13:46 Özüñden gör! / ýumoreska | |
ÖZÜÑDEN GÖR!
Satiriki hekaýalar
- Ýeri, Nogulbala, niçik onsoñ? - Salawmaleýkim, ýoldaş direktor. Köp sag boluñ, ýagşydyr. - Ýogsa-da, Nogulbala diýýän-ä, sen teatrda işläp ýöreniñe näçe ýyl bold-a? - Martda dogry otuz ýyl dolýa! - Bäýb-bä... Şunça wagtlap saña idili rol bermeýşimizi! Özüñi görkezmän pensiýa gidäýmeli däl ahyry. Señ oñat artistligiñ-ä çyn. Ynha, ýap-ýañy müdir bilen gürrüñiñi hem edişdik. Eger çynym, tarypyñy ýetirdim. "Juda zehinli aktýor. Näme üçindir, gadyryny bilemzok" diýdim. Walla, müdirem meñ aýdanlammy tassyklady. - Aladañyz üçin sag boluñ, ýoldaş direktor. - Indi yzyny diñle. Müdir käbir kişileñ gözüne basyp, täze goýuljak oýunda saña kaşañ bir rol saýlap berdi. Göni truppa müdiriniñ ýanyna bar-da, eseri alyp, öýe äkit. Irden roluny ýazyp, repetisiýa gelersiñ. Neme, onsoñ, oña-muja arz edip ýörmezler... Iñ esasy sen özüñi görkez! Biz, ynha, saña şert döredýäs. - Arkaýyn boluñ... Nogulbala pýesany alyp, öýlerine gitdi. Depder-galamyny alyp, pýesany okamaga durdy. "Zalym şa" pýesasyny gutarañkyrlaberse-de, özüne berlen ilçiniñ rolundaky sözlere gabat gelmän geçäýdi. Üçünji sapar eseriñ daşyna geçende gahrymanlaryñ geplemeýän ýerlerine-de göz aýlady. Me saña gerek bolsa! Şol ýerde ilçi perman getirip, baş egip, patyşahy äleme gowşuryp, çykyp gidýär. Gynansak-da, onda ýekeje-de söz ýok. Nogulbalanyñ gapdalynda goýan kagyzlaryny şemal dargadyp gitdi. Şol günüñ ertesi Nogulbala eli pýesaly repetisiýa gelende režissýor bilen görüşdi. - Ýeri, eseri okadyñmy? - Hawa, okadym. - Özüne gerek ýerini ýazyp aldyñmy? - Oñ sözi bolmasa nätjek! - Onuñ gaýgysyny etme! Her hereketiñe bir söz goşaýarys. Onsoñ, sözli rolam bir bolman görsün? Girende: "Essalawmaleýkim, kyblaýy älem!" diýersiñ. Iñ esasy saña oñat rol berildi. Şonda-da zehiniñi görkezip bilmeseñ, özüñden gör! Sadyk IBRAGIMOW, azerbaýjan ýazyjysy. Terjime eden: Çary GELDIMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |