14:23 Şygryýetiñ pälwanyna | |
ŞYGRYÝETIŇ PÄLWANYNA
Goşgular
«Magtymguly diýer: «Sözüm dag aşmaz» Magtymguly, sözüň bu gün dag aşdy, deňiz aşdy, derýa aşdy, ýurt aşdy. Aryf danamyzyň şygyr diwany, Dünýäň barça kowmy üçin gardaşdy. Dört tärimden çykyp, hüjreden uçup, Azan sesi bilen bakyýa galmyş. Köki zemin damaryna uzalyp, Arşy-kürsi bekläp, bakyda ga:lmyş. Çynma-Çyndan, Hindistandan il aşyp, Beýik Ýüpek ýolun ädimläp geçdi. Keşt eýleýip gezen älem-jahanna, Müşki-anbar ysly gazalyn seçdi. Mekge-Medinäge zyýarat kylyp, Metjidiniň mährabyna ser goýdy. Ol türkmene sarsmaz heýkel dikeldip, Her ynsanyň ýüreginde ýer goýdy. Bir döwlete gulluk edýäs «bäşimiz», Barha göge galýar «Türkmen binasy». Ak ýolumyz arçap barýar Arkadag, Agzybirlik — dillermiziň senasy. • RUBAGYLAR Öz ýanymdan menem şahyr ýaly men, Bir görseňem, dünýä sygmaz däli men. Gülüni görkezip, miwesin gizlän, Bürenip oturan bag dek häli men. * * * «Göripler bar» diýip, sözlän bolýarys, Sebäbin daşyndan gözlän bolýarys. «Özümizde günä bar bolaýmasyn» diýeni, göreçden gizlän bolýarys. * * * Bir alym bar, açyş edip tanalýar, Biri köpräk çykyş edip tanalýar. Ol biriniň bogan sübsesi-de ýok, Ilden, kakyş-kukuş edip tanalýar. * * * Akyl tapsaň, kükregiňe saljak bol, Danalaryň nesihatyn aljak bol. Şahyr däldigiňi il duýup ýörkä, Iň bolmanda, okyjy bir boljak bol. * * * Daýhan ýerin bilmän, ekin ekermi, Çigidi pak çyksa, derin dökermi? Eger, ýyldyrymdan gorkmaýan bolsa, Kömelek güberlip ýüze çykarmy?.. * * * Ony syladylar ýaşmagy bilen, Ony tanadylar paşmagy bilen. Satyjy hasabyn ýöredip otyr, Peýdasyna haýryn goşmagy bilen. * * * Odunçyň egninde omça bolaýyn, Daýhanyň pelinde zamça bolaýyn. Namardyň golunda gylyç bolandan, Bir merdiň elinde gamçy bolaýyn. • DOSTUMA HAT Gyzgyn çägä oýkap, gyzgyn gursagmy, Duýdum Garagumuň mähir ýylysyn. Altyn gupba meňzeş gum depeleriň, Gory bilen perzentlermiz ýylasyn. «Sowamasyn. Tylla Günüň astynda, Keýik bilen çaga böküp oýnasyn. Keman atyp döwmesin bir garagol, Merjen tebigatyň kümüş aýnasyn» Diýip, arzuw kyldym dynç alan çagym, Mollagaraň mele kölünde ýüzüp. Duýgulardan dykyz bolan kalbymy, Gowzatmakçy bolýan şygyrlar düzüp. Munda ähli zatda gözüň eglenýär, Şu pursat, şeýlebir dymýar tebigat. Içiňi dökere kişi ýok wagty, Men saňa ýazýaryn, ýürekdeş bir hat. ... Bu ýerde şeýlebir şatlyk-şagalaň, Menden özge hiç kim gama batanok. Düşündim men, jennet ýaly künjekde, Bir, eli dutarly dostum ýetenok. • ILKINJI SÖÝGIM Ýürekde şem ýakan ilkinji söýgim, Sen bolupdyň, meger, öçmejek duýgym. Soň näme üçindir artypdyr gaýgym, Ilkinji söýgim. Ilkinji söýgüsin tapan barmykan, Aşyk-magşugyna howandarmykan, Olar bir-birege söwer ýarmykan, Ilkinji söýgim. Men seni ýygşyrdym, kalbyň teýinde, Gezdim, alasarmyk hyýal küýünde, Ahyr saňa ýetdim ölmüň öýünde, Ilkinji söýgim. Nusga bolup ýörkä, çalaran başlar, Wagtyndan ir agarmasyn, bu saçlar, Size sapak bolsun, mähriban ýaşlar, Ilkinji söýgim! • MILLILIK Goly bilezikli, boýny bukawly, On barmaga dakyp kökenli ýüzük. Bakyň, buýsanç bilen çuwalgyz barýar, Gyzlyk dünýäsiniň kölünde ýüzüp. Başynda gupbasy gadym metjidiň, Syrçalary ýaly öwşün atyp dur. Aý — aslyşyp galan gulakhalkasy, Otly ýüreklere habar gatyp dur. Gün gaýyp geldi-de, boldy gülýaka, Ýykmadylar sadalygyň raýyn. Tolkun atyp gitdi küýzedäki suw, Görüp, mahy-taban altyn roýun. Keteni köýnegi şowurdar ýele, Gör, hatyrjem bolup, jüp ýylan ýatyr. Saçbagynda kümüş düwme näz edip, Aşyk ýigde, magşugyndan saz ýetir. Geçip barýar wagt deýin, garaşman, Dürli hyýal gelip-geçdi bu küýe. Gatbar-gat jaýlara sowulmady ol, Girip gitdi, altyganat ak öýe. • MÜŇKÜRLIK Läläm, görejiňde göz yzyn görýän, Hany, aýdaý, haýsy ýigit seretdi?! Seniň gara nerkes, nurly gözüňde, Neneň edip, ol naýynsap ýer etdi? Kim otyr, meň oturmaly ýerimde, Kimdir munda guran beýle hekemi? Gyzyň gözlerinde saklanyp galan, Siňe baksam, öz gözlerim ekeni. • GÜNEBAKARLAR Sary kirpiklerin Kuýaşa gezäp, Asmana seredýär günebakarlar. Gün ýaşan çagynda, gamgyn pyşyrdap, Bir düşnüksiz dilde läle kakarlar. Birisine boý-bereket eçilen, Beýlekisi ondan namut galypdyr. Ol biri buýsançly başyn göterse, Ýene biri baldagyndan tänipdir. Olaň biri gapak ýaly kellesin Saklap bilmän, ýaranjaň deý bükülen. Birisi göterýär mähnet serini, Aslyýetde, hemmesi deň ekilen. Birisi dokmaňyz, birisi pakdyr, Özünden göwnühoş — ýetik joşguny. ...Günebakarlary synlan halatym, Gördüm, adamlaryň tanyş keşbini. • BENTLER Men indi öňki men däl, Menden meni tapmarsyňyz. Öňkim ýaly ýaraňyza, Melhem edip ýapmarsyňyz. * * * Men sizi tanadym halys, Sabyr käsäm pür bolansoň. Men sizden kalbym öwürdim, Ýüreklerňiz kir bolansoň. * * * Geçmişime dürbi tutsam, Tez maralym aglaýar. Salgymyň içinden görnüp, Elwan ýaglyk galgaýar. * * * Bilmedim, senden boldumy, Ýa-da meň özüm günäkär. Ýöne, bir zady-ha bilýän, Söýgä bolmadyk penakär. • ABSTRAKSIÝA Ol özüni oklady, Şygryýet ummanyna. Soňra düşünip galdy, Çuňluga çümmänine. ...Indi bolsa ýatyrdy, Şol deňziň kenarynda. «Ylham aty» oýardy Tüm gijäniň ýarynda. Röwşen TAGANOW. | |
|
√ Ýagyşly günüñ aýdymy / Goşgular - 20.11.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Men Gazadaky çaga / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Hindi gyzy / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Betbagt adam / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |