22:43 Dalaşgärlik duýgusy | |
INSTITUTYÑ BOSAGASYNDA
Goşgular
Kalby arzuw, goly kitap göterip, Sabyrsyz garasyp synag döwrüne. Kä howlugar, käte ikirjiňlener, Müň dürli alada jaýlap göwnüne. Gijeler ukusyz okan bolmaly, Yhlasyndan nyşan saralan gözler. Megerem, beýnide bekän bolmaly, Synagda aýtmaly tekstler,sözler. Golundan düşmedik sözlük kitaby, Goldar ony kyn pursatda ýetişer. Bu durmuşda her bir öwrenen zadyň, Geljegiňe nurly şöhlesi düşer. Gurup hyýalyny synag gününiň, Begendirsem diýer ýakynlaryny. "Talyp" adyn buýsanç bilen göterip, Hasyl edip ýürek arzuwlaryny. Başa geýip gözel türkmen tahýasyn, Ir säherden ýola düşer, dilegde. Hernä Taňryň özi ony goldasyn, Nesip, talyp bolup galar bu ýerde. Aýbibi AÝMAKOWA, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ýaşaýjysy, "Zehinli nesil" bilim merkeziniň diňleýjisi. | |
|
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Birden gopan kyýamat, eý, soňsuz rehmet kylan... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Gökden jana «Yzyňa dolan!» diýen ses geldi... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 28.10.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Gözden akan ýaşlaryma / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |