10:25 Özara gürrüñ / gysga ýumor | |
ÖZARA GÜRRÜÑ
Satiriki hekaýalar
- Hemme zady öz eliñ bilen gazanmak diýilýäni şu bolsa gerek - diýip, Mariýa Alekseýewna diwanda ärine golaý süýşdi. - Sen öýdäki islän zadyñy sora, men onuñ haçan, nädip, nähili ýagdaýlarda satyn alnandygyny aýdyp bereýin. Iñ bärkisi şol gün nähili howa bolanlygynam aýdaýyn. Ine, şu garnitury täze ýylyñ öñüsyrasy alypdym. - Men şonda nirdedim - diýip, äri sorady. - Sen şonda Wasýa, okaýardyñ. Iñlis dili kursunda okaýardyñ. Köp okay. Ol kursam pulludy. Wasýa özüni müýnli ýaly duýdy. - Dikkensi asyl nusgasynda her kim okap bilmeýär ahyryn. Sen muny... - Hawa - diýip, Mariýa Alekseýewna baş atdy. - Onsoñ, telewizor satyn aldym. - Men şonda nirededim?! - Şol ýerde, kursdadyñ. Dikkensi asyl nusgasynda okaýardyñ - diýip, aýaly ýylgyrdy. - Krowat hem geýim saklanýan şkaf üçin puly meniñ ejem beripdi. - diýip, Wasýa hem ondan kem galmajak boldy. - Dogry. Ol puly ynamly ellere, ýagny maña beripdi... Aşhanadaky goşlary bolsa praktikant studentler getirişipdi. Ol äriniñ berjek soragyndan öñürtiläp dowam etdi. - Sen şonda okaýardyñ. Ekskursowod bolmak üçin okaýardyñ. Seniñ şäherlere syýahat edesiñ gelýärdi... Onsoñ men şu häzirki oturan diwanymyzy satyn aldym. - Men şonda işleýärdim-ä - diýip, Wasýa garşylyk görkezdi. - Hawa, işleýärdiñ. Ekskursowoddyñ. Suzdal şäherinde bir ýyllap bolupdyñ... Onsom oturgyçlary satyn aldym. - Men şonda nirededim - diýip, Wasýa sorady. - Sen okaýardyñ. Dilewar bolmak üçin okaýardyñ - diýip, aýaly kesä bakdy. - Men şonda dogrudanam okaýardym - diýip, Wasýa seslendi. - Sen şonda hiç ýerde okañokdyñ. Gije-gündiz Nina Gorohowalardan çykmaýardyñ. - Maşa - diýip, Wasýa boýnuny burdy. - Men nalajedeýin ekenim, bikär ekenim. Adam däl ekenim. Kow, meni kow. Kow, Maşa, sen meni näme üçin saklaýañ. - Mebel hökmünde saklaýan - diýip, Mariýa Alekseýewna uludan demini aldy. Lidiýa PLOTNIKOWA. Terjime eden: Dädebaý AMANOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1986. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |