21:00 Şygyryñ güýjüni bil! | |
ŞYGYRYÑ GÜÝJÜNI BIL!
Edebi makalalar
Şygryýet we şahyr Gurhanymyzyñ ünsüne düşen temalaryñ biridir. Onuñ iki uju-da ýiti bolýandygy üçin Hudaýa gulluk etmekde-de ulanylyp bilner, şeýtanyñ hyzmatynda-da. Şahyrlar jennete-de giripdir, dowzaha-da... Şygryýet iki uçly naýza ýalydyr. Her bir ýarag şeýledir: möminiñ elinde jennet wizasy bolýar, kapyryñ elinde-de dowzahyñ ody bolýar, eýesini ýakýar... Şygryýetiñ güýjüni bil, ony nygmata öwür. Ýazyp bilýän bolsañ, şygyr ýaz. Ýazan şygyryñ saña güýç bersin, at bersin. Soñra-da diniñe hyzmat etsin. Uklap ýatany oýar, ýöräp barýany ylgat. Mal bilen, beden bilen edilýän işleri şygyr bilen et. Ýürekden gaýnap çykýan sesler ýañlansyn, taryha öwrülsin, taryh ýazsyn. Kösenme, ýöne ukybyñ bardygyny bil. Synanyş, ýaz, öçür, ýaz, gaýta-gaýta öçür, ýadama! Şygyr ýazmak ukybyny berýän Allatagaladyr. Kime şygyr ýazmak ukyby, şahyrlyk berrn bolsa, şol adamam özüne berilenlere jogapkärçilik çekýändir. Hökman şahyr bolmaly diýen zat ýok. Şahyrana zehiniñ barmy, onuñ üstüni açmak, açansoñam kämilleşdirmek gerek. Ymmatyñ gussasyny ýylgyryşa öwren, ýylgyryşyny-da ýaýgynlaşdyran şahyr ýaradylan iş goýulygynda ýaşaýan şahyrdyr. Gara nebsiniñ otukmalaryny kanagatlandyrmagyñ ugrunda ömrüni çüýretmeýän, dinini eziz kylmak üçin çyrpynan şahyr Ymmatyñ şahyrydyr. Hassan ibn Sabit hem şahyrdy. Hemmeleriñ Ýasribe hijret eden pygamber aleýhyssalamymyzy goldamaga dyrjaşýan döwründe olam bardy. Bir aýal elinden tutup getiren on ýaşlyja Enesini oña sowgat berdi. Ýene biri "men gapyñda nobatçylyk edeýin" diýdi. Beýlekisi malynyñ bir bölegini getirdi. Ýene biri "men metjidini süpüreýin" diýdi. Ýene bir ýigit daşary ýurt dilini öwrenip, pygamber aleýhyssalama gol-ganat boldy. Hemmeler elinden gelenini etdi, eden işleri bilen utdy. Bir gyrada kimiñ näme etjegine garaşyp, netijä görä hereket etjeklere-de "mynapyk" diýildi. Iş etmän, ýatan çöpi galdyrman edilen işlerden paý almak islänler hökmünde olar gözden we köñülden düşdüler. Hawa, Hassan ibn Sabitem şahyrdy, olam şygyryndan peýdalandy. Allanyñ pygamberine dil ýetirilende, şahyrana dilini ulandy. Oña dili bilen goldaw berdi. Leşger kimin duşmanlaryñ üstüne ýöredi. Şeýle bir ýöredi welin, ýeke adamlyk goşuny bilen pygamber aleýhyssalam oña: "Galk, Hasan! Jogap ber, Jebraýyl arkañda dag bolup durandyr!" diýdi. Şygyryny ýarag etdi. Ýaragyny-da Alla üçin ulandy. Ýaşy ötüşen garrydy, dili tutulýardy. Dili tutulsa-da gepledi. Gepledigisaýy utdy. Alla oña näme ukyp beren bolsa, olam şol ukybyny ulanyp, utdy. Bir gyra çekilmedi, bir gyra çekildirdi. Ol Hassandy, hakyky şahyrdy. "Resulallanyñ şahyry" ady bilen meşhurlyk gazandy. Meşhurlygyna añryýany bilen mynasypdy. Hemmeleriñ Hassan ýaly bolmagy hökman däl, elbetde. Her kim öz ýaradylan goýulugyny goramaly. Allatagala käbir gullaryny eli gylyç tutsun, elinde dokuz gylyç paralansyn diýip ýaradypdyr. Olaram şeýtdiler. Mute meýdan söweşinde dokuz gylyç kül-uşak boldy ellerinde. At bolup çarpaýa galdylar, ok bolup jennete açylan ýollara döküldiler. Armadylar, irmediler, uklamadylar, uklatmadylar. Yz goýdular, arkalarynda yz galdyrdylar. Umytsyz jemgyýetden çykanam bolsalar, adamzadyñ ýeke-täk umydy boldular. Olaryñ kapyýalary gylyjyñ jarkyldysy boldy. Elleri dillerinden köp gürledi. Gulaklar olaryñ eliniñ gürleýänini eşitdi we düşündi. Näme üçin ýaradylan bolsalar, ukyplary nämä bar bolsa, şol ugurdanam iş bitirdiler. Alla olardan razy boldy, olaram Alladan... Şygyr okamak tebigy hörek bilen iýmitlenmegiñ bir görnüşidir. Ýazyp bilmeýän adam aç galmazlyk, sussypes ýöremezlik üçin şygyr okamaly... Açyk göz bilen görülmeýäni görüp bilmek, inçeden düşünip owadan gürlemek üçinem şygyr okamalydyr. Pygamber aleýhyssalam şahyr däldi, emma daş-töwereginde şahyrlar bardy. Olary diñleýärdi, sözlerine gulak salýardy. Şygryýet bize ýat däldir. Şahyr bizden bolmalydyr. Şahyry biz ýetişdirmeli, biz kemala getirmelidiris. Nureddin ÝYLDYZ. 01.01.2017 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||