06:45 Pyýada / ylmy-fantastiki hekaýa | |
PYÝADA
Mistika we fantastika
Ýöräp barşyna, ýol ugrundaky öýleriň her biriniň deňinde saklanyp: «Eşidýäňizmi?! Bu gün 4-nji, 7-nji, 9-njy teleýaýlymlarda näme görkezilýär? Padymanlar nirä alňasaýar? Baýyrlaryň aňyrsyndan Birleşen Ştatlaryň atly goşuny kömege gelýärmi?» diýip pyşyrdardy. Uzyn ýoluň ugrunda janly-jemende ýokdy, ümsümlikdi. Diňe meýdanda uçup ýören gyrgynyň kölegesi ýaly bolup, Jenap Midiň kölegesi barýardy. Eger-de gözlerini ýumup, butnaman doňup duran bolsa, ol özüniň müňlerçe mile uzap gidýän guran derýa hanasyndan, boşap galan köçelerden başga zat bolmadyk sowuk, imisalalyk höküm sürýän Arizona çölüniň ortarasynda galanyny göz öňüne getirip bilerdi. — Ýeri, indi?! — diýip, goşar sagadyna seretdi-de, öýlere garap gygyrdy. — Dokuzyň ýary? Tüýs birtopar ganhoryň jenaýat edýän wagty-da, şeýlemi? Bäsleşikmi? Estrada sahnasymy? Wäşiler sahnadan düşýärmi? Aý şöhlesi düşüp duran öýden gelýän gülki sesimi? Ol birbada aýak çekjek ýaly etdi, ýöne üýtgeşik zat bolmansoň, bu ýerden ugrady. Ýanýodanyň has büdür-südür ýerinde büdredi. Ýere düşelen asfaltyň kä ýerleri otlardyr güllerden ýaňa zordan saýgardýardy. Indi onuň gije diýmän, gündiz diýmän gezim etmäge çykyp ýörşüne on ýyl bolupdy, müňlerçe millik ýol söküpdi. Emma şunça wagtyň içinde ol özünden başga ýekeje kişä-de duşmandy. Ol şäheri kesip geçýän iki sany esasy şaýoluň çatrygyna geldi. Daş-töwerek asudalykdy. Gündizlerine bolsa bu ýeri ulaglardan ýaňa hyň berýärdi, ýangyç guýýan beketler dynuwsyz işleýärdi. Yzy tükenmeýän ulaglar bir-birlerinden öňe geçmäge jan edýärdi, inçejik tüsse asmana galýardy, barmaly menzillerine ýetmek üçin tomzak-awtoulaglar uzaklara garşy myçyp barýardy. Emma häzir welin bu ýollar ygalsyz möwsümde gurap galan hanalary ýada salýardy: daşlar, boşluk we Aý şöhlesi. Leonard gapdal köçä sowuldy-da, öýüne tarap ýöräp başlady. Ol öýüniň töweregine ýetiberende, çatrykda bir ulag peýda boldy-da, üstüne güýçli ýagtylyk düşdi. Ol özüni ýitirdi, bolup durşy ýagtylyga haýran galyp, soňam şoňa tarap ymtylýan güýe kebelegine meňzeşdi. Gazaply ses eşidildi: — Duran ýeriňden gymyldama! Leonard aýak çekdi. — Eliňi ýokaryk galdyr! — Näme üçin… — Ol bir zatlar diýjek boldy. — Eliňi galdyr, ýogsam atarys! Üç million ilatly şäherde ýekeje polisiýa ulagynyň bardygy geň zat. Şeýle dälmi? Bir ýyl mundan öň, 2052-nji ýylda — saýlawyň geçirilen ýylynda polisiýa ulaglarynyň sany üçden bire getirildi, jenaýat azaldy. Dogrusy, haňlap ýatan köçelerde ýöne aýlanyp ýören şu ýekeje ulagdan başgalarynyň geregem ýokdy. — Adyňyz? — diýlip, ulagyň içinden gödek ses eşidildi. Gözüne ýagty düşüp duransoň, ol ulagyň içindäkileri görenokdy. — Leonard Mid — diýip jogap berdi. — Gatyrak gürle! — Leonard Mid! — Käriňiz? — Ýazyjy diýseňem boljak. — Diýmek, hiç ýerde işläňzok-da — diýip, polisiýa ulagyndan gelýän ses, hamala, öz-özi bilen gürleşýän ýaly eşidildi. Ulagdan ýiti ýagtylyk düşüp duransoň, ol muzeýde döşünden çüýlenip goýlan eksponat ýaly, gymyldap bilmän durdy. — Aý, hawa, şeý diýseňem bolýa — diýip, jenap Mid razylaşdy. Indi ençeme ýyl bäri hiç zat ýazanokdy. Žurnaldyr kitaplaram satylanokdy. Içinden: «Indi hemme zat gijelerine mazarlyga meňzäp duran şu öýlerde bolup geçýär» diýip oýlandy. Şol öýlerde mawy ekranyň öçügsi şöhleleri astynda adamlar edil doňdurylan ýaly görünýärdiler. Olaryň ýüzlerine çal ýa-da dürli öwüşginli çyralar düşýärdi, ýöne hiç hili täsir edenokdy. — Işleýän ýeriňiz ýok bolsa, bärde näme üçin aýlanyp ýörsüňiz? — Gezelenç edýän — diýip, Leonard Mid jogap berdi. — Gezelenç edýän?! — Hawa — Ol ýuwaşlyk bilen jogap berdi, ýöne onuň gaty gahary gelýärdi. — «Gezelenç edýän» diýseňizläň. — Hawa, jenap. — Nirä, näme maksat bilen gezelenç edýäňiz? — Arassa howadan dem alaýyn, töweregi synlaýyn diýip çykdym. — Ýaşaýan ýeriňiziň salgysy! — Günorta tarapdaky Seýnt-Jeýms köçesiniň on birinji jaýy. — Öýüňizde howa ýokmy, jenap Mid? — Bar. — Görmek üçin mawy ekranam barmy? — Ýok. — Ýok?.. — Olaryň dymmagy jenap Midiň günäkärlenýändiginiň alamatydy. — Siziň maşgalaňyz barmy, jenap Mid? — Ýok. — Maşgalaňyzam ýok — ýene-de ulag yşyklarynyň aňyrsyndan ses çykdy. Aýdyr ýyldyzlaryň şuglasy düşüp duran asuda asmanyň astyndaky çal reňkli öýlerde ümsümlik höküm sürýärdi. — Hiç kim meň bilen durmuş gurmak islemedi — diýip, jenap Mid ýylgyryp, sözüniň üstüne goşdy. — Sorag berilmese gürlemäň. Jenap Mid aýazly gijede hiç zat gürlemän dymyp durdy. — Ýöne gezelenç edip ýörsüňiz, şeýlemi? — Hawa. — Ýöne maksadyňyzy aýtmadyňyz. — Arassa howadan dem almak üçin diýip aýtdym ahyry. — Siz gezelenje ýygy-ýygydan çykýaňyzmy? — Eýýäm näçe ýyl bolandyr, her gije-de çykýan. Polisiýa ulagy ýoluň ortarasynda durdy, rasiýa arkaly ses geldi: — Ýeri, bolýar, jenap Mid. — Boldumy? — diýip, ol sypaýyçylykly sorady. — Hawa — diýen ses eşidildi. — Bärik geliň! — Biri uludan dem aldy. Polisiýa ulagynyň yzky gapysy giňden açyldy. — Giriň. — Dursaňyzlaň, meň etmişim näme? — Ulaga münüň. — Munyňyz bolanok… Eşidýäňizmi?! — Jenap Mid. Ol yraň atyp gitdi-de, ulaga tarap ýöredi. Onuň deňine ýetip, öňdäki aýnadan içine seretdi. Hut pikir edişi ýaly bolup çykdy, ulagda hiç kimem ýokdy. — Münüň. Gapa elini diräp, yzky oturgyjyna — demir gözenekli kapasa içgin seretdi. Ondan polat çüýleriň ysy gelýärdi, mikroplardan arassalanandy, juda tämizdi, berkdi, ýöne ýumşak zat welin ýokdy. Rasiýadan ses ýaňlandy: — Eger aýalyňyz bolsady, belki, size şaýatlyk ederdi. Emma… — Meni nirä äkitmekçi bolýaňyz? Ulagda az wagtlyk ümsümlik peýda boldy-da, birdenem, hamala, maglumat gelendigini bildirýän pessaýja ses ýaňlandy, ulagyň elektrik gözleriniň öňüne bir kagyz bölegi gaçdy: «Geçmişe meýilli adamlaryň psihiatrik ylmy-barlag merkezine». Ol ulagyň içine girdi. Gapy ýuwaşlyk bilen ýapyldy. Polisiýa gullugynyň ulagy körek çyralary bilen öňüni ýagtyldyp, esasy ýol bilen ýöräp ugrady. Birsalymdan olar tutuş şäher jaýlarynyň garaňkylyga gaplanandygyna garamazdan, penjirelerinden daş-töweregiň tümlügini ýagtylandyryp, aýratyn ýeke özi saýlanyp duran öýüň ýanyndan geçdiler. — Ine, meň öýüm — diýip, Leonard Mid dillendi. Oňa hiç kim jogap gaýtarmady. Ulag boşap galan köçelerden, ýanýodalardan geçip, aşaklygyna inip, ýoluny dowam etdirdi. Noýabryň bu salkyn gijesinde şundan başga sesem, hereketem bolmady. Reý BREDBERI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||