05:02 Pyrgun bolmagyñ ýollary | |
PYRGUN BOLMAGYÑ ÝOLLARY
Publisistika
Gurhanyñ dürli sürelerinde altmyşdan gowrak ýerde pyrgunyñ ady agzalýar. Mukaddes kitabymyzda pyrgun (faraon) ady iñ köp agzalýanlaryñ biridir. Ony Gurhan ýaly kitabyñ sahypalaryna aralaşdyran personažlaryñ položitel ýa-da otrisatel taýdan hiç haçan öçürip bolmajak ýazgy bilen hasaba alynmaga degişli personažlardygy belli. Gurhan mazmuny bilen amal etme, şoña laýyk düşünme we şoña laýyk ýaşama kitaby bolandygyna görä, içinde öwran-öwran ady tutulýan pyrgunyñam bize öñümizde goýmaly atlaryñ biridigini ýatladýar. Belki-de, pyrgundan "nähili bolmalydygyny" öwrenip bilmeris, emma ol "nähili bolmaly däldiginiñ" iñ aýdyñ mysallaryndandyr. Pyrguna seredip köp zady öwrenip bileris. Pyrgun diýlende hökmany suratda göz öñümize Nil derýasy, san-sajaksyz leşger, piramidalar, köşkler gelýär. Ýagny, pyrgun köp möçberde özbaşyna bir medeniýet nyşanydyr. Iñ bolmanda pyrgun sözi pygamberleri öldürmäge het etme, çagalary öldürme, hatda heniz dünýä inmedik çagalar üçinem ölüm permanyny çykaryp bilme ýaly agyr jenaýatlary ýada saldyrýar. Bulam bizi pyrgundan sapak alma, onuñ işleri bilen işlerimiziñ arasynda meñzeşlik ähtimallygyndan daşda saklaýar. "Pyrgun küje, öýli-işikli we işli-güýçli musulman küje" diýdirip bilýär. Gurhan bolsa altmyşdan gowrak aýatda onuñ adyny agzap geçýär. Gurhan biziñ ruhy çeşmämiz, pikirimiziñ sakasy. Hawa, täzeden Niliñ üstünde hökmürowanlyk gurulmasa, hiç kimse gadym pyrgunlar ýaly bolmaz. Emma şol pyrgunlaryñ tipiki mysallary näçe diýseñ bar. Hiç kimse şol pyrgunlar ýaly bolup bilmez, emma islendik kişi pyrgunyñ ýörän ýolundan ýöräp, Allanyñ huzurynda onuñ ýaly bolma hökümine duçar bolup biler. Pyrgun belli bir adamyñ ady bolmakdan has beter özbaşyna hüý-häsiýetiñ, personažyñ adydyr. Ondaky personažlary oñlaýan ýa-da haýsam bolsa bir ýol bilen şol hereketleri gaýtalaýan islendik kişä eýleräk ýa-da beýleräk pyrgun diýip bileris. Birem adam Hudaýa iman eden ýagdaýynda, ýagny iman edenler bilen bile-de bolsa, faraon ýaly boljak bolsa nähili absurd ýagdaýda galar! Adamyñ kalbynyñ, möminiñ özüni alyp barşynyñ, hüý-häsiýetiniñ pyrgunlaşmagy nähili ýigrenji zat! Gürrüñsiz, siz häzir "beýle-de bir möminlik bormy?" diýersiñiz. Käşgä, bolmasady. Käşgä hiç kimse zulumy, zorluk-sütemi bilen oña meñzemesedi. Emma durmuşda munuñ mysallaryna kän gabat gelýäris. Edil hiç kimiñ Ebu Bekir bolup bilmese-de, onuñ eden ýagşy işleri ýaly işleri etse, Ebu Bekiriñ häsiýetleri bilen ýatlanyşy ýaly. Bu nädip şeýle bolýan bolsa, olam şeýle bolýar. Gurhanda pyrgun sözüniñ agzalýan aýatlary gezekli-gezegine goýlanda, şu hüý-häsiýetleriñ pyrgunlaşmagynyñ esasy hüý-häsiýetleri hökmünde biziñ dykgatymyza ýetirilýändigini görüp bolýar. Şeýlelikde, pyrgun bolasy gelýänem, gelmeýänem näme etjegini görse gerek. Bizem nähili aýylganç pyrgunlaryñ arasynda ýaşap ýörendigimizi görme mümkinçiligini gazanarys. Pyrgunlyk - ýer ýüzünde azmak, özüñe degişli däl zady eýelemek üçin gara güýç ulanmakdyr. Allatagalany, pygamberlerini ýalana çykarmaga synanyşmakdyr. Özüñe zulum etmek, ebedilik dowzahda galjak işleri etmekdir. Möminlere mylakatly seretmezlik, olary özüñden pes görmekdir. Hudaýa we pygamberine söz berip, sözüñde durmazlykdyr. Diñe şu dünýäñi görüp, ölümi we ölümden soñuny görmezlikdir. Men-menlik etmek, adamlary äsgermezlikdir. Zulum etmekdir. Allanyñ dininiñ ýaýylmazlygy, Allaha sežde edilmezligi üçin çyr-çytyr bolmakdyr. Zulum astyndaky möminleri ýañsylamak we olary özüñçe görmezliksie. Hapalygyñ we ahlaksyzlygyñ ýaýramagy üçin jan etmek bozgaklyga baş goşmakdyr. Sözüñ doly manysynda isrip etmekdir. Pitne-pesat turuzmakdyr, baş galdyrmakdyr. Milletparazlyk we öz tiräñi ýokarda görmek, başga halky pes görmekdir. Hudaýlyk dawasyny etmekdir. Pyrgun nirede? Gurhanyñ pyrgunyñ ady bilen utgaşdyran işleri kimde bar bolsa, şolam düzetmäge degişli ýalñyşlyklaryñ özünde bardygyny bilmelidir. Pyrguny Nil derýasynyñ boýlaryndan gözläp ýörmäñ. Pyrguny pyrgun eden işler guk ýanymyzda, gözümiziñ alnyndadyr. Nureddin ÝYLDYZ. 23.09.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |