13:05 Parawbibi / poema | |
PARAWBIBI
Poemalar
/Rowaýat-poema/ "Duşmanyñ gahryndan gaçan, Gara dagdan gapy açan, Jennetiñ törüne geçen, Parawbibi, senden medet!" (Zyýaratçylaryñ dileg-dogalaryndan). * * * Müñ ýyl mundan ozal bolan, Gadym-gadym zaman eken. Ýeke-täk Tañra sygynan, Iller-günler aman eken. Köpetdagyñ eteginde, Oturypdyr küren oba, Ho-ol, geçmişden habar berýär, Köp gowgany gören oba. Süri-süri mallarynyñ, Örüsi has giñän eken. Bäş wagt namaz okanlañ, Baş baýlygy iman eken. Ana, şonda dünýä inen, Parawbibi atly çaga, Derman otlary çöpläpdir, Çykyp sähra, düze, daga. Dürli melhem otlary ol, Ýygnap toeba salar eken. Hassalara gurbat berip, Il alkyşyn alar eken. Ýedi doganyñ körpesi, Parawbibi kämil çykan, Tebiplikde ady ýaýrap, Owazasy belent eken. Çar tarapdan dalda isläp, Huzuryna gelermişler. Onuñ husny-jemalyna, Haýran bolup durarmyşlar. Onuñ edýän melhemleri, Näsaglara ýararmyşyn. Onuñ süýji sözlerine, Syrkaw pahyr erärmişin. Ot-çöpleriñ dilin bilip, Olar bilen sözleşipdir. Ähli janly-jandarlaram, Mähir bilen gözleşipdir. Onuñ dana akylyna, Lukman hekim haýranmyşyn. Özi çarwa tebip gyzyñ, Jomartlygy ýaýranmyşyn. Parawbibä-Reýhanaga, Öz ýüzügin peşgeş beren, Lukman onuñ huzurynda, Iki günläp hezzet gören. Ir-iýmişler ýygnar eken, Daş-töwerek ekinzarlyk. Ýagyşdan soñ degre-daşy, Bolarmyşyn lälezarlyk. Parawbibi ýöne gyz däl, Arşdan berlen halatlymyş. Görer göze görünmeýän, Perişde deý ganatlymyş. Doganlary haly-palas, Garçyn-çuwal dokapdyrlar. Keramatly Gurhan alyp, Sürelerni okapdyrlar. Gyzlar bir gün bakja giden, Garpyz küýsäp göwünleri. Parawbibi bir zat syzyp, Çöşläberdi düwünleri. Seslendiler bary birden: "Ýagy çozdy gala!" diýşip; Çar tarapa gaçdy gyzlar, "Bu bir ýowuz bela!" diýşip... Dag gerşinden syn etseler, Galañ içi weýran bolan. Bu aýylganç ahwalata, Gyzlañ akly haýran bolan. "Bize nesip etmedik zat, Duşmana-da noş bolmasyn. Asly nurdan türkmenimiñ, Didesinde ýaş bolmasyn!" Elindäki garpyzyna, Diýdi: "Daşa öwrülediñ, Dagda ýatan läheñ daşlar, Duşman sary sowruladyñ!". Ilaty gyrgyna beren, Ýagy baýlyk toplaýardy. Mal-mülki, şaý-sepleri, Ýygyp-düýrüp süpleýärdi. Haly-palas, garçyn-çuwal, Inerlere ýük uruldy. Neresseje çagajyklañ, Gyýyldy, boýny buruldy. Parawbibä görip aýal, Ýesir düşdi duşman elne. Ana, şol hem şugullady, Gaýym bolman barmak dilne. Parawbibi dag başynda, Baýdak bolup pasyrdady. "Şugulça bäş daşy bolsun!" Diýip, nalyş pyşyrdady Sañsar daşa öwrülipdi, Bahylçylyk eden zenan. Ýañlanýardy ahy-perýat, Ilat bary yzan-çuwan... Birden baksa Parawbibi, Yzdan kowgy gelýän eken. Onuñ saýlanyp barşyny, Şugulçydan bilýän eken. Iki rekat namaz okap, Parawbibi ara açýar. Goşun serbazlary bolsa, Gudrat görüp, yza gaçýar. Ýetmiş rekat namaz okap, Gaýa mañlaý diränmişin. Sarsman duran gara daşlar, Hamyr bolup eränmişin. Başam bilen orta barmak, Halka bolup birleşipdir. Gaýalara: "Ýaryl!" diýip, Daş dilinde gürleşipdir. Gaýa darka-darka ýarlyp, Ýol beripdir juwan gyza. Saçbagyndan ýylgyn döräp, Gögeripdir şonda yzda... Uly pirleñ hatarynda, Adyñ bardyr, Parawbibi! Dört örümli saçlaryña, Düşüp gitdi gyraw, Bibi! Diri öwlüýä, Parawjeke, Ýatan ýeriñ ýagty bolsun! Saña zyýarat edenleñ, Alny açyk, bagty bolsun! 2002 ý. Röwşen TAGANOW. | |
|
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |