06:32 Paýhas dowamaty | |
▶ SÄHRADAKY KERAMAT
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Hezreti Muhammet we sahabalar bir gezek sapar wagty ot-çöpsüz boş ýerde düşlemeli bolupdyrlar. Olara ot ýakmak üçin odun gerek bolupdyr. Şonda hezreti Muhammet: “Odun ýygnaň! “ diýip, ýanyndakylara ýüzlenipdir. Onda sahabalar: “Ýa Resulalla! Görüň-ä, bu ýerde hiç hili çöp-çalam görünmeýär” diýipdirler. Hezreti Muhammet olara: “Häzirki ýagdaýda her kim tapyp bilenini çöpläp getirsin” diýipdir. Sahabalar sähra siňip, kiçijik çöp görseler hem çöpläp alypdyrlar. Soňra her kim ujypsyzja hem bolsa, ýygnanja odunyny getirip, bir ýere üýşüripdir. Görseler, köp odun üýşüpdir. Şol wagt hezreti Muhammet şeýle diýipdir: - Kiçijik günäler hem edil şu kiçijik odun çöpler ýalydyr, olam hem ilki göze görünmeýärler. Ýöne ähli zat kiçijik zatdan başlanýandyr. Edil şonuň ýalyda siziň hem göze görünmeýän günäleriňiz köpelip, bir gün görseňiz, örän uly günä öwrüler. ▶ ŞYPALY MELHEM Är-aýalyň güni bir bolsa, sögüşi iki eken. Bir gün aýaly delalat isläp, tebibiň ýanyna barypdyr. - Adamym bilen oňşamok. Özüňiz bir em salgy beräýmeseňiz... – diýip ol tebibe ýalbarypdyr. Nämäniň nämedigine düşünen tebip: - Gelin, garaş ! – diýýär-de, içki otagdan bir çüýşe “derman” getirýär. Soňra oňa: - Adamyň gaharlanan wagty şundan bir çemçe al-da, owurdyňda sakla, gahary ýatýança ony ýuwudyjy bolma. Adamyň gaharynyň ýatanyna göz ýetireňsoň, daşaryk çyk-da ony tüýkür. Soň bolsa agzyňy üç gezek arassa suw bilen çaýkagyn – diýip, maslahat beripdir. Gelin tebibiň aýdyşy ýaly edipdir. Netijede, maşgaladaky dawa-jenjel hem ýatýar. Wagtyň geçmegi bilen çüýşedäki “derman” gutarypdyr. Aljyraňňylyga düşen gelin tebibiň ýanyna ýelk ýasapdyr. Tebip ýylgyrypdyr-da, oňa şeýle diýipdir: - Ol “derman” diýip berenim-ä akar suwy bolmaly. Şol “dermanyň” üsti bilen men seň gaharyňy ýuwutmagy öwretdim. Maşgalada biriň geçirimli bolsaň, dawa-jenjeliň bolmajakdygyna indi göz ýetiren bolsaň gerek. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |