22:40 Öz Musamyz | |
ÖZ MUSAMYZ
Edebi makalalar
Ahmet Ishak bäş-alty ýyllykda Magtymgulymyzyň toýuny toýlamaga bize myhmançylyga gelip gidipdi. Gürrüň başynda: - Meniň uly arzuwym Magtymgulynyň eserleriniň tatar diline terjime edilmegidi, ol arzuwymam hasyl boldy, tatar okyjylary indi Magtymgulyny öz ene dilinde okamak mümkinçiligini aldy – diýip, Ahmedip buýsanç bilen aýdany ýadyma düşýär. - Siziň Musa Jeliliňiziň Moabit türmesinde ýazan goşgularyny Berdi Myradowiçiň türkmençä geçirip, elli bäşinji ýylda kitap edip çykardanlygyndan habaryňyz barmy? – diýip, men ondan soradym. - Buşlanyňyz üçin sag boluň, ýöne şol kitabyň birini edinip bolmazmyka - diýip, Ahmet ileri-ileri süýşdi. Myhmanyň raýyny ýykyp bormy näme! Elbetde, tapmaga söz berdim. Ýogsam hyrydarynyň dygysyz kändigine garamazdan, bary-ýogy bäş müň ekzemplýar tiraž bilen çykarylan kitabyň bada-bat satylyp gutarylany-da gulagyma degipdi-le. Her näçe gözlesegem tapylmansoň, özümdäki ýeke-täk ekzemplýara döz gelmeli boldum. - Sowet ýazyjylarynyň I gurultaýyna Tatarystandan gatnaşanlaryň arasynda Musa ikimizden ýaşkiçisi ýokdy. Onuň gurultaýda edilen dokladlary we sözlenen sözleri uly üns berip diňläni, bloknotyny bellik baryndan doldurany şu günki ýaly ýadymda – diýip, Ahmet uludan demini alýar-da, sözüni dowam edýär. – Ýeri, ýaşy otuza-da ýetmedik bu adam ýene on ýyldan ady belli Moabit türmesine düşüp, ömrüniň iň soňky goşgularyny şol türmäniň içinde ýazmaly bor diýip kimiň kellesine gelip bilerdi! Gelse-gelmese-de şeýle bolup çykdy. Ýöne Musa Jeliliň şol türmede ýazan 100-e basalykly goşgularynyň her biri faşizme çykarylan höküm bolup ýaňlandy. Biz gürrüňi Magtymguly bilen baglanyşykly başlapdyk. Dogrudan-da, men Magtymguly bilen Musa Jeliliň ykbalynda birhili umumylygy syzýaryn. Poeziýa äleminiň bu pälwanlarynyň her haýsy bir asyrda ýaşap geçen bolsalar-da, her haýysynyň çeken jebir-sütemi deňeşdirer ýaly bolmasa-da, her haýsynyň dünýägaraýşyny ýer bilen gök ýaly tapawutly bolsa-da, Öz Watanynyň azatlygy ugrundaky göreşe jany-teni bilen, ýürek owazlary bilen baş goşandyklary bulary biri-birine golaý edip goýýar. Biziň ýaş neslimiz öz Magtymgulymyzyň ömrüni we döredijiligini mekdepde okap öwrenýär. Indi ençeme ýylyň içidir türkmen mekdeplerinde Musa Jeliliň-de ömrüdir döredijiligi-de, edil belli türkmen ýazyjylary, rus we beýleki doganlyk halklaryň belli ýazyjylary ýaly, ýörite öwrenilýär. Ony bütin halkymyz öwrenýär. Musa jelil bize Watana wepaly hyzmat etmegi, adamzada hyýanat etmekçi bolýanlary ýigrenmegi öwredýär. Şonuň üçin-de, özümize akyl öwrediji kişiniň adyny biz öz Musamyz diýip tutýarys. B.WELMYRADOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 16.02.1966 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |