20:42 Perinçek: "Russiýanyñ ulanýan ýaragy, edil häzirki wagtda parahatçylyk we asudalyk getiren ýaragdyr" | |
PERINÇEK: "RUSSIÝANYÑ ULANÝAN ÝARAGY, EDIL HÄZIR WAGTDA PARAHATÇYLYK WE ASUDALYK GETIREN ÝARAGDYR"
Publisistika
"Vatan" partiýasynyñ başlygy Dogu Perinçek Russiýanyñ "ТАСС" we "РИА Новости" habarlar agentlikleriniñ sowallaryna jogap berdi "Vatan" partiýasynyñ başlygy Dogu Perinçek Russiýanyñ NATO-nyñ gabawyny ýarmak üçin başlan hereketi bilen baglanyşykly beýannama berdi. Russiýanyñ "ТАСС" we "РИА Новости" habarlar agentlikleriniñ beren sowallaryna jogap beren Perinçek "Russiýanyñ harby operasiýasy, elbetde, ýaraglydyr, emma Russiýanyñ ulanýan ýaragy, edil häzirki wagtda parahatçylyk we asudalyk getiren ýaragdyr" diýen sözlerini sarp etdi. • "Putin amerikan howpuny beýanatlar bilen saklap bolmajagyny gowy bilýär" Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniñ Ukraina operasiýa kararyna nähili garaýandygy soralan Perinçek şeýle jogap berdi: "Hormatly Putin ABŞ-nyñ howpunyñ beýanatlar bilen saklap bolmajagyny gowy bilýär. Russiýanyñ harby operasiýasy, elbetde, ýaraglydyr, emma Russiýanyñ ulanýan ýaragy, edil häzirki wagtda parahatçylyk we asudalyk getiren ýaragdyr. Edil Azerbaýjanyñ Garabagy halas edende ulanan ýaragy ýaly. Russiýanyñ kararlylygy Garadeñize parahatçylyk getirmek bilen bir hatarda Gündogar Ortaýer deñizinde-de amerikan howpuna zarba urýar we Türkiýäni rahatlandyrýar. NATO-nyñ gündogara ýaýylmagy Türkiýe üçinem uly howpdur." • "Gündogara süýşmäge çytraşýan NATO öz gabryna tarap barýan NATO-dyr" "Vatan" partiýasy hökmünde üýtgeşmelere Türkiýeden seredýändiklerini, Türkiýeden seredişiñ şol bir wagtda Beýgelen Aziýa siwilizasiýasy taýdanam seredişdigini we adamzadyñ gelejeginiñ şu ýerdedigini aýdan Dogu Perinçek "NATO-nyñ Gündogara tarap giñemegi Eýran, Siriýa, Yrak, Azerbaýjan, Orta Aziýa ýurtlary, bütin Aziýa we Hytaý üçinem uly howpdur. NATO-nyñ Gündogara tarap giñemegi Afrika we Latyn Amerika üçinem uly howpdur. Gündogara süýşmäge çytraşýan NATO öz gabryna tarap barýan NATO-dyr. "Vatan" partiýasy 2022-nji ýylyñ 18-nji fewralynda NATO-nyñ hataryndan çykmak baradaky talabyny Türkiýe respublikasynyñ we türk halkynyñ dykgatyna ýetiripdi hem-de dünýä jemgyýetçiligine yglan edipdi" diýdi. • "Putin parahatçylyk we asudalyk getiren modeli durmuşa geçirýär Putiniñ ABŞ-nyñ NATO-ny Gündogara tarap giñeltme yşkyndan el çekmeýändigine gowy düşünýändini aýdan Perinçek şeýle diýdi: Russiýanyñ harby operasiýasy, elbetde, ýaraglydyr, emma Russiýanyñ ulanýan ýaragy, edil häzirki wagtda parahatçylyk we asudalyk getiren ýaragdyr. Edil Azerbaýjanyñ Garabagy halas edende ulanan ýaragy ýaly. ABŞ-na garşy Garabagyñ halas edilmeginde, Gazagystan agdarlyşygynyñ basylyp ýatyrylmagynda, Owganystanyñ halas edilmeginde, "Kürdüstan" ady bilen ikinji Ysraýyl döwletini gurmak synanşygynyñ puja çykarylmagyna we Liwiýada ulanylan ýarag model döretdi. Bütin bu harby kararlylyklarda Russiýanyñ, Türkiýäniñ, Eýranyñ, Siriýanyñ, Yragyñ, Gazagystanyñ, Azerbaýjanyñ we daşrakdanam bolsa Hytaýyñ bilelikdäki tagallasy bar. Putin parahatçylyk we asudalyk getiren modeli durmuşa geçirmäge dowam edýär hem-de ABŞ-nyñ NATO-ny Gündogar döwletleriniñ we halklarynyñ üstüne sürme synanşygyny puja çykarýar." • "Täze dünýä gurulýar" Täze dünýäniñ ýaragly, syýasy we ykdysady girişmeler arkaly gurulýandygyny aýdan Perinçek beýannamasyny şu şekilde dowam etdirdi: "Ukraina-da häzir özüni ýanar oduñ içine atan amerikan ryçagly hökümetden dynar we Garadeñiz parahatçylygynyñ içindäki ýerini alar. Bolup geçýän üýtgeşme Garadeñize parahatçylyk getirmek üçindir. Täze dünýä gurulýar. ABŞ-nyñ jahana ketdelik satma taglymy çökýär. Dollar soltanlygynyñ soñuna gelindi. Milli döwletleriñ garaşsyzlygyna kepil geçýän, adamkärçilikli, jemgyýetçilikli, gyradeñ, parahatçylykly Aziýa siwilizasiýasynyñ beýgelişini Türkiýeden salamlaýarys. Biz Türkiýe bolup täze siwilizasiýanyñ gurujylarynyñ arasyndaky ýerimizi alarys. Muña hiç kimsäniñ şübhesi bolmasyn." "Aydınlık" gazeti, 24.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||