19:25 Parallel syýasat | |
PARALLEL SYÝASAT
Publisistika
Osmanlydan aýrylandan soñ Fransiýanyñ golastyna giren Siriýa 1946-njy ýylda garaşsyz döwlet boldy. Siriýa çalt üýtgäp duran galmagally, dawa-jenjelli ýurt. Çünki döwlet apparatyna goşunda azlykdygyna garamazdan alawy-şaýylar eýelik edýär. Şaýylar, hristianlar we sowatly musulmanlar jemgyýetiñ ýokarky gatlagyny düzýär. Siriýa ilatynyñ 74%-ni sünniler, 12%-ni alawy-şaýylar, 9%-ni hristianlar, 4%-ni dürziler tutýar. Etniki kürtleriñ bolsa ilatyñ 10-15%-ni tutýandygy aýdylýar. ABŞ-nyñ güýje girizen "Beýik Orta Gündogar" maksatnamasynyñ çäginde 2011-nji ýylyñ 15-nji martynda Siriýada režime garşy proest demonstrasiýalary geçirilip başlandy. Öñki tolgunyşyklsry ganly basyp ýatyran diktator Hafyz Esad ölenden soñ onuñ ýerine ogly, göz lukmany Beşşar Esad geçipdi. Emma ýüpler Hafyz Esadyñ guran "parallel döwletiniñ" elindedi. Beşşar Esad olaryñ sözünden çykyp bilmeýärdi. Şonuñ üçon ol demonstrasiýalary basyp ýatyrmaga synanyşdy. Oñarmady. Çünki bu gezekki hereketleri duşmanlar goldaýardy. AKP hökümeti belki-de Amerikanyñ sözünden çykyp bilmän, belkäm-de Turgut Özalyñ aýdyşy yaly "birini goýup üçüsini almak" höwesi bilen oppozisionerleriñ tarapynda Siriýanyñ içerki işlerine burnuny sokdy. Muny-da "passiw-gorkak" daşarky syýasatdan "aktiw-batyrgaý" syýasata geçýän ýaly köpçüligiñ añyna salmaga synanyşdy. • Iñ erbet uruş graždanlyk urşudyr Şam hökümeti ýurduñ demirgazygynda häkimiýetini ýitirdi. "Yrak-Siriýa Yslam döwleti" (YŞYD) diýen gorkunç topar orta çykdy. ABŞ bu bulaşyklykdan peýdalanyp, Siriýada awtonom kürt döwletini gurmak meýilnamasyny durmuşa geçirip başlady. Siriýadaky graždanlyk urşy Türkiýäniñ içerki howpsuzlygy meselesine öwrüldi. Graždanlyk urşy başlanda Siriýanyñ ilaty 22 million eken. Munuñ 21 millionyny Siriýanyñ öz raýaty, 1.3 millionyny Amerikanyñ perişan eden ýurdy Yrakdan gelen bosgunlar we 500 müñi-de watanyndan jyda düşürilen palestinalylar emele getirýärmiş. 2011-nji ýylyñ mart aýyndan häzire çenli bolup geçen çaknyşyklarda azyndan 500 müñ adam ölüpdir. (Käbirleri Türkiýede graždanlyk urşy tursa, näçe million adamyñ öljekdigini pikir edýär we men muña kejikýärin). 13 million adam öý-öwzaryny taşlap gaýtmaga mejbur bolupdyr. Şol 13 millionyñ 6.7 milliony daşary ýurda gidipdir, 3 milliondan gowragy Türkiýä gelipdir. Çünki jeñ "dosta ynam, duşmana merkini bermek üçin ýalan sözlemegi" oñlaýar, hatda gerekli hasaplaýar. Dürli çeşemelerden toplan dürli statistiki maglumatlarymdan maña iñ ynandyryjy hasaplan sanlarymy siziñ dykgatyñyza ýetirdim. Siriýanyñ 2024-nji ýyldaky ilatynyñ halkara neşirlerde 24 million 670 müñe ýetendigi aýdylýar. Uruşlaryñ köpelişi çaltlandyrýandygy hakdaky aýdylýanlar ýene bir gezek dogru çykýana meñzeýär. Muny ýazman geçip bilmedim. • Siriýaly oppozisionerleriñ ýyldyrym çaltlygyndaky hereketi RHP iki hepde mundan öñem bosgunlar we serhet howpsuzlygy meselesini çözmek üçin Esad bilen düşünişmegiñ gerekdigini aýdýardy. Prezident Erdoganam şol maksay bilen Esada elini uzadýardy. Megerem siriýaly oppozisionerlet "howandarlarynyñ" goldawy bilen öz aralarynda ylalaşyga gelip, Esady agdarmak üçin ýyldyrym çaltlygynda hereket etmegi meýilleşdiripdir. Indem "Esad gutardy" diýilýär. Syýasatyñ sag ganatdaky açyk oýunçysy Döwlet Bahçeliniñ Öjalany (PKK-nyñ öz işini bes edýändigini yglan etme şerti bilen-de bolsa) Ýokary Halk Mejlisiniñ DEM zalynda çykyş etmäge çagyrmagy mende nämüçindir "parallel döwlete" meñzeşligiñ bardygy pikirini oýarypdy. Hamana kimdir birleri biziñ görmedik "ýakyn we uly howpumyzy" görüpdir we "adatdan daşary ýagdaý" düwmesine basypdyr. Yzyndan prezident Erdogan syýasy karýerasyny kürt meselesini çözen kişi hökmünde täçlendirmek isleýändigini aýtdy. PKK "entek men gutarmadym" diýmek üçin "TUSAŞ" dron zawodyna kamikadze hüjümini amala aşyrdy. Şobada-da kaýýum (попечитель) bellenip başlandh. Üç gün mundan öñem Halap galasynda türk baýdagy dikildi. Kim düşünse gelsin bäri. Kinonyñ soñunyñ nähili gutarjakdygy meni az gyzyklandyrmaýar. Soñky söz: Köp güýç bolsun, köp giç bolmasyn Ege JANSEN. "SÖZCÜ" gazeti, 08.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |