08:51 Umumy türk taryhyna Perinçek penjiresi | |
UMUMY TÜRK TARYHYNA PERINÇEK PENJIRESI...
Taryhy makalalar
"Vatan" partiýasynyñ başlygy Dogu Perinçek "Aydinlık" gazetinde "Musulman bolan türkler halas boldy we öwrülşik etdi" (“Müslüman olan Türkler ayakta kaldı ve devrim yaptı”) diýen makala bilen çykyş etdi. Dogu Perinçek agzalan makalasynda türkleriñ yslamyýeti kabul edenden soñ döwlet we goşun bitewiliginiñ yslamyýetiñ çygrynda hasam kämilleşendigini öñe sürdi. Perinçek yslamyýeti kabul eden türki kowumlaryñ döwletleşendigini nygtamak bilen, “Türkiýe, Azerbaýjan, Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan döwletleriniñ türki halklarynyñ aglabasy musulman. Özem bu ýurtlaryñ hemmesiniñ yzda galan soñky iki ýüz ýyllyk taryhynda türk we sowet rewolýusiýalary arkaly köp esasly dünýewi hem-de döwrebaplaşma tejribeleri bar. Häzirki zaman rewolýusion tejribeleri-de bar” diýip ýazdy. Orhon ýazgylarynda şamanizme dahylly ýekeje-de alamatyñ ýokdugyny öñe süren Perinçek türkleriñ yslamyýeti kabul edenden soñ dünýä medeniýetine gymmatly eserleri miras galdyrandygyny aýtdy. Geliñ, Dogu Perinçegiñ şol makalasyny hemmämiz bilelikde okap göreliñ: “Bugün "Salam, jemgyýetçilik!" ("Merhaba Kamuculuk") makalalar toplumyna bir günlük arakesme berýäris. Aslynda jemgyýetçilik meselesi türkleriñ medeniýet we rewolýusion tejribesi bilen baglanşyklydyr. Hususanam türkleriñ yslam medeniýetiniñ halkasyna girmegi we şol eýýamyñ medeniýetine öñbaşçylyk etmegi bilen baglanşyklydyr. Şonuñ üçinem häzir türk milletine dahylly zatlara ýobazlyk biçüwinde duşmançylyk edýänleri görmezlige salyp bilmeris. Yslamyýetiñ türk we arap duşmançylygynyñ çäginde her dürli hurafalara ýapyşan alymsumaklar, žurnalistler we birnäçe intellektler bar. Bularyñ atlary-da, dilleri-de, kyblalary-da Atlantikadyr. Mysal üçin özlerine "Think Thank Araştıma" adyny beren bir topar bar. Serediñ, bu tink-tankçylar öz hakyky ýüzlerini nädip görkezýärler: • GIPOTEZALARA SERETSEÑIZLÄÑ Diñe bu topar däl, dünýewiligi perde edinip, türkleriñ medeniýet gurujylygyna garşy söweşen başga-da käbir topbaklar orta çykdy. Bularyñ öñe sürýän esasy gipotezalary şulardan ybarat: 1. Türkleriñ musulmanlygy kabul etmegi yzagalaklykdyr, milliligiñi ýitirmekdir, araplaşmakdyr; 2. Osmanly döwleti türk(men) döwleti däldir, biziñki däldir; 3. Hakyky türkler - musulman däl, şamançylyk däplerini dowam edýän, hristian we jöhit dinine giren türklerdir. • MUSULMAN TÜRKLERIÑ DÖWLETLERI BAR Ilki şu dünýämize göz aýlalyñ, häzir özbaşdak döwleti bolan türkleriñ hemmesi musulman. Türkiýe, Azerbaýjan, Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan ve Gyrgyzystan döwletleriniñ türki halklarynyñ agramly bölegi musulman. Özem bu ýurtlaryñ hemmesiniñ yzda galan soñky iki ýüz ýyllyk taryhynda türk we sowet rewolýusiýalary arkaly köp esasly dünýewi hem-de döwrebaplaşma tejribeleri bar. Häzirkizaman rewolýusion tejribeleri-de bar. Çünki hunlardan, göktürklerden, uýgurlardan, gyrgyzlardan, mongol-türk tejribesinden, garahanlylardan, gaznawylardan, seljuklylardan we osmanlylardan, Wolga we Krym tatarlaryndan, Altynordadan, Teýmirilerden, Çagataýlardan gelen bir abyrsyz uly döwlet tejribeleri var. • YSLAM YKLYMYNDA BAÝLAŞAN TEJRIBE Türklerin döwlet we goşun tejribesi garahanlylaryñ yslamyýeti kabul eden döwründen bäri elmydama yslam yklymynda kämilleşip geldi. Yslamyýeti kabul eden türki kowumlar döwletli boldular. Yslamyýeti kabul etmän, Aziýanyñ gyrak-byjaklarynda galanlar medeniýet gurup bilmediler. Şol şamanlar hun we göktürk ösüşlerindenem çetde - daglarda we Sibiriñ sümme tokaýlarynda galdylar. Orhon ýazgylaryna seredip görüñ, ol ýerde şamanlyga degişli ýeke zat barmy, Gök Tañrynyñ şamanizm bilen dynnym ýaly baglanşygyny tapyp berip biljek barmy? Hristian we jöhit dinine geçen türklerem edil gypjak-kumanlarda, peçeneglerde, bulgarlarda ýa-da karaý(ym)larda we gagauzlarda (gök oguzlar) görlüşi ýaly rus sähralyklarynda ýa-da Gündogar Ýewropada beýleki halklara garyşyp we assimilleşip gidipdirler. Diñe şunuñ özi sapak alarlyk nusga dälmi eýsem: hristianlyga geçen gypjaklar döwletsiz galyp, Russiýanyñ we Gündogar Ýewropanyñ halklaryna garyşyp gidendigi, munuñ tersine gypjaklaryñ musulman bolanlarynyñ Müsürde 1240-njy ýyldan 1517-nji ýylda çenli özleriniñ "Dewlet-it Türki" adyny beren Mamlýuk döwletini gurandygy we beýik medeniýet döredendigi. Olar XIII asyrda türki diliniñ iñ gymmatly eserlerini ýazdylar. • DÜNYÄ DILLERINDÄKI IÑ GADYM ALLA SÖZI Türkler yslamyýeti kabul etmezden öñem täk tañryçydylar (monoteist, ýagny hanyfy - ýekehudaýly dine ynanýanlar -t.b.) Muña Günbatarly taryhçylar "tengrisizm" (tañryçylyk) diýýärler. Dünýädäki ilkinji Tañry sözü-de, ylmyñ biziñ günlerimize çenli gelip ýeten maglumatlaryna salgylansak, türki dilde bolupdyr. Baryp-ha b.e.öñki IV asyryñ gürrüñini edýäris. Şumer toýun ýazgylaryndaky Tingir sözi bilen türkçedäki Tengri-Tañry we mongolçadaky Tenri/Tengri sözleriniñ düýbüniñ birdigi taryhçylaryñ we dilçileriñ arasynda biragyzdan kabul edilen pikirdir.[1] Gadymy we orta asyrlar türki dilindäki Tengri sözi Türkiýe türkçesindäki Tañrydyr (Tanrı) we türk diliniñ ähli şahalarynda gabat gelýär: Hunlarda: Çengli=Tengri.[2] Göktürklerde: Tengri, Türük Tengrisi.[3] "Diwany Lügat-et Türkde": Tengri.[4] "Oguznamada": Tengri.[5] Gypjak-kumanlarda: Tengri, Tengeri, Beý Tengri, Beýmiz Tengeri, Ata Tengri, Tengiri Ata.[6] Azeri türkçesinde: Tanry. Türkmenlerde: Tañry. Gazaklarda we Baraba türkçesinde: Tengri, Tenri. Kumyk türkçesinde: Tenniri. Sary uýgurlarda, sagaýlarda we gyrgyz türkçesinde: Tenir. Oýrat we Altay türkçesinde: Teneri. Sor türkçesinde: Tegre. Özbek türkçesinde: Tängri. Hakas türkçesinde: Tigir. Karaçaý türkçesinde: Teýri. Başgyrt, gazak we gazak tatarlarynda we uýgur türkçesinde: Tanri. Soýon türkçesinde: Der. Çuwaş türkçesinde: Tory. Teleüt türkçesinde: Tenere, Tenre. Ýakut türkçesinde: Tanara.[7] • ATLY ÇOPAN HOJALYGYNA ESASLANAN DÖWLET GURUJYLYGY WE ÝEKE-TÄK TAÑRY Bugün yslamyýete garşy türklügiñ hasabyna şamanizmi mahabatlandyrýanlar, hem-ä jahyldyr, hemem medeniýetiñ hakyky duşmanydyr. Sebäbi, şamanizm - din däl, ol ýöne bir jadygöýlük tilsimlerinden ybarat tradision rituallar toplumydyr. Yslamdan öñem döwlet guran, medeniýet döreden türkleriñ dini täk tañryçylykdyr. Dogry, buddizmi we maniheizmi kabul edenlerem bolupdyr. Yslamyýetden soñ döwlet guran türkler bolsa musulmandy ýa-da musulman boldular. Ýeke-täk Tañrynyñ jemgyýetçilik-ykdysady binýady bar. Atly çopançylyk (çarwa) medeniýeti ekerançylykdan tapawutlylykda has köp öri meýdanlara eýeçilik etmegi talap edýärdi. Türkleriñ döwlet we goşun gurujylygynyñ kökleri-de şu ykdysady gurluşa esaslanýar. Atly çopanlar guramaçylykly söweşjeñ ukyplary arkaly Mesopotamiýanyñ, Hindistanyñ we Hytaýyñ bol suwly derýalarynyñ mes toprakly ýerlerine höküm edip, birgiden döwletleei gurdular. Ýeke-täk Tañry bolsa, atly-çopan medeniýetiniñ şular ýaly ymgyr uly geografik giñişlikde ýeke-täk güýçli ygtyýarlyga mätäçligiñ duýulýandygy üçin orta çykdy. Türk imperatorlyk medeniýeti bilen ýeke-täk Tañrynyñ arasyndaky baglanşygy iñ ajaýyp görnüşde beýan edýän jümle şudur: "Gök ýüzüniñ ýeke-täk Güneşi bar bolsa, ýer ýüzüniñem ýeke-täk hakany bardyr." Ýeke-täk Tañry we ýeke-täk hakan atly-çopan ideologiýasynyñ özenidir. • TÜRKLERIÑ SIWILIZASIÝALAŞMA TARYHYNYÑ BADALGASY Ýeke-täk Tañry konsepsiýasyna gabat gelýändigi üçin türk hakanlary yslamyýeti añsatlyk bilen kabul etdiler. Yslamyýet türkleriñ siwilizasiýalaşma taryhynyñ başlangyç nokadydy. Yslamyýet türkleriñ beýik medeniýet galkynyşyna tarap barýan ýoluna kybap gelýän iñ sistemalaýyn ynanç we gymmatlyklar ulgamydy. Hezreti Muhammet pygamberiñ (s.a.w) öñbaşçylyk eden söwda rewolýusiýasyny kadalaşdyran yslamyýet türk hakanlyklarynyñ söwda ýollaryny gözegçilik astyna almakda şol döwrüñ iñ kämil tejribesi we ideologiýasy bolup durýardy. Türk hakanlyklarynyñ yslamyýeti kabul etmegi bilen birlikde siwilizasiýanyñ öñbaşçylygy-da türk döwletlerine geçdi. Bu boýunça ýazylan iñ düýpli kitaplaryñ biri bolan Starryñ "Gaýyp bolan aýdyñlanma" kitaby muny diýseñ gowy düşündiripdir. Dünýä siwilizasiýasynyñ öñbaşçylary VII-XV asyrlarda araplardy, parslardy we türklerdi. Günbatarda ylym we sungat XV asyrdan soñ yslam siwilizasiýasyny nusga edinip ösmäge başlady. Araplary we yslamyýeti masgaralamaga çalyşýanlar medeniýetsiz jahyllardyr. Uzyn gepiñ gysgasy, musulman bolmak türkleri yzagalak etmedi, gaýtam tersine, şol döwürde yslamyýet türk hakanlyklarynyñ beýik medeniýet galkynyşy ücin döwrüñ iñ kämil gymmatlyklaryny we hukuk sistemasyny berdi. Ynha, hut şonuñ üçinem musulman bolan garlyklar, uýgurlar, oguzlar-türkmenler, tatarlar we mamlýukly gypjaklar beýik imperiýalary we siwilizasiýalary gurdular. Şamanlykda ýa-da jadygöýlükde galanlar, medeniýet howzundan binesip galdylar. Hristian we jöhit dinine giren türklerem millet hökmünde özlerini gorap saklap bilmediler. • TÜRKLERIÑ BEÝIK MEDENIÝET GURMA SYPATY Türkleriñ milliligi nämeden ybarat? Atatürküñ "Türkleriñ beýik medeniýet gurma sypaty" diýýän aýratynlyklary näme? Döwrüñ medeniýetine syrtyñy öwrüp, Aziýanyñ gyrak-bujaklarynda çopançylyk bilen gümra bolup, şaman depregini çalmakmy, ýa-da skifleriñ, hunlaryñ we medeniýet galkynyşyny yslamyýetiñ howzunda dowam etdirip, Uýgur, Garahanly, Seljukly, Osmanly, Mamlýuk, Altyn Orda, Teýmirli, Çagataý döwletleriniñ mysalynda bolşy ýaly bütindünýä siwilzasiýa taryhynda öñdebaryjy orunlarda bolmakmy? • SELJUKLY WE OSMANLY MIRASYNY INKÄR ETME AKMAKLYGY Seljukly we osmanly mirasyny inkär etmek we garalamaga synanyşmak türklügiñ adyna ysnat getirjek derejesindäki barypýatan jahyllykdyr, siwilizasiýanyñ adyna çäkden çykma ahlaksyzlykdyr we yzagalaklykdyr. Özem şeýlekin medeniýet duşmançylygyny, şeýlekin türk duşmançylygyny Atatürküñ adyna bukulyp etmek - Atatürke ediljek iñ uly hyýanatdyr. Çünki türkleriñ seljukly we osmanly mirasy bolmadyk bolsa, ne türk rewolýusiýasy bolardy, ne-de Atatürk bolardy. Atatürk näme üçin şaman ýakutlaryñ, hristian gagauzlaryñ ýa-da jöhit ynançly garaý(ym)laryñ arasyndan çykmady-da, gel-gel, seljukly we osmanly medeniýetiniñ birigen çäklerinden çykdy? Yslamyýeti, arap, pars, seljukly we osmanly mirasyny masgaralamaga çalyşýan tohumsyzlaryñ bu soraga berip biljek jogaplary barmy? • IMPERATORLYK MIRASY - REWOLÝUSION TEJRIBE XX-XXI asyra ser salanymyzda, türk, rus, hytaý we eýran rewolýusiýalarynyñ yzlaryny görýäris. Bu rewolýusiýalaryñ hemmesi-de imperatorlyk mirasynyñ bar bolan çäklerinde boldy we bolmagyna dowam edýär. Tink-tankçylar, hany görkezseñizläñ, hristian, jöhit ynançly we şaman türkleriñ eden ýeke rewolýusion öwrülişigi barmy, barmak çommaldyp biljek ýeke medeni galkynyşlary barmy? Tink-tankçylara ýüzlenýärin, hristian, jöhit ynançly we şaman türkleriñ arasyndan çykan Atatürk ýaly ýeke şahsyýeti görkezip bilýäñizmi? Ýeke Saltyk Bugra hany, ýeke Birunyny, ýeke Ibn Sinany, ýeke Farabyny, ýeke Horezmini, ýeke Mahmyt Kaşgarlyny, ýeke Ýusup Balasagunlyny görkezip bilýäñizmi? Ýeke Nyzamylmülki, ýeke Ýunus Emräni görkeziñ! Ýeke Alyşir Nowaýyny, ýeke Teýmirleñi, ýeke Fatih Soltan Mämmedi görkeziñ! Ýeke Fizulyny, ýeke Mimar Sinany, ýeke Magtymgulyny, ýeke Nazym Hikmeti görkeziñ! Türkleriñ musulman bolmagyny masgaralamaga synanyşýanlar, aslynda göz-görtele türkleriñ imperiýa gurma ukybyny, guramaçylyk tejribesini, medeniýet gurma artykmaçlygyny, rewolýusion mirasyny we rewolýusion ukyp-başarnygyny görmezlige salýarlar. Özem muny türkçüligi we atatürkçüligi perdelenip etmeleri, türkçülige-de, atatürkçülige-de barypýatan dönüklikdir." ___________________________________ [1] Osman Nedim Tuna, "Şumer we türk dilleriniñ taryhy baglanyşugy bilen türk diliniñ ýaşy meselesi", Ankara-1997; Tunjer Gülensoý, I, s.857; Zeki Welidî Togan, "Umumy türk taryhyna giriş", s.13,17; Žan Pol Ru "Türkleriñ taryhy. Ýuwaş okeandan Ortaýer deñzine çenli" 2000 ý, "Kabalcı Yayınevi" neşirýaty, fewral 2007, s. 52; Landsberger, "Şumerler", Ankara "DTCF" žurnaly, 1943, N.5, s.95-69; V.Christian, Die Sprachliche Stellung des Sumerischen, Babilonica XII, Paris, 1932. [2] Talat Tekin "Hunlaryñ dili", s.10. [3] Talat Tekin "Orhon ýazgylary", Kültigin Günorta 1 (s.20-21) we Gündogar 1 (s.24-25); Bilge kagan, Demirgazyk 1, (s.44-45) we Gündogar 1 we 10 (s.50-53). [4] "Diwany Lügat-et Türk", jilt.III, Ankara, 1941, s.376-377. [5] W.Bang-G.R. Rahmeti, "Oguz kagan" dessany. 1936 we 1000 düýpli eser, "Milli Eğitim" neşirýaty Stambul, 1970, s. 3 we 19. [6] Grønbech, s.183 vd. [7] Hemmesi üçin seret: Tunjer Gülensoý, II, s.857.” 14.04.2020 ý, ODATV. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |