19:35 Piramidalaryñ syry | |
PIRAMIDALARYÑ SYRY
Geň-taňsy wakalar
Mundan müñlerçe ýyl owal Müsürde gurulan piramidalar häli-häzirlerem birgiden syrlary özünde saklaýar we adamzadyñ aklyny haýrana goýup gelýär. Megerem, siziñ köpüñiz "Mumyýa" kinofilmler tapgyryna syn eden bolsañyz gerek. Kinofilme tomaşa edenleriñ we müsür piramidalary baradaky taryhy kitaplary okanlaryñ ol gadymy piramidalara bolan gyzyklanmasy hasam güýçlenendir. Belki-de, azam bolsa arañyzda Müsüre syýahat edip, piramidalary görenleriñiz bardyr. Geliñ, hemmämiz bilelikde piramidalaryñ bizi haýrana goýan aýratynlyklaryna göz aýlalyñ: * Uly piramidanyñ ugry Niliñ deltasyny iki deñ bölege bölýär. * Gizedäki üç piramida Pifagoryñ üçburçlygy görnüşinde bina edilipdir. Bu üçburçlygyñ gyralarynyñ bir-birine aralygy 3:4:5-dir. * Uly piramidanyñ töwerekleýin meýdany we belentligi ýarsyna bölünende pi=3,14. * Uly piramidanyñ dört tarapynyñ jemi ölçegi piramidanyñ meýdanyna deñdir. * Uly piramida dünýäniñ gara gatlagynyñ merkezinde ýerleşýär. * Uly piramida dört esasy ugura görä hasaplanyp bina edilipdir. * Piramida mähnet Gün sagady ýalydyr. Oktýabryñ ortasyndan martyñ başlaryna çenli onuñ kölegeleri pasyllary we ýylyñ uzaklygyny görkezýär. Piramida örtülen daş plitalarynyñ uzynlygy bir günüñ kölege uzynlygyna deñdir. Bu kölegeleriñ daş plitalaryñ üstüne düşüşine gözegçilik edip günüñ 0,2419 ýarymynda ýylyñ uzynlygy ýalñyşsyz hasaplanyp bilnipdir. * Uly piramida bilen dünýäniñ merkeziniñ arasyndaky uzaklyk demirgazyk polýusyñ arasyndaky uzaklyga deñdir we demirgazyk polýusy bilen dünýäniñ merkeziniñ arasyndaky uzaklyga deñdir. * Piramidanyñ beýikligi bilen töwereginiñ arasyndaky aralyk bir öýüñ ýarsy bilen arasyndaky aralygyñ deñine barabardyr. Dört gyrasy dünýäniñ iñ uly we haýran galdyryjy üçburçlugydyr. * Gizdedäki piramida dünýäniń deñizleri bilen esasy kenarlaryny iki deñ bölege bölýär. Bu bolsa gury ýeriñ üstünden geçen iñ uzyn demirgazyk-günorta ugurly uzynlygy bolup bütin Ýer şarynyñ uzynlygyna barabar başlangyç nol nokadyny emele getirýär. * Häzirki wagtda tehnologiýa taýdan dünýäniñ iñ öñdebaryjy ýurtlaryndan hasaplanýan Ýaponiýa hem Heops piramidasy ýaly binany gurmakdan ejiz gelýär. Turistler Heops piramidasynyñ içine goýberilmeýär. Munuñ sebäbini bolsa piramidanyñ koridorlarynyñ juda dar we dik bolmagyndan diýip düşündirýärler. * Heops piramidasynyñ beýikligi 1 milliard bilen garşylaşdyrylanda Gün bilen Ýeriñ arasyndaky uzaklygy berýär (149.504.000 km). * Piramidanyñ armazak işçileriniñ adatdan daşary tagallasy bilen günde 10 bölek daş bölegini üst-üstüne goýlupdyr diýip hasaplanymyzda-da, piramidadaky 2,5 million daş 250.000 günde, ýagny 664 ýylda gurlup gutarylmaly bolýar. Emma piramidalar 20-30 ýylda gurlup gutarylypdyr. * Piramidadaky daşlaryñ her biri 20 tonnadyr. Bu daşlary getirip bolaýjak iñ ýakyn menzil hem piramidalardan ýüzlerçe km uzakdadyr. Bu daşlaryñ nirden we nädip getirilendigini häzirem anyklap bilenoklar. * Piramida kimiñ adyna gurulan bolsa, onuñ otagyna ýylda iki gezek Gün şöhlesi düşýär. (Doglan we tagta çykan güni). * Müsürdäki iñ uly piramida 30 ýylda gurlup gutarlypdyr. Bu piramidanyñ daşlary bilen Fransiýanyñ daş-töweregine boýy 3 metrlik diwar gurup bolýar. * Mumyýalanan tabytlarda radioaktiw madda barlygy üçin mumyýalary ilkinji tapan 12 adam keselläp ölüpdir. * Piramidalaryñ içinde hiç hili elekrtik enjamy, aragatnaşyk serişdesi işlemeýär. * Hapa suwy birnäçe günläp piramidanyñ içinde goýsañyz, gaýtadan geleniñizde arassaja içibermeli suwa gözüñiz düşer. * Piramidanyñ içinde süýt birnäçe günläp üýtgemän saklanýar we ahyrsoñy gatyga öwrülýär. * Ösümlikler piramidanyñ içinde has çalt ösýär. * Piramidanyñ içinde bäş hepde galan suwy ýüz kremi hökmünde ulanmak bolýar. * Zibil taşlanýan gabyñ içindäki iýmit galyndylary piramidanyñ içinde yslanmazdan mumyýalaşýar. * Kesilen, ýanan we sypjyrylan ýaralar piramidanyñ içinde has çalt bitýär. * Piramidalaryñ käbir otaglarynyñ içinde näme bardygyny häzirlerem bilip bilenoklar. Alymlaryñ köpüsi ol otaglaryñ içinde dereksiz ýitdiler, ýa-da şol bir duran ýerlerinden näçe jan etseler-de ol otaglaryñ içini görüp bilmediler. * Piramidalaryñ içi tomsuna sowuk, gyşyna çendenaşa sowuk bolýar. * Kosmos giñişliginde Müsürdäki piramidalara we Sfinksiñ hatarlanşyna gabat gelýän şekiller bar. Aýratynam piramidalaryñ bir ýyldyz toplumyna bakdyrylyp gurulandygy çak edilýär. * Piramidalaryñ käbirinde kilometrlere uzaýan tuneller bar. Bu tunelleriñ käbiri näbelli duzaga alyp barýar, käbiri bolsa faraonyñ mazaryna alyp barýar. * Faraonlaryñ mazarynyñ daglaryñ gaýalaryna oýulyp ýasalýan döwründe, mazaryñ gurluşygynda işlän işçileriñ ählisi hudaýlara gurban edilerdi. Bu ýowuz çäre mazar talañçylaryna garşy iñ gowy öñüni alyş çäresidi. Taýýarlan: © Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |