17:21 Ýolugra söhbetdeşlikden | |
ÝOLUGRA SÖHBETDEŞLIKDEN
Degişmeler
- Essalawmaleýkum! - Waleýkumessalam! - Näme, çiññerilip seredýäñiz welin, tanamadyñyz öýdýän? - Hawa-aýt, dogrudanam, tanamadym-laý... - Onda dollaryñ köpelendir, sakaldaş! * * * Başlyk köne dostuna ýüzlenýär: - Görneñok-low, gardaş! - Pyýada köçeden geçýän dälsiñ, ýogsam görerdiñ. * * * - Sen pylanyñ dilini tapañokmaý? - Şondan añsady ýok. Dili agzyny açan ýeriñdedir. * * * - Barmyñ-ow bi togalak dünýäde, görneñok-la... - Näme, indi saña görünmek üçin men jaýyñ üçegine çykaýynmy? * * * - Murt goýdurdyñmy? - Mugt goýdurdym. * * * - Kelläñe gap geýmeseñ... - Näme, boşmukan öýdýärlermi? * * * - Saña bir sowal bermekçi. - Sen maña sowal bereniñden, gowusy, sowalga bersene... * * * - Uzakdan-a göremok... - Ýakyndan okamaga-fa sowadym ýok diýsene... * * * - Men-ä şoña "ýüzüñ üstünde burnuñ bar" diýemok. - Aý, sen diýmeseñ-de, şol-a hakykat. * * * - Galamdaş, bu günler näme ýazýañ? - Düşündiriş. Röwşen TAGAN. "Watan" gazeti, 02.11.1996 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |