23:12 Aşgabada | |
AŞGABADA
Goşgular
Elim bile kölegeläp gözlerim, Doguşyn gabatlap her gün säheriň. Ylgap çykyp hol baýyrlaň üstüne, Synlardym durkuňy merjen şäherim. Bürenip aklyga misli jennet deý, Özüňe çekerdiň çaga kalbymy. Enem diýrdi "Uçurym bolsaň köşegim, Ugradaryn artdyrarsyň bilimiňi". Ýyllar ösüş bilen aýakdaş gidip Sany artdy nepis, mermer binalaň. Guwandym gül döwre, gözel mekana, Goýnuňda bagtyýar ösýär balalaň. Uçurym bolan bada duýduryp geldim, Okuw mesgeniňe dalaşgärligim, Armanym ýok söýen kärim edinip, Gujagyňda geçse gözel ýaşlygym. Ösüşlerine öz goşandym goşmaga, Göwne düwen arzuwlarma berip bat. Barýan uly ynam bile ädimläp, Barýan gözel gujagyňa Aşgabat! Aýbibi AÝMAKOWA, "Zehinli nesil" bilim merkeziniň diňleýjisi. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |