentýabr. Kelle agyry, baş aýlanma heläk edýär. Süýt bolaýsa şu wagt... 30-njy sentýabr. Pişik bilen " Animal Planet" teleýaýlymyna tomaşa etdik. Ýolbarsdyr gaplaňlara göwniýetmezçilik eden bolýar. Meniň pikirimçe bolsa, şolar däldigine göriplik edýär. 2-nji oktýabr. Pişige karton gutyda otyrsaň horlanmaga peýdasy bar diýdim... Gülesim gelýänini bildirmejek bolyp otyryn. 3-nji oktýabr. Ertir bize öý bikesiniň ejesi myhmançylyga gelýär. Garaşýas. Dördünji bölüm 4-nji oktýabr. Garaşýanymyz hem ýetip geldi. Öý bikesiniň ejesini duz çörek bilen garşy aldyk... Ýagny krowadyna çörek owuntyk sepdim, çaýyna-da duz guýdym. Myhmanlary hiç halamok. Pişik maňa - sosiofob diýýär. Garşylyk bildirmedim. 5-nji oktýabr. Ýigit eli gipsli, öý bikesiniň ejesi bilen tanyşmaga geldi. Beýle gözden çykgynçylyga samsyk pişigem çydap bilmedi we onuň sag taý köwüşine meýdan etdi. Ýogsam men beýtmegini soramandymam. 6-njy oktýabr. Pişik öý bikesindenem, ejesi Zinaida Zaharownadanam "paýyny" aldy. Bolsada ýigit degmedi. Pişik hemmesini mertlerçe çekdi. Soňam menden, Žanna Dark-a meňzeýändigini ýa-da däldigini sorady... Ony nirden tanaýarka?! 7-nji oktýabr. Pişik bilen futbol oýnadyk. Topymyz hem şampan çüýşäniň dykysy. Dyky duýdansyz peýda bolan Zinaida Zaharownanyň kellesine degdi-de göni şkafa girdi. Indi biz ony Zinedin Zidan diýip atlandyrýarys...Elbetde, özi ýok wagty. 8-nji oktýabr. Öý bikesi ejesine meniň üstümden arz etdi. Ol bu zatlaryň biderekdigini aýtdy we meniň süýtli gabymy peçiň aşagyndan aýyrdy...Bu uruş yglan etmek bolýar. 9-njy oktýabr. Adatdan daşary ýagdaý sebäpli geçirilen ýygnakda pişik özüni bitarap diýip yglan etdi. Dönük! Ýöne hiç, bir özümem alyp çykaryn. 10-njy oktýabr. Gije, öý bikesiniň ejesini oýarjak boldym. Biderek synanyşyk boldy. Gapdalyna öwrüldi-de hor çekip başlady. 11-nji oktýabr. Gije sagat 2-de, biri-birinden habarsyz öý bikesi bilen ejesi sowadyjynyň öňünde tasdan çaknyşypdylar. 12-nji oktýabr. Söweşmägede ýagdaýym ýok. Uzakly gün krowatda, öý bikesiniň ejesiniň ýanynda ýatyp, "DVD-de " Поле чудес" gepleşigini gördüm. Gepleşikdenem beter, bu aýalyň teswirleri gyzykly geldi. 14-nji oktýabr. Pişik bilen strun teoriýasy barada jedelleşdik. Üýtgeşik gelen netijämiz bolmady. 15-nji oktýabr. Ahyrsoňy ýyladyş ulgamyny işletdiler. 16-njy oktýabr. Pişige, egerde ol günortanlyk iýilýän stolyň üstüne çykyp otyrsa, öýde hakyky hojaýyndygyny subut etjekdigini aýtdym. Köp wagt pikirlenip otyrdy... Öý bikesi hemişeki ýaly duýdansyz peýda boldy... Pişik uçup barşyna maňa sögübem ýetişdi. Iki gezek. 17-nji oktýabr. Gije Zinaida Zaharownanyň gulagyna, öýüne gaýtmaga wagt bolandygyny pyşyrdap aýtdym. Ol bolsa turdy-da börek iýmäge gitdi...Eh, aýallar...Hiç hili logikasyz... 18-nji oktýabr. Pişik "Kitekat" iýmesini goýjak bolýar. Gaharly gezip ýör. Gije bäş gezek dagy hajathana gidýän ýaly bolup, balkona çykyp geldi. Ahyry "Kitekate" söýgüsini ýeňip bilmedi. Islendik wagty goýup biljekdigini, ýöne rahatlanmak üçin şonuň zerurdygyny aýdýar. 19-njy oktýabr. Bu aýal ahyrsoňy öýüne gaýtjak bolýar öýdýän. Hudaýa şükir! 20-nji oktýabr. Bu gün ugradyş dabarasy. Görnüşine görä bu aýal pişigiňem ýüregine düşen bolmaly. Sebäbi ol, onuň köwşüne meýdan etdi. Hoş Zinedin! Sen biziň ýüreklerimizde baky galarsyň! Biz seni hemişe ýatlarys! Elbetde, köwşüňe pişigiň eden işinem. 22-nji oktýabr. Öý bikesiniň birki sany ikonkasyny ýere gaçyrdym... Meniň süýtli gabym ýerine geldi. Düşünişip başladyk öýdýän. 23-nji oktýabr. Pişige, dyrnaklaryny ýumşak mebellerde çarhlasa gowy boljakdygyny aýtdym. Indi bolsa ol goş saklanýanda tussaglykda oturan ýerinden, meniň adyma sögünçlerden we gargyşlardan goşgy düzýär. Käbir bentleri diňlemezçe-de däl. 24-nji oktýabr. Ýigidiň gipsini aýyrypdyrlar. Şu gün geldi. Anatomiýany okap otyryn. Ýene haýsy süňk aňsat döwülýärkä? 25-nji oktýabr. Öý bikesi saklamak üçin it almagy ýüregine düwüpdir. Pişik erbet gorkyda. Ýöne muny bildirmejek bolýar. Göreli hany... Bäşinji bölüm 29-njy oktýabr. Ertir öýe it getirýäler. Pişik ýüzüni ýuwan bolup, özüni muňa biparh görkezjek bolýar. Ýöne düýn goş saklanýana girip yzyndan gapyny özi ýapmagy öwrendi... 30-njy oktýabr. Iti getirdiler. Eger-de muňa " it " diýip bolýan bolsa. Haýsy tohumdandygyny bilmedim, jübiňe salyp gidibermeli güjük. Pişik goş saklanýanda oturan ýerinden "Ýeri nähili? " diýip sorady. Menem möjek bilen tutluşýan uly it getirlendigini aýtdym. Ol bolsa entek goş saklanýanda galjakdygyny, edilmeli işleriniň kändigini aýtdy. Sesi bolsa sandyrap çykýar. 31-nji oktýabr. Ha:lk bilen tanyşdym. Bu maýdajygyň ady şeýle eken. Salamlaşyp, tanyşýançagam birki gezek daşymdan aýlanyp ýetişdi. Öý bikesi oňa "eýjejik" diýen bolýar. Pişik eşitse gaty görerem öýdenok. 1-nji noýabr. Helloun. Bellämok. Bize degişli ýerem ýoga bu baýramçylygyň. Öý bikesi bolsa her ýere sarymsak asyp, eli haçly aýlanyp ýör. Ýa men balalaýkany gatyrak çalaýdymmykam? 2-nji noýabr. Pişik gije goş saklanýandan çykdy. Daş-töweregine seredip, ýuwaşjadan, seresap ädimleýär. Ýöne maňa aýdyşyna görä, ol goş saklanýany arassalap hemem tertipläp ýadanmyşyn. Howlugýan ýerem ýokmyşyn. Düşnükli... 3-nji noýabr. Ahyrsoňy olar duşdylar. Ikisem şeýlebir ylgap gaçdylar welin... Men-ä haýsysynyň köpüräk gorkanynam bilmedim. 4-nji noýabr. Haýsysynyň köpüräk gorkanyny indi bilýän. Bar ýeri it tezeginiň ysy gurşap aldy... 6-njy noýabr. Ikisinem tegelek stoluň başyna gepleşige çagyrdym. Ýöne ýygnagyň başlananyna bäş minudam geçmänkä öý bikesi peýda boldy-da ikisinem stoldan uçuryp goýberdi. Men nireden bileýin "tegelek stol"- ýöne bir aýdylaýan gürrüňdigini...Ýygnagy goş saklanýan otagda geçirmeli etdik. 7-nji noýabr. Hemmämiz ýygnanyşdyk. Halk, özüniň üýtgeşik talabynyň ýokdygyny, bar isleginiň ölýänçä ýaşamakdygyny aýtdy. Soňra pişik özüniň talaplaryny beýan edip başlady. Bir zada üns berdim, eger ony gözüňi ýumup diňleseň, gapdalyňda edil Žirinowskiý gürläp duran ýaly. 8-nji noýabr. Pişik öýde gaty arkaýyn gezýär. Bu it ogly hem oňa esgeriň serkerdesine ýüzlenişi ýaly ýüzlenýär. 9-njy noýabr. It oglyna pişigiň, siňek öldürilýänden gorkýandygyny aýtdym. Ol bolsa maňa, durmuşyň özüniň tötänliklerde ybaratdygyny, tötänlik sebäpli dogulyp, tötänlik bilenem ölýändigimizi, bularyň hemmesi tötänlik ýaly bolup görünsede, aslynda asla tötänlik däldigini we ýene-ýeneleri düşündirp başlady... Pişige waleriýankany gizläp goýmagy tabşyrdym. 10-njy noýabr. Halk ýigidiň aýagyndan dişledi. Ol bolsa onuň ýüzüne şarpyk urdy. Sebäbi çybyn çakýandyr öýdüpdir. Agşam goş saklanýandan "Haýwanlar dünýäsi" žurnalyny tapdym. Pişik onuň özüniňki däldigini aýtdy ýöne zyňmazlygymy haýyş etdi. 13-nji noýabr. Maýdaja ýigidiň sumkasyny ýyrtdy. Ýöne onuň üçin pişik gynanmaly boldy. Sebäbi ýene pişik jezalandyrldy. It ogly gijesi bilen pişigiň gulagyny gaşap bermeli boldy. 14-nji noýabr. Halkda Nisşeniň kitaby bar eken...It ogly gitdigiçe syrly görünýär birhili... 15-nji noýabr. Ýene-de santehnik geldi. Aýdyşyna görä öňki gezek gelip gideli bäri içgini goýupdyr. Men ony gutladym we elini gysdym...Indi ol çörek iýmesinem goýar diýip alada edýän. 17-nji noýabr. Halk bize çykyş gapynyň aňyrsynda gaty kän täsin zatlaryň bardygyny gürrüň berdi. Biz pişik bilen ol ýerde bir gezegem bolmandyk. Pişik özüne meňzeş pişikleriň başgada bardygyna ynanmajak bolýar. 18-nji noýabr. Öý bikesi syýahata gitmekçi bolýar. Maýdajany ýany bilen alyp gidýär. Pişik bolsa öýde galýar. Goňşydan oňa seretmegi haýyş etdi. A maňa-da seretmegi soramak gerek dälmikä?...Aý bolýa-da... 19-njy noýabr. Öýüň bir açaryny gizläp goýdym. Ertir bizem gezelenje çykmakçy. Häzir bolsa ýatmaly. Altynjy bölüm 20-nji noýabr. Öýden çykdyk. Ätiýaçdan gündeligimi hem ýanyma aldyk. Hiç wagt pişigiň gözleriniň şunuň ýaly ulalanyny görmändim. Sebäbini sorasam, gowy görmek üçin diýip bahana eden boldy. Entek basgançaklardan aşak düşmänkäk, ütügi öçürip öçürmänimizi üç gezek sorady. Yzymyza gaýdyp, barlamaly boldyk. Soňrada giç bolanyny bahana edip pişik öýden çykmady. 21-nji noýabr. Birinji gezek öýüň jaňyny gördüm. Dowzahdan çykan enjam... Kimdir biriniň gelerine garaşdyk. Goňşy geldi-de pişigi alyp gitdi. Ol bolsa bar sesi bilen nirä gidip, nirä gitmejegini özi çözýändigini aýdyp gygyrdy. Ýöne, goňşy, pişik diline düşünmeýän eken. 22-nji noýabr. Köçä çykdyk. Eý-ho...Dünýä gaty uly. Pişik bilen haýran galmakdan ýaňa tas çaşypdyk. 23-nji noýabr. Gije köçede galýan boldyk. Ýoluň gyrasyndaky otlaryň arasynda ýatdyk. Pişik düýşünde ylgap gaçdymy ýa kowaladymy bilmedim, penjesi bilen dürtüp uklamaga goýmady. Ukym gaçansoň golaýdaky penjira çykyp gördüm. Bir garry aýal meni gördi. "Nemesler şähere girdi"- diýip gygyrdy-da, maňa tarap kartoşka zyňmaga başlady. 24-nji noýabr. Köçe pişikleri gabat geldi. Biz olardan haýsy etrapdadygymyzy, görer ýaly näme bardygyny soradyk. Olar bolsa hiç zat ýokdygyny aýtdylarda, öz ýollary bilen gitdiler. Pişigiň aýdyşyna görä, biz gowy çözlüşenmişik. 25-nji noýabr. Pişik meýdan edesiniň gelýänini aýdyp ýürege düşdi. Köçede, gabat gelen ýerde-de edip biljek dälmişin, sebäbi ol intelligentler maşgalasynda doglanmyşyn. Garaz, yzymyza, öýe gaýtmaly boldyk. Gije işsizlikden ýyladyş turbalaryna kakyşdyryp çykdym. 26-njy noýabr. Pişige ýene gezelenje gitmegi teklip etdim. Ol bolsa ökjesiniň agyrýanyny aýdyp, gidip bilmejekdigini aýtdy. Öýde galmaly boldy. Gaty ýürekgysgynç. Ýene-de ýyladyş turbalaryny kakyp başladym. 27-noýabr. Dur hany! O nähili "ökjesi agyrýar" ? Pişikde ökje ýok ahyryn! Wah, sen gorkak köpbilmiş. Dur bakaly... Mör-möjek öldürýän derman gözläp ýördüm welin tötänden köwüş kremini tapdym. Pişik ýatyrka bar ýerine çalyşdyryp goýdym. Indi ol-Pişik Nelson Mandel. Her gezek gabat gelenimizde şlýapamy çykarýan we tagzym edýän. Ol bolsa maňa samsyk diýýär. 28-nji noýabr. Goňşy geldi. Pişigi suwa düşürdi. 29-njy noýabr. Telewizor gördük. Başga ýaýlym, başga gepleşik ýok ýaly pişigiň diňe "Дом-2" göresi gelýär. 30-njy noýabr. Pişige Şredingeriň teoriýasy barada gürrüň berdim. Barlag geçirdik. Pişik uzak günläp karton gutyda otyrdy. Ondan ne öli, ne diri ýagdaýda çykdy. Indi, teoriýanyň subut boldygy bolýamyka ýa-da bolmadygy? 1-nji dekabr. Gyşam ýetip geldi. Pişik bilen täze ýyly garşylamak barada gürleşdik. Aşhanada garşylaýan boldyk. 2-nji dekabr. Pişik una bulaşdy. Indi ol - Ak Ordenli Adept. Gabat gelenimizde şlýapamy çykarmany we tagzym etmäni dowam edýän. Olam maňa samsyk diýmesini dowam edýär. Ýokary derejeli-dä nätjek?... 3-nji dekabr. Goňşy geldi. Pişigi suwa düşürdi. 4-nji dekabr. Gije bir-birimize gorkunç hekaýalary gürrüň berdik. Haçanda men gara weterinar hakynda aýdyp başlamda, pişik yzyny aýtmak gerek däldigini aýtdy we çyrany öçürmezligimi haýyş etdi. 5-nji dekabr. Goňşy geldi. Bizde hemme zadyň gowydygy aýtdym. Balagyny ýuwmaga gitdi. 6-njy dekabr. Ertir öý bikesi gaýdyp gelýär. Näme üçin öýüň içini çalam-çaş etmeli däl? Jezalandyryljak men däl ahyryn. 7-nji dekabr. Ahyr soňy öý bikämiz hem geldi. Meniň ony göresimem gelip başlapdy. Begenjime gülli küýzejikleriň birini agdaryp goýberdim... Pişik meniň ejemi nireden, nädip tanaýarka? Men olary tanyşdyrmadyma? 8-nji dekabr. Näme? Durmuşa çykýan? Ýigidemi?...Bolaýdy-da indi. Ýedinji bölüm 9-njy dekabr. Ýigit indi bize kän gelmeýär. Elbetde, indi bärde özüne gowylyk ýokdugyny bilýän bolmagam ahmal. 10-njy dekabr. Pişik bilen öňümizdäki edilmeli işleriň meýilnamasyny düzýäris. Halk bu işlere goşuljak däldigini, sebäbi eýýam "Dzen" derejesine ýetip barýandygyny, soňra "Nirwana" ýetjekdigini, şonuň üçin dünýä işleriniň özi üçin gyzykly däldigini aýtdy... Men ony ýönekeý samsykdyr öýdýärdim. Ol bolsa buddist eken. 11-nji dekabr. Karargäh başlygyny saýlamak boýunça gizlin ses berlişik geçirdik. Netijä görä Pişik-bir ses, menem-bir ses gazanypdyrys. Arakesmede birazajyk "düşündiriş" işleri geçirilensoň täzeden ses berlişik boldy. Netijede men bir agyzdan saýlandym. Ynamyňyza sag boluň ýoldaşlar! 12-nji dekabr. Ýagdaýlar gitdigiçe agyrlaşýar. Ýigit öý bikesine nika ýüzügini sowgat etdi. Elbetde, men ony ýitirim etdim we goş saklanýanda gizledim. 13-nji dekabr. Pişik bilen "dab step" aýdymlaryny diňledik. Sebäbi şolar ýaly aýdymlar häzir modamyşyn. Halk bu aýdymlardan soň epilepsiýa düşdi. Ýöne men-ä haladym... Gije öý ýyladylýan batareýada şol aýdymlaryň sazyny çaldym. Hiç neneň däl ýaly. 14-nji dekabr. Gar ýagýar. Pişigiň aýtmagyna görä, arassa gary iýseň işleriň şowly bolýarmyşyn. 15-nji dekabr. Wagt boldy. " Arassa pasport - arassa wyždan" operasiýasy başlady. Pişik ony "Öýdäki tupan" diýip atlandyrmagy teklip etdi. Gerek däl. Öňki ady gowy. 16-njy dekabr. Günimiz gaty agyr geçdi. Öý bikesiniň ýanyndan aýrylman maşgalaly durmuşyň kyndygy barada aýtdym. Ol bolsa barybir pikirini üýtgetmedi. Pişik bolsa haýsydyr bir kinofilmlerde eşiden sözleri bilen çykyş etdi. Öý bikesi onuň çykyşyna mynasyp baha bermedi we ony goş saklanýana saldy...Oňa geregem şoldy... 17-nji dekabr. Halk ýarygije ukydan oýaryp, içki gurlyşynda nämedir bir zadyň üýtgänligini, öz-özüni tapyp bilmeýändigini aýtdy we täzeden uka gitdi... Pişik bilen gezekleşip ýatmaly etdik. 18-nji dekabr. Her nähili bolsada öý bikesi toýa taýynlyk görýär. Ýanwar aýyna belläpdirler. Ýakyn wagtda biziň söýgüli Zinedin Zidanymyz hem geljek. Pişik bilen öňümizdäki meseleler babatda pikir alyşdyk we ol hemişeki ýaly duýdansyz uklady. 19-njy dekabr. Kepderilerden Aýaz baba hat ugratdyk. Men ondan täze depder soradym we bize gelende howalandyrmanyň turbasyndan girmezligini haýyş etdim. Halk Abhidharmyň sowgatlyklary sorady. Pişik bolsa sary rezinden ýasalan ördejigi sorady... Özä bir ullakan haýwan, soraýan zady welin...Bolýa-da. 20-nji dekabr. Kepderilerden hatyň gowşandygy barada habar we tanyşlyk saýtyna çakylyk gelip gowyşdy. Şu hyzmaty nädip aýyrmalyka? Ýürege düşdi. 21-nji dekabr. Öý bikesi toý köýnegini getirdi we geýip gördi. Her nämede bolsa ol owadan... Pişik göz ýaşyny bildirmejek bolup goş saklanýana gitdi... 22-nji dekabr. Halk bilen jedelleşdik. "Jedel" sözüniň manysyny düşündirdi... It ogly gaty köpbilmiş. 23-nji dekabr. Tok ýok. Şemiň ýagtysyna agşamlyk edinmeli boldy. Halkyň aýtmagyna görä o:t - bu ýaşaýşyň başlangyjy bolan dört...Umuman, dereksiz zatlar aýtdy...Gorkýan zadym, ol pişigi hem öz yzyna düşürmese bolýar. Ynanjaňragamda ol görgüli. 25-nji dekabr. Pişik bilen walerýanka içdik. Roždestwo üçin elbetde. Içmek üçin gowy sebäp. 27-nji dekabr. Öý bikesine arçany bezemäge kömekleşdik. Pişik oýunjaklary döwdi. Gaçyp şkafa girdik. Görünmez ýaly gulaklaryny gysmagymy haýyş etdy. Gysdym. 29-njy dekabr. Ertir däl-de, biýrgün täze ýyl ! . Pişigiň gündeliginden bölekler. 4-nji dekabr. Gündelik ýöretmäge başladym. Bu öýdeçi ony öňüräkden bäri ýöredip ýör. Ýöne okamaga bermeýär. Ýa ýanynda göterýär ýa-da gizläp goýýar. Ýogsam özüm barada nämeler ýazýanyny näler bilesim gelýär welin...Ýeri bolýa, indi mende öz gündeligim. Bikäm syýahatda, bu samsyk bolsa gapdalymda otyryp, haýsydyr bir gara weterinar hakda biderek zatlar gürrüň berýär...Maňa gorkunçdyr diýip pikir edýändir...Gije çyrany öçürmezligi soradym. Ýöne özüm...Maňa çyra ýanyp dursa gowy. 5-nji dekabr. Ýene-de goňşy geldi. Tüýlek (öýdeçiniň şertli çagyrylyşy) ony gorkuzdy. Ol bolsa eli bilen syrtyny tutyp öz öýüne ylgady. Gowam etdi ýöne. Ýuwundyryp ýürege düşýär bolmasa. Men öz endamymy özümem ýala...ýuwyp bilýän. 6-njy dekabr. Ertir bikäm gelýän bolmaly ýalňyşmasam. Öýüň içini tertipleşdirdik. Hemme zat ýerbe-ýer ýaly. Indi ýatsamam bolar. 7-nji dekabr. Bu samsyk...tüýlek...Bikämiň gelmeziniň öň ýany gülli küýzäni agdaryp goýberdi. Pytran topraklary ýygnaşdyrjak boldym. Emma ýetişmedim... Tüýlege ejesi onuň terbiýesi bilen erbet meşgullanandygyny aýtdym...Edil beýle medeniýetli sözler bilen däl elbetde... 8-nji dekabr. Bikäm ýigide durmuşa çykýar? Düşnüksiz ýagdaý. Islendik düşnüksiz ýagdaýda men uklamaga gidýän. Hawa uklamaga. 10-njy dekabr. Ýigidiň garşysyna göreşe taýynlanýarys. Ýanyma Tüýlegi aldym. Halk bolsa bir topar düşüniksiz zatlary aýtdy...Düşnükli, söweşiji däl. Güman edişime görä, asla ýeriň ýaşaýjysy hem däl... 11-nji dekabr. Karargäh başlyklygyna saýlaw geçirdik. Başlyk wezipesine Tüýlegi belledim. Goý, bolubersin... Bolmanam hakyky başlyk meniň özüm. 12-nji dekabr. Öýdeçi bikämiň ýüzügini ogurlap, gizläp goýdy. Samsyklyk dälmi bu? 13-nji dekabr. Aýdym diňledik. Men olara bu aýdymlaryň "dab stepdigini" aýtdym. Halk bu aýdymlara breýk oýnajak bolýar. Öýdeçi bolsa öý ýyladylýan batareýda olaryň sazyny çaljak bolýar...Eh...kimler bilen ýaşaýan?! 14-nji dekabr. Ilkinji gar. Keýpim gaty gowy...Bu Tüýlek bolsa samsyk soraglary bilen ýürege düşdi. Pişikleriň köp asyrlardan bäri dowam edip gelýän gar iýmek däbini nädip düşündireýin? Men ondan näme üçin radio bilen gürleşýändigini soramok ahyryn. 15-nji dekabr. Şu gün bikämi adaglamak üçin gelýäler. Bizem herekete taýýar. Operasiýanyň adyny syr edip galdyrmakçy. 16-njy dekabr. Öňden taýarlanyşymyza görä Tüýlek güni bilen çüňkde otyryp bikäme bir zatlary düşündirmekçi boldy. Onuň peýdasyzdygyny bildimde özüm herekete geçdim. Ýesir düşmeli boldym. Ýöne meni syndyrmak olara başartmaz. Pişikler ýanbermezdir...Goş saklanýanda otyryp, indiki edilmeli işler barada pikirlendim. 18-nji dekabr. Ýalňyşmaýan bolsam toýy ýanwar aýyna belläpdirler. Düşnüksiz ýagdaý. Ähli düşnüksiz ýagdaýlarda-da... 19-njy dekabr. Aýaz baba hat ýazdyk. Bu ikisi biderek zatlar soradylar. Men bolsa saryja ördejik soradym. Näme üçin hemmeler gülýäler? Men öňüräkden bäri şeýle ördejigi arzuw edip ýördüm. 20-nji dekabr. Ýoga bilen meşgullanmaga başladym. Oňaýsyz ýagdaýlarda ýatmaly bolýan. Ýöne hiç, aýdyşlaryna görä başda şunuň ýaly kyn bolýarmyşyn soňra öwrenişip gidýärmişiň. Bir ýogo ussady plazma telewizoryn üstünde-de ýatýarmyşyn. 21-nji dekabr. Bikäm toý köýnegini getirdi. Men derrew goş saklanýana ylgadym. Kim bilýär, köýneginem şol ýere goýjak bolaýmasyn. Onsyzam dar ahyryn ol ýer. 23-nji dekabr. Tok ýoklugy üçin çyralar ýanmady. Maňa bildirenogam, men şeýlede görüp bilýän. Dogurdanam, şu Halk meniň pikirimçe- sektant. Hemişe nähilidir bir düşnüksiz, biderek zatlary gürrüň berýär...Ýöne, bir gowy zat, ol maňa ruhyňy bedenden çykarmany we gaýtadan yzyna salmany öwretjekdigini aýtdy. 27-nji dekabr. Arça bezemäge başladyk...Ýadanymyzdan soňam şkafa girip otyrdyk...Kä wagt şeýle bir rahatlyk we kimdir biriniň sypalamagyny isleýän. 29-njy dekabr. Waleriýankany gizläp goýdym. Bolmasa baýramçylyga ýetjegem däl. Ertir däl-de biýrgün täze ýyl! Öý ruhynyň gündeliginiň dowamy. Sekizinji bölüm 30-njy dekabr. Öýdäkilere sowgat taýýarladym. Pişige- hepde-de bir gezek gulak gaşamak hyzmaty, Halka- ýananda ys berýän şem, öý bikesine- nika ýüzügini yzyna berýän, (ýöne ysly şemini almaly boljak) ýigide-de - iň gowy arzuwlarym. 31-nji dekabr. 12:40 Baýramçylyga taýynlanýarys. Öý bikesiniň biş-düşüne kömek edýäris. Men oda seredýän, pişik bolsa kartoşkany öýüň içinde togalap aýlamak bilen arassalamaga synanyşýar. Halk bir çetde näme ýumuş bolsa, taýyn bolup dur...Garaz, elimizden geldigiçe. 15:30 Ýigit geldi. Eşiklerini çykaryp durka, şampan çüýşäniň dykysyny gowşadyp goýdym. Pişige öňünden gülmezligi tabşyrdym. Otyrys, garaşýarys. 15:35 Çüýşäň dykysy ýigidiň edil maňlaýyna degdi. Çiş hem edil meniň göz öňüne getirişim ýaly. Gülkiden ýaňa ýarylaýjak bolýarys. Halkyň aýtmagyna görä täze ýylyň öň ýany şeýdip gülmek geljek ýylyň şatlykly boljakdygynyň ýa-da narkologa barmalydygynyň alamaty...Birinjisi bolsunda hernä. 16:00 Pişik bilen diwanda ýatyp " Iwan Wasilýewiç kärini üýtgedýär"("Иван Васильевич меняет профессию")kinofilmini tomaşa edýäris. Pişige bu film ýarady. Her wagtyrak Halkyň ýanyna ylgap barýarda " O nähili it?! Patyşa hakynda beýle aýdym aýdylmagyna ýol bermerin!" diýip, gygyryp gaýdýar. Ol bolsa pişigiň yzyndan nebsiagyrjylyk bilen seredip galýar. 19:00 Irkutsklylar üçin içdik. Aýdyşyna görä ol ýerde pişigiň garry enesi ýaşaýarmyşyn. 20:15 Ýigit öý bikesine altyn bilezik sowgat etdi. Elim gijäp dur welin... Bu gün däl. Goý, şatlansynlar. 23:55 Putini diňläp otyrys. Ony diňlemeýän barmy?! Hemme tanyşlaryma gutlag ugratdym. Kepderiler hyzmatlaryň wagtlaýyn elýeter däldigini aýtdylar...Her ýyl şeýdýäler. 00:01 Täze ýylyňyz bilen! Baýramçylygyň yzyny goş saklanýan jaýda belläris. Çen bilen 03:00 mümkin 08:40 bilemok, wagtyň ähmiýeti hem ýok. Halka gowy içirdik-de, zelýonka boýadyk. Indi ol özüni kinofilmdäki super gahryman Halk haplaýar, öýüň içinde "Garşyma çykan zady ýykaryn!" diýip ylgaýar. Biz oňa kembaha garapdyrys menin pikirimçe. 28:79 Pişik garaşylmadyk wagtda özüniň pişikdigini boýun aldy. Içmek üçin mundan gowy sebäp bolup bilermi? Daň atyp gelýär. Kepderiler hemme habarlaryň ýetirilendigini aýtdylar. Pişik ýene bir öňki söýgülisini ýatlady we oňada gutlag ugratdy. Irden. Halk bize "doganjyklarym" diýýär we tiz-tizden gujaklaýar. Ony ýatmaga ugratdyk. Bir sagatlar yzyna geldi-de, bizden çilim diledi, çekmeýändigimizi aýdanymyzda bolsa, birden tapaýsa nähili boljakdygyny sorady. Ýene-de ýatmaga ugratdyk. Wagt möhüm däl. Barybir Aýaz baba howalandyrmanyň turbasyndan girdi. Sowgatlarymyzy berdi. Pişik sary ördegine Witaliý- diýip at goýdy we gürlemäni öwredip başlady. Gün ýokaryk galdy. Öýdäkileriň hemmesini söýýän! Hat-da ýigidem. Hemmesiniň baryna şükir! Ukymam tuta... 2-nji ýanwar. Ahyrsoňy birinji ýanwar. Dur hany! Kalendarda ikinji ýanwar ahyryn. Onda biri haçan boldyka?...Garaz täze ýyly hem garşyladyk. Dowamy bar >> Ýewgeniý ÇEŞIRKO, rus ýazyjysy. Terjime eden: Şirhan ALLABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |