21:48 Prosent harammy? Prosent näme üçin haram? | |
PROSENT HARAMMY? PROSENT NÄME ÜÇIN HARAM?
Edebi makalalar
Zalymlar unudar zikri-Allany, Arzan alyp, gymmat satar gallany, Süýhor naýynsaplar halal tyllany, Haram peýdasyna berişin görüñ. Magtymguly Pyragy. Yslam dininde prosent (göterim) harammy we näme üçin haram? Prosent belasyndan nädip halas bolmaly? Yslam dininde prosent hakynda düşünje. Yslam adam gatnaşyklaryna we ykdysady durmuşa juda gerekli we hökmany hasap eden ýerlerinde dogry ýol görkezipdir. Gurhanyñ ykdysady durmuş bilen baglanyşykly düýp prinsiplerinden biri-de prosent gadaganlygydyr. Gurhan jahylyýet döwrüniñ araplarynyñ arasynda giñden ýaýran we adamlaryñ bir-birleriniñ hakyny iýmeklerine hem-de haksyz gazanç etmeklerine sebäp bolýan prosenti (riba) gadagan edipdir, olaryñ "prosent - söwdanyñ bir görnüşidir" diýen sözüne garşylyk hökmünde: "Prosent iýenler - göýä şeýtan galtaşyp uran adamyñ turuşy ýaly ýerlerinden turarlar. Bu olaryñ "Alyş-çalyşam edil prosent ýalydyr" diýmelerinden ötridir. Ýogsa Alla alyş-çalyşy halal, prosent haram kylypdy. Kime Rebbinden bir öwüt gelip, olam ondan ýüz öwürse, geçmişde bolanlara özi jogapkärdir we işi-de Allaha galandyr. Kim gaýtadan (prosente) dönse olar ot halkydyr, ol ýerde ebedilik galarlar"(Bakara, 275) diýen aýaty bilen jogap beripdir we gutarnykly höküm çykarypdyr. Gurhan prosentiñ ýok edip sadakalary artdyrmalydygyny beýan edip (Bakara, 276), adamlaryñ pikir edişiniñ tersine, aslynda prosentiñ gazanç, zekat we sadaka bermek bilen bir däldigini aýdýar. Şeýle-de Gurhan "Eý ynananlar, Alladan gorkuñ, eger ynanýan bolsañyz prosentden galan peýdañyzdan el çekiñ" (Bakara, 278) diýip ýüzlenmek arkaly mömin-musulmanlary prosentden daşlaşmaga çagyrylýar. Aýatyñ dowamynda "Eger şeýtmeseñiz inda Alla we Onuñ Resulyna garşy söweşe girdigiñiz diýip biläýiñ. Eger toba etseñiz, düýp puluñyz özüñizde galar. Ne-hä haksyzlyk ediler, ne-de haksyzlyga uçrarsyñyz" (Bakara, 279) diýmek bilen süýthorçulygyñ nähili gabahat işdigini bilip duran ýagdaýyñda-da prosentden el çekmezligiñ külli günädigini we webalynyñ uly boljakdygyny, prosentiñ zulumdygyny mälim edipdir. Gurhan prosentiñ haramdygyny mömin-musulmanlara birnäçe gezek tekrarlap duýdurýar (Aly Ymran, 130, Rum, 39) we ýewreýleriñ süýthordyklary sebäpli başlaryna gelen-u-geljek belalary mysal görkezýär (Nisa, 159-161). Gurhan prosentiñ nämedigi, şertleri we hökümleri barada ýöriteläp durup geçmedigem bolsa, hadyslarda bu boýunça jikme-jik seredilýär. Gurhanda söwda we halal gazanç etmekden söz açylýar, gazanç etmegiñ ýollary salgy berilýär, şol sanda adamlary ylahy synaga tabyn etmek, adamlaryñ biri-birlerine zulum-sütem etmekleriniñ öñüni almak, adamyñ hakyny iýmegiñ we haksyz gazanç etmegiñ öñüni almak üçin birnäçe kada-kanunlary we gadagançylygy girizipdir. Prosent almak hem gönüden-göni şol gadagançylyga girýär. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||