00:28 "Kitap okan gullar magnydan dokdur" | |
"KITAP OKAN GULLAR MAGNYDAN DOKDUR"
Edebi makalalar
Kitap okamak bu – dünýädäki iň ajaýyp zatlaryň biridir! Ol adamyň elinden alyp bolmajak iň gowy mümkinçilik. Okamak – hakykaty, dogruçyllygy, gözelligi, ynsanlygy gözlemekdir. Adam dünýä inende onuň hiç hili bilimi, söz baýlygy, pikirlenişi, aň-düşünjesi, gözýetimi bolmaýar. Emma durmuşda ýaşap ulaldykça, birnäçe zatlary öwrenýär we munuň esasy sebäbi hem kitap okamakdyr. Köp okan adam diňe ylmy durmuşda üstünlik gazanman, eýsem şahsy durmuşda hem üstünliklere eýe bolýar we çylşyrymly ýagdaýlardan ugurtapyjylyk bilen çykmagy başarýar. Okamak iňňe bilen guýy gazan ýalydyr, tutanýerlilik we sabyr talap edýär. Kitap okamagyň hiç hili erbet täsiri ýok, üstesine ummansyz köp peýdalary bar. Köp okan adam bilimli we durmuşda hemişe gowy ýaşaýyşa eýe bolar. Kitap okanda diňe onuň sahypalarynda ýazylan setirlerdäki sözleri dile getirmän, eýsem onuň manysyny, awtoryň bize berjek bolýan öwüt-nesihatyny düşünmäge synanyşmaly we mundan many çykaryp, özüňi gowy tarapa çekmegi başarmaly. Bu dünýäde hiç bir zat hemişelik däldir-baýlyk, gowy kär, dostluk, maşgala. Emma kitap okamagyň üsti bilen gazanylan bilim hiç haçan gitmeýär we ony hiç kim alyp bilmeýär. Gazet-žurnallarda, okuw kitaplarymyzda birnäçe ylmyň, üstünligiň iň ýokary derejesine ýeten adamlaryň döredijiligi, ylmy açyşlary, oýlap tapyşlary, goşgulary, eserleri hakynda okaýarys we şol alymlaryň, oýlap tapyjylaryň, şahyrlaryň hemmesi öz bilimini kitaba borçludyrlar. Dünýäniň iň akylly adamy hasaplanýan, Nobel baýragynyň eýesi we fizika dersine ummansyz köp goşant goşan, 150-den köp kitabyň we makalanyň awtory we dünýä belli bolan otnositellik teoriýany oýlap tapan alym Albert Eýnşteýn hatda uniwersiteti hem gutarmandy. Onuň kitaplara bolan höwesi, söýgüsi, kitap okamak hyjuwy ony şeýle beýik alym edip, oňa üstünlik gazandyrdy. Mundan başga-da, dünýäniň baý adamlarynyň biri “Tesla” we “SpaсeX” kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask gününe 2 kitap okaýar eken. Haçan-da söhbetdeşlikleriň birinde raketa gurmagy nireden öwrenendigi barada soranlarynda, Ilon: “Men kitap okaýaryn” diýip, gysgaça jogap berdi. Meşhur alyp baryjylaryň biri, prodýuser Oprah Winfreý kitap okamagyň oňa gowy geljege ylham berendigi we hemme zadyň üýtgedilip bilinjekdigine düşünmäge mümkinçilik berendigi hakynda aýdyp geçdi. Türkmenlerde “Köp okan, köp biler” diýen nakyl hem bar. Näçe köp okasaň, şonça-da üstünlige ädim-ädim ýakynlaşýarsyň we bir gün şol adamlaryň ýeten derejesine ýetmäge mümkinçilik gazanyp bilersiň. Adamlar kitap okamagyň olara getiren peýdalary hakynda pikir hem edýän däldir. Onuň ummansyz köp peýdalary bar. Kitap okamagyň iň uly peýdasy hem biziň beýnimizi türgenleşdirmegidir. Haçan adam kitap okap başlanda, onuň dünýä-garaýşy giňelýär we şol kitapda ýazylan gahrymany, gurşawy, şol ýerdäki wakany göz öňüne getirip hyýal edip başlaýar. Bu bolsa adamyň gözýetimini, hyýal-düşünjesini giňeltmäge ýardam berýär. Ikinjiden bolsa onuň söz baýlygy artýar, başgaça pikirlenip başlaýar we öz düşünjesini doly dile getirip bilýär. Hatda iki sözi birikdirip, sözlem gurmagy başarmaýan adam hem kitap okadykça, ýuwaş-ýuwaşdan dogry sözleri saýlap alyp öz pikirini aç-açan aýdyp başlaýar. Köp kitap okaýan adamyň dürli temada gürleşmäge, dürli ugurlardan pikir alyş-çalyş etmäge mümkinçiligi bar. Söze baý adam owadan gürlemegi we öz düşünjelerini aýdyň beýan etmegi başarýar we öz söhbetdeşinde söze çeperliligi bilen täsir galdyrýar. Mundan başga-da kitap okamak stresi azaldýar diýip alymlar tassyklaýarlar. Esasan hem günde ýatmazdan öň otuz sahypa ýaly kitap okamak organizmi stresden uzak tutýar. Kitap okan wagtyň ähli meseleleriňi ýatdan çykarýarsyň we özüňi başga dünýäde, ýagny şol kitapda suratlandyrylýan wakanyň içinde ýaly duýýarsyň. Kitap okamagyň ýene bir peýdasy adamyň ýatkeşligini ösdürmesidir. Adam kitap okan wagtynda kitapdaky häsiýetlendirilen gahrymanlary jikme-jik beýan edýär – olaryň egin-eşigini, daş-töweregindäki elementleri, gahrymanlaryň atlaryny ýatda saklamaga çalyşýar, bu bolsa onuň ýatkeşligine täsir edýär. Kitap okamak adamdan ünsliligi we ünsiňi jemlemegi talap edýär. Kitap okadykça, ol daş-töweregindäki zatlara ünsli bolup başlaýar we şol bir wagtyň özünde dürli soraglara ünsini jemlemegi başarýar. Alymlaryň tassyklamagyna göre okamak adam bedeniniň has uzak ýaşamagyna kömek edýär we hatda adamda Alzeýmer keselini döremek ähtimallygyny azaltýar. Kitap okaýan adamlar başgalara seredende medeniýetli bolýarlar we jemgyýetde özüni alyp barşy hem başgaça bolýar. Esasan hem nusgawy kitaplar adama özüniň gowy taraplaryny keşp etmäge kömek edýär. Ol okan zadyny analiz edip, onda: ”näme üçin bu gahryman özüni beýle alyp bardy; men onuň ýerinde näme ederdim; bu ýagdaýdan özümi nähili alyp çykardym”-diýen soraglar ýüze çykýar. Bu bolsa ony gowy tarapa üýtgetmäge we ony terbiýelemäge başlaýar. Bulardan başga-da kitap okamak wagtyňy gyzykly geçirmäge, özüňi ýalňyz duýmazlyga, çalt pikirlenmäge we kyn ýagdaýlarda dogry karar almaga, döredijiligimizi artdyrmaga, durmuşy söýmäge kömek edýär. Şeýle hazynany bize beren ýazyjylara, şahyrlara minnetdar bolmalydyrys! Olar bir kitap ýazyp bilmek üçin ýyllar boýunça birnäçe kitap okaýarlar, gözleg geçirýärler we köp ýyllaryň dowamynda gazanan tejribelerini ulanýarlar. Awtor ortaça iki ýyl bir kitabyň üstünde işleýär. Islendik kitaby, hatda çagalar üçin ýazylan kitaplary ýazmak üçin hem uly zähmet sarp edilýär. Ýazyjy bolmagyň iň kyn ýeri hem okyjylara kitapda beýan edilen duýguny berip bilmekdir. Adam kitabyň sahypalaryndaky jadyly sözleri okadykça, awtordan täze zatlary öwrenýär we şonuň netijesinde awtor bilen okyjynyň arasynda baglanyşyk döreýär. Olar hiç haçan ölmeyär, sebäbi olaryň bize galdyran mirasy hemişe biziň aramyzda ýaşaýar we näçe ýyl geçse-de ýatdan çykarylmaýar. Kitaplar biziň durmuşymyzyň ähli ýerinde bar, olar biziň aýrylmaz bölegimizdir. Öýünde kitaby bolmaýan hiç bir maşgala ýokdyr. Çagalara kiçilikden başlap kitapdan ertekiler okalyp başlanýar we kitaby söýmek, ony aýawly saklamak hakynda öwredilýär. Olar çaga döwründen başlap ertekilerdäki gahrymanlar bilen tanyş bolýarlar we özlerini şol gahrymanlara deňeýärler. Soňra mekdeplerde, institutlarda, ýokary okuw jaýlarynda hiç bir sapak kitapsyz geçmeýär. Emma häzirki wagtda tehnologiýanyň uly depginler bilen ösmegi adamlaryň kitaba sarp eden wagtyny azaltdy. Ähli öýde kompýuter, telewizor, öýjükli telefonlar bar we adamlar wagtynyň köp bölegini şol zatlara sarp edýär. Gynansakda çagalaryň kitap okamaga bolan höwesi kem-kemden azalýar. Käbir kitaplar ýatdan hem çykarylyp başlady, emma häzire çenli uly höwes bilen okalýan we adamlaryň ünsini özüne çekmegi başaran kitaplar hem az däldir. Her adamyň halaýan awtory ýa-a gyzyklanýan bir kitabyň görnüşi bar. Käbirleri klassiki kitaplary ýa-da taryhy, ylmy, filosofiki kitaplary okamagy gowy görýär, käbirleri söýgi hakynda ýazylan kitaplary ýa-da hyýaly kitaplary okamagy halaýar. Dogry we peýdaly kitaby saýlap almak hem kitap okamak ýaly örän wajypdyr. Emma esasan hem ylmy kitaplary okamaga ymtylmaly. Mundan başga-da ýerli we daşary ýyrt nusgawy edebiýaty kitaplary okamak hem hemmeler üçin hökmanydyr. Nusgawy edebiýaty kitaplary hiç haçan könelmeýär, ýatdan çykarylmaýar we uzak ýyllaryň dowamynda adamlar tarapyndan uly höwes bilen okalýar. Adam boş wagtyny kitap okap dogry peýdalandyrmaly. Ýöne ýere telewizoryň garşysyna geçip, oňa seredip oturandan ýa-da telefon bilen meşgullanmak ýerine kitap okap wagtyňy peýdaly geçirmelidir. Magtymguly atamyz aýtmyşlaýyn:"Kitap okan gullar magnydan dokdur". Aýbibi AÝMAKOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||