22:15 "Puluñ porsusy ýok": Gadymy Rimde peşew salgydy | |
"PULUÑ PORSUSY ÝOK": GADYMY RIMDE PEŞEW SALGYDY
Geň-taňsy wakalar
Gadymy döwürlerde rimlilerden biziñ günlerimiziñ jemgyýetine çenli birnäçe edim-gylymlar gelip ýetipdir. Emma rimliler, gürrüñsiz, peşew meselesinde biziñ garaýşymyzdan aýry garaýşa eýediler. Olar peşewe häzirki döwürdäkä garanda iññän peýdaly zat diýip düşünýärdiler. Rimliler peşewi kir ýuwujy serişde hökmünde egin-eşiklerini ýuwanda ulanypdyr, hatda dişlerini ýuwanda-da, deri eýlände-de ulanypdyrlar. Birwagtky kir ýuwujy ýerlerde adamlaryñ peşewini toplamak maksady bilen köpçüligiñ geçýän ýerlerinde uly toýun gaplar goýlupdyr. Peşew ulanmak şolar ýaly derejede ýörgünli pişä öwrülensoñ, Rim imperatory tarapyndan peşewe salgyt salnyp başlanypdyr. "Puluñ porsusy ýok" manysyny berýän “Pecunia non olet” sözi I asyrda imperator Neronyñ we Wespasianyñ peşew salgydyny girizmegi netijesinde orta çykan aýtgydyr. • Gadymy Rimde peşewiñ ulanylyşy Biz indi hajathanada hajatymyzy bitiren badymyza, suwuñ ýüpüni çekip çykýarys. Gadymy döwürlerde bolsa peşew gymmatly önüm hasaplanýardy. Peşewiñ düzüminde kaliý, fosfor ýaly köp dürli minerallar we himiki elementler bar. Rimliler peşewiñ dişi agardýandygyna we çüýremekden goraýandygyna ynanypdyr. Şol sebäpli peşew bilen agyz çaýkapdyrlar, pemza daşy bilen garyp diş mäjumuny (pastasyny) taýýarlamakda ulanypdyrlar. Peşewiñ tä 1700-nji ýyllara çenli diş pastasynda we agyz çaýkanda ulanylmagy diýseñ ýörgünli bolupdyr. Rimlileriñ pikiriçe iñ gowy peşew portugal peşewidi. Portugaliýadan getirilýän iñ gymmat peşew olaryñ gözünde dünýäniñ iñ güýçli peşewidi, şonuñ üçinem ol dişleri agartmakda ulanylýardy. Häzir köp adam peşew goşulan diş pastasyndan ýüz öwürse-de, peşew hakykatdanam olaryñ derdine ýarapdy! Çünki peşewde häzirki wagt birnäçe arassalaýjy serişdeleriñ düzüminde barbbolan ammoniak elementi bar. Eger peşewi üsti açyk gaba salyp goýsañyz, yslanmaga, yzyndanam howa galtaşmasynyñ netijesinde ammoniak öndürip başlaýar. Rim döwründe peşew geýim-geýimleri arassalanda ulanylypdyr. Ammoniakly peşew Rim imperiýasy döwrüniñ tekstil pudagynda-da aýratyn orna eýedi. Aslyna seredende, peşew ýüñden dokalan egin-eşikleri agartmak we deri eýlemek maksady bilen ulanylypdyr. • “Vectigal Urinae”: Peşew toplaýjylara salgyt B.e.öñki I asyrda Rim imperatory Nero latyn dilinde "peşew salgydy" manysyny berýän “vectigal urinae” atly täze salgydy ýola goýdy. Bu salgyt buşukmak arkaly köpçülikleýin ýerlerden ýygnanan peşewleri düzgünleşdirýärdi. Sebäbi pes gatlaklar hajatlaryny lagymlara akdyrmak bilen kiçijik gaplara buşukýardylar. Şeýle-de, baý gatlaklaryñ barýan köpçülige açyk hajathanalaryna-da salgyt salynardy. Peşew alan adam munuñ üçin paç tölärdi, soñra lagymdan peşewler toplanyp, birnäçe gaýtadan işlemelerden geçirilenden soñ gymmatly çig mala öwrülerdi. Wagtyñ geçmegi bilen bu salgyt hereketden galanam bolsa, biziñ eýýamymyzyñ 70-nji ýylda imperator Wespasian ony ikilenç güýje girizýär. Wespasian tagta geçen wagty Rim özüni ýitip-ýok bolup gidirjek uruşdan ýañy çykypdy. Üstesine Rimini hazynasynda ýeke teññe galmandy. Puly uçursyz gowy görýän we açgözçülikli salgytlary bilen tanalan (Rim imperiýasynyñ bergilerini üzen, hatda soñky hökümdarlara mundan has artygyny miras goýan) Wespasian imperiýany aýaga galdyrma we täzeleme işine girişipdir. Şol sebäpli çig mal öndürmek üçinem salgytlaşdyrma düzgüni ýola goýlupdyr. Bularyñ biri-de Rimiñ lagym (kanalizasiýa) sistemalaryndan (Cloaca Maxima) halkyñ peşewleriniñ toplanmagy üçin girizilen salgytdy. Hatda taryhda halka hyzmat edýän ilkinji hajathana biziñ eýýamymyzyñ 74-nji ýylynda Wespasiýan tarapyndan gurdurylypdy. • Pecunia non olet: Puluñ porsusy ýok Peşew salgydy girizilen badyna rimliler şeýle hajathanalara "wespasianlar" diýip başlapdyr. Peşew salgydy Wespasianyñ geljekki imperator boljak ogly Tit Flawiý tarapyndan halanylmaýardy. Rimli taryhçylar Dion Kassiý, Gaý Swetoniý Trankwill Wespasianyñ halkyñ ýigrenýän peşew salgydyny öz taryh kitaplarynda beýan edenlerinde şu dialogyñ üstünde durup geçipdirler: Tit peşew salgydyny ýatyrtmak üçin kakasyna özelenip durka, Wespasian bir altyn teññe çykaryp: “Pecunia non olet” ("Pul porsusy ýok") diýipdir. Bu hereketiñ añyrsyndaky many - gelýän ýerine seretmezden puluñ wajyp zatdygyny aýtmak eken. Bu aýtgy Wespasianyñ aýdan iñ meşhur sözleriniñ biridir we häli-häzirem hapa ýollar arkaly gazanylan puluñ nädip gazanylandygyna pitiwa etmezlik üçin ulanylýar. Germaniýadaky käbir adamlar bu aýtgynyñ döreýiş kyssasyny şeýle bir halapdyrlar welin, şol at bilen stolda oýnalýan oýun hem oýlap tapypdyrlar. • Häzirki wespasianlar (hajathanalar) Tit Flawiý bu salgydyñ manysyz zatdygyna ynanşy ýaly, aslynda uzak wagtlap Rime peýda getirjegine-de ynanan bolmaly. Belki-de, munuñ iñ aýdyñ mysaly, onuñ meşhur ýadygärligidir. Peşew salgydyndan belli bir bölegi Wespasianyñ on ýyllyk häkimiýeti döwründe gurlan Rim Kolizeýine (amfiteatryna) sarp edilipdir. Kolizeýden başga-da, Wespasianyñ häzirkizaman arhitekturasyna goşan goşandy başga tarapdanam gymmatlydyr. Fransuz dilinde aýdylýan halk köpçüligine niýetlenilen tölegli hajathanalara "wespasianlar" diýilýär. Şeýle hajathanalar amerikanlaryñ köpüsi, esasanam ýaşlar üçin öwrenşilmedik ýerem bolsa, hajatyñy bitirmek maksady bilen pul tölemek pikiri ýewropa şäherleriniñ arasynda, aýratynam Parižde giñden ýaýrapdyr. Soñky döwürlerde hernäçe giñden ýaýramadygam bolsa, Wespasianyñ ady Fransiýada "vespasiennes", Italiýada "vespasiani", Rumyniýada "vespasiene" görnüşinde halka hyzmat edýän hajathanalar bilen birlikde tutulýar. Täsin ýeri, 1930-njy ýylda Kanadanyñ Montreal şäherinde-de Wespasianyñ gurluşy gaýtalandy. Geçmişde Gadymy Rimde bolşy ýaly birnäçe köpçülikleýin hajathanalarda adamlar peşewiñ üsti bilen güzeranyny dolapdyr. Wespasianyñ salgydy halk tarapyndan, hususanam peşew toplaýjylaryñ, tekstilçileriñ, gap-gaç ýuwujylaryñ arasynda halanmasa-da, salgytlardan üýşen pul Rim imperiýasynyñ we onuñ ýola goýan jemgyýetçilik edaralarynyñ maddy üpjünçiligini gowulandyrmaga goşant goşupdyr. • Çeşme 1). Scribe, The. “Ancient History Blog.” Ancient History Blog RSS. June 4, 2007. http://ancientstandard.com/2007/06/04/at-least-you-don’t-pay-urine-tax…-1st-c-ad/ 2). “Lock, Stock, and History, Emperor Vespasian and the Urine Tax, When…” Peashooter85. http://www.peashooter85.com/post/51354476985/emperor-vespasian-and-the-urine-tax-when 3). Morcone, Campania. “Vespian’s Legacy.” Italian Notebook. http://www.italiannotebook.com/art-archaeology/vespasian-urinals/ Brýan HILL. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |