“PAÝHAS ÇEŞMESINDE” DAL BEDEWLERIMIZ
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň barha ýokarlanmagy bilen bir hatarda, ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy üçin alnyp barylýan işler döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýär. Bu işde hormatly Prezidentimiziň döredýän eserleri halkymyza ylym-bilim çeşmesi bolmak bilen bir hatarda, ruhy taýdan galkynmakda hem taýsyz nusga bolup durýar.
Şeýle eserleriň biri-de mähriban Arkadagymyzyň jöwher zehininden kemala gelip, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda halkymyza sowgat bolan “Paýhas çeşmesi” atly ajaýyp eseridir. Ata-babalarymyzyň paýhasy bilen asyrlaryň dowamynda döredilen halk nakyllaryny özünde jemleýän bu ajaýyp eser çuňňur many-mazmun bilen okyjylarda iň tämiz duýgulary oýarýar.
Bilşimiz ýaly, türkmen ahalteke bedewleri temasy mähriban Arkadagymyzyň ähli eserinde diýen ýaly görnükli orna eýedir. Çünki ata-babalarymyzyň zehin gory, yhlas keremi bilen döredilen türkmen bedewleri halkymyzyň milli baýlygy we buýsanjydyr.
“Paýhas çeşmesinde” bedew atlar bilen baglanyşykly nakyllara giň orun berilýär. Saldamly eserde kökenli zynjyra düzülen ol nakyllaryň her biri çuňňur mana eýe. Olaryň aňyrsynda giden uly many jemlenýär. Ol nakyllar bilen içgin tanşanyňda, ata-babalarymyzyň bedew atlar babatynda döreden nakyllarynda behişdi bedewleriň üsti bilen durmuşyň başga-da ençeme meseleleri boýunça öwüt-ündewlerini, öz garaýyşlaryny beýan etmegi başarandygyna göz ýetirmek bolýar. Muňa “Paýhas çeşmesinde” beýan edilen “At – münenden, görk – geýenden”, “At ady bilen, ýigit ody bilen”, “At başyna iş düşse, agyzdyrygy bile suw içer, är başyna iş düşse, ädigi bile deňiz geçer”. Görnüşi ýaly, her bir nakylyň aňyrsynda bir däl-de, birnäçe many jemlenýär.
Eziz Arkadagymyz eserinde bedew atlar hakyndaky nakyllary girizende käbir ýagdaýda olaryň bir-iki däl-de, birnäçe manyny özüne birikdirýän nakyllaryny seçip-saýlap alypdyr. Muňa esere girizilen “At ýortuşda belli, gurt-ýyrtyşda, är göreşde, batyr-söweşde” nakyly hem aýdyň mysaldyr. Görnüşi ýaly, bu dana sözde bedew atyň ýortuşy- çapyşy, gitgirligi bilen belli bolýandygy, gurduň ýyrtyşy — öz awuny bölüp-ýyrtyp almaga ukyby bilen, bili kuwwatly är ýigidiň göreşi, batyr goç ýigitleriň bolsa, al meýdanda söweşi bilen belli bolýandygy beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň eserine girizen bedewler hakyndaky nakyllary bir tarapdan, okyjylary ata-babalarymyzyň paýhasyna, synçylygyna, dünýä garaýşynyň çuňňurlygyna göz ýetirmäge ýardam etse, ikinji bir tarapdan, okyjylaryň kalbynda terbiýeleýjilik duýgularynyň kemala gelmeginde gözli çeşme bolup durýar. Sebäbi nakyl – akyl. Onuň düýp özeni paýhas ummanyndan gözbaş alýar.
Türkmeniň owadan, Hak sylamyş tebigaty bar. Bu gözel dünýä türkmene ýüz-millionlarça ösümlikler bilen bir hatarda, haýwanat dünýäsiniň, janly-jandarlaryň gaýtalanmajak gözel nusgalaryny hem bagyş edipdir. Şeýle nusgalaryň naýbaşysy hasaplanýan ahalteke bedewleri täsin gudrat, gözellik ölçegi. Syn-sypatly, sagrysy meýdanly bedewler türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegi. Mähriban Arkadagymyzyň eserine girizen bedew atlar hakyndaky nakyllar, gözelden görkana bedewlerimize bolan söýginiň artmagynda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.
Aprel aýynda sahawatly türkmen topragy has-da gözel keşbe eýe bolýar. Bu aýda halkymyz synmaz buýsanjymyz bolan Türkmen bedewiniň baýramyny belläp geçýär. Şanly sene mynasybetli Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda halkymyzyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen ahalteke atlarynyň halkara bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek hakynda ýörite çözgütleri kabul edýär. Bu işler bagtyýar halkymyz bilen bir hatarda, bütin dünýäde Arkadagymyza bolan çuňňur söýgini, buýsanjy artdyrýar.
Gurbanmuhammet MÖJEKOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Edebi makalalar