23:23 Poliglot bolasyňyz gelýärmi? | |
POLIGLOT BOLASYÑYZ GELÝÄRMI?
Publisistika
Dil öwrenmegiň ilkinji – altyn kanuny ony öwrenmegi söýmek. Söýüp yhlas bilen ýapyşylan işiň bolsa heniz ýarty ýolda galan ýerini gören ýok. Bir dil öwrenmek üçin uzak ýyllar zähmet çekilýärkä, nädip käbir adamlar aňsatlyk bilen, meselem, 2 ýylda dil öwrenmegi başarýarkalar. Biziň gürrüňimiz poliglotlar hakynda bolar. Olaryň köp dilde gürläp, gürleşip bilmek ukyplary, şeýle-de bu ugurda ulanýan usullary barada bilen tanyş bolalyň. Poliglot kim? Köp dile düşünip, köp dilde gürleşip, okap-ýazyp bilýän adama poliglot diýilýär. Has anyk düşündirsek, iki dil bilýäne “bilingw“, üç dil bilýäne “trilingw”, ondanam köp dil bilýäne bolsa “poliglot” diýilýär. Poliglotlar muny nädip başarýarka diýen sorag biygtyýar sizde-de dörändir. Olaryň beýlekilere seredeniňde nätanyş dili has çalt öwrenmek ukyby nämä bagly? Bir dil öwrenmek isleýän bolsaň, şol dilde gürlemäge synanyşyp işe başlamaly. Gorkman, şol dilde gürleşýänleriň arasyna girmeli. Bilýän az sanly sözleriňiz bilen gürläp başlamaly. Täze tanyşlardan, olaryň gürrüňlerine goşulmakdan, gülkülerine sebäp bolmakdan gorkmaly däl. Bu diňe siziň peýdaňyza bolar. Çekinjeňlik poliglotlara mahsus häsiýet däl. Çagalaryň dil açyşyna üns berdiňizmi? Olar ilki düýbünden düşnüksiz, gülkünç eşidilýän sözleri aýtmak bilen başlaýarlar. Emma güldüler diýip gürlemän galan çaga gören dälsiňiz. Çaga kem-kemden gowy gürläp başlaýar. Kem-kemden kämilleşmeli. Ýöne ýalňyşmakdan gorkup, synanyşman kämilleşip bolmaýar. Çagalardan öwrenmeli ýene bir usulymyz bar, ol sözleri gaýtalamak. Çaga dil açýan wagty ejesiniň, kakasynyň, doganlarynyň aýdanlaryny gaýtalamak bilen dil öwrenýär. Çaga dogulýar. Üç ýylyň dowamynda saýrap dil açýar. Diňleýär, gaýtalaýar. Ulular ýaly gürlemek isleýär. Gaýtalamak islege bagly. Dil öwrenilende iň ýygy ulanylýan 500 sözi öwrenmeli. Sebäbi haýsy dil bolaýsyn gündelik gepleşilýän sözler 400-600 aralygynda bolýar. Çagalar ilki bilen iň köp gaýtalanýan sözleri öwrenýärler. Täze dilde belli bir gor edineniňizden soň, şol goruň üstüni barha artdyrmak özüňize bagly. Poliglotlaryň ýene-de bir aýratynlygy olar dil öwrenişlerini gürrüň berenlerinde gyzykly oýun hakda gürrüň edýän ýaly, joşgun bilen gürrüň berýärler. Kösendim, kyn boldy ýaly sözler poliglotlara ýat. Häzir akylly telefonlary, kompýuterleri, planşetleri durmuşymyzyň köp böleginde işjeň ulanýarys. Dil öwrenmekde-de sanly ulgamlardan peýdalanmak netijeli usuldyr. Meselem: bir programmany telefonyňyza ýükläniňizde öwrenýän diliňizde alyň. Şol programmada işläniňizde siz täze sözleri öwrenersiňiz. Poliglotlaryň usullary dürli, ýöne ählisiniň bir umumylygy bar: DIL ÖWRENMEKDEN LEZZET ALMAK. Dil öwreneniňizde çagalary nusga ediniň: - Grammatikasyny ýat tutup, dil öwrenjek bolmaň. - Ýalňyşmakdan gorkmaň. - Ökde diňleýji, öýkünjeň boluň. - Öwrenenleriňizi göni ulanyşa giriziň. - Günüň belli bir böleginde däl-de, günüň köp böleginde dil öwrenmäge endik ediň. - Ilki bilen, size iň gerekli, ýygy ulanylýan sözleri öwreniň. - Dil öwrenmegi edil oýun ýaly kabul ediň. Şu altyn düzgünleri berjaý etseňiz siziňem poliglot boljagyňyz ikuçsyzdyr. Aýbibi AÝMAKOWA, "Zehinli nesil" dil merkeziniň diňleýjisi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |