21:07 Isa pygamberiñ ýagşylygy | |
ISA PYGAMBERIÑ ÝAGŞYLYGY
Filosofiýa
Häzir dünýäde 7.9 milliard adam ýaşaýar. Resmi görkezijilere görä munuñ 32%-i, ýagny 2.5-i milliardy hristian. Köp ýere ýaýranlygy bilenem ikinji ýerde 23% bilen, ýagny 1.8 milliard musulmany bilen yslam bar. Öñler hristianlyk çalt ýaýran din bolsa, soñky döwürlerde iñ çalt ýaýraýan din yslam dinidir. Kimiñ näderejede dindardygy we dine ynanýandygyny aýtmagy, diniñ şertlerini näderejede ýerine ýetirýändigi barada gep gozgajak bolsak, gürrüñiñ soñuna ýetip bilmeris. "Meniñem dinim bar" diýenleriñ bir bölegi aslynda dinsiz bolubam biler. Şu ýagdaýda hiç bir dine ynanmaýandygyny aç-açan aýdýanlaryñ sany-da barha artyp 1.3 milliarda ýetip barýar. Bularyñ näçesiniñ turuwbaşdan dinsizdigini ýa-da öñ bir dine ynanyp, soñ dinden çykandygyny men-ä anyklap bilmedim. Bir anyklan zadym bar, olam - yslamyñ garyp Afrika ýurtlary bilen baý ýurtlaryñ mümkinçiligi pes gatlaklarynyñ (meselem, ABŞ-ly garaýagyzlar) arasynda giñden ýaýramagydyr. Munuñ tersine barha baýaýan we modernleşýän Günorta Koreýada halkyñ 57%-i görnetin dinsiz (ateist) bolupdyr, şeýle-de hristianlyga geçýänleriñ sany 28%-e çykyp, tradision koreý buddizmine uýýanlaryñ sany 16%-e düşüpdir. • ISA PYGAMBER BIZIÑ GÜNÄLERIMIZ SEBÄPLI ÖLENMIŞ Hudaýyñ ogly bolandygy üçin tebigy taýdan hudaý hasaplanýan Hezreti Isa (a.s) şol bir wagtyñ özünde pygamberdir. Hezreti Isa (a.s) Kuranda ady tutulýan 25 pygamberiñ (habar getirijiniñ) biridir. Hristianlar Isa pygambere ömürbaky minnetdar. Çünki ol özünden öñ doglan we soñ doguljak adamlaryñ eden-u-etjek günäleri bagyşlansyn diýip ölenmiş. (He died for our sins). Braziliýada her gün müñlerçe aýal-gyz zorlama, ogurlyk wakalary bolup geçýär, günde ortaça 200 agyr jenaýat hasaba alynýar. Ine, hut şu braziliýalylar paýtagt şäher Rio de Žaneýronyñ beýikligi 710 metre ýetýän Korkowado baýrynyñ depesinde Isa pygamberiñ 100 metr ululykdaky heýkelini dikipdirler. Bu heýkeliñ ady “Redentor Isa”, ýagny, “Günäleri ýok ediji Isa”. Dinler jemgyýetiñ sagdynlygy üçin şahslaryñ nädogry hereketlerden saklanmagyny isleýär. Muny ýola goýmak maksady bilenem Hudaýyñ ýer ýüzüne "etmeli we etmeli däl işleriñ" (günäleriñ we sogaplaryñ) risalasyny (habaryny) ýollandygy aýdylýar. Pygamberleriñ wezipesi bu risalany wagyz etmekdir. Emma adamlar her edip-hesip edip, Hudaýyñ "bendelerim günä etmesin" diýip ýollan kitabyny "günäleri nädeñde amal depderden öçürip bolýan" gollanma öwrüpdirler. • GÜNÄ ETME ERKINLIGI Ylahyýetçi Ýaşar Nuri Öztürk 2016-njy ýylyñ 22-nji iýunynda aramyzdan gitdi. Ony ýatlap bir makala ýazmagy meýilleşdiripdim. Meniñ dindarlaryñ tanadýan hudaýyna ynanmaýandygymy Allanyñ özi gowy bilýändir. Muny bendesinden gizläp bilmerin. Ençeme ýyllap hezil edip diñleýän ylahyýetçim Ýaşar Nuri Öztürkiñ "Seresap boluñ, sizi Allanyñ ady bilen aldamasynlar!" diýende, günä iş edýänleriñ Allanyñ adyny dillerinden düşürmeýändigine şaýat bolýardym. Öñräk biziñ AKP-miziñ şef ideologlary tarapyndan halk köpçüliginiñ dykgatyna "günä etme erkinligi" diýen komfortly adalga hödürlendi. Erkinlik - hemişe, hemme ýerde we hemmelere elýeter bolmaly peýdaly sosial gurluşdyr. Hudaý size "günä etme erkinligini beripdir" diýmek, "Eý möminler! Hudaýyñ rahmetinden hezil edip peýdalanyñ, ahyrynda günäñizi ýoklaýan diniñiz bar, gorkman-ürkmän islän günäñizi edip bilersiñiz" diýmegi añladýar. SOÑKY SÖZ: Günä köpeldigiçe, dine zerurlyk duýulýar. Ege JANSEN. "SÖZCÜ" gazeti, 16.08.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |