PIŞIK NAMYSY
Şol gün Amanmyrat adatdakylaryndan has ir oýandy. Pallap-gerinjiräp mellegiň içinde gezim etdi. Erik we alma baglarynyň miwelerini elleri bilen süpürişdirip göwünsiz iýdi. Nämedir bir zat ýadyna düşen ýaly towuk keteginiň öňünde ýatan ala köpegi depip göýberdi. Janawar bir azwagt çyňsap bu ýerden garasyny saýlady. Bu wakalaryň ählisini Jemal daýza görüp durdy. Ol agtygynyň ýanyna geldi—de onuň baýyny sypady.
-- Ogul, hergiz ýadyňda bolsun, Taňrytagala ownuk- iri mör-möjekleri, dürli haýwanlary, guşlary ýaradanda olaraýümüş buýrandyr. Şonuň üçin olaryň her biriniň öz aladasy, gaýgysy bardyr. Guş-gumrylar,jandarlar, mör-möjekler nesil aladasy bilen ýaşaýandyrlar.
Mör-möjekleriň arasynda işeňňiri garynjadyr. Görseň olar säherden agşama çenli zähmet çekýändirler. Özgä zyýan bermezlige çalyşarlar. Ýöne kiçijikligine garamazdan azar berseň gaýtawul bermäge, ary üçin janyny orta goýmaga taýýardyr. Seniň garagol hereketleriňi gördim. Bir wakany güüň bereýin. Onsoň özüň many çykar şondan—diýip, garry ene gürrüňe başlady.
Mekdepden uzak bolmadyk kiçiräk tamda bir kempir agtygy bilen ýaşaýardy. Süýtli gara çaý onuň iň gowy görýän naz-nygmatydy. Kempiriň agtygy bezzatdy.Obadaky iň garagol çagalaryň biri hasaplanýardy.
Bir gezek şeýle waka boldy.
Aýagy gyşyn-ýazyn ýüň joraply gezýän kempiri “Myrja” diýip atlandyrýan ala pişigi gowy görýärdi. Naharlanan pillesi eti doly gazalmadyk sünkler bilen ony hezzetlärdi. Pişik hem öý eýesine ýaranmak üçin “myr-myr” edip, onuň aýaklaryna süýkenerdi,ýalynjaňlyk bilen pallardy. Şol gün “pişiginiň çaýsüýdi içjek bolup dökendigini, agtygyna aýdan kempir bu ýalňyşlygyna soň-soňlar hem köp ökündi.
Şonsuz hem bezzatlyk etmek üçin bahana arap ýören kempiriň agtygyna geregi hem şudy.Ol öýde aldaw ýoly bilen pişigi gola saldy.Ony ýüp bilen mäkäm baglady-da, ýenjip, göwün solpundan çykdy. Pişik bolsa garagoluň elinden ölmän ujuz gutulandygyna müňde bir şükür edip, zordan özüni işikden daşary atdy.
Şol günden başlap pişik öýe gelmesini kesdi. Ýöne ol giije-girimde kempiriň jaýynyň daşyndan aýlanyp gidýädi.Bu ýakymsyz ahwal kempiri ynjylyksyzlandyrdy.
Tizden hem ol özüniň howatyrlanmasy barada oba adamlarynyň arasynda sylag-hormatdan peýdalanýan Berdimuhamet mugallyma birin-birin gürrüň beripdir.
Ynha, şondan soňra kempir mugallymyň maslahatyna eýerip, agtygynyň ýatýan düşegine mata-marlyk salypdyr-da üstüni ýorgan bilen örtüpdir. Jaýyň gapysyny pişik girer derejesinde açyp goýupdyr. Şol gün agtygyny ene-atasynyň ýanyna iberipdir.
Gijäniň tümlügindäki asudalygy otagda bolup geçýän zenzele bozupdyr. Kempir allaniçiksi bolup oýananda otagda pişik oglanyň ýorgan-düşekçesini parçalaýardy. Pişik hars urup oglanjygy gözlese-de, ony tapyp bilmändir. Aldawa düşen pişigiň gahar-gazapdan ýaňa tüýleri hüžžeripdir. Soň bolsa jynssyz ses edip çabalanypdyr-da, edil gelşi ýaly duýdansyz gaýyp bolup gidipdir.
- Eger-de şol gün maňa Berdimuhamet mugallym oýlanyşykly maslahat bermedik bolsa, agtygymyň başyna nähili günleriň geljekdigini asla göz öňüne getirip bilmeýärin.b Allatagala ony hemişe öz penasynda aman saklasyn! -diýip,kempir oba ilatyna gürrüň beripdir.
Amanmyrat enesiniň bu gürrüňinden soň özüniň ýalňyşandygyny bildi. Sykylyklap ala köpegi çagyranda janawar gorka-gorka onuň ýanyna geldi. Ýalagyna iýmit galyndylaryny guýup berende ol işdämenlik bilen iýdi. Soň Amanmyradyň önünde halymsyrap gaýta-gaýta minnetdarlyk bile gurygyny bulaýlady.
Ähli zatlary daşyndan synlap duran garry ene pendiniň ýerine düşendigine begeniup öýe girip gitdi.
Çagalar edebiýaty